logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANÝAR

Täzelikler

10.12.2025

9-njy dekabrda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka Türkmenistanyň ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine we ösüp barýan ýaş nesliň abadançylygy baradaky alada üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan giň gerimli işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny goramaga we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň aýdyň güwäsidir. Gazna aýratyn howandarlyga hem-de hemaýata mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk, durmuş we bilim goldawyny bermek üçin döredildi. Esaslandyrylan wagtyndan bäri, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna çagalara ýüzlerçe möhüm lukmançylyk operasiýalary ýerine ýetirildi. Saglygy goraýyş edaralary üçin döwrebap enjamlar satyn alyndy. Haýyr-sahawat gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy çagalara aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň we taglymlarynyň dabaralanýandygynyň aýdyň mysalydyr. Gaznanyň şahamçasynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda açylmagy aýratyn many-mazmuna eýedir. Jana şypaly howasy we ösen infrastrukturasy bilen meşhur bu sebit häzirki wagtda diňe bir şypahana zolagy bolman, eýsem, çagalar üçin sagaldyş-dikeldiş merkezine hem öwrülýär. Gaznanyň şahamçasy çylşyrymly operasiýalary geçiren ýa-da uzak möhletli bejergi alýan çagalara toplumlaýyn lukmançylyk kömegini guramak üçin möhüm merkez bolar. Hazar deňziniň arassa howasy, döwrebap sagaldyş merkezleri we gazna tarapyndan işleriň sazlaşykly utgaşdyrylmagy çagalaryň saglyklaryny dikeltmegi we doly derejede durmuşa goşulyşmagy üçin amatly şertleri döreder. Gaznanyň şahamçasy haýyr-sahawat çärelerini geçirmek, çagalar üçin lukmançylyk maslahatlaryny we medeni çäreleri guramak üçin utgaşdyryjy merkez bolar. Bu desganyň işe girizilmegi her bir çagany üns we alada bilen gurşaýan, olaryň bagtyýar we sagdyn durmuşy üçin ähli mümkinçilikler döredilen Türkmenistanyň röwşen geljeginiň berk binýadyna goşulan saldamly goşant bolup, Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsi boldy. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZ BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ÝÖRITE WEKILI, BMG-niň MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

09.12.2025

8-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy. Kaha Imnadze wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi. Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Nygtalyşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna gabat gelmegi onuň many-mazmunyny has-da artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda birnäçe çäreleriň geçirilendigini belläp, ýakynda ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda dünýäniň köp ýurdundan ýokary derejeli wekilleriň gatnaşmagynda geçiriljek halkara forumyň şu ýylyň esasy wakasyna öwrüljekdigini aýtdy hem-de bu forumyň halkara gün tertibiniň, durnukly ösüşiň we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna ynam bildirdi. Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň mysalydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz BMG-niň ählumumy meseleleri we häzirki zaman wehimlerini çözmekdäki esasy ornuny yzygiderli goldaýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek, daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň möhüm ähmiýetini belledi. Bu ýubileý sessiýanyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny kesgitledi. Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. ____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
AŞGABAT ÝUNESKO-nyň ÖWRENIJI ŞÄHERLERINIŇ BÜTINDÜNÝÄ TORUNA GIRIZILDI

Täzelikler

08.12.2025

7-nji dekabrda paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2013-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berdi. Oňa täze agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara, Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini habar berdi. ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler bolup durýar. Olarda okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda, muzeýlerde, jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan şertlere uýgunlaşmaga, öz sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam berýärler, telekeçiligiň ösdürilmegini goldaýarlar, emeli aňyň ösýän döwründe işlemek üçin başarnyklary emele getirýärler hem-de durnukly ösüşe ýardam berýärler. Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna kabul edilmegi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge, bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr. ________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARALARY

Täzelikler

08.12.2025

7-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady hökmünde kabul edildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna badalga berilmegi şanly senäniň hormatyna guralýan dürli derejeli çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi. Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyz 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. “Kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jemi jemlenýär. Şoňa görä-de, bu kitap mähriban halkymyza sowgat bolar” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, ýokary okuw mekdebiniň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde institutyň talyplarynyň ýerine ýetiren “Bitaraplyk-biziň baky bagtymyz” atly edebi-sazly kompozisiýasy hormatly Prezidentimiziň zehininden dörän täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň özboluşly badalgasy boldy. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýolunyň, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýetiniň giňden beýan edilendigini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde ähmiýetli gurala öwrüldi. Şeýle hem çykyşlarda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň häzirki zaman durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýady hökmünde ykrar edilendigi barada aýdyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ilkinji tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar şanly sene mynasybetli şeýle ajaýyp kitaby baýramçylyk sowgady hökmünde halkymyza peşgeş berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Kitabyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar” atly jemleýji bölüminde ýurdumyzyň Bitaraplyk ýyllary içinde ýola goýan gatnaşyklaryna, hormatly Prezidentimiziň halkara forumlarda eden çykyşlaryna we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda baglaşylan halkara ylalaşyklara möhüm orun berlipdir. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Täzelikler

08.12.2025

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň-Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. “Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

06.12.2025

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

04.12.2025

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, harby gullukçylaryň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak, Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda ýylyň başyndan bäri alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen bir hatarda, nobatdaky harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak, ýaş esgerleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça guralýan çäreler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, döwletimiziň goranmak ukybyny has-da berkitmek, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini maksatnamalaýyn esasda ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary hünärli harby gullukçylary taýýarlamak, olaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýdyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Baş prokuror B.Muhamedow geçen on bir aýda kanunlaryň ýerine ýetirilişine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle-de bu düzüme sanly ulgamy ornaşdyrmak, prokuratura işgärleriniň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda görlen toplumlaýyn çäreler barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda kanunlaryň hem-de beýleki hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi we Baş prokurora birnäçe görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisiň dowamynda prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana hem-de Karara gol çekdi. Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümleri tarapyndan şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda ministrligi ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün bozulmalaryň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, ýangyn howpsuzlygynyň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek boýunça görlen anyk çäreler barada aýdyldy. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
«TÜRKMENISTAN–UNESCO: PARAHATÇYLYGYŇ BÄHBIDINE MEDENI HYZMATDAŞLYK» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Medeni miras

03.12.2025

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we UNESCO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet Medeniýet institutynda “Türkmenistan – UNESCO: parahatçylygyň bähbidine medeni hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu maslahata alymlar, sungaty öwrenijiler, Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk, bu ugurda ýetilen sepgitler, geljekde garaşylýan netijeler barada gyzykly çykyşlar edildi. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen dünýä döwletleriniň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy UNESCO-nyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça giň gerimde ösdürilýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhynyň täze tapgyry bolan Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň baý mirasyny bütin dünýäde ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri açýan ajaýyp döwür boldy. Muňa Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ählitaraplaýyn ösdürilmegi hem aýdyň mysallaryň biridir. Häzirki wagtda sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen Türkmenistan bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara-medeni hyzmatdaşlyklar netijeli häsiýetde kämilleşdirilýär. Hut şol hyzmatdaşlyklaryň çäginde «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda, «Nowruz baýramçylygy» 2016-njy ýylda, «Küştdepdi aýdym we tans dessury» 2017-nji ýylda, «Türkmenistanda haly dokamagyň milli sungaty» 2019-njy ýylda, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» 2021-nji ýylda, «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalar 2022-nji ýylda, «Türkmen ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» 2023-nji ýylda UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna, Gadymy Merw, Köneürgenç we Parfiýanyň Nusaý galalary bu guramanyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi we umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi. Munuň özi dünýä medeniýetiniň baýlaşmagynda, kämilleşmeginde türkmen halkynyň täsiriniň hem goşandynyň uludygyny doly tassyklaýar. Maslahata gatnaşanlar Türkmenistan döwletimiz bilen UNESCO-nyň arasyndaky hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynyň täze belentliklere göterilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. ____________________ Maddy däl medeni miras müdirligi

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MARY WELAÝATYNA IŞ SAPARY

Täzelikler

03.12.2025

2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda toplumy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde ýurdumyz boýunça milli ykdysadyýeti, şol sanda oba hojalyk toplumynyň pudaklaryny özgertmek bilen baglanyşykly giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi netijeli zähmet çekmäge, sebitlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem oba hojalyk pudagynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew häzirki wagtda Ylmy-barlag däneçilik, Ekerançylyk we Pagtaçylyk institutlary tarapyndan ýerine ýetirilýän işler, hususan-da, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önüm öndürijileriň, daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň oňyn netije bermegine, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga, pudaga täzeçil tehnologiýalary we häzirki zamanyň ösen tejribesini ornaşdyrmaga, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge möhüm goşant goşar. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ylmy-barlag institutlarynyň alyp barýan işiniň oba hojalyk pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Maslahatyň dowamynda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny artdyrmak, dürli ekinleriň täze görnüşlerini synag etmek ugrunda toplumlaýyn ylmy işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Bu işde döwrebap tehnikalar, täze tehnologiýalar giňden peýdalanylýar. Şeýle-de häzirki wagtda seçgiçi alymlar tarapyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän we ýokary hasyl berýän sortlary döretmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berildi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA PARAHATÇYLYGYŇ WASPY

Täzelikler

02.12.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri–beýik maksatlaryň, uly üstünlikleriň döwri. Her bir güni beýik işler, şanly wakalar bilen şöhratlanýan halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda medeniýetde we sungatda gazanylýan üstünlikler barha rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda halypa-şägirtlik ýörelgesi esasynda alnyp barylýan asylly işleriň rowaç gadamlary uly durmuş mekdebine öwrüldi. Çünki halypalara hormat goýmak, olaryň pähim-paýhasyna uýmak her bir şägirt üçin mukaddes borçdur. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesi talyp ýaşlarymyzyň sungat biliminiň we döredijilik garaýyşynyň kämil derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Biz muny 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri» atly gujurly ýaşlaryň döredijilik sergisinde görýäris. Tutanýerli zähmet çekýän ussat halypalarymyzyň gymmatly maslahatlary esasynda ýerine ýetirilen döredijilik eserleriniň her birinde zehinli talyplarymyzyň şekillendiriş sungatyndaky ädimlerinde täze güýjüň hyjuwly zähmetinde jemlenendigini duýýarys. Sergi zalynyň diwarlaryny bezeýän sungat eserlerine syýahat etmek sungat muşdaklaryna hasam täsirli boldy. Toý ruhuna beslenen halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda parahatçylyk söýüjilik, asudalyk, ýörelgelerini wasp edýän ýaş suratkeşleriň sungat eserleri göwünleri joşdurýar. Biz muny täze döredijilikli hem-de çuň manyly beýan edilen zehinli talyplarymyz Jumamyrat Gurbanowyň «Parahatçylyk sazy, dost-doganlyk sazy», Mahym Rejepowanyň «Bitaraplygyň waspy», Arzuw Ataýewiň «Bitaraplyk toýy», Çemen Gurbannepesowanyň «Dostluk», Gülmährem Tagyýewanyň «Bagtyýar çagalyk» ýaly işleriniň mysalynda görýäris. Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taglymatlaryna eýerip döreden ajaýyp eserleri halkymyzyň belent buýsanjy bolan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ýakymly seslenme bolandygy bizi diýseň buýsandyrýar. _____________ Göwher Çopanowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy