logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ ÝAŞLAR WATANYŇ-DAÝANJY ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

21.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň-daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar Watanyň- daýanjy» atly many-mazmunly kitaby geljekde diňe bir ýaşlar üçin ýol–ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulýet höküminde biziň her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, iş başarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi, şeýle-de bu ajaýyp eseriň her bir jümlesi ýaşlarmyz üçin terbiýe mekdebi bolup, Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusga bolup durýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«EDEBIÝATYMYZYŇ GUWANJY» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY RAHMET SEÝIDOWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 115 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP ÇEPER OKAÝYŞ

Kitaphanalar

21.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rahmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygyna bagyşlap, «Edebiýatymyzyň guwanjy» ady bilen çeper okaýyş geçirdi.Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni ussat şahyr Rahmet Seýidowyň ömrü we döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň many-mazmunynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň berdi. Rahmet Seýidow XX asyr türkmen edebiýatynda özboluşly yz galdyran görnükli şahyrlaryň biridir. Şahyr özüni «Baharlar bagşysy» diýip atlandyrýar. Hakykatdan hem, şahyryň döredijiliginde türkmen tebigatynyň, aýratyn hem bahar paslynyň gözel görnüşi uly joşgun bilen beýan edilýär. Türkmen terbigatynyň gözellikleriniň wasp edilişi okyjylaryň kalbyny hem heýjana salýar. Kitaphana hünärmenleriniň bular barada beren täsirli gürrüňlerini ýaş nesiller uly gyzyklanma bilen diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli edebiýatymyzy özüniň ajaýyp döredijilik eserleri bilen baýlaşdyryp, ebedileşdiren ýazyjy-şahyrlarymyza aýratyn hormat sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlaryny beýan etdiler.

No image
MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE GOÝULÝAN SARPA

Kitaphanalar

21.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligine goýulýan sarpa» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy –öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy höküminde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilermenleriniň hazynasyna möhüm goşant goşup, dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini, şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ATA WATANYŇ ROWAÇLYGY RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

21.10.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda halkara Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli «Ata Watanyň rowaçlygy ruhubelentligiň çeşmesidir» atly maslahat geçirildi. Bitaraplyk ynsanperwerligiň we parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyzdyr. Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde güneşli Diýarymyzyň dünýä bileleşiginiň arasyndaky abraý-mertebesi barha belende galýandygy barada çykyşlar edildi. Gatnaşyjylar parahat, asuda, bagtyýar zamanada ýaşaýandygymyz üçin hormatly Prezidentimize ak ýüreklerinden alkyşlar aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP–ENEŇ-ATAŇ ÝALY TERBIÝEÇIDIR

Kitaphanalar

20.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Älem» medeni dynç alyş merkezinde hemişelik okyjylarymyz bilen gyzykly gezelenç gurnady. Ýakymly geçen gezelenç şadyýan çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle-de kitaphanamyzyň baý hazynasyndan çagalar edebiýatyna degişli neşirler esasynda göçme sergi gurnaldy. Sergide çagalaryň uly isleg bildirýän neşirleri ýerleşdirildi. Türkmen halk ertekileri hem-de daşary ýurt ertekileri esasynda özara sorag-jogap arkaly täsirli gürrüňdeşlik geçirildi. Hünärmenlerimiz kitap söýüji ýaşlara okamagyň, öwrenmegiň ähmiýeti barada nygtadylar. Gyzykly söhbetdeşlige «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda ata Watanymyzy çagajyklaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
WATANÇY, TERBIÝEÇI, AKYLDAR, ALYM GÜNDOGARYŇ BEÝIK SÖZ USSADY DÖWLETMÄMMET AZADY

Kitaphanalar

20.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanamyza gelen okyjylarymyzyň arasynda “Watançy, terbiýeçi, akyldar, alym Gündogaryň beýik söz ussady Döwletmämmet Azady” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda kitaphana hünärmeni türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň atasy, nusgawy şahyrymyz Döwletmämmet Azadynyň ömrü we döredijiligi barada we şahyryň öwüt-nesihatlara baý “Wagzy-Azat” eseriniň ýaş nesle edep-terbiýe bermekde ähmiýeti hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Kitaphanamyzyň kitap gaznasyndan şahyryň döredijiligine degişli kitaplardan gurnalan göçme kitap sergisi ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Çärämize gatnaşan okuwçylaryň akyldar Döwletmämmet Azadynyň goşgularyndan bölekleri ýerine ýetirip bermekleri çärämiziň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar beýik şahsyýet Döwletmämmet Azadynyň edebi mirasyny ýaş nesillere ýetirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

20.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlaryň kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler Batyr Myradowyň “Путь каравана” şeýle-de Akmyrat Hojanyýazowyň “Halypalary gören gözlerim” atly kitaplary bilen tanyş boldular. Batyr Myradowyň “Путь каравана” kitabynda 1941-1945 ýyllarda Watançylyk urşyndaky wakalary, Watana bolan söýgi, türkmen halkynyň gahrymanlygy, urşa gidenleriň yzynda galan naçar zenanlaryň hem-de çagalaryň edermenligi aýdyň açyp görkezilendigini beýan etdiler. Syna gatnaşyjylar bu kitabyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly kömek etjekdigini nygtadylar. Şeýle-de şahyr, publisist, terjimeçi Akmyrat Hojanyýazowyň “Halypalary gören gözlerim” atly kitabynda soňky ýyllarda ýazan edebi makalalarynyň, ýaş galamdaşlaryny maslahatlarynyň, sowallara jogaplarynyň, şeýle-de onuň öz döredijiligi dogrusunda halypalary, galamdaşlary, şägirtleri, okyjylary tarapyndan aýdylanlaryň bir böleginiň girizilendigini gürrüň berdiler. Syna gatnaşyjylar bu ajaýyp kitaplaryň ýaş nesilleriň häzirki döwürde, şeýle hem kuwwatly we gülläp ösýän döwleti gurmakda eýeleýän ornuna göz ýetirmekde saldamly goşandyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ÝAŞASYN PARAHATÇYLYK!

Kitaphanalar

20.10.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda kitaphana işgärleri “Ýaşasyn parahatçylyk!” ady bilen çäre geçirdiler. Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýaş nesile bilim, edep-terbiýe bermekde zähmetsöýer kitaphanaçylar hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýaş nesilleriň sagdyn ruhda terbiýelenmegine, ylymda, bilimde ýokary sepgitlere ýetmekleri üçin uly aladalar edýär. Ýurdumyzda medeniýete, sungata, kitaphanalara, kitap neşir etmeklik işine aýratyn üns berilýär. Bilim-ylym bilen bir hatarda kitaphana ulgamy, kitaphanaçylyk işi hem gün saýyn ösýär.Hut şonuň üçin hem çagalar kitaphanasynyň işini göwnejaý ýola goýmak, ýaş okyjylar bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ýaş nesliň okamaga bolan höwesini artdyrmaga täsir edýän dürli temalar boýunça özara pikir alyşdylar. Bu gün türkmen ýaşlary–dünýäniň iň bagtly ýaşlary! Olar mümkinçilikleriň giň gurşawynda ýaşaýarlar, okaýarlar işleýärler. Şonuň üçin hem her bir ýaşlar bu günki gün Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza ak ýüreginden alkyş aýdýarlar.

No image
GELIŇ, KITABY SÖÝELIŇ !

Kitaphanalar

20.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň, “Arkadag” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda “Geliň, kitaby söýeliň” atly mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaş nesiller ähli taraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Çagalarda köp kitap okamaga bolan söýgini döretmek, kitap okamagy endik etmegi öwretmek bolup durýar. Akyldarymyz Magtymguly Pyragy bu barada “Kitap okan gullar magnydan dokdur” diýip belleýär. Çagalara pähim-parasatly nakyllaryň, ertekileriň, rowaýatlaryň, manysyny öwretmek, ýat tutdurmak, çuňňur düşündirmek, öwrenmäge endik etdirmek çagalaryň kitaba bolan höwesini hasda artdyrýar. Berkarar Watanymyzy bagtly çagalygyň mekanyna öwren, ýaş nesiller hakda bimöçber aladalary edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
ÖSÜŞLERE BESLENEN PARAHAT, ASUDA WATANYŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY

Kitaphanalar

17.10.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň ilkinji zenanlar guramalary bilen bilelikde “Ösüşlere beslenen parahat, asuda Watanyň buýsançly zenanlary” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş eden bagtyýar zenanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli aladalary netijesinde ýokary derejede durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty,zenanlaryň hukuklary,ýaş zenanlar üçin döwlet goldawy,maşgala mukaddesligini goramaklyk, ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimiz, zenanlaryň görküne görk goşýan bezegli şaý-sepler,türkmen gelin gyzlarynyň çeper ellerinden çykýan dünýä gymmatlygy hasaplanýan nepis halylary we keşdeleri ýaş nesillere ýetirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak, milli däp-dessurlarymyz, ruhy gymmatlygymyz, zenanlaryň ukyp başarnygyna görä durmuş-ykdysady ösüşlerinde goşýan goşantlary barada täsirli gürrüňler edildi. “Biz ata-enelerimiziň we maşgalanyň mukaddesligini arşa göterýän halkdyrys” diýen parasatly ýörelgesi bilen bagtyýar nesilleriň kemala gelmeginde maşgala ojaklarymyzyň bereketli we bagtyýar bolmagynda ägirt uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri üstünliklere beslensin.