TELEFON BELGISI

+99312 94-01-64

+99312 94-09-74

SALGYSY

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 78-nji jaýy

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry



Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry (ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatry) 1926-njy ýylda açylan teatr studiýasyny tamamlan ýaşlaryň we çeper höwesjeňleriň güýji bilen 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabrynda Aýtjan Haldurdyýewiň «Galyňsyz» atly spektakly bilen (režissýory A.Awrusin) ilkinji teatr möwsümini açýar. Soňra teatryň döredijilik topary Abdulliniň “Çopan”, Burunow bilen Skibnewskiniň “18 gark edilenler”, “Gara tegmil” ýaly, şol döwrüň türkmen durmuşy barada gürrüň berýän eserleri sahnada goýup, sada zähmetkeş halkyň ünsüni çekmegiň hötdesinden geldi. Bu teatryň ilkinji uçurymlary – Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Suraý Myradowa, Gulluk Hojaýew, Gulkişi Gulmyradow, Sary Garryýew, Ogulgurban Durdyýewa, Gylyç Berdiýew, Galpak Herräýew dagy bu sungatyň ösmegine goşant goşan halypalar boldy. Berdi Kerbabaýew, Ata Gowşudow, Aýtjan Haldurdyýew ilkinji türkmen dramaturglary hökmünde halkymyzyň teatr sungatynda yz galdyrdy. Entek ilkinji kämil türkmen drama teatry döredilmänkä, häzirki Serdar şäheriniň işçiler klubynda, Bäherden, Kaka, Tejen, Gökdepe etraplarynda sahna sungatyny söýüjileriň gurnaklary döredilýär. Bu gurnaklar şol wagtky türkmen teatrynyň döremegine öz täsirini ýetirýär. Şol gurnaklarda işçi Hajy Ataşow tarapyndan ýazylan bir görnüşli sahna eseri, hut Gökdepäniň ýaşlarynyň sahnalaşdyran “Sylaglanan dogruçyllyk” atly spektakly tomaşaçylara ýetirilýär. Ilkibaşda drama eserleriniň ýetmezçiligi zerarly, gurnaga gatnaşyjylar sahna eserlerini köpçülikleýin ýazypdyrlar. Umumy bir wakany içine alýan sahna düzülip, adam sanyna görä gatnaşýanlaryň sany kesgitlenip, her kim öz oýnajak keşbini özi ýazypdyr. Edebi esasy bolmadyk beýle eserler o diýen kämil bolmasa-da, her kimiň öz ukybyna, häsiýetine görä höwesjeňlerde hyjuw döredipdir. Bu bolsa aň gözelliginiň, pikir öwrümleriniň, hyýaly ösüşiň ösmegine, kämilleşmegine getirýär.

Wagtyň geçmegi bilen bu ajaýyp teatr täze sahna eserleri bilen baýlaşyp, ösüşiň belent derejelerine çykýar. Şol döwrüň içinde zehinli artistleriň ussatlygyny ýüze çykaran bu milli türkmen teatry Alty Garlyýew, Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Gylyç Berdiýew, Allanazar Gurbanow dagynyň režissýorlyk ukyplaryny hem açyp, kämil milli režissýorlary ýetişdirdi. Mundan başga-da, özüniň sazly bölüminde wokal aýdymçylary, hory, tansçylary we simfoniki orkestri jemledi hem-de etrap, şäher medeniýet öýleriniň halk we höwesjeň teatrlary üçin zerur hünärmenleri taýýarlady.

Türkmen teatr sungatynyň ussatlary bolan Sabyr Ataýewa, Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gapurowa, Bäşim Rahmanow, Annagurban Esenow, Meret Atahanow, Ata Saryýew dagy 1936-njy ýylda Moskwanyň teatral institutynyň ilkinji türkmen studiýasyny tamamlap, ýurdumyzda teatr sungatynyň kämilleşmegine ägirt uly goşant goşdular. Olar Moskwada okan döwründe hem uly meşhurlyk gazandylar. Bu teatryň ilkinji artistleri türkmen professional teatr sungatynyň gözbaşynda duran halypalardyr. Teatr studiýasyny gutaran ýaş artistleriň we çeper höwesjeňleriň arasynda geljekki meşhur artistler hem režissýorlar bardy.

Ilkinji onýyllyklarda teatryň ýaş artistleri bilen spektakllary Moskwadan çagyrylyp getirilen rus režissýorlary A.Awrusin, A.B.Skibnewskiý, N.L.Horwat, W.Boreýşo taýýarlapdyrlar. Kem-kemden ýerli artistleriň arasyndan saýlanyp, Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Bazar Amanow ýaly türkmen režissýorlary, Garaja Burunow, Ata Gowşudow, Hojanepes Çaryýew ýaly dramaturglar, terjimeçiler teatryň öz içinde dürli wezipelerde işläp, özleriniň ilkinji drama eserlerini teatryň sahnasynyň ýanynda döredip, ösüp ýetişipdiler. Olarүň döreden eserleri birnäçe onýyllyklaryň dowamynda teatrda goýlan iň gowy sahna oýunlary bolup geldi. Ilkinji döwürlerde sahnalaşdyrylan eserleriň aglabasy türkmen obalarynda Sowet häkimiýetiniň guralyşy, galyňa garşy, sowatsyzlyga, sowet häkimiýetini gurmaga päsgel berýän basmaçylara garşy göreş mowzugyna bagyşlanypdy. A.Haldurdyýewiň «Galyňsyz», B.Abdulliniň «Çopan», N.Şestakowyň «Gije obasy», A.Skibnewskiniň «Üç duşman», «Gara tegmil», G.Burunowyň «18 gark edilenler», «Nurbatlar» we beýlekiler şeýle häsiýetli ilkinji dramalardy. Milli professional teatryň kemala gelmeginde, geçen asyryň 30-40-njy ýyllardan başlap çeper döredijiligiň beýik we çylşyrymly nusgalary N.W.Gogolyň «Derňewçi», K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri», Lope de Weganyň «Laurensiýa» ýaly eserleriniň goýulmagy hem teatryň kämilleşmegine gowy täsir edipdir. D.Furmanow bilen S.Poliwanowyň «Gozgalaň», A.Korneýçugyň «Eskadranyň heläk bolmagy», «Platon Kreçet», J.Japarlynyň «1905-nji ýyl» ýaly şol döwür ýörgünli bolan eserler bilen, türkmen ýazyjylary Ş.Kekilowyň, H.Çaryýewiň, M.Gylyjowyň bilelikde ýazan «Garagum çöllerinde» atly uly eseri hem goýlupdyr.

ХХ asyryň soňky onýyllyklarynda teatryň repertuary dünýä meşhur dramaturglaryň dramalaryny, tragediýalaryny, komediýalaryny sahnalaşdyrmagyň hasabyna baýlaşýar, olaryň arasynda W.Şekspiriň «Otello», «Nadaranyň nogtalanyşy», A. Ostrowskiniň «Düşewüntli orun», K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri», N.Gogolyň «Derňewçi», Ž.Molýeriň «Skapeniň mekirligi» hem-de türkmen halkynyň, sebitdäki goňşy halklaryň taryhyndan, şeýle hem folklor eserleriniň esasynda ýazylan «Keýmir kör», «Zöhre-Tahyr», «Baý we batrak», «Söýgi», «Ykbal», «Aýgytly ädim», «Şemşat», «Kümüş gapyrjak», «Allan aganyň maşgalasy», «Çopan ogly», «Murgabyň kenarynda», «Sekizinji hazyna», «Gelinleriň gozgalaňy» ýaly uzak wagtlap sahnada oýnalyp, halk arasynda meşhurlyk gazanan drama eserleri halka ýetirilýär. Şunlukda, Türkmenistanda professional milli teatr sungatynyň döremegi netijesinde türkmen režissýorlarynyň, dramaturglarynyň, artistleriniň täze nesli ösüp ýetişýär. Olaryň arasynda Oraz Hajymyradow, Geldi Seýdiýew, Aman Kömekow, Çary Mommadow, Maşdy Gulmämmedow, Amangeldi Gurbandurdyýew, Ata Alowow, Durdymämmet Oraýew, Baba Annanow, Çary Işangulyýew ýaly režissýorlar, Gara Seýitliýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Towşan Esenowa, Ata Atajanow, Taňryguly Taganow, Güseýin Muhtarow, Aşyr Mämiliýew, Begi Suhanow, Muhammetnur Gurbangylyjow, Nazar Gullaýew ýaly dramaturglar, Nurjemal Söýünowa, Söýün Amangeldiýew, Gylyç Berdiýew, Sabyr Ataýewa, Aga Şyhlyýew, Ata Döwletow, Fahriýa Alyýewa, Täçbibi Gapurowa, Durdy Magtymow, Nurgözel Nagdowa, Baýram Gurbanow, Anna Nazarow, Mama Babaýewa, Nurbibi Gutlyýewa, Gülnabat Samedowa, Hally Täşliýewa, Aman Baýramberdiýew, Ymamguly Durdyýew, Atamyrat Bekmyradow, Baýram Sadykow, Abdylla Ýakubow, Hojanyýazow Sahatow, Hajy Annamämmedow, Akja Jumadurdyýewa, Annamyrat Berdiýew, Bossan Rejebowa, Agamyrat Amanmyradow, Ýelizaweta Garaýewa, Hurma Hajymyradowa, Ýagşymyrat Akyýew, Oraz Arrykow, Oraz Baýramow, Rejepdurdy Hojagulyýew, Gündogdy Hakgyýew, Nurmyrat Annamyradow, Oguldurdy Annakowa, Berdi Aşyrow, Töre Annaberdiýew, Annamyrat Myradow we beýlekiler türkmen teatr sungatynyň ösmegine uly goşant goşdular. Nurmuhammet Keşikow, Nurberdi Allaberdiýew, Gülnabat Aşyrowa, Annamyrat Saparmuhammedow, Nurguly Orazdurdyýew ýaly halypa artistler bolsa häzirki günlerem teatrlarda, dürli medeniýet we bilim ojaklarynda ýaş nesillere halypalyk edýärler.

Sahna sungatynda suratkeşler esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda suratkeşler Haky Allaberdiýew, Baýram Gulmämmedow teatrda zähmet çekdiler. Garaşsyzlyk ýyllary türkmen milli teatr sungatynyň ösmegine giň ýol açdy. Sebitde, şonuň ýaly-da Türkmenistanda halkara teatr festiwallary, duşuşyklary, «Älemgoşar», «Nowruz», “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly halkara teatr festiwallary geçirildi we geçirilýär. Teatr garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen taryhyna, türkmen folklorynyň «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlaryna, folklor gahrymanlaryna, dessanlaryna köp ýüzlendi. Hakyky türkmen milli sahna eserleri döredildi. Görnükli režissýorlaryň, suratkeşleriň, dramaturglaryň, artistleriň täze tapgyry ösüp ýetişdi. «Oguz oýny», «Gala», «Türkmennama» ýaly taryhy eserler sahnalaşdyryldy. 2005-nji ýylyň oktýabr aýynda teatryň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylýar we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 2022-nji ýylyň 24-nji iýunyndaky 146-ö belgili buýrugy bilen «Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatry» diýip atlandyrylýar. Teatryň täze binasynyň 1000 orunlyk tomaşaçylar zaly bolup, dünýä ülňülerine gabat gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemekleri üçin amatly şertleri döredýär. Teatr umumy meýdany 24 877,0 kw. metre barabar bolan, mermer bilen örtülen, özbaşdak administratiw binaly, gök bosket we suw çüwdürimleri bilen abadanlaşdyrylan meýdançaly toplumdyr. Türkmen halkynyň milli teatr sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze öwüşgine eýe boldy, täze basgançaklara çykdy. Has takygy, teatrlarymyz erkin milli aňy kemala getirmegiň münberine öwrüldi. Aň öwrülişiginiň çylşyrymly pursatlarynda sungatyň borjuna düşünen döredijilik işgärleriniň bu hyzmatlaryna Gahryman Arkadagymyz ýokary baha berdi. Teatr işgärleri ýurt Baştutanymyzyň bimöçber maddy hem ruhy goldawynda uly döredijilik ýoluny kemala getirdiler. Hut teatr sahnasynyň kömegi bilen Oguz han atamyzyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Andalybyň, Magtymgulynyň we beýleki birnäçe taryhy şahsyýetlerimiziň anyk, aýdyň keşpleri janlandy. Olar ýakyn, tanyş şahsyýetler, türkmen halky üçin uly işler bitiren, milli ýolumyzy esaslandyran akyldarlar hökmünde biziň düşünjämize ornaşdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň medeni durmuşynyň hemmesine diýen ýaly teatr işgärleriniň ýardamy, gatnaşygy uly. Milli kino sungatynyň, telewideniýäniň we radionyň ösmeginede olar işeňňir gatnaşmagyny dowam etdirýärler. Ýurdumyzda köpçülikleýin medeni çäreleriň, baýramçylyklaryň ýokary derejede, gyzykly, özüne çekiji guralmagynda-da teatr işgärleriniň mynasyp paýy bar. baş akademiki drama teatry soňky ýyllarda hemme babatda kämilleşip, üstünliklere eýe boldy. Teatryň bu günki günde sahnalaşdyrýan eserlerinde Türkmenistanda Berkararlyk zamanynda türkmen halkynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapýar. Türkmen milli medeniýetiniň we sungatynyň ösýändigi, teatr sungatynyň kämilleşýändigi görünýär. Ýurduň teatrlarynda täze-täze eserleri döretjek režissýorlar, suratkeşler, teatr işgärleri, dramaturglar, kompozitorlar ýokary we ýörite orta mekdeplerinde taýýarlanylýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň baş akademiki drama teatrynyň döredijilik topary öz tomaşaçylaryna Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romany esasynda sahnalaşdyrylan «Döwlet guşy» atly halk dramasyny, şeýle hem «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby esasynda «Ýüpek ýoly – ýürek ýoly» atly sahna eserini, K.Aşyrowyň «Bagt kenarynda», ýazyjy A.Durdyýewiň eserleri esasynda ýazylan «Sen söýseň meni» atly gülküli oýunlaryny, dünýä belli dramaturglar W.Şekspiriň «Romeo we Julýetta», A.Çehowyň «Söz aýdyş» («Deň etmän, duş etmez») eserlerini, dünýä we türkmen folklorynyň düýpsüz gaznasy «Gorkut ata» şadessanynyň esasynda ýazylan «Däli Domrul», Reşideddiniň, Salyr Babanyň, Abulgazynyň, Andalybyň eserleri boýunça «Dowamat-dowam», Hoja Nasreddin Ependiniň degişmeleri boýunça K.Aşyrowyň döreden «Ependi ýa-da gülkünç goňşy», A.Wolodiniň «Täsin söýgi», N.Rejebowyň «Dessembil», G.Daňatarowyň «Perwana», A.Gurbannepesowyň «Hindi rowaýaty» ýaly dürli äheňde – röwüşde, dürli döwürde, dünýäniň çar künjeginde dürli awtorlar tarapyndan döredilen eserleri hödürleýär. Şeýle eserleri teatrda köp ýyllаrdan bäri zähmet çekip gelýän Türkmenistanyň halk artistleri Orazgül Abasowa, Enejan Orazmyradowa, Baýrammyrat Kerimow, Welmyrat Amanow, Dursun Ahmedowa, Çaryýar Seýitliýew, Muhammet Bekiýew, Çary Berdiýew, Haýtmyrat Durdyýew, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Tyllagözel Ýakubowa, Oguljan Niýazberdiýewa, Döndi Sapardurdyýewa, Aşyrmuhammet Işangulyýew, Meretmuhammet Ylýasow, Gözel Hajyýewa, Atamyrat Ataýew, Orazgeldi Durdyýew, Sary Saryýew, Maksatmyrat Hydyrow, Jennet Paltaýewa, Çaryguly Hommadow, Maýagül Annaýewa, Gülälek Akmyradowa, Gülşat Tahyrowa, Ýeňiş Ýazmyradow, Aşyrmämmet Ýemşikow, Ejebaý Kasymowa, Amanbibi Abdyrahmanowa, tejribeli artistler Oguljahan Täçgeldiýewa, Selbi Babylowa, Döwran Hojageldiýew, Batyr Çaryýew, Baýramdurdy Rahymow, Aýnabat Silapowa, Azat Didarow, Atajan Annaberdiýew, Täçmämmet Amangulyýew, Şemşat Kasymowa, Dilşat Meläýewa, Sähragül Seýitliýewa, Amanmuhammet Ataýew ýaly ýaş zehinli artistleriň, hem-de tanymal halypa artistleriň uly topary döredýärler.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe teatr muşdaklaryna ruhy lezzet berip, olaryň gözýetimlerini giňeldip, durmuşa, ýaşaýşa bolan düşünjelerini, höweslerini artdyryp halka hyzmat edýän teatr işgärleriniň ümzügi ileri. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň pajarlap ösmegi üçin uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň alkyşynyň çägi ýok.