TELEFON BELGISI

+993 12 37-45-57

SALGYSY

Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bekrewedäki Ýadygärlikler toplumy, Bekrewe ýoly, jaý 71/1

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Watan mukaddesligi muzeýi



Aşgabat şäheriniň Günorta-Günbatarynda ýerleşýän Watan mukaddesligi muzeýi Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýär.

Bu toplumyň gurluşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň “Aşgabat şäherinde ýadygärlikler toplumyny gurmak hakynda” 2012-nji ýylyň 17-nji awgustyndaky 12503-nji kararyna laýyklykda Aşgabat şäher häkimligi bilen “Polimeks” türk kompaniýasynyň arasynda baglaşylan Şertnama laýyklykda ýerine ýetirilip, Watan mukaddesligi muzeýi toplum bilen bilelikde 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda açylyp ulanylmaga berildi.

Watan mukaddesligi muzeýi medeni aň-bilim we ylmy-barlag edarasy bolmak bilen, ýurdumyzyň muzeý ulgamy babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär, ol türkmen halkynyň taryhy geçmişi, Watanyň azatlygy hem-de Garaşsyzlygy ugrundaky söweşlerde görkezilen gahrymançylyklar bilen bagly taryhy we medeni gymmatlyklarynyň döwlet gaznahanasydyr.

Muzeýiň binasy 1 gatdan ybarat bolup, onuň esasy sergi ekspozisiýasy muzeýiň 1-nji gatynda ýerleşýär, muzeýiň ýerzemin gatynda ammar jaýlary we muzeý gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagy üçin niýetlenen gaznahalar bar. Ýokarda bellenilişi ýaly, muzeýiň sergi zallary uly bolan dört bölekden durýar: Gökdepe söweşiniň zaly, bu zalda Beýik Watançylyk urşy bilen bagly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary hem ýerleşdirilen, Aşgabat ýer titremesiniň zaly, Häzirki zaman Aşgabadyň döwrebap binalary, Gökdepe söweşiniň panoramasy.

Muzeýde 1000-e golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar, muzeýde sergi ekspozisiýa işini döretmegiň we kämil usullarda guramagyň tapawutly aýratynlygy, onuň döwrebap tehniki serişdelerinden we maglumat saklaýjy çeşmelerinden, häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan tilsimatlardan ybaratlygydyr.

Muzeýiň işiniň esasy maksatlary taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek, wagyz etmek we dünýä ýaýmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, taryhy we medeni ýadygärlikleri muzeý gaznasyna toplamak, hasaba almak, gorap saklamak we öwrenmek, Gökdepe söweşi, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesi baradaky taryhy, medeni gymmatlyklary, tapyndylary, şekillendiriş sungatynyň eserlerini, fotosuratlary, arhiw resminamalaryny, etnografiki gymmatlyklary, şaý-sepleri, ýaraglary we beýleki medeni-taryhy gymmatlyklary doly toplamak, olary ylmy taýdan öwrenmek hem-de muzeý ekspozisiýasynyň üsti bilen ilata wagyz etmek, muzeýiň ylmy, aň-bilim we terbiýeçilik işiniň esasy bolup durýan ekspozisiýany döretmek, ylmy-barlag, ylmy aň-bilim, ylmy-usulyýet işlerini geçirmek, ylmy makalalary çap etmek, sowgatlyk önümlerini taýýarlamak we bellenilen tertipde ilata ýerlemek, işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak, dünýäniň muzeýleri bilen bellenilen tertipde halkara aragatnaşygy ýola goýmak we ösdürmek, türkmen halkynyň baý mirasyny dünýä ýaýmak bolup durýar. Bu işleriň toplumyny öz wezipeleri hökmünde muzeý hemişelik, tematiki, toparlaýyn we beýleki sergileri guramak, ylmy barlaglary geçirmek, hünärmenleriň iş saparlaryny guramak, muzeý işini ösdürmek boýunça daşary ýurtlaryň kämil iş tejribelerini öwrenmek, daşary ýurtlaryň muzeýleri bilen bellenilen tertipde hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, ylmy we mahabatlandyryş maksady bilen neşir önümlerini taýýarlamak, gaýtadan dikeldiş işlerini amala aşyrmak, tematiki maslahatlary, bäsleşikleri, çekişmeleri, duşuşyklary geçirmek arkaly ýola goýýar.

Muzeýiň binasy 1 gatdan ybarat bolup, onuň esasy sergi ekspozisiýasy muzeýiň 1-nji gatynda ýerleşýär, muzeýiň ýerzemin gatynda ammar jaýlary we muzeý gymmatlyklarynyň goralyp saklanylmagy üçin niýetlenen gaznahanalar bar. Ýokarda bellenilişi ýaly, muzeýiň sergi zallary uly bolan dört bölekden durýar: Gökdepe söweşiniň zaly, bu zalda Beýik Watançylyk urşy bilen bagly Türkmenistanyň we türkmen halkynyň taryhyna degişli muzeý gymmatlyklary hem ýerleşdirilen, Aşgabat ýer titremesiniň zaly, Häzirki zaman Aşgabadyň döwrebap binalary, Gökdepe söweşiniň panoramasy.

Muzeýde 1000-e golaý muzeý gymmatlygy saklanylýar, muzeýde sergi ekspozisiýa işini döretmegiň we kämil usullarda guramagyň tapawutly aýratynlygy, onuň döwrebap tehniki serişdelerinden we maglumat saklaýjy çeşmelerinden, häzirki zaman tehnologiýalara esaslanýan tilsimatlardan ybaratlygydyr.

Watan mukaddesligi muzeýiniň salgysy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Bekrewedäki Ýadygärlikler toplumy, Bekrewe ýoly, jaý 71/1