logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«BITARAP TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY–ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE» ATLY MASLAHAT

Täzelikler

03.10.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý mejlisinde eden çykyşyny wagyz etmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky baş drama teatrynda «Bitarap Türkmenistanyň başlangyçlary–ählumumy abadançylygyň bähbidine» atly maslahat geçirildi. Maslahata edebiýat, medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar. Sahna ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly sahna bilen açylan bu maslahatyň esasy maksady hormatly Prezidentimiziň adamzat medeniýetinde halkara parahatçylyk medeni taglymaty öňe sürýändigini wagyz etmäge gönükdirilendir. Halk arasynda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýip, aýdylýan aýtgydan ugur alan döredijilik işgärleriniň ählisi çuňňur mazmunly çykyşlarynda Prezidentimiziň döwletleriň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary dogrusynda durup geçdiler. Estrada ýyldyzlarynyň parahat, asuda ýurdumyzyň waspyny beýan edýän aýdymlary bolsa çärä aýratyn many-mazmun berdi. Bu çäre Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli kafedralarynda zähmet çekýän mugallymlary hem gatnaşdylar. Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K.Ýowbasarow halklaryň arasynda parahatçylygy üpjün etmekde milli aýdym-saz mirasyň orny hakynda çykyş etdi. Milli Liderimiziň «Parahatlyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» kitabynda aýdylan pelsepewi jümlelerden dürli mysallar arkaly eden mazmunly çykyşynda inçe aýdym-saz sungatynyň türkmen halkynyň aýrylmaz hemrasydygyny dellilendirdi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi. ___________________ Gülnabat ATAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy

No image
NESILLER BAGTDAN PAÝLY

Kitaphanalar

03.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Arkadag şäheriniň 6-njy bakja bagynyň çagalarynyň gatnaşmagynda ertekili kitaplardan «Nesiller bagtdan paýly» atly çeper okaýyş geçirildi. Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz-ýaş nesiller bilen owadan. Ýaş nesiller Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr. Ýurdumyzda ýaş nesiller barada uly alada edilýär. Çagalar biziň gelejegimiz. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy hem ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen dürli ýaşdaky okyjylar bilen yzygiderli duşuşyklar, çeper okaýyşlar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, gezelençler, gürrüňdeşlikler geçirilýär. Bu bolsa kitaphana gelýän her bir okyjyda uly täsir galdyrýar. Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli giň dünýä garaýyşly, Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
ÝAŞULULAR-GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

03.10.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli «Ýaşulular-görelde mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Ýurdumyzyň her bir işiniň başy başlananda ýaşulularymyza sala salynýandygy, kümüş saçly eneleriň öwüt ündewlerine eýerilýändigi munuň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşululara hormat sarpasy örän uludyr. Ýaşulularymyza «Türkmenistanyň il ýaşulusy» diýen adyň berilmegi we mährem enelerimize «Zenan kalby» ordeniň berilmegi, her ýylyň 1-nji oktýabrynda ýaşulular gününiň bellenip geçilmegi bularyň aýdyň subutnamasydyr. Bu baýramçylyk diňe bir ýaşulularyň, ömür menzillerinde kämillik tapan ynsanlaryň baýramy bolman eýsem, ol paýhaslylygyň, raýat kämilliginiň we ruhy salyhatlylygyň baýramydyr. Toýlarymyzyň gelşigi, öýlerimiziň bezegi bolan ýaşulularymyzyň we mährem enelerimiziň baýramlary gutly bolsun! Halkyny şeýle eşretli, abadan durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

No image
PEDERLERIŇ HATYRASY

Kitaphanalar

03.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra Hatyra gününe bagyşlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumunda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Pederleriň hatyrasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly däplerimize we dessurlarymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýlup, olaryň mynasyp dowam etdirilýändigini bellemek bilen 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda elhenç tebigy betbagtçylyk-ýertitireme bir pursatda paýtagtymyzy weýran edendigini, emma halkymyz ruhubelentlik hem-de özüniň belent ynsanlyk borçlaryna wepalylyk ýaly ýokary ahlak häsiýetleri bilen, ykbalyň agyr kynçylyklaryna ruhdan düşmän, olary ýeňip geçmegi başarandygy, taryhyň agyr synaglaryndan geçen halkymyz mähriban şäherimiz Aşgabady täzeden dikeldip ony dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, parahatçylygyň, bagtyýarlygyň hem-de rowaçlygyň paýtagtyna öwrülendigini buýsanç bilen bellediler.

No image
HALKYŇ HAKYDASY

Kitaphanalar

03.10.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýylyň 6-njy oktýabrynda bellenilýän Hatyra Hatyra gününe bagyşlap «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumunda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Halkyň hakydasy» atly söhbetdeşlik geçirdi. 1948-nji ýylda Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň, ata Watan, mukaddes ene toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar we erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny pida edip gaýduwsyzlygyň beýik nusgasyny görkezen gerçekler ýatlanylýar. Gahryman gala Gökdepäniň duşmanyň aşa agdyk güýjünden hem heder etmän, gylyç gemren türkmen gerçekleri gaýduwsyzlygyň belent nusgasyny görkezdiler. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda bolsa faşizme garşy türkmeniň men-men diýen merdana ýigitleri ýürekleriniň emri bilen fronta gitdiler. Watanyň azatlygy, asudalygy ugrundaky söweşlerde bir ädim hem yza tesmän deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezen esgerler, özleriniň atlaryny müdimilik şan-şöhrata beslediler. Bugünki gün ähli şehitlerimiziň ruhuna sadakalar berlip, aýat-dogalar okalýar. Ine bular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligimiziň ahyrynda geçmişine buýsançly, şu gününe begençli halk hakydasyny galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyza we milli däp-dessurlarymyzy sarpalaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlar beýan edildi.

No image
GOJA TARYHDA ADY BAR

Täzelikler

03.10.2025

Gadymýetde adamyň ilki eldekileşdiren haýwany it bolupdyr. Asyrlaryň jümmüşinden bäri bu jandar özüniň wepalylygy bilen meşhurdyr. Gadymýetden şu güne ýetirilen milli gymmatlyklarymyz bolan gaýduwsyz türkmen alabaýynyň äpet göwresi daşyndan haýbatly görünse-de, onuň eýesine wepalylygyny, çagalara mähremdigini hereketlerinden görüp bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaý itleriniň dürli görnüşleriniň suratlary bilen bezelmegi, rowaýatlaryň, tymsallaryň beýan edilmegi okaýjyny özüne çekýär. Bu kitap diňe bir türkmen halkynyň söýüp okaýan eserleriniň biri bolman, eýsem dünýä halklaryny hem haýrana goýýan eserleriniň biridir. Halkymyzyň asyrlar boýy ýoldaşy bolup gelen alabaýlarymyza belent ýaşulular: «Alabaý–eýesine örän wepaly haýwan» diýip, ynam bilen aýtýarlar. Öýüň sakçysy, mal yzynda gezýän adamlaryň kömekçisi hem sürini goraýjysy, ýolda wepaly ýoldaşy bolýan alabaý itimiz taryplamaga mynasypdyr. Bir gadymy aýtgyda «Türkmen itiniň bolan ýerinde, ne ýylan bardyr, ne içýan» diýilýär. Erkekler öýden gidenlerinde, aýallaryň we çagalaryň howpsuzlygy üçin jogapkärçilik wepaly alabaý itiniň üstüne düşüpdir. Ata-babalarymyz çydamlylygy, aýratyn wepalylygy bilen tapawutlanýan alabaýlaryň ajaýyp tohumyny döretmegi başarypdyrlar. Köp ýüzýyllyklaryň dowamynda bu tohum itler adamlar üçin ygtybarly garawul bolup hyzmat edipdir. Gadymy türkmen halylarynyň göllerinde tapylan it şekilleri-de, Altyn depeden tapylan terrakotadan ýasalan itiň heýkeljigi, gadymy Marguşdan we Jeýtundan tapylan itiň ystyhanlary, Pessejikdepe ýadygärliginde diwaryň ýüzüne çekilen itiň şekilleri hem muny subut edýär. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda «Güjük yzy» diýilýän gadymy nagyş tapyldy. Türkmen itiniň penje yzlary IX–XIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginiň kerpiçlerinde möhür bolup galypdyr. Gadymy yrymlara görä, bu nagyş tumaryň wezipesini ýerine ýetiripdir. Häzirki wagtda adamyň wepaly dosty–alabaý itleri harby we hukuk goraýjy edaralaryň işinde aýrylmaz kömekçidir. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi. 2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda gol çeken resminama laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilip geçilýär. Arassa tohumly alabaýy köpeltmek boýunça işjeň işler alnyp barylýar, ithanalar we ýardamçy binalar, itşynaslyk merkezi gurulýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, alabaý halkyň medeniýetiniň möhüm bölegidir. Ol halkymyzyň aňynda sazlaşyk, gözellik, diňe bir maddy däl, eýsem, ilkinji nobatda, ruhy gymmatlyk hökmünde özboluşly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek boýunça alyp barýan maksatnamalaýyn we netijeli işleri biziň edermen, wepaly we kuwwatly alabaýlarymyzyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagyna ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda halkymyzyň baý mirasy aýawly saklanylýar we oňa sarpa goýulýar. Beýleki milli gymmatlyklar ýaly, türkmen alabaýy hem dünýäde şöhrata eýe bolup, türkmen halkynyň gözellik, dostluk, söýgi baradaky garaýyşlarynyň netijesidir. Halkymyz ahalteke bedewlerine, alabaý itlerine diýseň buýsanýar. Wepaly alabaýa çäksiz sarpa goýýan, olaryň ýetişdirilmegi üçin taýsyz tagallalary alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! ______________ Nowça BABANYÝAZOWA Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni

No image
ÝAŞULYLARYŇ HALKARA GÜNI WE HALKARA SAZ GÜNÜNE BAGYŞLANAN KONSERT

Täzelikler

03.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medenýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur-baýramlara beslenýär güneşli diýarymyzda her bir ýylymyzyň buýsançly şygaryny söhratlandyrmak babatda giň gerimli işler alynyp barylýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoýasynyň Ýaşulylaryň halkara güni we Halkara saz gününe bagyşlanan Kamera ansambly kafedrasynyň konserti geçirildi. Konsertde konserwatoýasynyň ussat mugallymlary, zehinli talyp ýaşlary özleriniň ýerine ýetirjilik başarnyklaryny görkezdiler. Çärede Türkmenistanyň halk artisti G.Nuryýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumow, Halkara bäsleşikleriň ýeňijileri S. Faramazowa, J.Ismailowa, A.Muhiýewa, S.Atanýazow, A.Otuzowa, “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşigiň ýeňjileri B.Durdyýewa, L.Hudaýberdiýewa, A.Gylyjowa, B.Moşiýew dagy çykyş etdiler. Olaryň ýerine ýetirlen eserleriň arasynda Türmen halk sazy “Balsaýat”, R.Rejebowyň “Görogly” operasyndan Agaýunusyň ariýasy, H.Allanuruwyň “Söwer ýar”, “Keçpelek” kinofiliminden “Duran ýerleri”, O.Gurbannyýazowyň “Ýazlarym bilen”, Ç.Nuruýewiň “Toý aýdymy” hem-de daşary ýurt kompozitorlary I.S.Bahyň, J.Puççininiň, F.Kreýisleriň, P.Sarasateniň, M.Raweliň, G.Siwiridowyň meşhur aýdym-sazlary ýaňlandy. Dabaraly konserte gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, tutýan tutumly işleriň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler. _____________________ Gülkamar DÖWLETOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAÝTAGTYMYZ BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

Täzelikler

03.10.2025

2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle hem iş maslahatyny geçirdi. Halkymyzyň saglygyny, bagtyýar durmuşyny we abadançylygyny üpjün etmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz tarapyndan işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilmegi esasynda soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar, ulgama innowasion tehnologiýalar, öňdebaryjy dünýä tejribeleri, ylmyň soňky gazananlary işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, ugurdaş desgalaryň gurulmagy bilen bir hatarda, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn üns berilýär. Munuň özi halkymyzyň halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin mümkinçilikleri döredýär. ...Ir bilen döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň günorta künjegine geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz mähirli garşylanyldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň, şol sanda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň, şeýle-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda saglyk öýüniň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary barada hasabat berdi. Bu täze guruljak saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň üstüni ýetirip, olar dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylar we halkymyza halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda amala aşyrylýan işleriň nobatdaky beýanyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiz ähli binalarda bolşy ýaly, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşyk işlerinde-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň, olaryň öz wagtynda ulanmaga tabşyrylmagynyň möhümdigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet Baştutanymyz saglyk edaralarynyň ylmyň soňky gazanan döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy, şol sanda olarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda keseli bejermekden ozal, onuň öňüniň alynmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zähmet çekmegi üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, bu saglygy goraýyş desgalarynda zähmet çekjek lukmanlaryň ýokary hünär derejesini üpjün etmek meselesine uly ähmiýet bermelidigini we bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, hususan-da, onlaýn okuw sapaklarynyň guralmagynyň zerurdygyny belledi. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna seredildi we käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. _____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTAN–PARAHATÇYLYGYŇ WE JEBISLIGIŇ ÝURDY

Kitaphanalar

02.10.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmen döwlet maliýe instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi, «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan–parahatçylygyň we jebisligiň ýurdy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde eden taryhy çykyşy, BMG-nyň Baş sekretary we dünýä ýurtlarynyň ençemesiniň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklary şeýle hem ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdiler. Çäräniň soňunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAGŞYMYRAT TAJIMURADOWYŇ ÝEKELIKDÄKI KONSERTI

Täzelikler

02.10.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda medeniýetimiz, sungatymyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Türkmen halkynyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Şeýle ajaýyp günleriň birinde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýagşymyrat Tajimyradowyň ýekelikdäki konserti geçirildi. Konsert Ýagşymyrat Tajimyradowyň tar saz guralynda Seýid Rustamowyň «Ohu» tar diýen sazyny ezberlik bilen ýerine ýetirmegi bilen başlady. Norweg kompozitory Rolf Lowlandyň «Syrly bag» atly eserini tar saz guralynda üýtgeşik äheň ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Döredijilik konserti A. Babahanowyň «Hürrem» sazy bilen dowam etdi. Soňra konsertiň dowamynda Ýagşymyrat Tajimyradowyň plektorly dutarda ýerine ýetiirmeginde A.Byzow «Şa stili», Ç.Nurymow «Sonata» ýaly eserler ýaňlandy. A.Kalinkiniň «Iki Ukrain temasyna fantaziýa» diýen eseriň ýaňlanmagy konserti şatlyk-şowhun bilen jemledi. Şeýle ajaýyp konsertleriň, saz festiwallaryň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilip durmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. _______________ Altyn ÝANGYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby