logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
NOWRUZ – PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – parahatçylygyň we dostlugyň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler gözel görkli gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýändigini, özgerýändigini, ata Watanymyzda pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanyp, Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, ynsan kalbyny iň gowy duýgulara besleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly, milli tagamlary taýýarlanylyp, esasy tagamlaryň biri semeni bolsa bu baýramçylygyň naýbaşy tagamlarynyň biri bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ – GÜLLEÝŞIŇ WE TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz – gülleýşiň we täzelenişiň baýramy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler eziz diýarymyzda bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il-agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bahar gelende türkmen sährasyndan öwsüp gaýdýan mylaýym ýeller bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar günleri bilen sazlaşyp, köňüllerimize mähir çaýýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GIŇ GUJAGY ÇEMENLI - GÜLLI NOWRUZ GELIPDIR

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Giň gujagy çemenli - gülli Nowruz gelipdir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenşiň baýramy bolan Nowruz baýramy ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramy bolup, ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruzyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara gaplaýandygyny, baglarda saýrak bilbiller owaz edip, ynsanyň durmuşa, ýaşaýşa bolan söýgüsini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda asyrlara uzaýan özboluşly däp-dessurlarymyzy, gadymy baýramçylyklarymyzy täze döwrüň ruhy bilen galkyndyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi arzuw etdiler.

No image
BAHAR GELSE ÄLEM ÝÜZI JANLANYP, ÝAZ GÜLLERI ÇEMEN BOLUP AÇYLÝAR

Kitaphanalar

17.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bahar gelse älem ýüzi janlanyp, ýaz gülleri çemen bolup açylýar» ady bilen wagyz- nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy toý-şatlyga, bagy-bossanlyga besläp gelen ajaýyp Nowruz baýramy dostlugyň, milli medeniýetiň, halk däpleriniň we ynsan ýürekleriniň birleşmeginiň hakyky baýramçylygyna öwrülip, baýramçylyk saçagyna jem bolan merdana halkymyz bilen birlikde dünýäniň köp ýurtlaryndan gelen myhmanlarda uly täsir galdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy türkmen medeniýetiniň möhüm bölegi bolup, halkyň ruhy ösüşini, dostlugyny, parahatçylygyny we ösüşe bolan umytlaryny alamatlandyrýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň taryhyna sarpa goýup, ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
NOWRUZ TÄZE GÜNÜŇ, TÄZE BAGTYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

17.03.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Milli bahar baýramy mynasybetli Lebap welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda “Nowruz täze günüň, täze bagtyň baýramy” atly mowzuklaýyn agşamy geçirildi. Çärä Türkmenabat şäheriniň 38-nji orta mekdebiniň uly synp okuwçylary gatnaşdylar. Çykyş edenler Milli bahar baýramy täze umytlaryň, parahatçylygyň we dostlugyň baýramy, ata-babalarymyz Nowruzy - täze durmuşyň, bagyň, berekediň gözbaşy hökmünde seredenlikleri barada aýratyn bellediler. Şeýlede kitaphana işgärleri tarapyndan “Bu gözel ilime Nowruz gelipdir” diýen ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy we türkmen halkymyzy bu mukaddes baýramy bilen tüýs ýüreginden joşup çykýan sözler bilen gutladylar.

No image
ÝAGŞY DILEGLERIŇ AÝY

Kitaphanalar

16.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň, Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde gurnamagynda Mübärek Gadyr gijesine bagyşlanyp “Ýagşy dilegleriň aýy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlik Mollakowlaryň maşgalasynda, “Aşgabat” teleýaýlymynda ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz dowam etdirilýändigi, Oraza aýynyň iň Mübärek gijesi Gadyr gijesi bolup, Oraza baýramy ata Watanymyza, mähriban il-günümize bolan wepadarlygy terbiýeleýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, jebislik, sahawatlylyk ýörelgelerini dünýä ýaýýan nurana baýramdygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Gadyr gijesi mynasybetli türkmen halkymyz öz ojaklarynda dürli tagam taýýarlap, birek-birege hoşniýetli sözleri aýdyp, maşgala agzybirligini, ýurt abadançylygyny dileg edýändikleri barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP, GELEN ÝAZLARYM

Kitaphanalar

16.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Ülkäme toý bolup, gelen ýazlarym» ady bilen 112-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlaryň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz diňe gözelligiň, päkligiň baýramy bolman, eýsem dost-doganlygyň, birek-birege mähribanlygyň, agzybirligiň baýramydygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GELSE NOWRUZ ÄLEME, REŇ KYLAR JAHAN PEÝDA

Kitaphanalar

16.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz äleme, reň kylar jahan peýda» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasatynda gülleýän eziz diýarymyzda gadymy Nowruz baýramy agzybirligiň, parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, rysgal-berekediň, dost-doganlygyň baýramy hökmünde her ýylda şatlyk-şowhun bilen giňden toýlanýandygy, bu baýram öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdyp, durmuşyň baky dowamatyny, hoşniýetliligini, ýokary ahlak gymmatlyklaryny özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramynyň ajaýyp däpleri halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý edebi mirasyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygy barada hem belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
JANLY TEBIGATYŇ MUZEÝINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

16.03.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde “Janly tebigatyň muzeýine syýahat” atly türkmen tebigaty barada söhbetdeşlik geçirildi. Hünärmen ýurdumyzda tebigaty gorap saklamak, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, suw, ýer we biologiki serişdelerini gaýtadan dikeltmek, atmosfera howasynyň hapalanmagyny peseltmegiň öňüni almak, haýwanlary gorap saklamak barada gürrüň etdi. Adamyň tebigatyň bir bölegi bolup durýandygyny onuň bütin durmuşynyň, olaryň gatnaşyklarynyň näderejede sazlaşyklydygyna türkmen ýazyjylarynyň eserlerinde has-da göz ýetirýäris. Mekdep okuwçylary şahyrlarymyzyň kitabynda Watan gözelligi, tebigat täsinligi hökmündäki, güneşli diýarymyzyň haýwanat dünýäsi hem-de ösümlik dünýäsi baradaky goşgulary labyzly okap berdiler. Çäräniň dowamynda söhbetdeşligiň ady bilen bagly kitaplardan sergi gurnaldy. Söhbetdeşligiň soňunda ýaş nesilleriň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de olaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
GIŇ JAHANYŇ GÖRKI BAHAR-ÝAZDADYR

Kitaphanalar

16.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Magtymguly Pyragy medeni seýilgäh toplumynda “Türkmensitan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr” atly söhbetdeşligi geçirdi. Eziz diýarymyza bahar paslynyň gelmegi bilen tebigatymyz ýaşyl dona bürenip, daragtlar pyntyk açyp gül-gunçalar lälezarlyga beslenýär. Bahar paslynyň dowam edýän häzirki günlerinde daş-töwerek has-da owadanlaşýar, gözelleşýär, ajaýyp keşbe öwrülýär, buzlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly äleme özüniň gözelliklerini, ajaýyplyklaryny çaýýar. Bahar paslynyň her bir güni, her bir pursady gözelligiň soltany bolan owadan güller bilen bezelip gözel tebigatymyz has-da gözelleşýär. Şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri birek-birek bilen pikir alyşyp, pasyllaryň soltany hasaplanylýan bahar paslynyň ajaýyplyklary hakynda täsirli gürrüňleri etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky bahar paslynyň mekanyna, bagy-bossanlyga, gül-gülzarlyga öwürmeklikde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.