logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MUZEÝMIZDE GURNALAN GÖÇME SERGI

Muzeýler

19.09.2025

2025-nji ýylyň sentýabr aýynda Şanly Garaşsyzlyk baýramynyň öňsyrasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi tarapyndan Türkmenistan Watanmyzyň Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen halkynyň arzuwlap gelen Garaşsyzlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarmyzyň saýasynda bahar-ýazly, aýdym-sazly Diýarymyzyň, bu günki -gün ösüşleri, Garaşsyzlygymyzyň miwesi bolan asuda, abadan Watan goýnunda garşy alýan her günümiziň bagtyýarlygy, özbaşdak millet hökmünde milli däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň, urp-adatlarymyzyň dabaralanmagy wasp edildi. Türkmen halky toý tutanda geçmişiň däp-dessuryna eýerip, uludan tutýar. Bu çärede Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan hem göçme sergi gurnaldy we milli mirasymyz bolan haly we haly önümleri, kümüş şaý-sepleriniň dürli görnüşleri, türkmen zenanlarynyň on barmagyndan çykan dürli nagyşlar bilen bezelen zenan lybaslary bolan keteni köýnekler, çabytdyr çyrpy-kürteler ýaly taryhy gymmatlyklaryň birnäçesi sergilendi. Talyp ýaşlaryň arasynda gurnalýan sergiler ata-babalarymyzyň Watany söýmegi öz ömürleriniň manysyna öwrüp, arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi bolan ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary bilen giňişleýin tanyşdyrmaga ýol açýar. _____________ SEÝIDOWA G. Muzeýiň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARYŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu iri jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylar 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler we muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlary ýokary derejede garşyladylar. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň ekspozisiýalarynda görkezilýän gymmatlyklar barada muzeýiň hünärmenleri giňişleýin ekskursiýalary berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlar Döwlet muzeýiniň her bir bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar.

No image
WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYGY–HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGY

Muzeýler

15.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergi dabaraly ýagdaýda açyldy. Sergini Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew açdy. Bu dabara Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň stomatologiýa okuw önümçilik merkeziniň lukmany, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Gurbannazar Ataýew, Edebiýat we sungat gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň ylmy işgäri Sähra Ýusupowa, Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň Mahabatlandyryş we neşir edijilik bölüminiň müdiri Aýgül Bekmiýewa, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň “Altyn menzil” aýdym-saz toparynyň artisti Zöhre Annaýewa, Türkmenistanyň awtoulaglary ministrliginiň “Awtoulaglary” önümçilik birleşmesiniň baş hünärmeni Kerim Täçmyradow dagylar gatnaşdylar we çykyş etdiler. Sergä gatnaşan myhmanlar Garaşsyzlyk ýyllarynda baý medeni mirasyny, onuň dünýä medeniýetine goşýan goşandy, türkmen medeniýetiniň döwrebap derejede ösdürilip, kämilleşdirilýändigi we bütin dünýä ýaýylýandygy hem-de Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelejegi, şu güni barada örän täsirli giňişleýin gürrüň berdiler. Serginiň ahyrynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan nusgalyk işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gurnalan “Watanymyzyň Garaşsyzlygy–halkymyzyň bagtyýarlygy” atly sergä aýlanyp gördüler, muzeýiň işgärleriniň gyzykly hem täsirli gürrüňlerini diňlediler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22gb.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33gb.jpg)

No image
GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ

Muzeýler

15.09.2025

Biziň Garaşsyz hem baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Şöhratly Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toý baýramçylygyna barýar. Biz Mary welaýatynyň Taryhy we Ülkani Öwreniş Muzeýiniň işgärleri bolup, bu dabaraly baýramçylyga öz zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys. Ynha bu gün muzeýmiziň birinji gatynda ýerleşýän wagtlaýyn sergi zalynda baýramçylyga bagyşlanan «Garaşsyzlyk bagtymyz» atly sergi gurnalyp, onuň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara muzeý işgärleri hem-de ýaş talyplar, ýaşuly nesiller uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Sorag-jogaplar alyşylyp buýsançly sözler bilen birek-birege gutlag sözleri aýdyldy. Sözleýäs biz bu gün gezek-gezegne Bu gözel döwrümiň edip tarypyn Şeýdip ertirlere ýetirýäris biz Düýniň hem şu günüň beýik taryhyň ! Geçmişi şöhratly, şu güni buýsançly, geljegi nurana türkmen halky ! toýlar mübärek , gutly bolsun! Şu beýik döwri öz halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebesi belent bolsun! ___________________________________ GURBANJUMAÝEWA.D Muzeýiň ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/26.jpg)

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa dagylar gatnaşdylar.

No image
GALLA EKIŞI

Muzeýler

11.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzki bugdaý ekilişine başlandy. Bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda beýleki pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, her bir dänäniň müň bolsun diýip, ekişe ak pata berdiler. Bu buýsançly dabara gatnaşyjy ýaşulular, ýaşlar we öňde baryjy mehonizatorlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Ak bugdaýyň mekany bolan şu mukaddes topragymyzyň taryhy hakynda, ata-babalarymyzyň ekerançylykda bitiren hyzmatlary we muzeýimizde bar bolan gadymy zähmet gurallary bilen garyşdyrylyp, olar barada ylmy maglumatlar berildi. Zähmetsöýer daýhanlaryň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar!

No image
MUZEÝE GETIRILEN GYMMATLYK

Muzeýler

11.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. Biz hem muzeýiň ylmy işgärleri hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp gymmatlyklarymyzyň sanyny artdyrmak üçin halkyň arasyna gidip, wagyz nesihat işlerini geçirýäris. Bir gün köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: «Gyzym meni bir diňle!» diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi: -Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, gelejekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym. Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna kabul edip aldyk. Muzeýiň ylmy işgärleri köwşüň gowy saklanandygyny belläp Soltanjemal daýza sagbolsun aýtdylar. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýerleri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda Soltanjemal daýza 85 ýaşynda üstünden şonça ýyllar geçse-de kakasynyň sowgat beren köwşüni aýawly saklapdyr. Ol bolsa onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär. Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar. ###### Şeker MEREDOWA Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
SÖHBETDEŞLIK

Muzeýler

09.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetinde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeltdi. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňisyrasynda Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görülýän günlerinde biziň Şekillendiriş sungaty muzeýimizde hem «Miras» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat geňeşiniň umumy bölüminiň müdiri Röwşen Maksatmyradow, sanly ulgamlar boýunça esasy hünärmeni Täjinar Allanurowa, şeýle hem muzeýiň esasy hünärmenleri Aýjemal Gatyýewa, Altynaý Esenowa dagylar gatnaşdylar. Gepleşige gatnaşanlar gepleşigiň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy bütin türkmen halkymyzy Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.

No image
GARAŞSYZLYK–WATANYMYZYŇ ŞÖHRATY

Muzeýler

06.09.2025

Pederlerimiziň parahat söýüjülik ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň binýatlyk esasyna öwrülmek bilen, bu gün parahatçylygy üpjün ediji merkez hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyz dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Täze taryhy döwrümizde döretmäge, gurmaga, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýunyň barha golaýlaşýan bagtyýar günlerinde eziz Diýarymyzyň her bir günini bezeýän şanly hem-de taryhy wakalar, ýokary guramaçylykda, uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Baýramçylyk lybasyna beslenen eziz watanymyzda ýokary guramaçylykda geçirilýän çäreler, hoşallyk maslahatlary, syýasy söhbetdeşlikler, aýdym-sazly çykyşlar gadymy Lebabyň edara-guramalaryna, obadyr-şäherlerine baýramçylyk şatlygyny bagyşlaýar. Şu gün Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýa-synyň Türkmenabat şäher komitetiniň bilelikde gurnama-gynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli muzeý hünärmenleri tarapyndan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen ,,Garaşsyzlyk-Watanymyzyň şöhraty” atly gurnalan wagtlaýyn serginiň açylyşygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, muzeý hünärmenleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli dabaraly maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar bagtyýar zamanany, asuda we eşretli durmuşy peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler. Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/86.jpg)