logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TALYPLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar. Institutyň “Ýol gurluşyk” fakultetiniň 1-2-nji ýyl talyplary we mugallymlary Döwlet kitaphanasynyň bölümleri bilen tanyş boldylar. Bu ýerde ýerleşdirilen kitap sergileri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi we özlerine gerekli bolan maglumatlary tapyp olardan peýdalandylar. Gezelençde bolan talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
GYZ-GELINLERIŇ TERBIÝESI

Kitaphanalar

19.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gyz-gelinleriň terbiýesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmeniň maşgala mukaddeslikleri, enäniň öz perzendine bolan çäksiz söýgüsi, gyz-gelinleriň dünýäsi onuň gözelligi barada aýdylyp geçildi. Gyz-gelin edebi, milli däp-dessurlarymyz, türkmeniň keşdeçilik sungaty, onuň gadymylygy dogrusynda gyzykly gürrüňler çäräniň täsirliligini has hem artdyrdy. Wagyz nesihat çäresinde çykyş edenler şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

No image
TARYHDA YZ GALDYRAN TÜRKMEN ZENANLARY

Kitaphanalar

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz-toýlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu gün zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisini synlamana baran Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri hem «Türkmenistan», «Aşgabat» teleýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde taryhda orun alan edermen, wepaly zenanlarymyz, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularynda bahar güllerine deňelýän enelerimiziň waspy hakynda täsirli söhbet etdiler.

No image
KITAP SYNY

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi täze gelen edebiýatlara syn geçirdi. Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri bölüme gelen täze kitaplary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gelen kitaphana işgärleri we okyjylar bu ajaýyp edebiýatlar bilen tanyşyp, şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝAZYJY- ŞAHYRLARY ÝATLAP

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Ahmet Nepesowyň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÄZE GELEN ERTEKI KITAPLAR BILEN TANYŞMAK

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75–nji çagalar bagynda “Täze gelen erteki kitaplar bilen tanyşmak!” atly sesli okaýyş geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni täze gelen erteki kitaplar barada çagalar bilen gyzykly gürrüňler geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeler täze gelen erteki kitaplary uly gyzyklanma, uly höwes bilen okadylar. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça goşgularyň üsti bilen aýdyp berdiler. Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy. Söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýeti gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi.

No image
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALÝAN NOWRUZYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Arkadag şäher medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Gadymyýetden gözbaş alýan Nowruzym” – atly Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlap, edebi-sazly duşuşyk geçirdi. Örän irki taryhy döwürlerinden bäri uly joşgun, ruhubelentlik bilen bellenilip ýeriň janlaşynyň, tebigatyň jana gelişiniň beýik şatlygyna öwrülen Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dörän ajaýyp däp-dessurlar halkyň taryhy, özboluşly dünýägaraýşy bilen mäkäm baglanyşykly. Nowruz baýramynyň milli medeniýetiň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetliliginiň dürli-dürliligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri täsirli gürrüňleri berdiler. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörüte sungat mekdebiniň mugallymlarynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu baýramyň hormatyna toýlanylýan giň gerimli dabaralara ýokary ruhubelentlik halkymyza mahsus bolan ynsanperwer ýörelgelerden çuňňur ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ÝAZLAR GÜL DIÝARA TOÝ BOLUP GELÝÄR

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ýazlar gül diýara toý bolup gelýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleriniň biri bolup, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly milli mirasymyzdan gözbaş alýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI, GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybentli «Nowruz geldi, güle besläp dünýäni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy täzelenişiň, jebisligiň, agzybirligiň, parahatlygyň baýramydygy, 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP GELEN ÝAZLARYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz halklaryň dost-doganlyk baýramy bolup, ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň talyplary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.