logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «BUIG» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, «Buig Batiman International» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer-Erik Sen-Andre hem gatnaşdylar. Myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Marten Buig ykdysady ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanda işlemegiň ýolbaşçylyk edýän düzümi üçin uly mertebedigini belläp, daşary ýurt kompaniýalaryna, şol sanda “Buig” kompaniýasyna türkmen bazarynda netijeli iş alyp barmaga döredilýän şertler üçin hoşallygyny beýan etdi. Marten Buig şu gün hormatly Prezidentimiz bilen geçirilen duşuşygyň örän netijeli bolandygyny, onuň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki täze ugurlary barada pikir alşylandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz myhmanlary mähirli mübärekläp hem-de gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, “Buig” kompaniýasynyň onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistan 30 ýyldan gowrak wagt bäri bu düzüm bilen hyzmatdaşlyk edip gelýär we şol döwürde paýtagtymyz Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da gözelleşdiren köp sanly taslamalar durmuşa geçirildi. Kompaniýa bilen özara hyzmatdaşlyk türkmen-fransuz gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berip, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, Aşgabat halkara we sebit hyzmatdaşlygynyň merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha berkidip, okgunly ösmegini dowam etdirýär. Her ýyl hil we gözellik babatda ýokary standartlara laýyk gelýän täze, döwrebap desgalar bilen paýtagtymyzyň binagärlik infrastrukturasynyň üsti ýetirilýär. “Türkmenistan abraýly kompaniýalar bilen uzak möhletli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Elbetde, şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda “Buig” kompaniýasy hem bar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Marten Buig bildirilýän uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de öz şertnamalaýyn borçnamalaryny birkemsiz berjaý etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryna işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. ___________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «RÖNESANS HOLDING» KOMPANIÝASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ata Watany Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de Erman Ylyjak Türkmenistanyň ähli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk pudagynda gazanýan üstünliklerine ünsi çekip, ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde Milli Liderimiziň uly goşandyny aýratyn nygtady. Gahryman Arkadagymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi. Şol ýyllaryň dowamynda kompaniýa özüne ynanylan taslamalary halkara standartlara laýyk ýerine ýetirip, özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. Erman Ylyjak kompaniýanyň ýerine ýetirýän gurluşyk işlerinde Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryndan ugur alynýandygyny aýdyp, munuň üçin hormatly Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Halkarymyzyň taryhy, medeni, dil babatda umumylyklary munuň şeýle bolmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, hususy pudakdaky netijeli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti nygtaldy. Bu ugurda hyzmatdaşlygyň baý tejribesi toplandy. Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny aýdyp, kompaniýanyň alyp barýan işine ýokary baha berdi. Işewür bildirilýän uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny mundan beýläk-de öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň oňyn tejribäni nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. _______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ DOLANDYRYJYLAR GEŇEŞINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ata Watany Türkmenistanda bolmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de işewür Gahryman Arkadagymyzdan şanly waka mynasybetli hormatly Prezidentimize gutlaglaryny ýetirmegini haýyş etdi. Ahmet Çalyk Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda asyrlara barabar işleriň durmuşa geçirilendigini, ähli ulgamlarda gazanylýan üstünliklere guwanýandygyny belledi. Bu işler türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. Şeýle hem işewür mümkinçilikden peýdalanyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda karbamid öndürýän toplumyň gurluşygynyň ynanylandygy üçin hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz işewüri mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýola goýlan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň dürli ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda üstünlikli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýokary derejede alnyp barylýan bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde Türkiýäniň Türkmenistanda işleýän kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň goşandyny belledi. Häzirki wagtda kompaniýa senagat we durmuş maksatly möhüm desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyna işjeň gatnaşýar. Şeýle-de bu düzümiň Türkmenistanyň energetika pudagynda, saglygy goraýyş ulgamynda alyр barýan işlerine üns çekildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda innowasion tehnologiýalaryň we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny goldaýandygyny aýdyp, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de täze tehnologiýalary, öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşjakdygyna ynam bildirdi. Işewür bildirilen uly ynam üçin hoşallygyny beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we ýokary hilli ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de berk ygrarly boljakdygyna ynandyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw etdi. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
WATANYMYZYŇ MUKADDES GARAŞSYZLYGY MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK DABARASY

Täzelikler

27.09.2025

26-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Konsertiň maksatnamasy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan ösüşleri şöhlelendirýän köpöwüşginli we ilkinji gezek ýerine ýetirilýän çykyşlar bilen tapawutlandy. Medeniýet, sungat ussatlary durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdym-sazly eserleriniň üsti bilen beýan etdiler. Garaşsyzlyk güni özbaşdak türkmen döwletiniň dörändigini alamatlandyrýan baş baýramymyzdyr. Türkmenistan häzirki wagtda parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde dünýäde giňden tanalýar, ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklary alyp barýar. Her bir halkyň durmuşynda ykbal özgerdiji döwürler bolup, olar ýurduň taryhynda täze tapgyryň başlanmagyna badalga berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Türkmenistanyň gazanan üstünliklerini has-da berkidip, parahatçylygyň, rowaçlygyň we abadançylygyň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň hakyky gülläp ösýän zamanasyna öwrüldi. ...Mejlisler merkezinde baýramçylyk ruhunda bezelen sahnada emele gelen ýokary ruhubelentlik ýagdaýy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününi täze zähmet üstünlikleri bilen garşylaýan türkmenistanlylaryň buýsanç duýgularyny beýan edýär. Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hemme baýramçylyklar we dabaraly çäreler sungat ussatlarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Olar milli medeniýetimizi baýlaşdyrmak we täze zehinleri ýüze çykarmak üçin amatly şertler döredilen döwletimiziň durmuşyndaky ähmiýetli wakalara aýratyn öwüşgin çaýýar. Munuň şeýledigine bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylar ýene bir gezek göz ýetirdiler. ___________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

26.09.2025

25-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsiniň geçilýändigini, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleriň yzygiderli geçirilip durulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça bu toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, asylly däbimize eýerip, iş kesilen 225 raýatymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi. Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak we milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda” Türkmenistanyň täze Kanunlaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş, Maşgala, Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine we beýleki hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmek boýunça işler alnyp barylýar. Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç haty kabul edildi. Mundan başga-da, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda saýlaw we sala salşyk ulgamyny kämilleşdirmekde toplanan tejribeler barada özara pikir alşyldy. Şeýle hem Mejlisiň wekili ÝHHG tarapyndan guralan okuw maslahatyna gatnaşmak üçin Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde iş saparynda boldy. Hormatly Prezidentimiz döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamagyň möhüm wezipeleriň biridigini, şoňa görä, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

25.09.2025

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. ...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
GARAŞSYZLYKDA BAGTYŇ ÝAŇY BAR

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, “Türkmenistan–eziz Watan Garaşsyz ” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide, ýurdumyzyň suratkeşleriniň Ataýew Ş. “Gökje üzümçiligi” 2025 ý., Babakulowa G. “El işler” toplumy Hanow G. “Asuda” 2023 ý. Ataýew Ş. “Aý daglary” 2024 ý., Sytdykow B. “Çeşme” 2025 ý., Kurbanow R. “Sähranyň bezegi türkmen bedewi” 2025 ý., Kurbanow S. “Garaşsyzlygyň ýaňy” 2025 ý., Kurbanow S. “Aşgabat agşamlary” 2025 ý., Meredow S. “Ylham çeşme” 2025 ý., Gullaýewa M. “Hazyna” 2025 ý., Meredowa A. “Nohuryň geçmişine şaýat agaçlar” 2002 ý., Weliahmedow K. “Bahar güni” 2024 ý., Hajyýew T. “Güýz” 2005 ý. ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde watana bolan mukaddes söýgi içgin duýulýar. Ýurt garaşsyzlygymyz sungata täze ganat berdi. Sungatyň milli dilde saýramagyna, milli äheňleriň, milli gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň şekillendiriş sungatynda has aýdyň ýagty çeper beýan edilmegine giň ýollar açdy. Ýurdumyzyň suratkeşleriniň döredijiliginde milli gymmatlyklarymyz, merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-taryhy mirasy bolan kitaplaryna salgylanyp ýerine ýetirlen işler öz çeper mazmuny bilen aýratyn tapawutlanýar. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, watanymyzyň dürli pasyllardaky gözelligi ýaş suratkeşiň dünýäsinden syzylyp çeper mazmuna ýugrulyp beýan edilýär. Ýaş suratkeşleriň hem geljegini sungata baglan ýaşlaryň döreden sungat eserlerini synlap, olara tälim berýän halypalara hormatyň artýar. Halypanyň beýik ynamyndan şuglalanýan ýaş dörediji kalplar bolsa täze-täze eserleri döretmäge atygsaýandygyny sungat eserlerini synlanyňda göz ýetirýärsiň. Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli bu sergi nakgaş, gobelen, heýkel, grafika, keramika, zergärçilik ýaly şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerine degişli Watanymyzyň ösüşli sepgitlerini sungatyň dilinde beýan edýän ajaýyp sungat eserleri giň halk köpçüligine ýetirildi. Sergide suratkeşleriň 140-den gowrak nakgaş, amaly-haşan sungatynyň eserleri görkezilýär. __________________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
HALYPA GÖRELDESI

Täzelikler

23.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Nuriddin Niýazowyň 75 ýaşynyň dolmagy mynasybetli “Ýer şary–biziň öýümiz” atly şahsy döredijilik sergisi geçirildi. Sergide, Nuriddin Niýazowyň “Beýik Ýüpek ýoly” 2016ý., “Bütindünýä howa üýtgemeleri” 2013ý., “Kerki güzeri” 2025 ý., “Döredijiligiň 8-nji güni” 2012ý., “Durmuş filosofiýasy” 2012ý., “Iki taraplaýyn portret” 2011ý., “Oglumyň portreti” 1983ý., “Iýermeniň portret” 2019ý., “Kerwen” 2017ý., “Abadanlaşýan çöl” 2017ý., “Güýz, durnalar” 2016ý.,“Magtymgulynyň poeziýa dünýäsi ” 2015ý., “Garry gyz” 2013ý., “Magtymgulynyň düýşi” 2004ý., “Aral” 1987ý. ýaly sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleriniň ählisinde nakgaşçylyk sungatynyň seýrek duş gelýän ugry bolan surrealizm akymyna eýerilýär. Suratkeşiň döredijiliginde merdana ruhy sütünlerimiz, buýsançly taryhymyz, gözel tebigatymyz çeper beýan edilýär. Nakgaşçylyk taslamalaryň reňk çözgütleri özüniň baýlygy, akymlaryň täsirleri sungat eserleriň ählisinde içgin duýulýar. Halypa suratkeşiň eserlerinde ýeňil bolmadyk şekillendiriş sungatynyň bu ugurynyň ajaýyplygyny görmek bolýar. Sungat eserleri göýäki janly ýaly sungatyň dilinde türkmen dünýäsi barada söhbet açýar. Nakgaş eserleriniň aýratynlyklaryny we talaplaryny doly özleşdiren halypa şägirtleriniň arasynda hem halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýär. Bu sünnälenilen görnüşler, işler, usullar bolsa şägirtleriniň işinde halypanyň belentligini ýüze çykarýar. Halypa suratkeş Nuriddin Niýazowyň döreden sungat eserleri ýurdumyzyň şekillendiriş sungaty uguryndan bilim alýan ýaşlar üçin we sungaty öwrenijiler üçin uly mirasdyr. Sergide Suratkeşiň 70-den gowrak nakgaş eserleri görkezilýär. ________ Sergi öz işini 10 gün dowam eder

No image
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY -PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIKLI TAGLYMAT

Täzelikler

23.09.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ ÝOKARY DEREJELI PLENAR MEJLISINE GATNAŞDY 22-nji sentýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy. Mejlisiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda “Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi. Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi. Wideofilm tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif, Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar. Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz Türkmenistandyr. Parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe boldy. «Türkmenistan gazeti»

No image
GOBOÝ SAZ GURALYNYŇ USSADY

Täzelikler

22.09.2025

Türkmenistanyň medeniýetiň ösüşinde şahsyýetleriň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Halkymyzyň baý saz sungatynyň çäklerinde dürli saz gurallarynda ussatlar ýetişipdir. Ussatlaryň arasynda halypa mugallym, goboýçy «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Ýolaman Saryýewiň döredijiligi we pedagogik işleri aýratyn bellärliklidir. Onuň sungaty diňe ýerine ýetirijilikde däl, eýsem ýaş nesillere halypalyk edip, olaryň dünýäniň giň sahnalarynda çykyş etmegine ýol açmakda-da uly ähmiýete eýe boldy. Ýolaman Saryýew özüniň sazlaşdyryjy we ýerine ýetiriji döredijiligi bilen türkmen halk saz sungatynda aýratyn ýer eýeleýär. Ýolaman Saryýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep internadynda mekdep okuwçylaryna, ýaş talyplara, goboýçylara ussatlyk bilen sapak berýär. Ol öz şägirtlerine döredijilikde erkin bolmagy, milli mirasa hormat goýmagy, dünýäniň saz sungatyndaky öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmagy wagyz edýär. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi ýurdumyzda we halkara bäsleşiklerde üstünlik gazandylar. Mälim bolşy ýaly, ildeşlerimiziň sarpalanylmagy ýurdumyzda durmuş tejribesini, bilimini, zähmetini, we zehinini Watana gulluk etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna hormat bilen garalýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, milli däp-dessurlarymyzy aýawly saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda köpýyllyk halal zähmeti, ýokary hünär ussatlygy üçin ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi hormatly atlara, şa serpaýlara mynasyp boldular. Şeýle şa serpaýa mynasyp bolmagy Ýolaman Saryýewe hem nesip etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly beýik şa serpaýa eýe boldy. Beýik şa serpaýy almagy bilen döredijilikde zähmet çekmäge döredilen ähli şertler üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp özüniň ýürek buýsanjyny sözledi. _____________________________________ Dürjemal ÇAŇLYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy