logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny onuň eserlerini wagyz etmek

Kitaphanalar

13.05.2026

Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň “Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny onuň eserlerini wagyz etmek” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň bu sanynda Ylmy-usuly bölüminiň ýolbaşçylygynda özleriniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we sorag-jogap alyşdylar. Ylmy-usuly bölüm usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary taýýarlaýar we neşir edýär, welaýat we jemagat kitaphanalaryna iberýär. Bu usuly gollanmalar kitaphana işine degişli gollanmalardan, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalardan, ýylyň ady bilen bagly gollanmalardan we şu günki günüň wajyp meseleleri bolan ekologiýa, suw, daşky gurşawy goramak ýaly temalara bagyşlanan gollanmalardan, medeni mirasymyza degişli gollanmalardan ybaratlygy barada gürrüň berildi. Söhbetdeşlikde bu usuly gollanmalaryň nähili taýýarlanyşy, gollanma baradaky edebiýatlary nähili ýygnamaklygy we nähili tertipde ýazylyşy barada giňişleýin beýan edildi. Şeýle gyzykly gürrüňdeşlikler talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn

Kitaphanalar

13.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Bibliografiýa bölüminiň alyp barýan işleri we bibliografiýa görkezijilerine syn” atly hünär okuw sapagy geçirildi. Hünär okuw sapagyna Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Bibliografiýa bölümi özüniň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we taýýarlanan bibliografiýa görkezijilerine syn berdiler. Bölüm ýurdumyzyň syýasy, ruhy ösüşini we milli gymmatlyklarymyzy açyp görkezýän ylmy kömekçi bibliografiýa görkezijilerini, şeýle-de öz döredijiligi bilen edebiýatda, taryhda yz goýan şahsyýetler barada şahsy we hödürleýji bibliografiýa görkezijilerini taýýarlaýar. Bibliografiýa görkezijilerini nähili taýynlamak we olary okyjylara, ýaş nesillere ýetirmek maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle gyzykly duşuşyklar talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa hünär okuw sapagyna gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde olary aýawly saklamakda we kitaplary ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Daýhan zähmetine sarpa

Kitaphanalar

13.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Daýhan zähmetine sarpa” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da daýhançylyk bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Konstitusiýa hem Baýdak - milli döwletliligiň binýady

Kitaphanalar

13.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýat Kärdeşler arkalaşyklarynyň bilelikde gurnamaklarynda “Konstitusiýa hem Baýdak - milli döwletliligiň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, saglyk, bilim, kitaphana işgärleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz döwletimiziň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň kepili bolup durýar. Özygtyýarly, baky berkarar Watanymyzda başlarymyzyň täjine deňeýän bu mukaddesliklerimiziň gününiň goşa şanly sene hökmünde uludan bellenilmegi halkymyzyň abadan, asuda durmuşa bolan söýgüsini, şanly ösüşlere, düýpli özgerişliklere bolan ynamyny alamatlandyrýar. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet baýdagyб biziň hemmämiz üçin türkmen halkynyň Watanymyzyň garaşsyzlygy bilen bagly köpasyrlyk arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolup durýar. Hut şonuň üçinem biziň her birimiz Esasy Kanunymyzyň we Döwlet Baýdagymyzyň gününe mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän, raýatlarymyzy jebisleşdirýän hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrýan milli baýram hökmünde aýratyn sarpa goýýarys diýip uly buýsanç bilen çykyşlarda bellenildi. Asuda ýurdumyzda abadan ýaşamak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Konstitusiýa – kalbymyzyň güýjüdir

Kitaphanalar

12.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Baýdagymyz – başymyzyň täjidir, Konstitusiýa – kalbymyzyň güýjüdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli esasy Kanunymyz we ýaşyl Baýdagymyz halkymyzyň agzybirligini dabaralandyrýandygyny, Konstitusiýadan gözbaş almak bilen, ýurdumyzyň özygtyýarlygynyň aňlatmasy bolan Döwlet baýdagynyň, Döwlet tugrasynyň, Döwlet senasynyň, döwlet nyşanlary hökmünde esasy kanunymyza berkidilmeginiň uly syýasy-hukuk manysynyň bardygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz – bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir

Kitaphanalar

12.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Bagt Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz – bagtyýar döwrümiziň beýik ösüşleriniň ylham çeşmesidir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda mähriban halkymyz goşa baýramçylygy – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden toýlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Baş Kanuny bolmak bilen, her bir raýatymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup hyzmat edýändigi, biziň asuda, demokratik ýol bilen erkin ösýän ajaýyp Watanymyzda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýandygy, ýurdumyzyň esasy sütünleri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini, gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeklerinde halkymyzy, Watanymyzy, Döwlet baýdagymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar!

No image
Çagalary söýýän şahyr

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen Aşgabat şäherindäki №51-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaňy ýakynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly, at myradyň mekany” ýylynda “Çaglary söýýän şahyr” atly, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly Pyragy medalynyň eýesi, şahyr Bazar Şalyýewiň 75 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi. Geçirilen ertirlige Türkmenistanyň “Medeniýet we syýahat” žurnalynyň bölüm redaktory, ýaş şahyr Gurbanjemal Annakowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym-kätibi, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, ýazyjy Goçy Annasähedow, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa şeýle hem mekdep müdiri Ogulbeg Annaýewa, halypa mugallym Ogulnabat Owlakowa dagy gatnaşdylar. Çäräniň başynda mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň “Arkadagyň nesli biz” atly goşgusyny labyzly aýtdylar. Soňra Gahryman Arkadagymyzyň “Ýazlar” aýdymyny uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Şahyr Bazar Şalyýew kitap sergisiniň ýanynda ýaşajyk okyjylara birnäçe täsirli gürrüňler edip berdi. Gelen myhmanlar öz gezeginde kitaplary köpräk okamagy, kitap okamak bilen tebigatyň gözelligini, haýwanlar hakynda gyzykly wakalary, umuman kitaplaryň üsti bilen köp soraglara jogap tapmak bolýandygyny wagyz etdiler. Çäräniň dowamynda şahyr “Älemgoşar” atly kitabyndan birnäçe tapmaçalardyr, matallary ýaşajyk okyjylar bilen şowhunly sorag-jogap etdiler. Geçirilen edebi ertirligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren ajaýyp zamanasynda bagtyýar ýaşaýan nesillerimiz üçin, bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy!

No image
Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!

Kitaphanalar

12.05.2026

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Gurjak teatry hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta we Tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdepleri bilen bilelikde “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!” atly çagalar şahyry, çagalar edebiýatynyň halypasy Azat Rahmanowyň 80 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, şahyryň şygyrlarynyň çeper okaýşyna bagyşlanyp edebi ertirlik geçirildi. Geçirilen edebi ertirlige “Edebiýat we sungat” gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy şahyr Bazar Şalyýew, ýazyjy Goçy Annasähedow, “Watan” gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy şahyr Annaberdi Çoçamanow, Güneş” žurnalynyň habarçysy, şahyr Garahanjar Baýhanow, Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň halypa kiyaphanaçysy Oguljemal Orazdurdyýewa, birnäçe çagalar degişmeleriniň awtory, žurnalist Akgül Saparowa, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetçilik guramasynyň wagyz-ündew hünärmeni Gülnar Çaryýarowa gatnaşdylar. Çäräniň başynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary tarapyndan Çagalar şahyry Azat Rahmanowyň “Umyt guşjagazy” atly goşgusy esasynda taýýarlanan gysgajyk sahna oýnuny görkezdiler. Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň 4-nji “Ç” synp okuwçylary şahyryň hüwdi atly goşgusyna sahna oýny hem gyzykly goşgylaryny labyzly okamak çykyş etdiler. Şeýle hem tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçylary hem öz gezeginde türkmen halk ertekisi “Böwenjik” ertekini sahna esasynda görkezip, arassaçylyk, dostluk-doganlyk häsiýetlerini görkezdiler. Ähli myhmanlar kitaplar hakynda gyzykly gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň soňunda göwünleri galkynan çagalaryň dillerinde ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna egsilmez alkyşlar aýdyldy. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

No image
Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 51-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Türkmenistanyň Watana bolan söýgüsi üçin medalynyň eýesi Bazar Şalyýewiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap “Şahyr kalbynyň öwüşginli joşguny” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Özüniň “Älemgoşar”, “Hasyl”, “Ynam”, “Rubagylar” atly kitaplary bilen giň okyjylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan B.Şalyýewiň döredijiliginde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli işleri, ýurdumyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar durmuşy wasp edilip, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz, nesil terbiýesi, tebigat gözellikleri ýaly inçe duýgular beýan edilýär. Çärämiziň hormatly myhmanlary şahyryň döredijilik ýoly barada hem-de onuň döreden eserleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri berdiler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar häzirki zaman türkmen edebiýatyny täze eserler bilen baýlaşmagyna ýardam edýän ýazyjy-şahyrlara sarpa goýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady

Kitaphanalar

12.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Konstitusiýa – döwletiň mizemez binýady” ady bilen söhbetdeşlik gurnady. Bu söhbetdeşlikde Baş Kanunymyz Konstitusiýamyz hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri barada giňişleýin söhbet edildi. Bu söhbetdeşlik okyjylarda uly täsir galdyrdy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.