logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

18.08.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli ösdürilýär. Bu ýerde göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Soňky ýyllarda Awaza iri forumlaryň, halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. 2025-nji ýylyň 5 – 8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap geňeşi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda «Deňze çykalga dünýä çykalga» ady bilen Brifing wagyz nesihat duşuşygy geçirildi. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan gowrak wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşanlar goňşy döwletler bilen, şonuň bilen bir hatarda dünýäniň ösen döwletler bilen birnäçe halkara derejesinde parahatsöýüjilikli hyzmatdaşlyk amala aşyrylýanlygy dogrusynda çykyş etdiler.

No image
MILLI GYMMATLYKLARYMYZ TÜRKMEN GÖZELLIGINIŇ NUSGASY

Muzeýler

16.08.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli mirasymyz aýdyňlygy bilen içgin öwrenilýär. Eziz halkymyzyň örän gadymy we baý milli mirasy bar. Türkmen halky öziniň ýaşan dürli döwürlerinde milli medeniýeti, milli mirasysy nesilden-nesile geçirip bilen halkdyr. Onuň şeýledigine biziň günlerimize çenli üýtgewsiz gelip ýeten milli egin-eşikleriň ajaýyp görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyzyň, gyzlarymyzyň, hususanam «gelin» egin-eşigini, olaryň owadan nagyşlaryny, kümüşden ýasalan bezeg şaýlaryny synlanyňda bularyň hemmesi türkmen halkynyň baý milli mirasyna, däp-dessuryna bolan hormatyny artdyrýar. Diňe bir zenan egin-eşikleri däl, eýsem türkmen ýigitleriniň gyrmyzy donlary, ezýaka köýnekleri, seçelenip duran silkme telpekleri, tirme guşaklary – dürli halklaryň nazaryny özüne çekýär. Dürli görnüşli milli egin-eşikleriň içinde pederlerimiziň iň gowy görýän milli lybaslarynyň biri-de milli donlardyr. Don – bu diňe bir egne geýip gidäýmeli eşik däl, ol hormata mynasyp häsiýetli milli maddy gymmatlyk. Halkymyzyň arasynda türkmen milli donlary barada «Gözellik ondur, dokuzy dondur» diýen aýtgy bar. Sebäbi donlar geýimleriň üstki bezegini tamamlaýandygy üçin olara uly ähmiýet berlipdir. Öý şertlerinde oba hojalyk önümlerinden egin-eşikleri tikmek üçin çig mallar ene-mamalarymyzyň öz elleri bilen taýýarlanypdyr. Pileden ýüpek matalar, pagtadan nah matalar düýäniň we goýnuň ýüňünden ýüň matalar dokalyp, olardan donlaryň dürli görnüşleri tikilipdir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3.jpg) Gadymdan galan asyl nusgaly milli eşikleriň görnüşlerini has ýakyndan öwrenmeklikde ýurdymyzda öz işini alyp barýan muzeýleriň ähmiýeti örän ulydyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň gaznalarynda saklanylýan täsin, gadymy milli donlary halk köpçüligine görkezmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 15-nji awgustynda «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisi gurnaldy. Sergide XIX asyryň ahyryna we XX asyra degişli bolup halkymyzyň ähli sebitlerine mahsus bolan erkek adamlaryň, gyz-gelinleriň we çaga donlaryň dürli görnüşleri görkezilýär. Sergide zenanlar tarapyndan geýilen el keşdeli, basma nagyşlar bilen bezelen begresler, keşdelenen we kümüş bezegli çabytlar, kümüş düwmeler we teňňe pisint kümüş bölejikler, bugnama hem-de mata bölejikleri bilen haşamlanan mahmal we küleçe donlary, gyzyl ýaşyl zolakly dokalan sary tagta donlar, ilme nagyşly mawut we baş donlar, içi pagtalanyp syralan hywa donlar, pugtalanyp bezelen çepbetöw, daraýy we maldaýy donlar hem-de erkek adamlar tarapyndan geýilen gyrmyzy don, garma don, hywa don, düýe we goýun ýüňünden dokalan agar hem-de çal çäkmenleriň ajaýyp görnüşleri görkezilýär.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

14.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji awgustda sagat 10:00-da «Milli gymmatlyklarymyz türkmen gözelliginiň nusgasy» atly milli donlaryň sergisiniň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.08.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzda ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler, wagyz-nesihat duşuşyklary, hoşallyk maslahatlary ajaýyp ýylymyzda bellenilýän şanly seneler bilen utgaşyp her bir raýatyň göwün guşyny ganatlandyrýar. Şeýle ýokary guramaçylykda geçirilen çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen kararlary we çözgütleri halk köpçüligine wagyz etmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Türkmenabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnamagynda dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Gülälek BATYROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22.jpg)

No image
«GUJURLY BILIM» MERKEZINIŇ OKUWÇYLARY MYHMANÇYLYKDA

Muzeýler

06.08.2025

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, bilim merkezlerinde çagalara bilim berilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Gujurly bilim» merkezinde bilim alýan çagalar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Muzeýimiziň hünärmenleri çagalary muzeý gymmatlyklary bilen içgin tanyşdyrdylar. Bu ýere gelen çagalarda muzeý gymmatlyklary uly täsir galdyrdy. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Hormatly Arkadagymyza hem-de Hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly alkyşlar aýdýarys.

No image
ARKADAGYŇ YLHAMY–KALBYŇ MELHEMI

Muzeýler

05.08.2025

Milli medeniýet ulgamy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ägirt uly üstünlikler, toplumlaýyn ösüş üçin berk maddy binýat we uly kuwwat bilen gadam basýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Arkadagyň ylhamy–kalbyň melhemi» atly söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlikde direktoryň ylmy işler boýunça orunbasary Şirin Rustamowa, muzeýiň hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar çykyş etdiler. Bu «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alypbaryjysy Annasoltan Nunnakowa alyp bardy. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» kitaby dogrusynda täsirli çykyş edilip, halkymyzy eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan, ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

No image
GÖÇME SERGINIŇ RÖWÜŞLERI

Muzeýler

05.08.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyzyň her bir güni şatlykly taryhy wakalara beslenýär. Şanly ýylymyzyň joşgunyna joşgun goşup, eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän çäreler, maslahatlar forumlar bu bagtyýar watanymyzyň her bir bagtyýar raýatyny yhlasly zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Hazaryň türkmen kenarynda doganlyk-dostluk halklaryny bir supranyň daşyna jemläp Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda BMG-nyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ençeme utgaşykly çäreler geçirilýär. Şolaryň dowamynda çäreleriň geçirilýän ýerlerinde myhmanlaryň kabul edilýän myhmanhanalaryň giň eýwanlarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň welaýat muzeýlerinde aýawly saklanýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ajaýyp sergi ýaýbaňlandyryldy. Şanly ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljek bu foruma Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri tarapyndan milli mirasymyzy şöhlelendirýän, göçme sergi gurnaldy. Bu sergide zenanlarymyz tarapyndan welaýatymyza mahsus bolan, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun alan keşdeçilik sungatynyň dürli görnüşleri,haly we haly önümleri, ussat zergärlerimiziň ýasan şaý-sepleri gadymy hem döwrebap nusgada ýerine ýerine ýetirilen nusgalarynyň üsti bilen türkmen halkynyň milli mirasyny, däp-dessurlaryny bu foruma gatnaşýan myhmanlara wagyz edildi. Juda köpsanly tomaşaçylary özünde jemlän bu sergi myhmanlarda ýakymly täsirler galdyrdy. Muzeý gymmatlyklary halkyň taryhynyň, sungatynyň hem däp-dessurynyň aýdyň beýany bolan maddy we ruhy mirasdyr. Ýurdymyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilýän ýokary derejeli maslahatyň çäginde gurnalýan bu sergiler halkymyzyň parahatsöýüjilik, asudalyk, myhmansöýerlik ýaly mukaddes garaýyşlarynyň milli mirasymyz, sungatymyz arkaly şöhlelenmesi boldy. Ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandynyň subatnamasy bolan medeni mirasymyzy gorap saklamaga, ylmy taýdan öwrenmäge we wagyz etmäge, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredip berýän, dünýäde parahatçylygy döretmek sungatynyň beýik ussady türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, parahatçylygyň beýik taglymatçysy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! Gülälek BATYROWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
AMALY HAŞAM SUNGATYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

Muzeýler

04.08.2025

Türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, onuň milligini kesgitleýän, nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol halkyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Amaly haşam sungatynyň aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige muzeýiň hünärmenleri gatnaşdylar. Merdana türkmen halkymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdirilýändigi dogrusynda söhbetdeşlikde bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem çeper elli gyz-gelinlerimiz özleriniň döredýän bir-birinden ajaýyp hem nepis el işleri bilen döwrümiziň gözelligine gözellik goşýarlar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-DÖWLETLILIGIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Muzeýler

30.07.2025

Şan-şöhraty älem-jahany haýrana goýýan eziz Diýarymyzyň her dogýan nurly güni taryhyň sahypalaryna ebedilik ýazylýar. Hemişelik ýurt Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň halkara derejede belleniljek bu şanly ýylymyzda geçirilýän çärelere işjeň häsiýet mahsus. Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat hem-de Çärjew etrap komitetleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty-döwletliligiň aýdyň ýoly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly ýagdaýda geçen bu maslahata muzeý hünärmenleri, ýaşuly nesiliň wekilleri, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, bilim we medeniýet işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda ajaýyp ýylymyzyň taryhy wakasyna öwrüljek nobatdaky Halk maslahatynyň ähmiýeti, şanly senelere görülýän taýýarlyklar dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eşretli zamanada ýaşamaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsançly sagbolsunlaryny beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/00.jpg)

No image
HOŞALLYK MASLAHATY

Muzeýler

28.07.2025

Hormatly Prezidentimiz 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigi bilen bagly milli taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek maksady bilen taýýarlanan «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň Tertibini tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem bu taryhy waka mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, toplamak, ylmy taýdan öwrenmek we geljek nesillerine abat ýagdaýynda ýetirmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Şol gymmatlyklary gorap saklamak, hasaba almak we olaryň Döwlet sanawyny ýöretmek işlerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň mynasyp orny bardyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg) Hoşallyk maslahatynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň, «Gökdepe» milli muzeýiniň, Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri çykyş etdiler. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar taryhymyzyň gymmatly hazynalaryny resmi esasda dogry öwrenmäge hem-de geljek nesillere aýawly ýetirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza biragyzdan çäksiz minnetdarlyk bildirdiler.