logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTAN SEBIT HYZMATDAŞLYGYNY PUGTALANDYRMAK UGRUNDA ÇYKYŞ EDÝÄR

Täzelikler

08.10.2025

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARY 7-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Ýurdumyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirip, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, abraýly halkara we sebit guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda Türki Döwletleriň Guramasyna uly orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gahryman Arkadagymyzyň TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir. Türki Döwletleriň Guramasy halklary taryhy, medeni we dil umumylygy bilen baglanyşan ýurtlaryň birleşigidir. 2009-njy ýylda döredilen bu gurama türki ýurtlaryň arasynda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýär. TDG durnukly ösüşe gönükdirilen dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin meýdança bolup, häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Özbegistan onuň düzümine doly hukukly agza hökmünde girýär. Türkmenistan we Wengriýa bu düzümde synçy döwlet derejesine eýedir. Gurama ylym, bilim, medeniýet ulgamlarynda anyk taslamalary amala aşyrmak arkaly türki halklaryň medeniýetini ösdürmäge ýardam berýär. Şeýle hem ol Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylda Türki Döwletleriň Guramasy BMG-de synçy derejesine eýe boldy. Bu bolsa onuň halkara abraýyny has-da pugtalandyrdy. Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynda synçy agza hökmünde aýratyn orny eýeleýär. Bu dereje ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan syýasatynyň beýany bolup, Türkmenistana sebit başlangyçlaryna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. ...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan soňra, sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabala şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz sammitiň geçýän ýerine-Geýdar Aliýew kongres merkezine geldi. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

Täzelikler

08.10.2025

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz Prezident Wladimir Putini doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýanyň halkynyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmäge berýän uly ünsi üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we Russiýanyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň deň hukuklylyk, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. RF-niň Prezidenti gutlaglar üçin hoşallyk bildirip, dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýän döwletara dialogy pugtalandyrmakda döwlet Baştutanymyzyň uly goşandyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyz dürli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Döwlet Baştutanymyz türkmen-rus döwletara dialogynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belledi. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz russiýaly kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Prezident Wladimir Putin çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan syýasatynyň sebitde parahatçylygy we abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belledi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HORWATIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY WE ÝEWROPA IŞLERI MINISTRINI KABUL ETDI

Täzelikler

08.10.2025

7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç-Radmany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Horwatiýanyň Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Horwatiýa Respublikasynyň Prezidenti Zoran Milanowiçiň we Premýer-ministri Andreý Plenkowiçiň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz myhmany mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de bu saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara derejede ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli gatnaşyklary alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda halkara guramalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzüm birlikleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagy, özara düşünişmegi we dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge gönükdirilen başlangyçlary goldamaga aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýewropa sebitiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny, Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem dostluk, deňhukuklylyk, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýandygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, ýurtlarymyzyň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklar işjeň häsiýete eýedir. Horwatiýanyň Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň awtordaşy bolmagy, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, birnäçe halkara guramalara saýlawlarda Horwatiýa Respublikasyny goldamagy munuň aýdyň mysalydyr. Döwlet Baştutanymyz Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministriniň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-horwat hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigini, onda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika, ulag pudaklarynda, beýleki ileri tutulýan ugurlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýynyň hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. Şeýle-de saparyň çäklerinde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik maslahaty geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu çäräniň telekeçileriň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaga, bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik döretjekdigini belläp, onuň üstünlikli we netijeli geçirilmegini arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, söwda we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bu babatda horwat tarapynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny tassyklady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Horwatiýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministri Gordan Grliç- Radman birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdile ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
REŇKLERDÄKI POEZIÝAM

Täzelikler

07.10.2025

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň 50 ýaş toýy mynasybetli, “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisi açylar. Ç.Ýazmyradowyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýetini şöhlelendirýän “Aýa döndi”, “Aýa sataşdym”, “Bakylyga”, “Mätäç eýleme”, “Dananyň ruhy”, “Bu derdi”, medeni mirasymyza we taryhy gymmatlyklarymyza bagyşlanan “Nusaý mirasy”, “Marguş”, “Gala”, “Marguş möhri”, şeýle-de “Soraglar adasy”, “Çynarlar”, “Päklik”, “Öwüşginler”, “Ylham perişdesi”, “Leýlisaç”, “Mejnun”, “Sazlaşyk”, “Gündogar hüwdüsi” ýaly dürli durmuş wakalaryny, rowaýatlary, halk döredijiligini wasp edýän 200-den gowrak nakgaşlyk eserleri sergide görkeziler. Esasan, simwolizm, romantizm akymlarynda işleýän suratkeşiň döredijiliginde onuň tebigata, ynsan durmuşyna, älem-jahana bolan özboluşly dünýägaraýşy ýüze çykýar. Çarymyrat Ýazmyradow 1995-nji Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini, soňra 2001-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny üstünlikli tamamlaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda ilki Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda asylly mugallymçylyk kärini alyp barýar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy wezipesinde zähmet çekip, milli şekillendiriş sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşýar. Çarymyrat Ýazmyradowyň dürli ýyllarda Özbegistan, Türkiýe Respublikasy, Azerbaýjan, Gazagystan, Russiýa Federasiýasy, Wengriýa, Hytaý Halk Respublikasy ýaly döwletlere döredijilik saparlary onuň çeperçilik tejribesini has-da baýlaşdyrdy. Ç.Ýazmyradow 1999-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen “Alty milliardynjy adamyň dünýä inmegi” atly bäsleşigiň ýeňijisi, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn Asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. 2023-nji ýylda şekillendiriş sungatynda netijeli işi we hyzmatdaşlygy üçin Çarymyrat Ýazmyradow Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasynyň Altyn medaly, 2024-nji ýylda “Gazagystan Respublikasynyň Suratkeşler birleşigine 90 ýyl” ýadygärlik medaly bilen sylaglandy. 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, akademik Yzzat Gylyjowyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Sergi zalynda suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisini we “Pyragydan ruhlanan ussat” atly halkara ylmy-amaly maslahatyny gurnamaklyga ýolbaşçylyk edýär. 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Aşgabat şäherinde Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde gurnalan Türki döwletleriň suratkeşleriniň I Şekillendiriş sungaty biýennalyna kuratorlyk etdi. Suratkeşiň 50 ýaş toýy mynasybetli gurnalan “Reňklerdäki poeziýam” atly şahsy sergisinde görkezilen eserler gyzykly taslama hem reňk çözgütlerine eýe bolup, tomaşaçylarda ýiti täsirleri galdyrar. Sergi oktýabr aýynyň 03-ne sagat 16:00-da açylyp, öz işini bir aý dowam eder.

No image
«ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI

Täzelikler

07.10.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyp gyzlaryň we zähmet çekýän zenanlaryň şeýle hem bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen «Zenan gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa zenan mugallymlary we talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar. Wagyz-nesihat maslahatynda çykyş edenler ruhy we maddy gymmatlyklarymyz, milli däp-dessurlar, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän ýaramaz täsiri, jenaýatçylygyň öňüni almak hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgeleri, müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, türkmen zenanynyň maşgaladaky orny barada terbiýeçilik ähmiýetli manyly gürrüňleri berdiler. Maslahatyñ ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesilleri kämillik ruhunda terbiýelemekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler. ________________ Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 4-nji ýyl talyby

No image
HAKYDA-HALKYŇ RUHY BITEWÜLIGI

Täzelikler

07.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW HATYRA GÜNI MYNASYBETLI ÇÄRÄ GATNAŞDY 6-njy oktýabrda Hatyra gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine gatnaşdy. Bu gün 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanylýar. Öten-geçenleri ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar, sadakalar berilýär. ...Ir bilen ildeşlerimiz Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän, milli gahrymanlarymyza çäksiz sarpanyň nyşany bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy toplumyň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Döwlet Baştutanymyz haly düşelen ýodadan ýöräp, bellenen ýere barýar. Hatyra çäresiniň başlanandygyny alamatlandyryp, Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Soňra tebigy betbagtçylykda pida bolanlar hem-de Watanyň azatlygy ugrunda şirin janyny orta goýan gahrymanlar baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy ýaňlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine gül çemenini goýdy. Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu tebigy betbagtçylyk sähel pursatda gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň, gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
SUNGAT DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Täzelikler

03.10.2025

Türkmen halkynyň çeperçilik sungaty gadymy milletimiziň köp asyrlyk taryhyny, däp-dessurlaryny, ruhy medeniýetini özünde jemleýär. Türkmen suratkeşleri döwre laýyk eserleri döretmek arkaly biziň şu günümizi doly we hemmetaraplaýyn suratlandyrmakda sungatyň täzeden-täze mümkinçilikleriniň işjeň gözleglerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi zalynda türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekili Çarymyrat Ýazmyradowyň «Reňklerdäki poeziýam» atly şahsy sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sungat muşdaklaryny özüne bendi edýän suratkeşiň döredijilik eserleriniň sergisi özüniň nepisligi we gözelligi, çeperçilik özboluşlylygy, durmuşylylygy bilen diýseň täsirli boldy. Halypanyň eserlerini synlanyňda, onuň döredijiliginiň baýdygyna, dünýägaraýşynyň giňdigine göz ýetirmek bolýar. Biz muny suratkeşiň «Çynarlar», «Päklik», «Jöwza», «Bahar nagmalary», «Güýz nagmalary», «Ak pata» «Altyn güýz», «Marguş mozaikasy», «Nusaý» «Durmuş», «Bakylyga» ýaly işleriniň mysalynda görýäris. Suratkeşiň döredijiligi tutuşlygyna simwoliki-nyşany häsiýetlere eýedir. Munuň şeýledigini onuň döredýän her bir eseri tassyklaýar. Aýratynam onuň «Çynarlar» atly nakgaşlyk eseri çuňňur mazmuny beýan edýär. Onda başyna kürte atylan türkmen gelinleri misli äpet uly çynarlar mysaly şekillendirilipdir. Eseriň ýarsyndan gowrak ýeri eýeleýän mawy asman ýerligi gelinleriň keşbine has-da aýdyňlyk berýär. Suratkeş esasy ünsi gahrymanlaryň keşbini jikme-jik işlemäge gönükdirmän, eýsem taslamanyň umumy mazmun täsirini güýçlendirýär. Şol sebäpli-de, taslamada görkezilen zenanlar aýry-aýrylykda däl-de, bir bitewi kabul edilýär. Olaryň simwolika ýugrulan keşpleriniň emosional täsiri adatdan daşary ýitilige eýedir. Suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowyň eserleriniň ählisinde ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, ýagşy gylyk-häsiýetler öňe sürülýär. Onuň «Päklik» eseri şeýle häsiýetlere ýugrulandyr. Eseriň gahrymanlary özboluşly düzüme eýe bolup, bu ýerde başyna kürte atylan gelniň, kiçijek oglanjygyň we dünýä täze gelen guzujygyň keşpleri şekillendirilýär. Çarymyrat Ýazmyradowyň nakgaşlyk sungaty žanrlaryň köpdürliligine, durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýan biri-birinden gyzykly temalara baýdyr. Şol ägirt uly sungat äleminde Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň keşbi aýratyn orun eýeleýär. Suratkeşiň dürli ýyllarda döreden «Aýa sataşdym», «Aýa döndi», «Bu derdi», «Dananyň ruhy» ýaly nakgaşlyk eserleri şahyr atamyzyň keşbini, onuň şygryýet äleminiň düýp özenini talabalaýyk açyp görkezýär. Bir ýerde durman irginsiz zähmet çekýän suratkeşiň döredijiliginiň agramly bölegi nakgaşlyk eserlerinden ybarat bolsa-da, onuň dizaýn taslamalary hem ýokary ähmiýete eýedir. Çarymyrat Ýazmyradow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bina edilýän desgalaryň içki we daşky bezeg işlerine gatnaşyp, öz saldamly goşandyny goşdy. Türkmen şekillendiriş sungatynda mynasyp ornuny tapan Çarymyrat Ýazmyradowyň giň gerimli sungaty hem, alyp barýan asylly halypaçylyk işi hem çäksiz ähmiýete eýedir. _____________________ Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
«BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY–ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE» ATLY MASLAHAT

Täzelikler

03.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky baş drama teatrynda «Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary–ählumumy abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Maslahata edebiýat, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Sahna ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly sahna bilen açylan bu maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň adamzat medeniýetinde halkara parahatçylyk medeni taglymaty öňe sürýändigini wagyz etmäge gönükdirilendir. Halk arasynda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýip, aýdylýan aýtgydan ugur alan döredijilik işgärleriniň ählisi çuňňur mazmunly çykyşlarynda Prezidentimiziň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary dogrusynda durup geçdiler. Estrada ýyldyzlarynyň parahat, asuda ýurdumyzyň waspyny beýan edýän aýdymlary bolsa çärä aýratyn many-mazmun berdi. Bu çäre Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli kafedralarynda zähmet çekýän mugallymlary hem gatnaşdylar. Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K.Ýowbasarow halklaryň arasynda parahatçylygy üpjün etmekde milli aýdym-saz mirasyň orny hakynda çykyş etdi. Milli Liderimiziň «Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda aýdylan pelsepewi jümlelerden dürli mysallar arkaly eden mazmunly çykyşynda inçe aýdym-saz sungatynyň türkmen halkynyň aýrylmaz hemrasydygyny dellilendirdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. ___________________ Gülnabat ATAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy

No image
GOJA TARYHDA ADY BAR

Täzelikler

03.10.2025

Gadymýetde adamyň ilki eldekileşdiren haýwany it bolupdyr. Asyrlaryň jümmüşinden bäri bu jandar özüniň wepalylygy bilen meşhurdyr. Gadymýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz bolan gaýduwsyz türkmen alabaýynyň äpet göwresi daşyndan haýbatly görünse-de, onuň eýesine wepalylygyny, çagalara mähremdigini hereketlerinden görüp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň dürli görnüşleriniň suratlary bilen bezelmegi, rowaýatlaryň, tymsallaryň beýan edilmegi okaýjyny özüne çekýär. Bu kitap diňe bir türkmen halkynyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýýan eserleriniň biridir. Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belent ýaşulular: «Alabaý–eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýtýarlar. Öýüň sakçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itimiz taryplamaga mynasypdyr. Bir gadymy aýtgyda «Türkmen itiniň bolan ýerinde, ne ýylan bardyr, ne içýan» diýilýär. Erkekler öýden gidenlerinde, aýallaryň we çagalaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik wepaly alabaý itiniň üstüne düşüpdir. Ata-babalarymyz çydamlylygy, aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX–XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir. Häzirki wagtda adamyň wepaly dosty–alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde aýrylmaz kömekçidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Arassa tohumly alabaýy köpeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar, ithanalar we ýardamçy binalar, itşynaslyk merkezi gurulýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň baý mirasy aýawly saklanylýar we oňa sarpa goýulýar. Beýleki milli gymmatlyklar ýaly, türkmen alabaýy hem dünýäde şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň gözellik, dostluk, söýgi baradaky garaýyşlarynyň netijesidir. Halkymyz ahalteke bedewlerine, alabaý itlerine diýseň buýsanýar. Wepaly alabaýa çäksiz sarpa goýýan, olaryň ýetişdirilmegi üçin taýsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! ______________ Nowça BABANYÝAZOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni

No image
ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI WE HALKARA SAZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

03.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medenýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär güneşli diýarymyzda her bir ýylymyzyň buýsançly şygaryny söhratlandyrmak babatda giň gerimli işler alynyp barylýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň Ýaşulylaryň halkara güni we Halkara saz gününe bagyşlanan Kamera ansambly kafedrasynyň konserti geçirildi. Konsertde konserwatoýasynyň ussat mugallymlary, zehinli talyp ýaşlary özleriniň ýerine ýetirjilik başarnyklaryny görkezdiler. Çärede Türkmenistanyň halk artisti G.Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumow, Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri S. Faramazowa, J.Ismailowa, A.Muhiýewa, S.Atanýazow, A.Otuzowa, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňjileri B.Durdyýewa, L.Hudaýberdiýewa, A.Gylyjowa, B.Moşiýew dagy çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirlen eserleriň arasynda Türmen halk sazy “Balsaýat”, R.Rejebowyň “Görogly” operasyndan Agaýunusyň ariýasy, H.Allanuruwyň “Söwer ýar”, “Keçpelek” kinofiliminden “Duran ýerleri”, O.Gurbannyýazowyň “Ýazlarym bilen”, Ç.Nuruýewiň “Toý aýdymy” hem-de daşary ýurt kompozitorlary I.S.Bahyň, J.Puççininiň, F.Kreýisleriň, P.Sarasateniň, M.Raweliň, G.Siwiridowyň meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy. Dabaraly konserte gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler. _____________________ Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby