TELEFON BELGISI

+99312 48-11-43

+99312 48-11-49

SALGYSY

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolynyň 46-njy jaýy.

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
- 09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry



Türkmenistanda Ýaş tomaşaçylar teatry ilkinji gezek 1937-nji ýylda döredildi. 1948-nji ýylda Aşgabatda bolan ýer titremesi zerarly, teatryň binasy tutuşlaýyn ýykyldy hem-de teatr öz işini togtatdy. Teatr 1964-nji ýylyň 14-nji noýabrynda şol wagtky Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky akademiki teatrynyň jaýynda wagtlaýyn öz işine başlady hem-de dramaturg Güseýn Muhtarowyň «Komsomol sözi» atly spektakly bilen nobatdaky möwsümini açdy. 1963-1964-nji ýyllarda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr sungaty döwlet institutynyň studiýasyny tamamlan ýaşlar Ýaş tomaşaçylar teatrynyň ilkinji artistleri boldular. Bu teatryň ilkinji direktory we çeper ýolbaşçysy wezipesine SSSR-iň halk artisti Aman Gulmämmedow bellenildi.

Teatr dürli ýyllarda W.Şekspiriň, J.B.Molýeriň, N.W.Gogolyň, M.Şolohowyň, K.Çapegiň, Ç.Aýtmatowyň, M.Kariliň pýesalaryny sahnalaşdyrýar. Şeýle hem teatrda G.Muhtarowyň «Komsomol sözi», G.Gurbansähedowyň «Hanç», «Meňli», A.Agabaýewiň «Peýkam», A.Nazarowyň «Ökünç», A.Mämiliýewiň we B.Suhanowyň «Sen meniň ömrüm», M.Karimiň «Aý tutulan gijesi», B.Hudaýnazarowyň «Gaýduwsyzlar», M.Gurbangylyjowyň «Mukaddes söýgi», Ç.Aşyrowyň «Ogullaryň takdyry», G.Ezizowyň «Nesiller poemasy», H.Ysmaýylowyň «Meniň ýaşlygym», N.Jumaýewiň «Altyn ýyldyz», H.Durdyýewiň «Skerso», N.Rejebowyň «Gedaý bagşy», H.Meläýewiň «Garagumuň bürgütleri» ýaly onlarça spektakllar goýlup, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Türkmenistanyň halk artistleri Hommat Müllük, Maýa Aýmedowa, Amandurdy Sapardurdyýew, Gulmyrat Agabaýew, Öwez Gelenow, Ogultäç Hanyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Oraz Amangeldiýew, Nury Allaberdiýew, Aşyr Rahmanow, Hurma Isgenderowa, Şirli Mollaýew, Nury Hudaýgulyýew, Akmyrat Arçikow köp ýyllaryň dowamynda bu teatrda işlediler.

1979-njy ýylda Ýaş tomaşaçylar teatryna SSSR-iň halk artisti A.Gulmämmedowyň ady dakylýar.

2001-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynyň binýadynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatry döredildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda teatryň döredijilik işgärleri Ukraina döwletiniň Sewastopol şäherinde geçirilen «Herson» oýunlary» atly, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Gündogar-Günbatar» atly, Polşa döwletiniň «Torg» şäherinde geçirilen «Kontakt — 94» atly, Ukraina döwletiniň Lwow şaherinde geçirilen «Altyn Şir» atly halkara festiwallaryna gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem olar Finlýandiýanyň Mikelli we Espoo şäherlerinde türkmen sahna oýunlary bilen üstünlikli çykyş etdiler.

2005-nji ýylda bolsa, Stambul şäherinde geçirilen «Stambul — teatrlaryň mekany» atly halkara festiwalyna gatnaşyp, baýraga mynasyp boldular hem-de türkmen Tuguny al-asmanda buýsanç bilen parlatdylar.

2006-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Teatryň bu täze binasynyň 200 orunlyk kiçi we 800 orunlyk uly sahnalary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän tehniki enjamlary artistleriň uly mümkinçiliklerden peýdalanyp işlemeklerine giňden ýardam berýär. Teatryň täze binasynyň açylyş dabarasy mynasybetli tomaşaçylar G.Daňatarowyň «Hakydalar ummany» atly spektaklyna tomaşa etdiler.

2001-2012-nji ýyllar aralygynda teatrda 40-dan gowrak spektakl sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara ýetirildi. Olardan N.Rejebowyň «Jahan jomardy», «Hak aşyklar», «Gyrat», «Döwletli döwran geldi», O.Annaýewiň «Gabanjaň gelin», H. Berdiýewiň, M.Mämmetgurbanowyň «Türkmen ruhy», G.Daňatarowyň «Kabyl bilen Habyl», «Täze maşgala», «Aşyk-Peýker», «Yşgyň gämisi kenarda», «Yşk mülküniň şasy», «Hakydalar ummany», «Nusaý söýgüsi», «Süýji durmuşyň gapysy», B.Bäşimowyň «Kime jaý gerek, kime-de taý», G.Kakabaýewiň «Watan hakda üç aýdym», «Ýurt», «Galkynan göwünler», «Gumly gelin» atly spektakllaryny agzamak bolar.

2011-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen «Nowruz» atly halkara festiwalyna teatr G.Daňatarowyň «Kabyl bilen Habyl» atly sahna oýny bilen gatnaşdy. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatry öz oýunlary bilen birnäçe Şa serpaýlaryna mynasyp boldy.