logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

YLMY-USULY MASLAHAT

Täzelikler

27.02.2025

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasy ýurdumyzyň ýörite sazçylyk, sungat mekdepleriniň mugallymlary bilen «Orta hünär saz bilimi ulgamyndaky saz-nazaryýet derslerini okatmak boýunça wajyp meseleler» atly onlaýn ylmy-usuly maslahaty geçirildi.

ELEKTRON KITAPLARDAN PEÝDALANYJYLARYŇ SANY KÖPELÝÄR

Kitaphanalar

27.02.2025

Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjylar otagynda oturdylan Bitewi elektron kitaphana ulgamyndan peýdalanyjylaryň sany gün-günden köpelýär. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam basyldygydyr, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

ADAM EDEBINDEN TANALAR...

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen № 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy we başlangyç synp okuwçylary bilen «Adam edebinden tanalar...» atly temada söhbetdeşlik geçirdi.

KITAP–GEÇENI, GELEJEGI ÖWREDÝÄN DANA

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde «Kitap–geçeni gelejegi öwredýän dana» gepleşigini geçirdi.

GYMMATY EGSILMEJEK KITAPLAR

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi, Neşirýat–çaphana orta hünär mekdebi bilen bilelikde ýaşlary, talyplary kitap okamana höwes döretmek maksady bilen «Gymmaty egsilmejek kitaplar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

2025-nji ýylyň 28-nji fewraly-2-nji marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

Teatr we kino dünýäsi

27.02.2025

2025-nji ýylyň 28-nji fewraly-2-nji marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň tertibi

HALYPA-ŞÄGIRTLIK ÝOLY DOWAMAT DOWAM!

Täzelikler

27.02.2025

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gazet-žurnallaryň redaksiýalary bilen bilelikde guramagynda, Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Halypa-şägirtlik ýoly dowamat dowam!» atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

KINO-JADYLY SUNGAT

Muzeýler

27.02.2025

Kino sungaty şu günki günde adamzadyň gazanan iň uly gymmatlyklarynyň biridir. Ol iň ýaş sungatlaryň biri bolup, beýleki beýik sungatlaryň birleşmeginden gelip çykan medeni baýlykdyr.

HALKARA ZENANLAR GÜNÜNE BAGYŞLANAN GÖÇME SERGI

Muzeýler

27.02.2025

Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk çäresinde Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi mekdebiniň talyp ýaşlary özleriniň folklýor çykyşlarynda türkmen sährasynyň gözelligini ýüregi bilen duýup ol gözelligi söýgi bilen çeper çitimlerde, keşdeçilik sungatyna beýan edilen milli mirasymyza ýüzlendiler.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ HEM DE ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

27.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşiň hem de abadançylygyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.