Türkmenistanyň döwlet sirki
Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanda milli sirk sungatyny ösdürmek, şan-şöhraty bütin dünýä ýaýran ahalteke bedewleriniň, türkmen jigitleriniň gatnaşmagynda sirk sungatynyň dürli ugurlary boýunça tomaşa çärelerini guramak, milli sirkiň medeni derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny gazanmak we ilatyň medeniýetli dynç alyşyny guramagy düýpli gowulandyrmak, geljekde milli sirk sungatyny has-da ösdürjek ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen 2010-njy ýylyň aprel aýynyň 23-inde Türkmenistanyň döwlet sirki täzeden dikeldildi.
Tehniki-üpjünçilik taýdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän sirkiň kaşaň binasy paýtagtymyzyň merkezinde ýerleşýär. Sirkiň esasy merkezi sirk çykyşlaryny görkezmek üçin niýetlenen diametri 13 metr tegelek meýdançadan ybarat bolup, ondan sirkiň iň ýokarky nokadyna çenli aralyk 18 metrdir. Bu meýdançanyň daşynda tomaşaçylar üçin 1 müň 500 adamlyk oturymly ýerler göz öňünde tutulan.
Sirk çykyşlaryny görkezmek üçin türkmeniň genji hazynasy bolan türkmen ahalteke atlary, eldekleşdirilen itler we beýleki haýwanlar peýdalanylýar. Sirkiň her bir tomaşasynda dünýä belli ahalteke bedewleriniň ajaýyp çykyşylary ýörite maksatnama esasynda üstünlikli görkezilýär.