TELEFON BELGISI

+993(00322) 2-39-98

SALGYSY

Türkmenistan, Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, N.Andalyp şaýoly, jaý 25

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi



Muzeý Daşoguz welaýat ülkäni öwreniş muzeýi ady bilen, Daşhowuz oblispolkomynyň 1973-nji ýylyň 10-njy dekabryndaky 340-njy karary esasynda döredilip, 1974-nji ýylyň 1-nji iýulynda açyldy. Muzeý ilki başda Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň Düzgünnamasy esasynda hereket etdi.

Muzeýiň işiniň esasy maksatlarynda hem-de wezipelerinde taryhy, medeni ýadygärlikleriň, muzeý ähmiýetli gymmatlyklaryň hasabatyny ýöretmek, gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, ülkäniň taryhy, tebigaty, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen bagly taryhy-medeni, tebigy gymmatlyklary doly toplamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin hünärmenleriň işini guramak, bu işleri muzeý ekspozisiýasynyň üsti bilen ilata wagyz etmek boýunça bellenilen işleri yzygiderli alyp barmak, ylmy-barlag, ylmy aň-bilim, ylmy-usulyýet işlerini geçirmek, ylmy makalalary çap etmek, sowgatlyk önümlerini taýýarlamak, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak baradaky bellenilen işleri amala aşyrmak, ülkäniň çäginde ýerleşýän jemgyýetçilik muzeýlerini we hususy kolleksiýalary hasaba almak we olaryň hereketine gözegçilik etmek, dünýäniň muzeýleri bilen halkara aragatnaşygy bellenilen tertipde ýola goýmak we ösdürmek, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä ýaýmak babatda guramaçylyk-usuly işleri durmuşa geçirmek, gaznadaky muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ilata muzeý hyzmatyny amala aşyrmak ýaly maksatlaýyn çäreler göz öňünde tutulan.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 31-nji iýulynda çykaran 10556 belgili Kararyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň täze binasy guruldy we bina 2011-nji ýylyň 20-nji iýunynda dabaraly açyldy.

Muzeý 3 gatdan ybarat bolup, onda sergi zallarynyň 6-sy bar. Daşoguz welaýatynyň taryhy ýadygärliklerinden tapylan tapyndylary bir ýere jemlemek, olary gorap saklamak we rejeleýiş işlerini geçirmek üçin häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän gaznahanalar, çeper-rejeleýiş we dikeldiş ussahanalary, mahabatlandyryş-neşir işleri üçin enjamlaşdyrylan otag, barlaghana bar. Muzeýde sergiler guralyp, dürli temalar we ugurlar boýunça duşuşyklardyr maslahatlar geçirilýär. Munuň üçin muzeý abzallaşdyrylan wagtlaýyn sergi we mejlisler zaly bilen üpjün edilen.

Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi – bu biziň ýurdumyzyň medeni ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan ýene bir sahypa boldy. Muzeýiň Häzirki zaman zaly, Tebigat, Şekillendiriş sungaty, Taryh, Etnografiýa bölümleri we wagtlaýyn sergiler zaly bar.

Muzeý ekspozisiýasynda bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynyň ykdysady we medeni ösüşi baradaky maglumatlar, welaýatyň taryhy ýerlerinden tapylan muzeý gymmatlyklary, maddy we ruhy gymmatlyklar, tebigata degişli gymmatlyklar, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň seýrek nusgalary jemlenendir. Muzeýde jemi 11 300-den gowrak gymmatlyk goralyp saklanylýar, olaryň içinde has gadymy we sünnälenip dokalan halylar we haly önümleri aýratyn orna eýedir. Muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2451,8 inedördül metre deň. Daşoguz welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli jemi 8 sany döwlet muzeýi bar. Muzeý ekspozisiýasynda bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynyň ykdysady we medeni ösüşi baradaky maglumatlar, welaýatyň taryhy ýerlerinden tapylan muzeý gymmatlyklary, maddy we ruhy gymmatlyklar, tebigata degişli gymmatlyklar, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň seýrek nusgalary jemlenendir. Muzeýde jemi 11 300-den gowrak gymmatlyk goralyp saklanylýar, olaryň içinde has gadymy we sünnälenip dokalan halylar we haly önümleri aýratyn orna eýedir. Muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2451,8 inedördül metre deň. Daşoguz welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli jemi 8 sany döwlet muzeýi bar.