logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Milli miras – terbiýäniň özeni

Muzeýler

17.07.2026

Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen dabaraly şygarynyň many-mazmunyny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň taryhy ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, «Milli miras – terbiýäniň özeni» atly «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny has-da artdyrmakda muzeýleriň we Ýaşlar guramalarynyň bilelikde maslahatlary geçirmegi örän netijelidir. Söhbetdeşlikde çykyş edenler golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlisiň özlerinde uly täsirleri galdyrandygy hem-de ýurdumyzda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine mejlisde edilen çykyşlaryň aýdyň şaýatlyk edýändigini bellediler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna halkymyz mynasyp zähmet üstünlikleri bilen barýar. Şu ýylyň sentýabrynda halkymyz agzybirlikde mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden belläp geçer. Bagtyýar halkymyz her ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň baş baýramyny aýratyn buýsanç bilen garşylaýar. Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyz hem-de halkymyz üçin aýratyn ähmiýetli hem-de buýsançlydyr-diýip nygtadylar. Şeýle hem çykyş edenler, Watana bolan söýgüleriniň belentdigini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüşlerine ýaşlarymyzyň guwançlarynyň çäksizdigini, milli mirasymyzy sarpalaýan, eziz Watanymyzyň daýanjy hem geljegi bolan ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almagy we döredijilik ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin, ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada uly buýsanç bilen durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy gülledip ösdürýän, ýaşlarymyza okamaga, işlemäge hem-de döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi – ýaşlar

Muzeýler

17.07.2026

Häzirki wagtda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz durnukly we batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradaky aladadyr. Çünki islendik jemgyýetiň güýji, kuwwaty we röwşen geljegi onuň bilimli, terbiýeli hem-de watansöýüji ýaşlaryna baglydyr. Şu maksat bilen, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň hem-de Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda geçirilen «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat ýaş nesliň jemgyýetdäki ornuny we olaryň öňünde durýan wezipeleri dabaralandyrýan möhüm waka öwrüldi. Halkymyzda «Ýaş nesil — guwanjymyz, geljegiň daýanjy» diýen dana jümle bar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym bilen meşgullanmagy, sport we döredijilik dünýäsinde üstünlik gazanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Akylly tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň şäheri bolan Arkadag şäherinde geçirilýän bu çäre hem ýaşlaryň täze eýýamyň talaplaryna laýyklykda kemala gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşlar diňe bir geljek däl, eýsem şu günüň hem esasy hereketlendiriji güýjüdir. Olar ykdysadyýetde, sanly ulgamda, bilimde, saglygy goraýyşda we medeniýetde iň döwrebap taslamalary durmuşa geçirip, Watanymyzyň kuwwatyny bütin dünýä aýan edýärler. Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji bolup «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda guralmagy, ýurdumyzyň ýaş hünärmenleri üçin ägirt uly innowasiýa meýdançasyna öwrüldi. Bu döwrebap şäheriň durmuş üpjünçilik, ekologiýa we sanly dolandyryş ulgamlarynyň her bir künjegi ýaşlaryň intellektual zähmetiniň miwesidir Şäheriň ekologik taýdan arassa ulag duralgalaryny, “akylly” öýleri we ýaryşyk ulgamlaryny dolandyrýan programma üpjünçiliklerini we operasion platformalaryny esasan ýaş IT hünärmenleri, inženerler we programmistler işläp düzýärler hem-de gözegçilik edýärler. Ýaş alymlar we talyplar tarapyndan hödürlenýän innowasion taslamalary şäheriň sanly ykdysadyýetiniň esasyny emele getirýär. Olar energiýany tygşytlaýjy ulgamlardan başlap, emeli intellekt tehnologiýalaryna çenli iň täze çözgütleri önümçilige ornaşdyrýarlar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde QR-kod tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy hem-de interaktiw aragatnaşygyň ýola goýulmagy hem hut şu ýaş hünärmenleriň şäheriň “akylly” medeni infrastrukturasyna goşan goşandydyr. Maslahatyň edil muzeý gurşawynda geçirilmeginde hem çuňňur many bar. Muzeýler – halkyň geçmiş taryhyny, milli medeniýetini we pederlerimizden galan mukaddes ýörelgeleri gorap saklaýan we wagyz edýän mukaddes ojaklardyr. Geçmişine hormat goýmaýan halkyň geljegi bolmaz. Ýaşlaryň milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza bolan sarpasyny artdyrmakda muzeýleriň we ýaşlar guramalarynyň bilelikde bäsleşikleri, usuly maslahatlary guramagy örän netijelidir. Sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ýaş nesle pederlerimiziň taryhy ýoluny döwrebap, interaktiw usullar arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa olarda milli buýsanç we watançylyk duýgularyny has-da berkidýär. «Watanymyzyň kuwwaty hem geljegi — ýaşlar» atly maslahat türkmen ýaşlarynyň döwletimiziň we halkymyzyň ynamyny ödemäge hemişe taýýardygyny ýene bir gezek subut etdi. Ýaşlar özlerine bildirilýän bu beýik ynamy ak ýürekden we tutanýerli zähmet, belent ylym-bilim hem-de innowasion tehnologiýalar bilen ödäp, Garaşsyz Türkmenistanymyzy täze ösüşlere tarap ynamly alyp bararlar.

No image
Taryhyň taryply ýollary

Muzeýler

15.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet cagalar kitaphanasy ýakynda "Arkadag" teleýaýlymynyň "Köňülleriň çyragy" gepleşiginiň ýazgy etmeginde "Arkadag şäher taryhy we ülkäni öwreniş" muzeýinde "Taryhyň taryply ýollary" atly söhbetdeşlik geçirdi. Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň umumyadamzat swilizasiýasyna goşan maddy we ruhy medeniýetiniň aýry aýry ulgamlary dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Muzeý etnografiýa gymmatlyklarynyň kitap gatlarynda şöhlelendirilişi hem-de gadymy tapyndylaryň degişli döwründe ulanyş aýratynlyklarynyň adamzat zähmetine ýetiren ýeňillikli ähmiýeti hakyndaky gürrüňlere hem orun berildi. Söhbetdeşlikli duşuşygyň ahyrynda ona gatnaşanlar milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz nesihat etmeklige ylmy döredijilik işlerini alyp barmaklyga giň mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Aty baryň – ganaty bar

Muzeýler

14.07.2026

Türkmenlerde at bilen baglanyşykly däpleriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň ençemesi döredilipdir. Bu bolsa ýaş nesli atçylyk sungaty bilen ýaşlykdan gyzyklandyrmaga höweslendirýär. Toý-baýramlarda at çapyşyklary at üstündäki dürli milli oýunlary guramak asylly däbe öwrüldi. At çapyşygy Türkmenistanyň ähli ýerinde gadymdan bäri meşhurdyr. Her obanyň adygan seýisleri, dabarasy dag aşan bedewleri bolup, olar toýlarda janköýerleriň toý şatlygyny goşalandyrypdyr. Şol sebäpli uludan tutuljak toýlarda at çapyşygynyň we at üstündäki oýunlaryň geçiriljekdigini birnäçe gün öňünden jarçylar habar edipdirler. At çapyşygyna beýleki obalaryň hem ezber seýisleriniň atlary gatnaşdyrylypdyr. At çapyşygyny guramak üçin öňden gelýän kada görä, düz meýdan saýlanylyp alnypdyr. Oňa halk arasynda “Aýlaw” diýlip, atlar bellenilen aýlaw ýoly boýunça çapylypdyr. Munuň üçin aýlawy öňünden taýýarlapdyrlar, ýagny, at çapylanda päsgel berjek ýa-da aty ürküzjek daş, ot we beýleki zatlar aýrylyp, arassalanylypdyr. Aýlaw görnüşindäki çapuw meýdanynda tomaşaçylara at çapyşyklaryny synlamak oňaýly bolupdyr. Uzak aralyga at çapdyrmak boýunça guralan ýaryşlar, adatça, giň sähralyk ýerde, käbir ýerde bolsa iki obanyň aralygynda geçirilipdir. Şeýle ýaryşlar “Dogry tomaşa” diýip atlandyrylypdyr. Ýelden ýüwrük türkmen bedewiniň ýörite eldekileşdirilen elguşlar bilen ýaryşdyrylan pursadynyň bolandygy barada hem halkyň içinde gürrüňler saklanyp galypdyr. Toýlarda geçirilen at çapyşyklarynda baş baýrak hökmünde öküz, düýe, türkmen halysy ýaly baýraklar goýlupdyr. Munuň özi halkymyzyň atçylyk sportuna gyzyklanmasynyň has irki döwürden gözbaş alýandygynyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly barýan Watanymyzyň ösüşleri baky bolsyn! Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap, ony wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

No image
Milli mirasymyz – dowamat dowam

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde Türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriniň edep ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi hem-de muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär. Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde milli mirasymyza uly üns berilýär. Taryhy ýadygärlikler dikeldilýär, milli senetçilik ösdürilýär, halk aýdymlary we milli oýunlar ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Bu işler halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da berkitmäge ýardam edýär. Milli mirasy öwrenmek we oňa hormat goýmak Watana bolan söýgini güýçlendirýär. Şonuň üçin hem her bir ýaş öz halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenmäge çalyşmalydyr. Şeýlelikde, milli mirasymyz nesilden-nesle geçip, dowamat dowam eder. Milli mirasymyz halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary, dili, edebiýaty we medeni gymmatlyklarydyr. Ata-babalarymyzdan galan bu baý mirasy gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.

No image
KÖRPELERIŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri, tejribe geçýän talyplar, bakja-bagynda terbiýelenýän körpeler Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Gezelençde çagalar milli miras, taryh, medeni we tebigy gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Muzeýde çagalar gadymy durmuş esbaplaryny, milli lybaslary, sungat eserlerini we taryhy tebigy gymmatlyklara uly gyzyklanma bilen synladylar. Bu ýerde dürli haýwanlaryň we guşlaryň gäpleri, ösümlikleriň görnüşlerini hem-de dag-jülgeler, derýalar we çöller barada maglumatlar çagalar üçin täsirli boldy. Muzeý hünärmenleri olara muzeý gymmatlyklary, tebigaty söýmegi, ony goramagy, hem-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek barada ýönekeý we düşnükli maglumatlary berdiler. Çagalar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler we täze zatlary öwrenmäge höwes bilen gatnaşdylar. Bu gezelenç çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge, olaryň öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrdy hem-de milli mirasa, gözel tebigatymyza hormat goýmak duýgusyny ösdürdi. Gezelenç çagalarda ýakymly täsirler galdyrdy.

No image
BEÝIK SERDARYŇ RUHUBELENT NESILLERI

Muzeýler

10.07.2026

Iýul aýynyň 8-ne «Beýik Serdaryň Ruhubelent nesilleri» çagalar medeni dynç alyş we sagaldyş merkezinde Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri göçme sergi gurnadylar. Sergide çagalaryň çeken surat eserleri, haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary, alabaýyň heýkeli, keramika önümi bolan küýzeler, mejimeler, agaç önümleri görkezildi. Sergini görmäge merkezde dynç alýan çagalar we olaryň terbiýeçi mugallymlary gatnaşdylar. Sergi täsirli boldy. Muzeýiň ylmy işgäri A.Gurbanmämmedowa gyzykly gezelenç gurnady. Çagalar höwes bilen sergini synladylar. Esasanam haýwanlaryň gäpleri we mulýažlary çagalarda gyzyklanma döretdi. Sergini synlamaga gelenler muzeýiň hünärmenlerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Teleýaýlymda sergi barada çykyşlar boldy.

No image
MILLI MIRASYMYZDA EKERANÇYLYGYŇ GADYMY KÖKLERI

Muzeýler

10.07.2026

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Arkadag telekanaly bilelikde miwe baglarynyň arasynda ýazgy edildi. Bu ýazgyda miweli baglar esasanam alma, alma agajy barada söhbet edildi. Türkmen halkynyň ekerançylyk pudagy öz köküni gadymyýetden alyp gaýdýar. Ekerançylyk pudagy hem birnäçe ugurlara bölünýär: däneçilik, tehniki ekinler, bakja ekinleri, miweçilik. Miweçilikde şänikli miweler, çigitli miweler görnüşinde bölünýär. Çigitli miwelere alma, armyt, beýi halk arasynda behi hem diýilýär, degişli edilýär. Şolaryň arasynda alma barada söhbet edenimizde alma agajy ýabany görnüşlerden medenileşdirilip, Aziýanyň Ýewropanyň,Demirgazyk Amerikanyň aram guşaklyklarynda giňden ýaýrandyr. Arheologlaryň gazuw agtaryş işlerinde gowaklaryň diwaryndaky çekilen suratlaryň içinde almanyň suratynyň agdyk bolmagy, alma köp isleg bildirilendigini, onuň elýeterli miwe bolandygyny görkezýär. Türkmen halky almanyň birnäçe tohumyny döretmegi başarypdyr. Olara: ak bägül, al ýaňak alma, gyzyl ýaňak alma, ak, gyzyl, sary, ýaşyl alma aly tohumlary häsiýetlidir. Milli mirasymyzda miweli baglaryň orny ulydyr.Türkmen halky çagalaryna miwe bilen baglanşykly at dakan bolsalar, miweli baglaryň agaçlary dokma gurallaryny ýasamakda giňden ulanylypdyr. Miwe we bakja ekinleriniň hoşboý ysly, datly tagamly bolmagynda türkmen tebigatynyň ähmiýeti ulydyr, mes topragyň, nurly güneşiň, süýji suwyň netijesinde bal ýaly agzyňda eräp barýan datly önümler ýetişýär.

No image
Binýady berkden Watan

Muzeýler

07.07.2026

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 5-nji iýulda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda Diýarymyzda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 35 ýyllygy türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň nurana sahypalarynyň birine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň ähli ugurlar boýunça ösüşiň täze derejesine çykýandygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň oňyn netijeleri berýär. Bu günki gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Mukamlar köşgünde geçirilen dabaraly mejlisden ugur alyp «Binýady berkden Watan» atly gepleşiginde, ýerine ýetiriljek işler dogrusynda söhbetdeşlik guraldy. Onda çykyş edenler ahalteke bedewleri parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň aýdyň nyşanyna öwrülýändigi barada, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaýbaňlandyrylan sergide amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň ahalteke bedewlerine bagyşlanan eserleri dogrusynda nygtadylar. Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözleri beýan edildi. Söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazga geçirildi.

No image
Çagalaryň arasynda geçirilen sergi

Muzeýler

07.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri muzeýiň hemişelik sergi bölümlerinde görkezilýän dürli gymmatlyklary wagyz etmek bilen çäklenmän, dürli temalar boýunça Aşgabat şäherindäki çagalar baglarynda, orta we ýokary okuw jaýlarynda, çagalaryň dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergiler hem gurnaýarlar. 2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri tarapyndan Gökderede ýerleşýän “Nebitçi” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Türkmenistanyň tebigaty we türkmen halkynyň milli gymmatlyklary” atly muzeý eksponatlaryndan ybarat bolan sergi gurnady. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri çagalara Türkmenistanda duş gelýän birnäçe haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň görnüşleri we olaryň ýaşaýyş aýratynlyklary barada gyzykly gürrüňler berdiler. Sergide türkmen halkynyň milliligini wasp edýän gadymy haly önümleri görkezildi. Olaryň arasynda torbalar, çuwallar, ikselikler, düýe halyklar we beýleki haly önümleri sergini bezeýär. Serginiň dowamynda gelin-gyzlaryň gadymy lybaslary görkezilýär. Olaryň arasynda düýpli gyňaçlar, keteni köýnekler, ýaşyl kürteler, çyrpylar, şeýle-de halkymyzyň gündelik durmuşynda ulanan esbaplaryny hem görmek bolýar. Çagalar höwes bilen gymmatlyklar baradaky berilýän gürrüňleri diňlediler. Soňra dynç alýan çagalaryň arasynda guşlar bilen bagly bäsleşik geçirildi we ýeňijilere sowgatlar gowşuryldy. Döwlet muzeýi tarapyndan geçirilen sergi çagalarda uly täsir galdyrdy.