Döredijilik duşuşygy
Muzeýler
27.10.2026Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan muzeýleriň arasynda yglan edilen ,,Bedew batly ýurdumyzyň milli mirasy” atly bäsleşigiň şertine laýyklykda, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gurnamagynda talyp ýaşlaryň hem-de muzeý işgärleriniň gatnaşmagynda, Lebabyň ýörite sungat mekdebiniň nakgaşçylyk hünäriniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew hem-de Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölüminiň 4-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ,,Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijisi Esen Atamyradow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýewiň döredijilik dünýäsi, sungatda gazanan üstünlikleri, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlary, ilkinji halypalary hem-de bu ýoly dowam etdirjek şägirtleri, reňklere siňen gözelliklerden döreden birnäçe eserleri hakynda täsirli söhbetler edildi. Esen Atamyradow hem sungat ýoluna gelşi, halypalary, aýdym-saz sungaty, dutarda saz çalmagyň inçe tilsimleri barada täsirli gürrüňleri berdi. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýewiň zehin yhlasyndan dörän ,,Türkmeniň geçmiş ýoly”, ,,Lebap bahary”, ,,Idris baba”, ,,Türkmen göreşi”, ,,Gözellik”, ,,Ajaýyp bahar” ýaly birnäçe eserleri, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Şekillendiriş sungaty bölüminde mynasyp orun tapýar. Halypa suratkeş Alymjan Işangulyýew hem-de Esen Atamyradow döredijilik duşuşygynyň dowamynda bedew batly ösüşlere beslenýän, medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän ajaýyp döwründen ruhlanyp, täze eserleri döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülälek Batyrowa, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.