TELEFON BELGISI

+993(00522) 4-52-58

SALGYSY

Mary welaýaty, Mary şäheri, Gowşuthan köçesi, jaý 22

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi



Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi 1968-nji ýylda döredildi, muzeý ilki başda Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň garamagynda Mary welaýat birleşen muzeýi ady bilen hereket etdi. Muzeý ýerli şertlerde taryhy, medeni ýadygärlikleriň, muzeý ähmiýetli gymmatlyklaryň hasabatyny ýöretmek, gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär.

Muzeý ülkäniň taryhy, tebigaty, haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen bagly taryhy, medeni, tebigy gymmatlyklary toplamak, olary ylmy taýdan öwrenmek boýunça işleri ýerine ýetirmek üçin hünärmenleriň işini guraýar, bu işleri muzeý sergileriniň üsti bilen ilata wagyz etmek boýunça maksatlaýyn işleri yzygiderli alyp barýar. Ylmy-barlag, ylmy aň-bilim, ylmy-usulyýet işlerini geçirmek, ylmy makalalary çap etmek, sowgatlyk önümlerini taýýarlamak we bellenilen tertipde ilata ýerlemek, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça işleri amala aşyrmagy guraýar.

Muzeý ýerleşýän sebitinde jemgyýetçilik muzeýlerini we hususy kolleksiýalary hasaba almagy we olaryň hereketine gözegçilik etmegi guraýar. Dünýäniň muzeýleri bilen halkara hyzmatdaşlygy bellenilen tertipde ýola goýmak we ösdürmek, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä ýaýmak babatda guramaçylyk-usuly işleri durmuşa geçirýär. Gaznasyndaky muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen ilata muzeý hyzmatyny amala aşyrýar.

Muzeýiň baş wezipesi, taryhy we medeni gymmatlyklary toplamak, gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekden, taryhy we medeni ýadygärlikleri muzeý gaznasyna toplamakdan, hasaba almakdan, gorap saklamakdan we öwrenmekden, muzeýiň ylmy aň-bilim we terbiýeçilik işiniň esasy bolup durýan hereket edýän sergileri döretmekden, işgärleriň hünärini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 12-nji maýyndaky 9817 belgili Kararyna laýyklykda, Mary welaýatynyň merkezinde Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ajaýyp täze binasy guruldy we muzeý 2010-njy ýylyň 15-nji fewralynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Muzeý 3 gatdan ybarat. 1-nji, 2-nji gatlarda sergi zallary ýerleşýär. Muzeýde mejlisler zaly we işgärler üçin iş otaglary, kitaphana, okalga zaly bar. Muzeýiň ýerzemininde gaznahanalar, rejeleýiş işlerini geçirmek üçin ýörite ussahanalar, barlaghanalar, goragçylaryň enjamlaşdyrylan otaglary ýerleşýär. Muzeýde sergi zallarynyň 6-sy bolup, olardan Häzirki zaman zaly, Tebigat zaly, wagtlaýyn sergiler zaly we Şekillendiriş sungaty zaly binanyň 1-nji gatynda, Arheologiýa zaly hem-de Etnografiýa zaly binanyň 2-nji gatynda ýerleşýär. Muzeýiň 7 sany şahamçasy bar.

Muzeýde jemi 55 700-den gowrak muzeý gymmatlygy saklanylýar. Olaryň arasynda Marguş ýurdundan tapylan gadymy Merwiň taryhyna degişli arheologik gymmatlyklar esasy orny eýeleýär, muzeýiň ekspozisiýa meýdany 2873,4 inedördül metre deňdir. Mary welaýatynda ministrligiň garamagyna degişli jemi 8 sany döwlet muzeýi bar.