logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÝAGŞY GÖRELDE – NESILLERE ÝÖRELGE

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 100-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Ýagşy görelde – nesillere ýörelge” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ULUS-ILIŇ GUWANJY – MILLI BAHAR BAÝRAMY

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde “Ulus-iliň guwanjy – Milli bahar baýramy” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler. Bu baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz gününiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Mundan başga-da Milli Bahar baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
HOŞ GELDIŇ ÜLKÄME, MILLI BAHAR BAÝRAMY!

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde bölümi “Hoş geldiň ülkäme, Milli Bahar baýramy!” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da Halkara Nowruz güni bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen mugallymlar we okuwçylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALAN NOWRUZYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmen halky Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz baýramyny ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bellenilýän bu baýram halkymyzyň agzybirligini we jebisligini dabaralandyrýar. Halkara Nowruz baýramyny mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Gadymyýetden gözbaş alan Nowruzym” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, Nowruzy wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
DÜNÝÄ DÖWLETLERI – BOLGARIÝA

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Dünýä döwletleri - Bolgariýa” atly kitap sergisi gurnaldy. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Döwlet baştutanymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda daşary syýasat strategiýasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy esasynda, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen birlikde, dostlukly Bolgariýa döwleti bilen hem özara bähbitli hem-de deňhukukly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet kitaphanasyna gelen okyjylar hem bu bolgar dilinde gurnalan kitap sergisiniň üsti bilen Bolgariýa döwletiniň taryhy, geografiýasy, edebiýaty, medeniýeti we sungaty bilen giňden tanyşdylar. Bu sergi bölüme gelen okyjylarda uly täsir galdyrdy. Bize şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

No image
KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI

Kitaphanalar

17.03.2026

Kitaphanalaryň kitap sergileri kitaphananyň medeni – ruhy gymmatlyklaryň jemlenen merkezi bolup, neşir önümlerini okyjylar köpçüligine giňden wagyz etmekde täsiri uludyr. Kitaphana ulgamynyň işgärleri ýurdumyzda bolup geçýän her bir täzeligi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyny nusgalyk derejede mynasyp dowam etdirýän belent mertebeli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan her bir syýasatyny täzeligi bilen giň halk köpçüligine, okyjylara ýetirýän wagyzçylardyr. Okyjylary kitap bilen tanyşdyrmaga uly mümkinçilikleri bermekde ähmiýetli bolan edebiýat agşamlary, okyjylar maslahatlary dürli söhbetdeşlikler geçirilýär. Şeýle hem, her bir şanly senelere bagyşlanan giňişleýin kitap sergileri kitaphanalaryň bezegi bolup, okyjylar bu guralýan sergilerden yzygiderli peýdalanýarlar. Häzirki döwürde ähli kitaphanalarda okyjylar bilen dürli tema boýunça taýýarlanýan sergiler özüniň ähmiýetini tapýar we okyjylary dürli görnüşleri boýunça özüne çekýär. Kitaphana okyjylary “Tanyş boluň, täze kitaplar!” atly baý-mazmunly sergiden täze çap edilen kitaplar bilen tanyş bolýarlar. Kitap sergileri kitaphanaçynyň gündelik işinde ýetirilmeli işleriniň biri bolup, okyjyda gyzyklanma döredip, serginiň üsti bilen edebiýatlary okamaklyga höweslendirýär. Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesiniň döwletli tutumlaryna beslenip gelen, “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda “Arkadagly Serdar, Gahryman Serdar! Siziň bilen bagtyýar biz bagtyýar”, “Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan” , “Bedew bady bilen diňe öňe, jan watanym Türkmenistan!”, “Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň”, “Köp kitap okamak esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar”, ”Ýylyň ýubilýarlary”, ,“Köneürgenç we onuň şöhratly geljegi” ýaly kitap sergileri okyjylarda uly gyzyklanma döredýär. Bu sergiler kitaplary okyjylara wagyz etmekde, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ilimiziň parahat eşretli zamanada ýaşaýan halkdygyny, bagtyýarlygyny açyp görkezmekde örän uly ähmiýete eýedir. Aýtäç SARYÝEWA Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Neşirleri saklamak we okyjylara hyzmat etmek bölüminiň kitaphanaçysy

No image
BOLÝAR ŞEÝLE HEZILLIK, BAHAR GELSE ILIME!

Kitaphanalar

17.03.2026

Ýurdumyzda Milli bahar baýramy – Nowruz baýramy 1991-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Nowruz pars sözi bolup, “now” täze “ruz” gün, ýagny, “Täze ýyl” ýa-da “Täze gün” diýen manyny aňladýar. Nowruzda taýýarlanýan esasy tagamlaryň biri bolsa semenidir. Öň Nowruz baýramyny musulman ýurtlary milli baýram hökmünde giňden belläpdirler. Şu günem paýtagtymyzda ýerleşýän 63-nji orta mekdepde dabaraly ýagdaýda Nowruz baýramyna bagyşlap açyk gapylar güni geçirildi. Bu çärä Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri hem şäherimiziň mekdep mugallymlary gatnaşdylar. Bu baýramçylykda saçaklar giňden ýazylyp, dürli dümen tagamlar taýýarlanylyp, myhmanlar saçak başyna çagyryldy. Mekdep okuwçylary öz gezeginde uly höwes bilen çykyş etdiler, läle kakyp, küşt depip, aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Ýakyn-ýat bilen dost-dogan bolup gatnaşmak bolsa, biziň halkymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Çäräniň ahyrynda Bagtyýarlyk baharyny peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

17.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 44-nji orta mekdebinde “Ertekiler dünýäsine syýahat” atly göçme kitap sergisini geçirdi. Çagalaryň söýüp okaýan “Akpamyk”, “Böwenjik” atly türkmen halk ertekileri esasynda ýaş kitapsöýüjileriň taýýarlan sahna oýunlary arkaly ertekileriň içindäki oňyn häsiýetleri we çagalaryň döredijilik dünýäsini ösdürmäge, kitaplary okamaga, öwrenmäge höweslenýändigini görmek boldy. Şol sahnada görkezilen ertekiler diňe bir gyzykly oýun däl, eýsem kitaplaryň ruhy we çeper nusgasy bolup, çagalar ertekileri sahnalaşdyrmak bilen kitaplaryň içindäki oňyn häsiýetleri we durmuş sapaklaryny has gowy öwrendiler. Şeýlelik bilen mekdep okuwçylarynyň çeken birnäçe erteki gahrymanlarynyň suratlary göçme kitap sergisi sazlaşykly utgaşdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
NOWRUZ DOST-DOGANLYGYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz dost-doganlygyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede ene topragymyzy gül-gülzarlyga besläp, ýaşyl ýazlaryň ähli gözellikleri bilen gelen Nowruz baýramyny türkmen halky uly joşgun bilen garşy alýandygy, bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töwerek ýaşyl öwsüp, gyzyl gülälekler açylyp, tebigatyň hoşboý ysy ynsanda täsin duýgulary oýarýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Gelse, Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda” diýen goşgy setirleri bilen wasp edip, birnäçe şahyrlaryň şygyrlaryndan okap berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milliliklerini, gadymdan gelýän däp-dessurlaryny has hem baýlaşdyryp, dünýä ýüzüne ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GÖZELLIGIŇ, BAKY ÝAZYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Gözelligiň, baky ýazyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzda Nowruz baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belleýändigi, Nowruzda ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, älem-jahanyň röwşen reňklere beslenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy ynsanlary has-da birek-birege jebisleşdirip, bu baýramda maşgala agzalary bilen dostlar, goňşular, ildeşler bilen şatlyk-şowhunly garşylanylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy giňişleýin öwrenmäge we ony dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.