logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şan-şöhratly ahalteke bedewleri

Halkara gatnaşyklary

02.06.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Istanbul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar hem-de meşhur toparyň, ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu festiwal halklaryň birek-birege ýakynlaşmagy, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmegi, özara tejribe alyşmak üçin uly ähmiýetlidir. Etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara beslendi. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem uly orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy, at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň, toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäde uly abraýa eýe bolan bu topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň ykrarnamasydyr.

No image
«Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahaty

Halkara gatnaşyklary

25.05.2026

Şu ýylyň 19-njy maýynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Andijan – 2026 -Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» konsepsiýasynyň çäklerinde geçirilen «Türki dünýäsiniň medeniýeti we sungaty» atly halkara maslahatyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty fakultetiniň Sungaty öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Azat Annaýew gatnaşdy. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, bu halkara maslahatynda «Türkmenistanyň sungatşynaslygynda döwrebap ylmy gözlegleriň ähmiýeti» atly ylmy makala bilen çykyş edendigini, halkara maslahatynda Özbegistan, Türkiýe, Gazagystan we Gyrgyz Respublikalarynyň sungatşynaslarynyň hem öz ýurtlarynyň sungatlary barada täsirli çykyşlary edendigini belledi. Şeýle hem, halkara maslahatynyň ahyrynda çykyş edenlere Türki medeniýetiň halkara guramasynyň – TÜRKSOÝ-yň diplomynyň gowşurylandygyny buýsanç bilen nygtady. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe uly üstünliklere beslensin.

No image
Halkara senetçilik festiwalynda medeniýetimiz, sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

19.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, medeniýet we sungat ussatlarymyz diňe öz ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, halkymyzyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary, ýagny, milli däp-dessurlarymyz, aýratynlyklarymyz, ýol-ýörelgelerimiz bilen dünýä halklaryny ýakyndan tanyşdyrýarlar. 2026-njy ýylyň 16-17-nji maýy aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Megri şäherinde geçirilen 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşan ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň çykyşlarynda, halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň dürdäneleri dünýä ýaýyldy. Nepis amaly-haşam eserlerimiziň sergilenmegi bolsa, türkmen halkynyň milli şaý-seplerine, dokma hem el işlerine hormat-sarpasynyň örän uludygyny, şeýle-de bu inçe işleri häzirki wagtda-da senetkärlerimiziň dowam etdirýändigini aýdyň açyp görkezdi. Festiwala gatnaşyjylar amaly-haşam gymmatlyklarymyz bolan şaý-seplerimiziň, dokma we el işlerimiziň nepisligini, gözelligini haýran galmak bilen synladylar. Halkara senetçilik festiwalynda bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi hem-de dünýä ýaýylmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
«Hary bülbül» atly halkara festiwalynda milli sungatymyz dabaralandy

Halkara gatnaşyklary

15.05.2026

Bеrkarar döwlеtiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hоrmatly Prеzidеntimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli sungatymyz dost-doganlygyň nyşany bolup dünýä ýaýylýar. Medeniýet we sungat ussatlarymyza halkara derejesindäki festiwallara gatnaşyp, milli sungatymyzyň dürdänelerini Ýer ýüzüniň halklaryna ýеtirmägе giň mümkinçilikler döredilýär. Şu ýylyň 14-15-nji maýy aralygynda, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa şäherinde geçirilýän «Hary bülbül» atly 9-njy halkara festiwalyna ençeme döwletlerden döredijilik toparlary gatnaşyp, ýurdumyzdan bu festiwala «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor topary gatnaşyp, milli folklor sungatymyzy halkara derejesinde dabaralandyrdylar. Halkara festiwalda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor toparynyň çykyşlary milli sungatymyzyň köpöwüşginliligini açyp görkezdi. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
Ýatdan çykmajak sungat dabaralary

Halkara gatnaşyklary

04.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kompozitorçylyk sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli opera konserti geçirildi. Türkmenistanyň we doganlyk döwletleriň ussat aýdymçy-sazandalaryny bir ýere jemlän bu sungat çäresi aýratyn täsirli, ajaýyp wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşup, uly hyzmatlary bitiren ussat halypalaryň döredijilik ýoluna, bitiren işlerine belent hormat-sarpa goýulýandygyny aýdyň açyp görkezdi. Aýdym-saz dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de türki döwletlerden gelen myhmanlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde, Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Soňra uly wokal eserlerine orun berlip, kompozitoryň «Zöhre we Tahyr» operasyndan «Pyýala» ariýasy ýaňlandy. Konsertiň dowamynda doganlyk ýurtlardan gelen zehinli sungat işgärleri hem, Weli Muhadowyň eserlerini ussatlyk bilen diňleýjilere ýetirdiler. «Zöhre-Tahyr» operasyndan Mahymyň aýdymyny Türkiýe Respublikasyndan, Tahyryň aýdymyny Gazagystan Respublikasyndan, Zöhräniň aýdymyny bolsa Azerbaýjandan gelen sungat ussatlarymyz ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Kemine we kazy» operasyndan Ogulbeg bilen Daňataryň, «Ganly saka» operasyndan bolsa Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygyny hem diňlediler. Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Ilki söýgim, nirde sen?», «Söýgülim gelýär», «Jan Türkmenistan!» ýaly aýdymlar ýurdumyzyň hem-de doganlyk döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň ikinji bölüminde sahnadaky simfoniki orkestre Özbegistan Respublikasynyň at gazanan artisti, ussat dirižýor Alibek Kabdurahmanow dirižýorlyk etdi. Konsert örän täsirli pursatlar bilen jemlendi. Weli Muhadowyň sazyna, Atadurdy Gurbanowyň sözlerine, hemmeleriň söýgüli eserine öwrülen «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy, ähli ussatlar hem-de konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar artistleriň bu jemleýji çykyşyny, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz, opera sungatynyň eserleri hem ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklaryň arasynda sungat köprüsiniň has-da berkeýändigini aýdyň görkezdi. Şeýle hem, 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli geçirilen konsert hem ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Bu opera günleri mynasybetli geçirilen konsert türki dilli doganlyk halklaryň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi. Konserte Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikalaryndan gelen belli opera aýdymçylary gatnaşdylar.

No image
TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Halkara gatnaşyklary

25.04.2026

Şu ýylyň 19-25-nji apreli aralygynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde, Özbegistanyň çeperçilik akademiýasy, şeýle hem, Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde guramagynda, Türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň "Bir ruh, dürli reňk" atly bäsleşik sergisi geçirildi. Bäsleşik sergisinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Gurban Babatäjow TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, şekillendiriş sungatynyň gülläp ösmegi, döredijilik işgärleriniň döwrebap zähmet çekmekleri üçin giň ýollar açylýar. Munuň özi döredijilik işgärleriniň halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanyp, eziz Watanymyzyň sungatda ýeten derejesini giňden dünýä ýaýmaklary üçin döredilýän uly mümkinçilikler hem oňyn şertlerdir.

No image
Megri — Arkalaşygyň medeni paýtagty

Halkara gatnaşyklary

17.04.2026

Häzirki wagtda Ermenistan Respublikasynda Megri şäheriniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler dowam edýär. 14-18-nji apreli aralygynda Megri şäherinde geçirilýän bu medeni çärelere türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetleri bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. Şeýle-de, Megri şäheriniň taryhy ýerlerine aýlanyp, halkyň medeni-mirasy bilen içgin tanyşdylar. Nar jülgesiniň gözelligini synladylar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlarynyň guran sergisine aýlanyp gördüler. Soňra türkmen wekiliýeti Megri şäheriniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen baýramçylyk konsertine gatnaşdylar.

No image
PARIŽDÄKI DABARALAR

Halkara gatnaşyklary

08.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Mongoliýa döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär. Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpghalkaraa.jpg) Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESСO-nyň Baş edarasynda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESСO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan kabul edişlik çäresi guraldy. 13 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen çärede türkmen milli tagamlarymyzyň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Şeýle hem, medeniýet we sungat ussatlarymyz şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Türkmeniň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň, gargy hem dilli tüýdügiň, gopuzyň şirin owazlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabarada guralan milli tagamlarymyzyň we gymmatlyklarymyzyň sergisi örän köp adamly boldy. Elde keşdelenen ak gaýma hem gül tahýalarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, nepis el işlerimiziň aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Taýýarlan: Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
HALKARA TEATR BIRLEŞIGINIŇ KONFEDERASIÝASY

Halkara gatnaşyklary

08.04.2026

Ýakynda «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasy» jemgyýetçilik birleşmeleriniň halkara bileleşigi tarapyndan 2026-njy ýylyň 30-njy martyndan 6-njy apreli aralygynda Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde Halkara Akustika teatr mekdebi taslamasynyň çäklerinde geçirilýän okuw maksatly sessiýasynyň 3-nji tapgyry geçirildi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary hem 2026-njy ýylyň 29-njy marty - 7nji apreli aralygynda geçirilen şu guramaçylykly okuw maksatly sessiýanyň 3-nji tapgyryna gatnaşyp, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň mugallymy režissýor Ezizmuhammet Atdaýewiň režissýorlyk etmeginde «Çarlak» atly sahna oýnuny goýdy. Bu sahna oýnunda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary: Atdaýew Ezizmuhammet, Rustemow Mälikberdi, Orazowa Laçyn hem-de institutyň talyplary: Uzuk Nowruzowa, Nurgözel Hydyrowa çykyş edip, «Halkara teatr birleşiginiň konfederasiýasynyň» gurama ýolbaşçylary tarapyndan diplomlar bilen sylaglandylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpghalkara.jpg)

No image
PARIŽDE ÝAÝBAŇLANAN DABARALAR

Halkara gatnaşyklary

07.04.2026

Häzirki döwürde Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde, türkmen we fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Türkmenistanda hem-de Fransiýa Respublikasynda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewleriň mekanydygyny aýdyň açyp görkezýär. Dünýä döwletlerinde şu ýylyň şygaryny dabaralandyrýan çäreler yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 4-nji aprelinde medeniýet we sungat ussatlarymyzyň Pariž şäherinde geçirilen konserti hem, şu ýylyň şygaryna bagyşlandy. Dabarada Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Esenowiç Çaryýew gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Pariž şäherinde geçirilen konsertde ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlaryny tomaşaçylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/pariz-halkara.jpg) 6-njy aprelde bolsa Parižda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda ussatlyk sapaklary guraldy. Munuň özi, medeniýet we sungat ussatlarynyň birek-biregiň sungatlary bilen ýakyndan tanyşmaklarynda, tejribe alyşmaklarynda uly orun eýeleýär. Dabaralarda milli gymmatlyklarymyzyň sergisi ýaýbaňlandyryldy hem-de tomaşaçylar sergini uly gyzyklanma bilen synladylar. Pariždäki dabaralar türkmen-fransuz halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde möhüm ähmiýete eýedir. Dabara gatnaşyjylar türkmen-fransuz dostluk gatnaşyklaryny ösdürmekde giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň hem-de Fransiýa Respublikasynyň hormatly Döwlet Baştutanlaryna berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.