TELEFON BELGISI

+993 12 93 44 80

+993 12 93 44 90

+993 12 93 44 83

SALGYSY

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 115-nji jaýy.

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
13:00
-

”Aşgabat” kinoteatry



”Aşgabat” kinoteatry 2011-nji ýylyň 29-njy iýunynda, hut hormatly Arkadagymyzyň özüniň açyp, ak pata bermegi bilen ulanmaga berildi. «Aşgabat» kinoteatry doly hojalyk hasaplaşygynda duran Döwlet edarasy. Salgysy:Aşgabat ‘şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 115-nji jaýy.

”Aşgabat” kinoteatry Fransiýanyň meşhur «VINCI» kompaniýasy gurup berdi. Umumy tutýan meýdany: 11 365 m2, şol sanda binanyň tutýan meýdany 4 915 m2. «Aşgabat» kinoteatry iki gatdan ybarat bolup durýar. Kinoteatr 2 zaldan ybarat: uly zal 493 orunlyk 2D formatdaky kinozal we 70 orunlyk 3D formatdaky kinozal.


”Aşgabat” kinoteatry Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşigi tarapyndan tassyklanan tertipnama esasynda, kinofilmleri we multifilmleri görkezmek kinoteatryň esasy amala aşyrýan işi bolup durýar. Güniň dowamynda 3 (üç) sany kinofilm görkezmek meýillieşdirilýär olar kinofilmler we multfilmler, Türkmen çeper filmler we daşary ýurt filmleri. Ýylyň dowamynda Türkmen we daşary ýurt filmlerini görkezmek; «2020-nji ýyl Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen bagly duşuşyklar we filmleri görkezmek; Ýylyň başyndan aýagyna çenli çagalar üçin çeper we multfilmlerini görkezmek; Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda geçirilýän Medeniýet günleriniň çäklerinde kinofilmleri görkezmek we kinorežissýorlary, aktýorlary bilen duşuşyklar geçirmek; Döwlet çärelerine bagyşlanan duşuşyklar we baýramçylyk konsertlerini geçirmek meýilleşdirilýär. Täze çykan türkmen filmleriniň önümi «Aşgabat» kinoteatrynda görkezilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşiginde birnäçe artistleriň gatnaşmagynda daşary ýurt filmleri türkmen dilinde terjime edilýär. Şol fimleri kinoteatr tomaşaçylara ýetirýär.



Öwezgeldiýew Resul –direktor, Tel: 863.60-22-90
Nuryýew Nurgeldi -direktoryň orunbasary Tel:66-45-66
Ýegenowa Narsoltan-Petek satyjy Tel:863.15-94-08