TELEFON BELGISI

993(00422) 3-21-52

SALGYSY

Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, S.Nyýazow şaýoly

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi



Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi ilki başda Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň garamagynda Lebap welaýat muzeýi ady bilen hereket etdi, muzeý 1969-njy ýylda esaslandyryldy. Muzeý öz gaznasyndaky muzeý gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenýär, olaryň ylmy beýanyny we pasportyny düzýär, şol gymmatlyklar bilen bagly mümkin bolan doly maglumatlary toplaýar.

Muzeý öz gaznasynyň gorunyň üstüni ýetirmek üçin halk köpçüliginden muzeý ähmiýetli gymmatlyklary toplaýar. Ýygnalan ýa-da sowgat berlen gymmatlyklary muzeýiň gaznasyna kabul etmek işlerini gazna-zat satyn alyş iş toparynyň gelen netijesi esasynda kesgitleýär we muzeý gaznasyna goşýar. Toplanan gymmatlyklary talaba laýyk resmileşdirmek işi hereket edýän kadalaşdyryjy namalaryň talaplaryna laýyklykda, bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Muzeý tematiki-sergi meýilnamalaryny, ylmy ýazmaçalary, kataloglary, gaznanyň beýanyny, aýratyn esbaplaryň we tutuş ýygyndylaryň ylmy beýanyny düzýär. Lebap welaýatynyň taryhy bilen bagly taslama işlerini, monografiýalary, makalalary, ylmy-ýardam beriji esbaplary (kartalary, shemalary, dioramalary we ş.m.) taýýarlaýar.

Muzeý öz işini beýleki ylmy edaralar bilen sazlaşykly alyp barýar we zerur ýagdaýynda ylmy-barlag işlerini geçirmeklige degişli hünärmenleri işe çekip bilýär. Muzeýiň arheologiki gözlegleri we gazuw-agtaryş işlerini degişli guramalar bilen ylalaşyp geçirmäge we buýurmalar esasynda bu işi guramaga hukugy bar, Lebap welaýatynyň çäginde geçirilýän arheologiýa gazuw-agtaryş işlerine gatnaşýar. Muzeýde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri medeni aň-bilim işleriniň hiliniň gowulandyrylmagyna, muzeý sergi-ekspozisiýa işleriniň derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 21-nji maýynda çykaran 11070 belgili Kararyna laýyklykda, Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde gurlan Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň binasynyň gurluşygy ýerine ýetirilip, muzeýiň täze binasy 2011-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda dabaraly açyldy. Muzeý 3 gatdan ybarat. 1-nji, 2-nji gatlarda sergi zallary ýerleşýär. 3-nji gatda işgärler üçin iş otaglary, kitaphana, okalga zaly bar. Muzeýiň ýerzemininde gaznahanalar, rejeleýiş işlerini geçirmek üçin ussahanalar, barlaghanalar, goragçylaryň enjamlaşdyrylan otaglary ýerleşýär.

Muzeýde sergi zallarynyň 5-si bolup, olardan Häzirki zaman zaly, Arheologiýa zaly we Etnografiýa zaly binanyň 1-nji gatynda, Şekillendiriş sungaty zaly bilen Tebigat zaly binanyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Muzeýde jemi 20 800-den gowrak muzeý gymmatlygy saklanylýar. Muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2261 inedördül metre deň. Lebap welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli jemi 4 sany döwlet muzeýi bar.