logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäginde çykyş eden lukman zenanymyz saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden we dabaraly bellenilen günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri,Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri” atly täze kitabynyň çap edilmegi hem lukmanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady bolup, olaryň ýankitabyna öwrülen bu ylmy-ensiklopedik işiň täze jildinde alym Arkadagymyz türkmen topragynda bitýän,gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan 107 sany dermanlyk ösümlik barada doly we düýpli maglumatlary beýan edilip hem-de alym Arkadagymyzyň bu täze kitaplarynyň ähmiýeti, lukmançylyk ylmynyň ösüşine goşan goşandy barada giňişleýin söhbet edildi. Maslahatyň dowamynda “Halkyň saglygy-döwletiň baş baýlygy” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.

No image
HALYPA ŞÄGIRTLIK ÝOLY-KAMILLIK ÝOLY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hemişelik okyjylary bilen we çagalaryň söýgüli ýazyjylary halypa şahyrlarymyz Bahargül Kerimowa hem-de Hemra Şirowyň gatnaşmaklarynda  «Halypa şägirtlik ýoly -  kamillik ýoly» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän şygyrlar okaldy. Kitaphananyň bilesigeliji okyjylary söýgüli ýazyjylary bilen hekaýalar, goşgular esasynda gyzykly gürrüňdeşlik geçirdiler, özara sorag-jogap alyşdylar. Halypa ýazyjylarymyz ýaşlara kitap okamagyň ynsanda halallyk, dogruçyllyk, adalatlylyk, watansöýüjilik ýaly oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtadylar. Höwesjeň okyjylarymyz ajaýyp tebigatymyzy, asuda Asmanymyzy, parahat Zeminimizi, ata Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän öz dereden goşgularynyň ençemesini labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan kitap sergisi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy.     Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy, kitaphon adamlar bolup ýetişmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
PARAHATÇYLYK–DURNUKLY ÖSÜŞIŇ KEPILI

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk–durnukly ösüşiň kepili» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekanydygy, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gaýdýandygy, oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri pederlerimiziň parahatçylyk, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen dünýäde döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetiniň barha ýokarlanyp, çuňňur many-mazmuna eýe bolýandygy deňhukuklylyk, özara düşünişmek, hoşniýetli goňşuçylyk, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýandygy, daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi we dünýä bileleşiginde giň goldaw tapýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň häzirki wagtda döwlet syýasatymyzyň özenine öwrülýändigi barada bellediler. Çäräniň ahyrynda parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyryp, eziz Watanymyzy belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK DÜNÝÄ HALKLARYŇ SAZLAŞYGY

Kitaphanalar

17.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak dünýä halklaryň sazlaşygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede dünýäde parahatçylykly ösüşi wagyz edýän Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, Garaşsyzlygyny alan gününden bäri netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýanýandygy, daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli amala aşyrýandygy barada bellediler. Ýurdumyzyň asylly maksatlary nazarlaýan başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýandygy şeýle hem Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe deňhukukly hyzmatdaşlygy ileri tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bizi eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN ALABAÝY WEPALY SYRDAŞ

Kitaphanalar

16.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Türkmen alabaýy wepaly syrdaş» atly sergi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzyň ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýar. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen alabaýynyň baýramy giňden bellenilýär. Aslyýetinde türkmen halky ahalteke aty, alabaý iti, arwana düýesi, saryja goýuny, türkmen halysy, dutary bilen dünýä özüni tanatdy. Ýurdumyzyň milli baýlygy bolan türkmen alabaýlary biziň buýsanjymyzdyr. Serginiň dowamynda «Türkmen alabaýy-halkymyzyň milli gymmatlygy» atly geçirilen sergi kitaphanamyza gelýän okyjylarymyz Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli gurnalan sergisi bilen tanyşdylar. Olary has-da belende galdyrmakda we dünýä ýaýmakda, milli itçynaslyk düzümini kämilleşdirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlary aýdýarys.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI GÖWNÜMIZIŇ GANATY

Kitaphanalar

16.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň, gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşligiň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwlet başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýaňy ýakynda hem Alym Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň şeýle hem «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly ajaýyp kitaplarynyň çapdan çykanlygy uly buýsanç bilen beýan edildi. Çykyşlaryň dowamynda bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda şeýle hem bu kitabyň dürli dillerde terjime edilip dünýä döwletleri üçin hem gollanma mekdebi boljakdygy hakynda giňişleýin gürrüňler edildi. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli ugurlarda okamana, döretmäge, işlemäne, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMEN ALABAÝY–MILLI MIRASYMYZ WE BUÝSANJYMYZ

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Türkmen alabaýy–milli mirasymyz we buýsanjymyz» ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada, ýagny «Türkmen alabaýy» eseri barada söhbet açyldy. Mundan başga-da, türkmen alabaýy milli gymmatlyklarymyzyň biri bolmagy bilen, ýurdumyzda her ýyl oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramynyň» giňden ýokary derejede bellenmegi hem-de «Türkmen edermen alabaýy» bäsleşikleriniň geçirilmegi babatynda giňişleýin gürrüň edildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP–DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy «Kitap–dünýäniň açary» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzda ýaşlar döwlet syýasatyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz-nesihat etmekde we ony üstünlikli durmuşa geçirmekde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasa, baý many-mazmuna ýugrulan ajaýyp kitaplary, gymmatly gollanmadyr, ylym-bilim, edep-terbiýe, babatda görelde mekdebidir» diýen, parasatly jümlelerinden ugur alyp, kitaphon jemgyýeti döretmek şeýle-de ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini we gyzyklanmalaryny has-da artdyrmak esasy maksadymyz bolup durýar diýip çykyş edenler ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
OKAMAK-BEREKET,ÝAZMAK-KUWWAT,DÖRETMEK DÖWLETDIR

Kitaphanalar

16.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde «Okamak-bereket,ýazmak-kuwwat, döretmek döwletdir» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Watanmyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak,ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak babatda uly işler ýerine ýetirilýär. Milli bilim-terbiýe ulgamy çuňňur pähim–paýhasy kemala getirmegiň esasynda jemgyýeti jebisleşdirmegi,şonuň netijesinde-de onuň ähli döredijilik kuwwatyny ösüşe,abadançylyga gönükdirmegi maksat edinýär. Halkyň bilim-terbiýe däplerinde ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk, halallyk,sagdyn ýörelgelere eýermek,birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri öz beýanyny tapýar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!