logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÖSÜŞLERI BEDEW BATLY – ARKADAG ŞÄHERI

Kitaphanalar

16.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň Märkaw myhmanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň “Bagt şäheriniň säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ösüşleri bedew batly – Arkadag şäheri” atly söhbetdeşlik geçirdi. Gözelligiň göwher gaşyna deňelýän, sebitde ilkinji akylly we dünýäniň ösen, ýaşamak üçin has amatly şäherleriň arasyndaky ornuny barha pugtalandyrýan Arkadag şäheriniň, häzirki zaman binagärliginiň bütewi hem sazlaşykly sungat eserlerini ýada salýan, milli öwüşgünleri hakynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli söhbetler edildi. Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ençeme diplomlaryna, hormat hatlaryna mynasyp bolmagy ak mermerli binalar bilen sünnäläp döredilen akylly şäheriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygy hakynda hem buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda Arkadag şäherini bagt şäherine öwürmeklikde gurmak we döretmek maksatnamasyny üstünlikli kämilleşdirip, eziz diýarymyzy bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
NOWRUZ GELDI ILIME, AÝDYM BOLUP, SAZ BOLUP

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Täze zaman, Garadaşaýak medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Nowruz geldi ilime, aýdym bolup, saz bolup» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Nowruz baýramyny halkymyz uly dabara bilen giňden belleýändigi, Nowruzda ösümlikler al-ýaşyl öwsüp, tebigat janlanyp, ýaşyl begrese bürenip, älem-jahanyň röwşen reňklere beslenýändigini, şeýle-de Nowruz baýramy bilen baglanyşykly gadymdan gelýän käbir däp-dessurlar ýerine ýetirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda nusgawy şahyrlaryň Nowruz baýramy barada ýazan goşgularyny labyzly okadylar. Çäräniň ahyrynda halkymyzy nurly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELSE ILIME – GÜLLER AÇÝAR DIÝARYM

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz gelse ilime – güller açýar Diýarym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň, asuda hem-de parahat durmuşyň nyşany, parahatçylygy we ynanyşmagy alamatlandyrýan, ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramdygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramynyň gadymy däplerini, edebi eserlerini, halk oýunlaryny, toý tagamlaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak, umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedigi hakynda hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
HOŞ GELDIŇ NOWRUZYM BAGTYÝAR ILE

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Hoş geldiň Nowruzym bagtyýar ile» ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri gadymy Nowruz baýramydygy, bu baýramyň gelmegi bilen tebigat janlanýandygy, adamyň ruhy dünýäsini galkyndyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramy-ýaşaýşyň, döredijiligiň, durmuşyň, gözelligiň, hem-de şatlygyň, ata-babalarymyzyň, asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
KITAPHANALAR – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda «Kitaphanalar – halkyň ruhy baýlygynyň çeşmesi» ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni egsilmez joşguna, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Şatlyk paýlap, Nowruz geldi äleme» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirligi, ýurt abadançylygyny, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny özara düşünişmegini üpjün edýän ähmiýetli baýramdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýändigi barada çykyş etdi. Çäräniň dowamynda şahyrlaryň okap beren ajaýyp şygyrlary, höwesjeň okuwçylaryň milli bahar baýramyna bagyşlap taýýarlan goşgulary, aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda tebigatyň älemlere ýaýan nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

No image
KITAPHANA IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK

Kitaphanalar

12.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Kitaphana işini kämilleşdirmek» atly iş tejribe alşyldy. Kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak barada iş tejribe alşyldy. Kitaphanaçy hünärmenler öz çykyşlarynda kitaphana ulgamynda sanly ulgam boýunça has giňişleýin gürrüň berdiler. Kitaphananyň baý gaznasyndan «Kitaphana-paýhas ummany» atly kitap sergi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
GELIŇ ERTEKI DIŇLÄLIŇ

Kitaphanalar

12.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýöriteleşdirilen 75-nji çagalar bakja bagynda «Geliň erteki diňläliň» – atly çeper okaýyş körpeje jigilerimiziň arasynda geçirdi. Ilki bilen hünärmenler çagalara ertekiler barada gyzykly gürrüň berdiler. Soňra hünärmen çagalara «Haýyrly hazyna», «Jelulum, Belulum», «Akpamyk» we mundan başgada bir näçe ertekileri okap berip we gurjaklaryň üsti bilen şol ertekileriň gahrymanlaryny janlandyryp, sahna oýunlary bilen gyzyklandyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda erteki kitaplaryndan sergi gurnaldy.

No image
BAGY – BOSSAN DIÝARYM

Kitaphanalar

11.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Bagy – bossan diýarym» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da bagşyçylyk bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ERTEKILERI

Kitaphanalar

11.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çeper okaýyşda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halk döredijiligi ýaş nesillerimiziň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp, türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän wakalar çagalar üçin örän gyzykly we özüne çekiji bolup, ýaş nesillerimizde Watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, gahrymançylyk, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde ertekiler gymmatly hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de körpeje nesillere birnäçe gyzykly ertekilerden çeper okap berdiler we gahrymanlaryň özlerinde galdyran täsiri hakynda sowal-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalaryň bagtyýar geljegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.