logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
MILLI MEDENIÝETIM GENJI-HAZYNAM

Kitaphanalar

18.06.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Milli medeniýetim genji hazynam» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler gözbaşyny gojaman taryhyň müňýyllyklaryndan alyp gaýdýan medeniýetimiziň taryhy hem türkmen taryhy ýaly gadymydygyny we beýik abraýa eýedigini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Görogly» dessançylyk sungaty, milli «Küştdepdi» aýdym saz sungatynyň, türkmen halyçylyk sungatynyň, «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Garaşsyz Türkmenistanda halkara sungat festiwallary, forumlar, sergiler medeniýet günleriniň, dünýä halklarynyň medeniýet günleriniň biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilip, şol halkara çärelerine dünýäniň ençeme döwletlerinden wekiller gatnaşyp, türkmen döwletiniň ýeten derejesi, dostlukly gatnaşyklara gadyr goýýan halkymyzyň däp-dessurlary bilen tanyş bolýandygyny, şeýle halkara çäreler Watanymyzyň dünýä halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň tarapdarydygyny hem-de äleme aýan edýändigini belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR-HALKYŇ BUÝSANJY

Kitaphanalar

18.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar-halkyň buýsanjy» atly duşuşyk, geçirildi. Çagalar-biziň nurana geljegimiz, röwşen ertirlerimiz. Olaryň geljegi baradaky alada diňe bir ata-enäniň, maşgalanyň ykbaly bilen däl-de, eýsem, jemgyýetiň ösüşi, özgerişi bilen berk baglydyr. «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ata-babalarymyz perzentlerini ertekileriň, hüwdüleriň, nakyllaryň, matallaryň, milli oýunlaryň üsti bilen terbiýeläpdirler. Ýaşlaryň dünýägaraýşyna tymsallaryň, rowaýatlaryň, çeper eserleriň üsti bilen uly täsir edipdirler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çagalaryň saglygyny goramagy, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklaryny, hünär öwrenmeklerini üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Duşuşygyň ahyrynda durmuşymyzyň gymmatly we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
KITAP YLHAMYŇ KÖŇÜL JOŞGUNY

Kitaphanalar

18.06.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar üçin giňişleýin kitap sergisi guraldy. Bu sergide ýerleşdirilen halk ertekileri, hekaýalar, çeper eserler çagalarda uly gyzyklanma döretdi.

No image
Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy

Muzeýler

17.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 20-nji iýunynda sagat 10:00-da Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet, sungat, Magtymgulynyň döredijiligi – milli gymmatlyklaryň hazynasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
SPORT – SAGDYNLYGYŇ GIREWI

Kitaphanalar

17.06.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Ýaşlyk» sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Sport– sagdynlygyň girewi» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de sportuň ähmiýeti, ýaşlara sport baradaky öwüt-ündew ähmiýetli edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen sagaldyş-dynç alyş merkezindäki çagalar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da sport bilen bagly edebiýatlary hem öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAP PAÝHAS ÇEŞMESI

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde guramagynda «Kitap paýhas çeşmesi» atly kitap sergisi we talyplaryň arasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Kitap sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem Magtymguly Pyragynyň eserleri we birnäçe çeper eserler bilen kitap sergimizi gurnadyk. Sergide kitaplardan başga-da dürli ýyllarda «Medeniýet», «Miras», «Diýar», «Garagum», «Türkmen sporty» we beýleki žurnallarda türkmen hem rus dillerinde neşir edilen başga-da köp gyzykly maglumatlar görkezildi. Çäräniň ahyrynda ylym-bilim öwrenmekde, medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
YLYM-BILIM ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hormatly Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplaryndan wagyz nesihat işleri geçirildi. Ajaýyp zamanamyzyň bagtyýar talyp ýaşlary özlerinde ýatdan çykmajak täsir galdyranlygyny beýan etdiler we Türkmen halkyny baky bagtyň goýnunda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI TOMUS PASLY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde «Çagalaryň söýgüli tomus pasly» atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesillerimiz barada edilýän giň gerimli aladalaryň çuňňur many-mazmuny bardyr. Diýarymyzda döredilýän ýaşaýyş-durmuş şertleri, ilki bilen, biziñ geljegimiz bolan çagalaryñ, ýaş nesliñ bagtyýarlygyna gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyñ, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz tagallasy netijesinde biziñ ýurdumyz bagtly çagalygyñ mekanyna öwrüldi. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem tomus möwsüminde çagalaryň dynç alyş wagtlaryny gyzykly hem täsirli geçirmek maksady bilen ýurdumyzda birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri döredildi. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem «Altyn ýyldyz» sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan geçirýän bagtyýar çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen duşuşyklary, gürrüňdeşlikleri geçirdiler. Bu ýerde kitaphanaçylar çagalara çuň manyly eserleri okap berdiler. Şeýle-de bu ýerde gurnalan kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÇAGALARYŇ TOMUSKY DYNÇ ALYŞY

Kitaphanalar

17.06.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde «Çagalaryň tomusky dynç alyşy» atly duşuşyk, gürrüňdeşligi geçirildi. Tomus pasly-çagalar üçin her ýylyň iň şadyýan döwri. Bu pasyl çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Häzirki wagtda mekdep okuwçylary üçin tomusky dynç alyş möwsümi başlandy. Bagtyýar çagalar bu möwsümi manyly geçirmegi arzuw edýär. Olar ata-eneleriniň we mekdep mugallymlarynyň goldawy, kömegi we maslahaty bilen bu tomusda dynç alyp, öz başarnyklaryna görä hünär öwrenmegi, kitap okamagy maksat edinýärler. Çünki tomsuň gelmegi bilen, çagalar dynç alyş möwsümine gadam basýar. Gökdere çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş nesilleriň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly geçirýärler hem-de çagalarymyzyň bagtyýar mekanyna öwrülýär. Tomusda ýurdumyzyň haýsy künjegine barsaň, gapylaryny giňden açýan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde eziz balalarymyzyň şadyýan sesleriniň we gülküleriniň belentde ýaňlanýandygynyň, şol sapaly ýerlerde olaryň wagtlarynyň hoş geçýändiginiň şaýady bolýarsyň. Tomus paslynyň çagalar üçin ýatdan çykmajak şadyýan pursatlara baý bolmagyny gazanmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir kitaphanaçylary hem dürli pudaklar degişli kitaplary bilen çagajyklary tanyşdyryp geçýärler, hem-de kitabyň adam üçin howanyň gerekli bolşy ýaly kitabyň hem adama uly ähmiýetiniň barlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiziň ruhy taýdan kämil berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
MILLI MEDENIÝETIM-GENJI HAZYNAM

Muzeýler

16.06.2025

Şan-şöhraty älem-jahany haýrana goýýan, goşalanyp gelýän tutumly toýlaryň dabaralary daglar aşýan, eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur-baýramlara beslenýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti, sungaty gün-günden uly ösüşlere eýe bolýar.Her bir güni şöhratly taryhymyzyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda» hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly toýunyň uludan toýlanjak ajaýyp ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän çäreler, dabaraly söhbetdeşlikler bagtyýar halkymyzyň her bir raýatynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar. Baýramçylyk dabaralary mynasybetli uly ruhubelentlikde geçirilýän çäreler işjeňligi bilen tapawutlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň hem-de Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Milli medeniýetim genji – hazynam» atly dabaraly maslahat geçirildi.Maslahatyň dowamynda ýörite muzeý hünärmenleri tarapyndan milli mirasymyzy şöhlelendirýän baýramçylyk sergisi ýaýbaňlandyryldy. Milli gymmatlyklarymyzdan söz açýan sergi diýseň köp tomaşaçylary özünde jemledi.Täsirli pursatlara, ýakymly ýatlamalara beslenen sergi köpleriň ünsüni özünde jemledi.Dabaranyň dowamynda oňa gatnaşyjylar işlemäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän, medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman,il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler