logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz

Kitaphanalar

15.05.2026

Esasy kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitutsiýasyň döredilen güni bilen milli buýsanjymyzyň belent nyşany bolan Döwlet Baýdagynyň gününi baýram edip giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi hem “Milli buýsanjymyz - Baky bagtymyz” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen topragynyň erkanalygyň mekanydygy, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdagymyzda halkymyzyň ata-baba ýol-ýörelge edinip gelen agzybirlik, jebislik, goňşy-golamlar bilen hoşniýetli gatnaşyklarda bolmak isleg-arzuwlary jemlenendigi we şol asyrlyk arzuwlaryň bu günki günde hasyl bolandygy barada giňişleýin söhbetdeşlik etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Milli gymmatlyklarymyza belent sarpa goýýan, döwletimizi ösüşler ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, döwletli başlangyçlarynda hemişe üstünlikleri arzuw etdiler.

No image
Arşyň nepisligi türkmen halysy

Kitaphanalar

15.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda kümüş saçly enelerimiziň, hünärine ussat, çeper elli halyçy zenanlarymyzyň, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlaryň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi türkmen halysy” atly duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Türkmen halysy-gözelligiň we beýik sungatyň nusgasy” ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Bäş müň ýyllyk taryhy bolan bu baýram nesillerimiz üçin ajaýyp sungaty döreden baýramdyr. Häzirki eýýamda gadymy ata-babalarymyzyň ruhy wesýetlerine we olaryň döreden gymmatlyklaryna wepalylygy, özboluşly milli dessurlaryň nesilden-nesle geçijiligini alamatlandyrýar we bütin dünýäde şöhrat gazanan türkmen halysynyň nepisligini beýan edýär. Çykyşlarda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Bilimler dünýäsine ak ýol

Kitaphanalar

15.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 10-njy we 51-nji çagalar bagynda “Bilimler dünýäsine ak ýol” we “Kim bilmeşek” ýaly atlarda çagalar ertirligini geçirdiler. Bu ýerde hoş gal bakjam, kitap, mekdep, mugallym, ýaly şygyrlar okaldy. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ajaýyp ýurdumyzda belentden belent ýaňlanýan çaga sesleri alyslara ýaň salýar.

No image
Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy

Kitaphanalar

14.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde guramagynda “Arşy belende saçyp dur nurun, Ýaşyl tugum - erkinligiň baýdagy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzyň toý-baýrama beslenýän günlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Watanymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Döwlet tugumyz halkymyzyň agzybirligini, Watana bolan buýsanjyny, geçmişini we ajaýyp geljegini özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
Kitaphanalar paýhaslar hazynasy

Kitaphanalar

14.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasy welaýatyň şäher, etrap kitaphanalarynyň müdirleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 2-nji şahamçasynda kitaphana işiniň ilerlemegi üçin ýörite okuw geçirdi. Bu ýerde esasanam çagalar bagynda kitaphana işgärleri tarapyndan geçirilýän sesli okaýyşlaryň, çagalar ertirlikleriň alynyp baryşy, gurnalyşy barada aýratyn düşündirildi. Okalýan türkmen halk ertekileriň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň üsti bilen ýaş nesliň aňyna ýetirmek bolup durýandygy, körpeleriň edepli, ula hormat goýup kiçä sylagly bolmalydygy, kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy, şeýle-de kitaplaryň çagalary terbiýelemekde uly orny barada, gurnalýan çärelerde döwrebap işi alyp barmak boýunça gyzykly, täsirli sorag-jogap alyşdylar. Çagalyk dünýäsiniň gyzykly pursatlaryny başdan geçirýän körpeleriň bagtyýarlygy bizi has-da nurlandyrýar. Çagalaryň bagtly we şadyýan durmuşda önüp-ösmegi, okap bilim alyp, özleriniň göwün söýen hünäriniň eýesi bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Şeýle-de kitaphanalarda okyjy çekmegiň täze usullaryny girizmek, okyjylara edilýän hyzmaty döwrebap ýola goýmak, elektron katalog we elektron kitaphana ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işiň depginini güýçlendirmeginiň üstünde durup geçdiler. Gatnaşyjylar işlemäge, okyjylara döwrebap hyzmatlary etmäge döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Milli mukaddesliklerimiziň baýramy

Kitaphanalar

14.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň Kiçi ýaşly okyjylara hyzmat ediş bölümi, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli “Milli mukaddesliklerimiziň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek

Kitaphanalar

13.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň, Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň talyplary bilen “Kitaphanada Elib maksatnama işini kämilleşdirmek” atly usuly maslahaty geçirildi. Kitaphanalaryň häzirki zaman ösen tehnologiýa enjamlaryny ornaşdyrmak we elektron kataloglaryndan Watanymyzyň hemme künjeklerinde peýdalanmak, okyjylary kitaphana çekmek, şertlerini gowulandyrmak usuly maslahatlar berildi we öwredildi. Okuwyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, kitaphana işiniň dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy

Kitaphanalar

13.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini ajaýyp döwrümiziň ösüşlerini, nurana geljegimizi alamatlandyrýan bu goşa mukaddeslik kalbymyzda aýratyn orun tutýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bu gymmatlyklar bagtyýar raýatlarymyzyň ata Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýandygyny hem-de Türkmenistanyň Konstitutsiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşan bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Arzuwlaryň ak ganaty – gözel şäher Aşgabat

Kitaphanalar

13.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde «Arzuwlaryň ak ganaty – gözel şäher Aşgabat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ak şäherimiz Aşgabat häzirki döwürde tanalmaz derejede ösýändigi, gözel paýtagtymyz Aşgabat bagtyýarlygyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekanyna öwrülendigi, güller açýan ak şäherimizde biri-birinden kaşaň, owadan desgalaryň gurulmagy paýtagtymyza gelýän myhmanlary haýran galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – Watanymyzyň mukaddes nyşanlary

Kitaphanalar

13.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy – Watanymyzyň mukaddes nyşanlary” ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň her ýylyň 18-nji maýynda uly baýram edilip bir günde bellenilmegi ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýandygy, bu iki mukaddeslik halky parahat durmuşda, bagtyýar ýaşaýşa, döredijilikli zähmete ruhlandyrýan buýsanç çeşmesidigi, esasy Kanunymyz Türkmenistan döwletiniň emele gelmeginiň hukuk esasyny düzýän bolsa, Döwlet baýdagymyz türkmen halkynyň agzybirligini, Garaşsyzlygyny we döwlet Bitaraplygyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyga bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy we 7-nji çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy gülledip ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.