logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

10.02.2026

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ITALÝAN DIZAÝNYNDA AÝNA ÖNÜMLERINIŇ GÖZELLIKLERI

Täzelikler

09.02.2026

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen “Italýan dizaýn” günleri öz işini gyzgalaňly alyp barmaga başlady. “Italýan dizaýn” günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur “IDOJI” kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italiýaly binagär Serjo Ferrandini ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler. Sapagyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýn we binagärlik sungatynyň arabaglanyşykdaky ösüşi, taryhy ýoly we dizaýnyň adamlara täsiri hem-de dünýä belli bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada tanyşyp, sapak gyzykly söhbetdeşlikler we pikir alyşmalar bilen öz işini dowam etdi. “IDOJI”-Italiýanyň Wenesiýa şäheriniň ştap kwartirasynyň dizaýn kompaniýasy bolup, Wenesiýanyň çeper aýnalaryny ýöriteleşdirilen taslamalar boýunça haýran galdyryjy görnüşlerde taýýarlamak işi bilen meşgullanýar. “Göwrümli bolmadyk” lýustralardan başga-da metal önümleri bilen kristal aýnalaryň çeper sazlaşygy esasynda döredilen nahar iýilýän stollary, çyralary, aýna çüwdürimleri, germewleri, diwarlyklary gadymy nusgawy ugurlara daýanyp täzeçe görnüşlerde buýrujynyň islegine görä ýerine ýetirilýändigine sapagyň dowamynda göz ýetirildi. Kompaniýada tehniki bilimi bolan dizaýnerler, binagärler we ökde hünärli hünärmenleriň toparlary zähmet çekýär. Olaryň döreden işleriniň döwürleýin taslamalary buýrujynyň islegi boýunça goldalynylyp, dünýäniň birnäçe döwletlerinde durmuşa geçirilýär hem-de olary gurnamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu kompaniýa altmyş ýyldan gowrak wagt bäri özboluşly nepis işleri Angliýada, Müsürde, Russiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda meşhur bolup, ol 1968-nji ýylda Wenesiýada prezident Domenika Kaminitiniň ejesi Françesko Makor Kaminiti tarapyndan uly bolmadyk kärhana görnüşinde esaslandyrylýar. Kärhana Wenesiýanyň çeperçilik aýnasyny işläp bejerme işlerine ýöriteleşen, gymmat bahaly aýna önümlerini elde öndürmekden özüniň taryhy ýoluna başlaýar. Hanym Françeska we onuň ýanýoldaşy Antoniýo özleriniň täze söwda kärhanalaryny kiçijik çagalary Domeniko we Juzeppa bagyşlaýarlar. Şeýlelikde olaryň atlarynyň ilkinji iki haryny alyp, Doji diýen ady döredýärler. Şeýle hem bu Doji diýen at Wenesiýa respublikasyny 697-nji ýyldan 1797-nji ýyllra çenli asuda dolandyran, gadymy döwlet baştutanlarynyň atlarynyň baş harpyndan başlamak göz öňüne tutulýar. Şeýdip 1968-nji ýyldan başlap Françeska Makor Kaminitiniň döredijiligi üstünlikli ýola düşýär we ol yzygiderli Wenesiýanyň “Hil we mylaýymlylyk” diýen sylaglaryna mynasyp bolup başlaýar. Şol ýyldan başlap Françesko bilen Antoniýo özleriniň haryt belgilerini IDOJI diýen at bilen goramagy maslahatlaşýyp, ilkinji gezek Rimdäki haryt belgileri hem-de Italiýanyň patent edarasynda bellikden geçirmegi maksat edinýärler. 2012-nji ýyldan başlap “Idoji” kompaniýasy “Pauly & C-Compagnia Venezia Murano” we “MVM Cappellin” ýaly birnäçe taryhy obýektleriň, çeper kolleksiýalaryň brendlerine mynasyp bolup gelýärler. Umuman, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen bu günki italýan dizaýny baradaky geçilen sapak örän gyzykly we täsirli boldy. Şeýle duşuşyklar dünýäniň tanymal işewür sungat kompaniýalarynyň hem-de olaryň wekilleriniň döredýän taslamalary, ajaýyp eserleri we alyp barýan işleri biziň ýaşlarymyz üçin wajypdyr. Şeýle täsirli döredijilik duşuşyklary, sapaklary ýaşlarymyzyň sungat bilimleriniň artmagyna giňden ýardam berýär. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylynda talyp ýaşlarymyza okamaga, döretmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan işleri mundanam beýläk rowaçlyklara beslensin! ___________________ Göwher Saparmyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINDE BOLDY

Täzelikler

05.02.2026

4-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, “At-myrat” okuw merkeziniň çagalary, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz çagalaryň hem-de ýaşlaryň öňünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda türkmen bedewleriniň şöhratynyň belende galýandygyny, milli sirk sungatynyň dünýä derejesine çykýandygyny alamatlandyran waka mynasybetli çykyş etdi. Ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olary at çapyşyklaryna taýýarlamak üçin amatly şertleri, ýakymly howa gurşawyny özünde jemleýän künjekde, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, “At-myrat” okuw merkezi hereket edýär. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da milli atşynaslyk ýörelgeleriniň ösdürilmegine giň ýol açýar. Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ýapyk manežine gelende, Milli Liderimizi akademiýanyň rektory P.Baýramdurdyýew we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow mähirli garşyladylar. Ýapyk manežde “At-myrat” okuw merkeziniň çagalary Gahryman Arkadagymyzy şatlyk-şowhun bilen mübäreklediler. Merkeziň ýolbaşçysy öz aralaryna gelip, bu ýerde alnyp barylýan işler bilen gyzyklanýandygy we ýaşlara milli atşynaslyk däplerini ylmy esasda öwretmek ugrunda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi. Häzirki döwürde hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda döredilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda bolan, milli atşynaslaryň täze nesliniň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýän “At-myrat” okuw merkezi atşynaslyk bilen gyzyklanýan ýaşlary özünde jemleýär. Atçylyga höwes edýän çagalar çapyksuwarlyk, milli at üstündäki oýunlar, atly sporty özleşdirmek ýaly ugurlar boýunça tälim alýarlar. _____________________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AÝDYM-SAZLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

Täzelikler

04.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. 3-nji fewralda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Ahal welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, aýdymçylarynyň, artistleriniň, ýagny, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowanyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň, «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, şahyr Süleýman Ilamanowyň, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Çemen Annaberdiýewanyň, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Myrat Işangulyýewiň gatnaşmagynda, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Sarahs şäher medeniýet öýünde hem-de Tejen etrap medeniýet merkezinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary geçirildi. Döredijilik duşuşyklarynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny, göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, duşuşyklarda çykyş edenler, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22-b.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33-b.jpg) Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Dana şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenýär. Şahyryň ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary, halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyz «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedewlerimiz halkymyzyň geçmişiniň, şu gününiň hem geljeginiň, sözüň doly manysynda daýanjy bolup, durmuşymyzyň ýaraşygydyr. Magtymguly atamyzyň «Aty meýdan tanyr, hümmeti - myhman», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», ýaly setirleri türkmen bedewiniň durmuşa aýratyn gyzyk çaýýandygyna şaýatlyk edýär» diýip, parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, behişdi bedewler milletimiziň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Hut şonuň üçin hem, bagtyýar halkymyzyň şöhratly taryhyny bedew atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/44-b.jpg) Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejeli festiwallarda, ýaryşlarda üstünlikli çykyşlar edip, altyn kuboklara hem-de beýleki baýraklara yzygiderli mynasyp bolmaklary ýatdan çykmajak buýsançly wakalardyr. Bu toparyň ezber ýigitleriniň hem-de gyzlarynyň atyň üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly sirk çykyşlary, dünýäniň sirk sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine goşýan goşantlarydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda we ýaryşlarynda gazanýan taryhy üstünlikleri ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň has-da artmagynda uly orun eýeleýär. Toparyň gazanýan uly ýeňişleri mynasybetli dabaralar guralyp, ýörite sowgatlar, baýraklar gowşurylýar. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/55-b.jpg) Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Merdana pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär – diýip, çykyş edenler bellediler. Duşuşygyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ösüşli-özgerişli döwrümiziň, şan-şöhratly behişdi bedewlerimiziň waspyny belentden ýetirdi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. ___________________ Ogulgurban Gaşlakowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGI

Täzelikler

23.01.2026

I. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ MAKSADY 1. Bu döredijilik bäsleşigini (mundan beýläk – döredijilik bäsleşigi) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilelikde geçirýärler. 2. 2. «Bedew batly Türkmenistan!» atly döredijilik bäsleşigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gülläp ösýän bedew batly Watanymyzy, ajaýyp zamanamyzy we beýik ösüşleri giňden wasp etmek, 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli döwrebap, kämil goşgulary döretmek, milli senenamyzda orun alan baýramçylyklary dabaralandyrmak, türkmen aýdym-saz sungatyny täze aýdymlar bilen baýlaşdyrmak üçin many-mazmunly şygyrlary döretmek, edebiýatymyzy we sungatymyzy has-da ösdürmek maksady bilen guralýar. 2. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ŞERTLERI 1.Döredijilik bäsleşiginiň 1-nji şertine laýyklykda, milli senenamyzda orun alan baýramçylyklar — Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni, Halkara Zenanlar güni, Milli bahar baýramy, Bütindünýä saglyk güni, Türkmen bedewiniň milli baýramy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Bilimler we talyp ýaşlar güni, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, Ýaşulularyň halkara güni, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, Türkmen alabaýynyň baýramy, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy, Halkara Bitaraplyk güni, Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni, Gurban baýramy hakynda ýazylan goşgular hödürlenilýär. 2.Döredijilik bäsleşiginiň 2-nji şertine laýyklykda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny joşgunly wasp edýän, täze aýdymlaryň sözleri üçin niýetlenen goşgular hödürlenilýär. 3. Döredijilik bäsleşiginiň 3-nji şertine laýyklykda ýurdumyzda açylyp ulanylmaga berilýän ýa-da düýbi tutulýan medeni-durmuş maksatly binalar, senagat-önümçilik toplumlary, täze şäherçeler hakynda ýazylan goşgular hödürlenilýär. 3. DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ UMUMY DÜZGÜNLERI Döredijilik bäsleşigine beýan edilen temalar boýunça ýedi, sekiz ýa-da on bir bogunda ýazylan goşgular hödürleniýär. Goşgy bäş ýa-da alty bentden ybarat bolup, onuň jemleýji bendi aýdymyň gaýtalanmasy üçin niýetlenip ýazylmaly. Ýylyň şygary bilen baglanyşykly goşgular dürli bogunlarda ýazylyp bilner. Hödürlenen goşgularyň iň gowulary ýurdumyzyň kompozitorlaryna aýdym döretmek üçin teklip ediler. Iň gowy goşgulara saz ýazylyp, şol aýdymlar döwlet we welaýat derejesindäki çärelerde ýa-da teleradioýaýlymlarda ýerine ýetirilen ýagdaýynda, goşgulary ýazan şahyrlar ýeňijilige teklip edilip bilner. Ýurdumyzyň şahyrlary döredijilik bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda kompozitorlar, aýdymçylar, bagşylar bilen gönüden-göni işleşip, öz goşgularyna döredilen aýdymlar bilen bu döredijilik bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Şunda täze döredilen aýdymlaryň baýramçylyk çärelerinde ýa-da teleradioýaýlymlarda ýerine ýetirilen bolmagy hökmandyr. Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak üçin, beýan edilen temalar boýunça ýazylan goşgulary familiýasy, ady, ýaşaýan, işleýän ýa-da okaýan ýeri, wezipesi, fotosuraty, telefon belgisi görkezilen Maglumat bilen sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salga ibermeli. Döredijilik bäsleşigine hödürlenýän eserler 2026-njy ýylyň 1-nji martyna çenli kabul edilýär. Döredijilik bäsleşigi şu ýylyň dekabr aýynda jemlener we ýeňijilere Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň sowgatlary gowşurylar.

No image
USSAT KOMPOZITOR ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Täzelikler

21.01.2026

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň halk artisti, SSSR-iň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet hem-de Ýaşlar baýraklarynyň eýesi, professor, kompozitor Çary Nurymowyň doglan güniniň 85 ýyllygy mynasybetli “Ussat kompozitor eserleriň nesillere görelde” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu gurnalan sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hem-de edebiýatymyzyň barha kämilleşýän döwrüdir” diýip örän jaýdar belläp geçýär. Milli Medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan saz sungatymyzy professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar profisional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Ussat kompozitor Çary Nurymowyň ölmez–ýitmez saz eserleri aýdym-saz ugrundan bilim alýan ýaş nesillerimize uly gollanma, görelde mekdebidir. Onuň eserleri diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly meşhurlyga eýedir. Ç.Nurymowyň sazy Gündogar we Günbatar, miras we häzirki zaman, milli we internasional däpleriň birleşmesidir. Kompozitoryň eserleri özüniň täzeçilligi we özboluşlylygy, täsirliligi, äheňleýin gurluşynyň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem kompozitor Ç.Nurymowyň döreden eserleri barada talyp-ýaşlaryň arasynda sorag-jogap arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň eserleriniň sanawy uly, oňa üç balet, üç simfoniýasy, ýedi sany konsert, köpsanly simfoniki, wokal-istrumental, hor, kamera-instrumental eserler, kinofilmler üçin sazlar, romanslar we aýdymlar degişlidir. Mirasynyň esasy ugry instrumental sazlarydyr. Watana bolan söýgi, mähriban ülkäniň owadanlygy, döwürdeşleriniň batyrgaýlygy, şöhratly zähmeti onuň döredijiliginiň temalarynyň we keşpleriniň gözbaşydyr. 1967-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda kompozitoryň W.Sopkiniň librettosyna “Epgegiň tepbedi” balei goýulýar. “Epgegiň tepbedi” milli kompozitor tarapyndan özbaşdak, kömeksiz ýazylan ilkinji türkmen baletidir. Onda adamyň suw, çöli gülletmek üçin tebigat bilen göreşi özboluşly beýan edilipdir. Ýaş kompozitoryň bu baleti ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm waka bolan Garagum derýasynyň gurluşygyna bagyşlanýar. Bu balet jemgyýetçilik tarapyndan gyzgyn garşylanyp, ýokary baha mynasyp bolýar. Ol eser üçin awtor Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy we täze sazly spektakllaryň bütinsoýuz bäsleşiginde Hormatly diplom bilen sylaglanýar.(1968ý) 1977-nji ýylda, Türkmenistanyň Kompozitorlarynyň VI gurultaýynyň geçýän günlerinde Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda Ç.Nurymowyň “Köýten nalasy” atly üçünji baletiniň görkezilişi bolýar. Ol. A.Gylyjowyň adybir powestini esasynda döredilipdir. Bu baleti üçin Ç.Nurymow sazly-sahna eserleriniň Bütinsoýuz bäsleşiginde üçünji baýraga we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna (1979ý) mynasyp bolýar. Ç. Nurymow uly göwrümli eserleri döretmek bilen birlikde kamera-instrumental žanrynda-da önjeýli işleýär. Oňa “Trombon we orkestr üçin konsert” pýesasy, “Fleýta we fortepiano üçin pastoral”, “Üflenip çalynýan saz gurallary üçin kwintet”, şeýle-de fortepiano üçin eserleriniň köp sanlysy degişlidir. Kompozitoryň iň soňky eserleriniň biri bolan “Maru-Şahu-Jahan” (1989ý) atly üçünji simfoniýasynda gadymy taryhy wakalara ýüzlenýär. Ç.Nurymowyň döredijiliginde aýdymlara uly orun degişlidir. Olaryň ençemesi halk arasynda meşhurdyr. Kompozitoryň aýdymlary we romanslaryna: R.Seýidowyň goşgusyna “Meniň obam”, (1962ý), Mollanepesiň goşgusyna “Gitdim”(1962ý), Magtymgulynyň goşgusyna “Oýanmaz”, A.Atabaýewiň goşgularyna “Yşk jana zelalatdyr”, bariton we fortepiano üçin (1983ý),”Saňa garaşa-garaşa”(1986ý) we başgalary degişlidir. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. ______________________________ Nuryýewa Maral Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
WATANA BAGYŞLANAN YLHAM

Täzelikler

20.01.2026

Şu günler türkmen saz sungatynyň görnükli wekili, ussat kompozitor Nurygandym Hojamuhammedow özüniň 70 ýaş toýuny belleýär. Ol öz ýurdunyň saz sungatynyň däplerini mynasyp dowam etdirijisi bolup, olary özboluşly, gaýtalanmajak awtorlyk stili bilen has-da baýlaşdyrdy. Türkmenistanyň halk artisti N. Hojamuhammedowyň döredijiligi köp žanrlydyr. Ol ençeme simfoniki, kamera-instrumental, wokal, hor eserleriniň, drama spektakllary we kinofilmler üçin sazlaryň awtorydyr. Eýýäm birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň dürli konsert meýdançalarynda we milli tele we radio ýaýlymlarynda halypa kompozitoryň Watana, Garaşsyzlyga we Bitaraplyga bagyşlanan ylhamly aýdymlary, şeýle hem söýgi baradaky ýürekden çykýan liriki eserleri ýaňlanyp durýar. Nurygandym Hojamuhammedowyň döredijiliginde saz sungatynda iň bir çylşyrymly hasaplanýan opera žanry aýratyn orun eýeleýädigi aýratyn bellärliklidir. Ol üç opera döretdi. Olaryň ikisi – “Hüýrlükga-Hemra” we “Nejep oglan” dessan operalaryna degişli, “Ruhubelentler” bolsa häzirki zaman ýaşlar tematikasyna bagyşlanan. N. Hojamuhammedow A. Agajykowyň "Saýathan" operasynyň sazyny dikeltmäge we täzelemege işjeň gatnaşyp, bu uly göwrümli eseriň teatr sahnalarynda goýulmagyna uly goşant goşdy. Kinematografiýa we teatr sungaty hakda aýtsak, kompozitoryň döreden sazlary “Söwer ýardan aýyrma”, “Pygamber patasy”, “Sen ýadyma düşseň...” ýaly kinofilmleriň, “Seljuknama” drama oýnunyň many-mazmunyny tomaşaçylar üçin has täsirli we aýdyň edýär. N. Hojamuhammedow Türkmenistanyň milli harby-watançylyk sazyna-da uly goşant goşdy. Ol resmi harby-dabara sazlarynyň aglaba bölegini, şol sanda üflenip çalynýan saz gurallary orkestri üçin marşlary, 50-den gowrak harby-nyzam marş aýdymlaryny döredip, Watanymyzyň goragçylarynyň ruhuny belende galdyrýar. N. Hojamuhammedowyň döredijilk işi köpugurlydyr. Ol häzirki zaman türkmen medeniýetinde diňe kompozitor hökmünde däl-de, eýsem, orkestriň dirižýory, ussat sazanda-ýerine ýetiriji we tejribeli mugallym hökmünde ýakyndan tanalýar. 1983-nji ýylda Moskwadaky Gnesinler adyndaky Döwlet sazçylyk institutyny tamamlap akkordeonçy we halk saz gurallary orkestriniň dirižýory hünärlerini ele alýar. Okuwy gutaranyndan soň N. Hojamuhammedow Aşgabatdaky Döwlet mugallymçylyk sungat institutynda zähmet ýoluna başlap, ençeme ýaş zehinleri ýetişdirdi we şol bir wagtda talyplaryñ orkestrine ýolbaşçylyk etdi, olaryň ýerine ýetirijilik ussatlygyny artdyrmak üçin ýadawsyz döredijilikli zähmet çekdi. 2003-nji ýyldan bäri ol Türkmenistanyň döwlet Mukamlar köşgüniň “Owaz” estrada orkestrine ýolbaşçylyk edýar. N. Hojamuhammedow 1989-njy ýylda eýýäm tejribeli sazanda bolsa-da, belli türkmen kompozitorlary G. Çaryýewiň we Ç. Nurymowyň maslahatyna eýerip, SSSR-ň halk artisti, professor Weli Muhadowdan kompozisiýa hünärinden sapaklary alyp başlaýar. N. Hojamuhammedow öz ömrüni mugallymçylyk işine bagyşlap, ýaş sazandalara dirižýor, sazanda we kompozitor hökmünde bahasyna ýetip bolmajak tejribesini uly joşgun bilen paýlaşýar. Ol tälim berýän talyplaryndan dürli kompozitorlaryň eserlerini orkestr üçin orkestrleşdirileninde we akkordeon saz guralyna geçirileninde awtorlaryň inçe işiniň, döredijilik pikiriniň çuňňur we üns bilen saklanmagyny talap edýär. Hut şu çylşyrymly işiň özi-de onuň ilkinji özbaşdak kompozisiýa synanyşyklary üçin güýçli itergi boldy. Häzirki wagtda alyp barýan we geljekde meýilleşdiren işleri barada kompozitor şeýle diýdi: “Ikinji fortepiano konsertiniň partiturasy ýakynda tamamlandy. Soňky döwürde we şu günlerde eýýäm gaty seýrek duş gelýän halk aýdym-saz nusgalaryna esaslanýan instrumental eserleri döretmek pikirini öňümde goýýaryn. Meniň esasy maksadym – gadymy aýdym-sazlaryny we häzirki zaman kompozitorlyk serişdeleri utgaşdyrmak, simfonik orkestriň saz gurallaryny we täze kompýuter tehnologiýalaryny bilelikde ulanyp, biziň gadymdam gelýän aýdym-sazlarymyzy täzeden işläp düzmek we ösdürmek, olary täze, döwrebap görnüşde jemgyýete ýetirmekdir”. Nurygandym Hojamuhammedowyň bu sözleri onuň döredijilik ýolunyň dowamlylygyny we geljege gönükdirilen maksatlaryny aýdyň görkezýär. Ol diňe bir geçmişiň gymmatly mirasyny gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, ony häzirki zaman tehnologiýalary we kompozitorlyk usullary bilen utgaşdyryp, täze bir derejä çykarmagy maksat edinýär. Bu bolsa türkmen saz sungatynyň ösüşine täze itergi berip, ony dünýä derejesinde has-da tanatmak üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ussat halypanyñ 70 ýaş toýy diňe bir şahsy baýramçylyk däl, eýsem, tutuş türkmen medeniýeti üçin uly waka. Onuň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, geljek nesillere miras galar. Biz ussat kompozitoryň döredijilik ýolunda täze üstünlikleri arzuw edýäris we onuň türkmen saz sungatyna goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyna çuňňur hormat goýýarys. Onuň ylhamy hiç wagt sönmesin, täze eserleri bilen bizi hemişe begendirsin! ______________________________ Enejan Nuryýewa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýörite fortepiano» kafedrasynyň uly mugallymy

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLY MYNASYBETLI

Täzelikler

13.01.2026

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli sergi gürrüň geçirildi. Bu gürrüňdeşlik oňa gatnaşan talyp ýaşlarda has-da uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda her ýyly aýratyn döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi, täze 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy halkymyzyň bedew ata üstünlige ýetmegiň nusgasy hökmünde garaýandygyny ýene bir gezek tassyklaýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynda: «Bedew atlar-gerçek gaýratynyň nusgasy. Watançylyk duýgusynyň beýikligi, bedew atlar şol beýiklikdäki ýyldyzlar. Gysgaça aýdylanda bolsa, ahalteke bedewleri adamyň gadymýetden bäri dowam edip gelýän gözelliginiň–gözellik gözleg netijeleridir» diýip türkmen bedewleriniň halkymyz üçin uly gymmatlykdygy örän jaýdar belläp geçýär. Bedewler ähli döwürlerde-de halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Ata-babalarymyzyň «At-myrat» diýen pähimi türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň düýp manysyny açyp görkezýär. Türkmen bedewi dünýä medeniýetiniň aýratyn bölegidir. Ahalteke bedewleri öz gözelligi, ýyndamlygy we eýesine wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär. Bu ýylda Diýarymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden baýram edilip bellenilmegi her birimizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda täze, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz milli gymmatlyklarymyzy, ruhy ýörelgelerimizi, buýsançly ösüşlerimizi dabaralandyrmakda täze mümkinçilikleri döreder. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. ____________________________ Nuryýewa Maral Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
KÄMILLIK ÝOLUNDA YZ GOÝAN USSAT KOMPOZITOR

Täzelikler

10.01.2026

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygy mynasybetli “Kämillik ýolunda yz goýan ussat kompozitor” atly ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesliniň wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi žanrlarynyň köpdürlüligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D.Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär. Kompozitoryň döredijiliginde möhüm orny wokal sazlary tutýar. Ussat kompozitor türkmen opera sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredijidir. Özüniň operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde ol mähriban halkymyzyň durmuşyndan pagtaçylaryň, gurluşykçylaryň, nebitçileriň we Hazaryň balykçylarynyň edermenliklerini wasp edýär. D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, “Gül-Bilbil”, Ý.Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” operalary, ençeme aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen saz mirasyna uly goşantdyr. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň ussat kompozitor hakynda ýazan makalasyndaky: Daňatar Öwezow zähmetsöýer, başarjaň, alňasamazak, kanagatly, bilesigeliji, ýadamazak adamdy. Ony diňe bir sungat däl, oba hojalygy, senagat, lukmançylyk, sport, bir söz bilen aýdanyňda durmuşyň hemme tarapy gyzyklandyrýady. Daňatar aga halk ogludy. Halkyna berlen adamdy. Iliň bähbidine garrady. Başarsa, her kime ýardam etjek bolardy. Maslahat soraýanlara guwanardy, ýol salgy bererdi“ diýen ajaýyp ýatlamalary söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ussat kompozitor 150-den gowrak aýdymlaryň we romanslaryň awtory. G.Seýitliýewiň goşgularyna “Täzegül”, “Aşgabat”, “Hally gözel”, “Gyzlar”, “Tokmak we ýalta”; Magtymgulynyň goşgularyna “Halyma”, “Bu derdi”, G.Burunowyň goşgularyna “Ýok, ýok”, “Aýnabat”; B.Japarowyň goşgularyna “Keýpim kök”, “Ol gyz maňa garamady“, “Dostluk” we başgalar degişlidir. Kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki köptaraply işleri göz öňünde tutulyp, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar(1961ý). Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. (1966ý) we “ Hormat Nyşany (1950), “Zähmet Gyzyl Baýdak” (1955ý) ordenleri, medallar we Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. ____________________________ Nuryýewa Maral Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
KÄMILLIK ÝOLUNDA YZ GOÝAN USSAT KOMPOZITOR

Täzelikler

09.01.2026

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygy mynasybetli “Kämillik ýolunda yz goýan ussat kompozitor” atly ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Bu sergi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý medeni mirasy bar. Milli mirasymyzyň esasy şahalarynyň biri-de saz sungatydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Öz gezeginde bolsa bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz: “Medeniýete we sungata halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklaýan, dünýäde wagyz edýän hem-de ýaş zehinleri terbiýeleýän möhüm serişde hökmünde aýratyn orun degişlidir. Medeniýet adamlaryň aň-düşünjesini, zähmet işjeňligini ýokarlandyrýan, olary beýik işlere ruhlandyrýan kuwwatly güýç bolup durýar” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi ussat kompozitor Daňatar Öwezowyň ady saz äleminde giňden tanalýar. Ol Türkmenistanyň saz medeniýetini baýlaşdyran kompozitorçylyk mekdebiniň ýaşuly nesliniň wekilleriniň biridir. Onuň döredijiligi žanrlarynyň köpdürlüligi, saz diliniň aýdyňlygy, mylaýymlygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen halk aýdymlaryna, dessan aýdymlaryna ýugrulan, D.Öwezowyň milli sazlaryna mahsus ajaýyp şirin owazly heňleri onuň kompozitorçylyk ussatlygyndaky ýokary professional döredijiligini emele getirýär. Kompozitoryň döredijiliginde möhüm orny wokal sazlary tutýar. Ussat kompozitor türkmen opera sungatynyň ajaýyp nusgalaryny döredijidir. Özüniň operalarynda, wokal-simfoniki sazlarynda, kamera-wokal eserlerinde ol mähriban halkymyzyň durmuşyndan pagtaçylaryň, gurluşykçylaryň, nebitçileriň we Hazaryň balykçylarynyň edermenliklerini wasp edýär. D.Öwezowyň A.Şapoşnikow bilen bilelikde ýazan “Şasenem-Garyp”, “Aýna”, “Gül-Bilbil”, Ý.Meýtus bilen bilelikde “Leýli-Mejnun” operalary, ençeme aýdymlary, romanslary, hor eserleri türkmen saz mirasyna uly goşantdyr. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri ussat kompozitoryň döredijilik ýoly, sungat äleminde bitiren işleri barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Hudaýberdi Bäşimowyň ussat kompozitor hakynda ýazan makalasyndaky: Daňatar Öwezow zähmetsöýer, başarjaň, alňasamazak, kanagatly, bilesigeliji, ýadamazak adamdy. Ony diňe bir sungat däl, oba hojalygy, senagat, lukmançylyk, sport, bir söz bilen aýdanyňda durmuşyň hemme tarapy gyzyklandyrýady. Daňatar aga halk ogludy. Halkyna berlen adamdy. Iliň bähbidine garrady. Başarsa, her kime ýardam etjek bolardy. Maslahat soraýanlara guwanardy, ýol salgy bererdi “ diýen ajaýyp ýatlamalary söhbetdeşlige gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ussat kompozitor 150-den gowrak aýdymlaryň we romanslaryň awtory. G.Seýitliýewiň goşgularyna “Täzegül”, “Aşgabat”, “Hally gözel”, “Gyzlar”, “Tokmak we ýalta”; Magtymgulynyň goşgularyna “Halyma”, “Bu derdi”, G.Burunowyň goşgularyna “Ýok, ýok”, “Aýnabat”; B.Japarowyň goşgularyna “Keýpim kök”, “Ol gyz maňa garamady “, “Dostluk” we başgalar degişlidir. Kompozitoryň türkmen saz sungatyny ösdürmekdäki köptaraply işleri göz öňünde tutulyp, oňa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakylýar (1961ý). Ol Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyna mynasyp bolýar. (1966ý) we “Hormat Nyşany” (1950), “Zähmet Gyzyl Baýdak” (1955ý) ordenleri, medallar we Türkmenistanyň Ýokary geňeşiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar saz sungatyna ömürleriniň bagyş eden ussat halypalary ýatlap geçmäge döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. _____________________________ Nuryýewa Maral Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri