logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

03.10.2025

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi. Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. ...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň guralmagynyň zerurdygyny belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÝAGŞYMYRAT TAJIMURADOWYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Täzelikler

02.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle ajaýyp günleriň birinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Tajimyradowyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konsert Ýagşymyrat Tajimyradowyň tar saz guralynda Seýid Rustamowyň «Ohu» tar diýen sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirmegi bilen başlady. Norweg kompozitory Rolf Lowlandyň «Syrly bag» atly eserini tar saz guralynda üýtgeşik äheň ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Döredijilik konserti A. Babahanowyň «Hürrem» sazy bilen dowam etdi. Soňra konsertiň dowamynda Ýagşymyrat Tajimyradowyň plektorly dutarda ýerine ýetiirmeginde A.Byzow «Şa stili», Ç.Nurymow «Sonata» ýaly eserler ýaňlandy. A.Kalinkiniň «Iki Ukrain temasyna fantaziýa» diýen eseriň ýaňlanmagy konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi. Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. _______________ Altyn ÝANGYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ARKADAG ŞÄHERINIŇ GURLUŞYGYNYŇ IKINJI TAPGYRY BOÝUNÇA TAÝÝARLANAN TASLAMALAR BILEN TANYŞDY

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy bilen binýat bolan täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işleriň depgini barha ýokarlanýar. Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän Arkadag şäherinde gurulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly binalaryň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we milli binagärlik ýörelgelerini özünde jemleýän, “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Täze şäheriň özboluşly binagärlik aýratynlyklary, onuň gözellik derejesi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede amala aşyrylýandygyny görkezýär. Munuň özi şäheriň gün-günden gözelleşýän keşbinde öz beýanyny tapýar. Şunda Arkadag şäheriniň ilatynyň ýokary derejeli eşretlerden peýdalanyp, maşgala mukaddesligini goramagyny, ýaşlaryň arasynda milli mukaddesliklere bolan söýginiň ösdürilmegini üpjün etmek ugrunda köpçülikleýin tagallalary zerurdyr. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň, ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň we beýleki binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa şäheri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.10.2025

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy we abadançylygy üpjün etmäge, bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, Milli goşunyň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy. Şeýle-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynyň çäklerinde Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamak babatda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine raýatlary harby gulluga çagyrmak we harby gullukdan boşatmak boýunça häzirki wagtda dowam edýän işleriň guramaçylykly geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy. Baş prokuror B.Muhamedow şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talabalaýyk berjaý edilişini üpjün etmek maksady bilen görlen toplumlaýyn çäreler hem-de prokuror gözegçiliginiň we prokuratura edaralaryny ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, kanunçylyk namalarynyň takyk berjaý edilmegini üpjün etmekde prokuror gözegçiligini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda resminama gol çekdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýylyň başyndan bäri gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan jemgyýetçilik düzgün-tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy” şygary astynda geçirilen bir aýlygyň jemleri barada aýdyldy. Onuň çäklerinde ýol-ulag hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreler geçirildi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANDA IRLANDIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI IŞE BAŞLADY

Täzelikler

01.10.2025

30-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Irlandiýanyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň barşynda diplomat milli parlamentiň düzümi we onuň ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça alyp barýan işleri, Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şunda Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary barada pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Irlandiýanyň ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy. Kler Brosnan mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady we netijeli türkmen-irland gatnaşyklaryny dürli ugurlarda has-da ösdürmek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardygyny tassyklady. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
WATAN GORAGÇYLARYNA SYLAGLAR GOWŞURYLDY

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, olara harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabarasy geçirildi. Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň, işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlaryň dakylmagy hem-de hünär derejeleriniň berilmegi olaryň Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna ýokary bahadyr. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda belleýşi ýaly, üçünji müňýyllygyň öň ýanynda-34 ýyl mundan ozal Garaşsyzlygymyz bütin dünýä jar edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşly nusgalyk ýol-Türkmenistanyň özygtyýarly, özbaşdak hem-de erkin ösüş ugry saýlanyp alyndy. Bu şöhratly döwürde biziň ýurdumyz özbaşdak, garaşsyz, abadançylykly ösüş syýasatyny durmuşa geçirmek, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni ösüşine mynasyp goşandyny goşmak bilen, ählumumy parahatçylygyň we dostlugyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary birleşdirýän döwlete öwrüldi. Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerini döwlet syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitläp, diňe goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa geçirýär we halkymyzyň parahat, abadan durmuşynyň kepili bolan Milli goşunymyzyň ýokary goranyş ukybyny üpjün edýär. Harby gullukçylara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem olaryň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle-de Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendikleri, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandyklary üçin Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Berkarar Watanymyza, halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, döwlet, jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli berlen ýokary döwlet sylaglaryny uly buýsanç bilen kabul eden harby gullukçylar we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri mundan beýläk-de gulluk borçlaryny birkemsiz berjaý etjekdikleri barada harby kasamy kabul etdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz türkmen döwletiniň sarsmaz daýanjyna öwrüldi. Häzirki wagtda Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak meseleleri döwletimiziň üns merkezinde saklanylýar. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby gullukçylar sylaglaryny kabul edip, Watana ebedi wepalylygyň, türkmen halkynyň parahat durmuşynyň goragynda sarsmaz gala bolup durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym etdiler. Harby gullukçylar türkmen halkyna mahsus bolan watansöýüjilik, wepadarlyk ýaly asylly ýörelgeleri dowam etdirjekdiklerini nygtap, ýokary döwlet sylaglary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna, Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyk bildirdiler. Häzirki döwürde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy babatda ählumumy tagallalara mynasyp goşant goşýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berkidilmegine, döwletimiziň çäk bitewüliginiň eldegrilmesizliginiň üpjün edilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi Watan goragçylarynyň Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny subut edýär. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «IGNFI» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “IGNFI” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumony kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň baş baýramy-Garaşsyzlyk güni bilen gutlady we Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de paýtagtymyz Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary baha mynasypdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, işewüriň şu saparynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, oba hojalyk toplumy ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde ileri tutulýan ugur bolup durýar. Ilatyň durmuşy we maddy hal-ýagdaýy köp babatda bu pudagyň ösüşine baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz pudagy ösdürmäge, ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we daýhanlaryň zähmetini ýeňilleşdirmäge aýratyn üns berýär. Oba hojalyk toplumyny kämilleşdirmek, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalary, ilkinji nobatda, baý tejribesi we kämil tehnologiýalary bolan öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, “IGNFI” kompaniýasyny hem şolaryň hatarynda belledi. Nygtalyşy ýaly, pudagyň sanlylaşdyrylmagy durnukly oba hojalygy üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem takyk ekerançylyk we agronomiýanyň durnukly usullary ýaly innowasion tejribeleri ornaşdyrmaga şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hyzmatdaşlyk etmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Işewür Türkmenistanda oba hojalyk pudagy boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etdi. Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow “IGNFI” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirip, kompaniýanyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «TOYO ENGINEERING CORPORATION» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Täzelikler

29.09.2025

28-nji sentýabrda baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ýapon-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň uly goşandyny belledi. Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan bäri Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda nebitgaz, himiýa, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtady. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalar, maýa goýumlar üçin döredilen oňyn şertler gatnaşyklary giňeltmäge esas berýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde we kämilleşdirmekde Ýaponiýanyň iri kompaniýalarynyň, şol sanda “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň möhüm ornuny belledi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýapon kompaniýalary iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň-polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy. Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, “Toyo Engineering Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna işinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BITARAP TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANYNA

Täzelikler

29.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy 28-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Şu gezekki baýramçylyk at çapyşygynyň döwrebaplaşdyrylan atçylyk sport toplumynda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan bäri bu ýerde şanly seneler mynasybetli dürli at çapyşyklary geçirilip gelinýär. Munuň özi halkymyzyň geçmiş taryhyna, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryndan orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň nyşanyna öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda we tutuş dünýäde ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny artdyrmak, milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň ajaýyp netijesidir. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek we milli atşynaslygyň däplerini dünýä ýaýmak, şol sanda ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň döredilmegi-de munuň bir mysalydyr. Bu ýokary okuw mekdebinde atçylyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Arkadag şäherinde «Taýçanak» binasynyň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň “Ahalteke atlary şaýoly” diýlip atlandyrylmagy bedewlere goýulýan hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüldi. Behişdi bedewleriň milli atçylyk sungatyny gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlerde 2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna uly orun degişlidir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bu gurama dünýäniň ähli künjeklerinden hünärmenleri, alym-atşynaslary, bedewlere sarpa goýýan beýleki adamlary birleşdirýär. Onuň yzygiderli geçirilýän mejlisleri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, gatnaşyklaryň mazmunyny täze bilelikdäki taslamalar bilen baýlaşdyrmaga, özara tejribe alyşmaga mümkinçilik berýär. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «BUIG» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buigi kabul etdi. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Fransuz işewürleri wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar we ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Hormatly Prezidentimiz myhmanlary mähirli mübärekläp, “Buig” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol döwürde kompaniýa halkara hil we durnukly ösüş standartlaryna laýyk gelýän taslamalary amala aşyrýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz işewürleriň şu gezekki saparynyň özara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, kompaniýanyň Türkmenistandaky işiniň täze ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, her ýyl medeni-durmuş we jemgyýetçilik maksatly täze desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň üsti ýetirilýär. Aşgabat halkara hem sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi, iri halkara çäreleriň geçirilýän ýeri hökmünde ornuny pugtalandyryp, okgunly ösmegini dowam etdirýär. “Buig” kompaniýasy 30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz kompaniýanyň jogapkärçiligiň ýokary derejesini görkezip, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigini nygtady. Bilelikde amala aşyrylan taslamalar Türkmenistanyň ykdysady ösüşine, şol sanda ýurdumyzyň gurluşyk, inženerçilik-senagat kuwwatyny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Kompaniýa öz işinde innowasiýalary, milli özboluşlylyk bilen sazlaşykly utgaşýan döwrebap binagärlik çemeleşmelerini işjeň ulanýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ýokary tehnologiýalara eýe bolan kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny aýdyp, ýurdumyzyň “Buig” kompaniýasynyň täze tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Marten Buig bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga ygrarlydygyny nygtady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________ «Türkmenistan» gazeti