Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýurdumyzda hereket edýän abraýly ýokary hünär okuw mekdepleriniň biri.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy ýokary hünär okuw mekdebi hökmünde 1994-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda esaslandyrylýar, 2004-nji ýylda akademiýanyň täze binalar toplumy gurulýar.
Akademiýada şekillendiriş sungatynyň, heýkeltaraşlygyň, amaly-haşam sungatynyň dürli hünär ugurlary boýunça ýaş hünärmenleriň taýýarlanmagy sungatyň bu ugurlarynyň geljekde has-da kämilleşmegine gönükdirilendir. Çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary häzirki günde ýurdumyzyň kino, teatr we tomaşa edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, umumy bilim berýän orta mekdeplerde, çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlarymyzyň muzeýlerinde, gurluşyk-binagärlik we beýleki ulgamlarda zähmet çekmek bilen, türkmen medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine goşant goşýarlar.
Akademiýada hereket edýän fakultetler, kafedralar, okadylýan ugurlar we hünärler:
E-mail: tdca.best@gmail.com
Institutda hereket edýän fakultetler, kafedralar, okadylýan ugurlar:
FAKULTETLER:
- Şekillendiriş sungaty fakulteti
- Binagärlik we dizaýn fakulteti
- Amaly-haşam sungaty fakulteti
KAFEDRALAR:
- Nakgaşçylyk kafedrasy.
- Grafika kafedrasy.
- Heýkeltaraşlyk kafedrasy.
- Binagärlik kafedrasy.
- Dizaýn kafedrasy.
- Amaly-haşam sungaty kafedrasy.
- Sungaty öwreniş kafedrasy.
- Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy. .
UGURLAR we HÜNÄRLER::
- Gurluşyk we binagärlik.
- Binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi.
- Binagärlik gurşagynyň bezegi.
- Sungaty öwreniş.
- Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti.
- Amaly haşam sungaty.
- Keramika sungaty.
- Zergärçilik sungaty.
- Halyçylyk sungaty.
- Nakgaşçylyk.
- Miniatýura nakgaşçylygy.
- Stanok nakgaşçylygy.
- Teatr-haşam nakgaşçylygy.
- Filmiň şekillendiriş çözgüdi.
- Monumental nakgaşçylygy.
- Grafika.
- Stanok grafigi.
- Kitap grafigi.
- Plakat grafigi.
- Heýkeltaraşlyk.
- Dizaýn.