TELEFON BELGISI

+99312 49-26-58

+99312 49-21-00

SALGYSY

Oguzhan köçesiniň 13-nji jaýy.

IŞ WAGTY
duş siş çar pen anna şen ýekş
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
18:00
09:00
13:00
-

“Türkmenistan” kinokonsert merkezi



“Türkmenistan” kinokonsert merkezi2010-njy ýylda fewral aýynyň 09-na Hormatly Prezidentimiz açyp, özüniň ak patasyny berdi. «Türkmenistan» kinokonsert merkezi doly hojalyk hasaplaşygynda duran Döwlet edarasy.

«Türkmenistan» kinokonsert merkezini Türk firmasy «Dogan-aý» firma tarapyndan guruldy. Umumy meýdany 1070.5 m2 ,şol sanda binaň tutýan meýdany 566.12 m2. «Türkmenistan» kinokonsert merkezi üç gatdan ybarat. Bina bir zaldan ybarat: 618 orunlyk 2D formatly zal.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň «Kinowideohyzmat» birleşigi tarapyndan tassyklanan tertipnama esasynda multfilmleri, kinofilmleri, konsertleri, welaýatlarda gurnalýan konsertleri tomaşaçylara görkezmek, mahabatlandyrmak «Türkmenistan» kinokonsert merkeziniň esasy işi bolup durýar. Sişenbeden-Şenbe günleri her gün bir seans kinofilm görkezilýär. Ýekşenbe gününde 5 seans multfilm, kinofilm görkezilýär. Türkmen çeper filmler, daşary ýurt filmler, Hindi çeper filmler görkezilýär. 2020-nji ýyl «Türkmenistan Bitaraplygyň mekany» ýyly bilen bagly duşuşuklary, filmleri, konsertleri, welaýatda gurnaljak konsertleri tomaşaçylara görkezmegi meýilleşdirýäris. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde baýramçylyklara bagyşlanyp täze, dürli estrada aýdymçylar bilen duşuşyk geçirip, konsert gurnalar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we ýurdumyzyň dürli pudaklary bilen bilelikde dürli çäreler geçirilýär. Ýylyň dowamynda welaýatlaryň medeniýet köşklerinde we medeniýet öýlerinde, teatrlarynda estrada aýdymçylar bilen şou konsertler geçirmekligi meýilleşdirilýär. «Kinowideohyzmat» birleşigi tarapyndan daşary ýurt filmleri türkmen diline terjime edilýär, şol filmleri «Türkmenistan» kinokonsert merkezi tomaşaçylara ýetirilýär. «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dürli tagamlar bilen hyzmat edýän «Türkmenistan» kafesi hem ýerleşdirilen, şeýle-de çagalar üçin oýun otagy ýerleşdirilen.

Direktor: Eýeberdiýew Döwran Orazmyradowiç Tel: 863 05-00-50
Petek satyjy kassir: Rozyýewa Nurgözel Tel: 49-26-58; 49-21-00
«Türkmenistan» kinokonsert merkezine 13,73,35,32,69,40,38 belgili awtobuslar gelýär.