TELEFON BELGISI

+99312 48-25-91

+93312 48-25-93

SALGYSY

Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, jaý 30

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi



1998-nji ýylyň 5-nji ýanwaryndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň 3479-njy Kararyna laýyklykda, ozal hereket eden Türkmenistanyň Taryh we etnografiýa muzeýi hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi birleşdirilip, Türkmenistanyň Milli muzeýi döredilýär we 1998-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Milli muzeýiniň dabaraly açylyşy bolup geçýär. 2005-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özbaşdak hereket edýän döwlet muzeýi hökmünde açylyp, işe girizildi.

Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek we muzeýleriň halkymyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhyny öwrenmegi we muzeý işini kämil usullarda guramagy wezipe edip goýdy.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 8270-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň merkezi binasynyň her gapdalyndan bir sany goşmaça bina, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň hem-de Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň binalarynyň gurluşygyna girişilýär we olaryň gurluşygy 2009-njy ýylyň maý aýynda tamamlanýar. Şundan soňra, Türkmenistanyň Milli muzeýiniň hukuk derejesini ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň muzeýleri üçin bu muzeýiň ylmy-usulyýet merkez bolup işlemegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň 14-nji maýyndan Türkmenistanyň Milli muzeýi Türkmenistanyň Baş milli muzeýi ady bilen hereket edip başlaýar.

2009-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy. Soňky sanlyja ýyllaryň içinde ähli welaýat merkezlerinde ýerli şertler boýunça alnanda iň uly we döwrebap, muzeý işini guramak we alyp barmak üçin niýetlenilen ýörite kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň döredilmegi we onuň ýurdumyzyň ylmy-medeni durmuşyndaky orny Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ýüze çykarmak, öwrenmek, goramak, saklamak we gaýtalanmaýan bu mirasy ýaýratmak boýunça ägirt uly işler kesgitlenildi. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Baş Maksatnamasyna laýyklykda Diýarymyzda durmuş-medeni edaralara degişli bolan desgalaryň giň toplumyny gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanda muzeýleriň täze binalarynyň gurulmagy döwletimiziň medeni mirasyny gorap saklamak üçin zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda ýerleşýän baş muzeýleriň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet muzeýi köpugurly muzeý bolmak bilen, onuň muzeý gaznasy örän baý we muzeý gymmatlyklarynyň gaýtalanmajak nusgalaryna eýedir.