Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi iki sany binadan durýar.
Birinjisi Çeperçilik sergiler müdirligi Asudalyk köçesiniň 33-nji jaýynda ýerleşýär. 1963-nji ýylda gurlan. Iki gatdan ybarat. Birinji gatda edara ediş kabinetler we sergi zaly, ikinji gatda bir sergi zaly bar we ýerzemini bar. Ýylyň döwamynda 20 we ondan köp döwlet baýramçylyklary mynasybetli we suratkeşleriň şahsy döredijilik sergileri gurnalýar.
Ikinjisi Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi. Görogly köçesiniň 48-nji jaýynda ýerleşýär. 1952-nji ýylda gurlan. Ol iki gatdan ybarat bolup, dört sany sergi zallaryndan we birnäçe iş kabinetlerden ybarat. Bu ýerde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa sowgat berlen şekilli halylaryň 78 sanysynyň mydamalyk ekspozisiýasy sergilenen.