logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HER SAHYPA-TÄZE BIR DÜNÝÄ

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistan kinokonsert merkezinde geçirilen Multfilm şüweline «Her sahypa-täze bir dünýä» atly göçme kitap sergisini gurnady. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan çagalaryň söýgüli ertekileri hem-de beýleki neşir önümlerinden ybarat bolan göçme kitap sergimiz çagalaryň biri-biri bilen kitap barada gürrüň etmegine, pikir alyşmagyna mümkinçilik berdi. Çagalary kitap we erteki okamaklyga çekmegiň täsirli ýoly bolan göçme kitap sergisi çagalaryn kitaplara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda örän möhüm orun eýeleýär. Çagalar kitaby diňe eşidip däl, eýsem gözi bilen görüp, eline alyp, sahypalaryny açyp, kitaby duýmak arkaly kitaplara bolan söýgüsini artdyrdylar. Kitaphana hünärmenleri göçme kitap sergimize kitaplar dünýäsi bilen tanyş bolmaga gelen ýaşajyk kitapsöyüjiler bilen ynsanyň durmuşynda kitabyň tutýan orny, gyzykly kitaplary okamaklygyň peýdalary barada täsirli gürrüňleri berdiler. Çärämiziň ahyrynda ýas nesillerimiz özleriniň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
RUHY HAZYNALY DÜRDÄNELER

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň karary esasynda tassyklanan Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy esasynda «Ruhy hazynaly dürdäneler» ady bilen wagyz-nesihat çäräsi geçirildi. Çäräde çykyş edenler kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemläp, Döwlet meýilnamalary arkaly milli elektron kitaphanalar döredilýändigi we onuň hyzmatlary has-da giňeldilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK GUDRATYNDAN GÜÝÇ ALYP, ÝURT ERKANA BEDEW ATLAR AGYNANDA

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk gudratyndan güýç alyp, ýurt erkana bedew atlar agynanda» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüş ýolunyň her tapgyry üstünliklere, şanly wakalara beslenip, şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyzyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy ýurdumyzyň agzybirligini, ruhy bitewiligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada aýtdylar. Mundan başga-da asyrlaryň jümmişine uzaýan taryhy we medeni köklerimiz esasynda ahalteke bedewi türkmen tebigatynda we zähmetsöýer halkymyzyň aýratyn zehininden gözbaş alýandygyny, Ahalteke bedewlerini seýislemek we tebigat bilen sazlaşykly kemala getirmekde pederlerimizden asylly ýörelgeler dowam edip gelýändigi barada bellediler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN–GÖWÜNLERE GANAT BEREN BEDEWLER

Kitaphanalar

23.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–göwünlere ganat beren bedewler» ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişler getirýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ýylymyzyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagy syýasy-jemgyýetçilik taýdan ýokary ähmiýete eýedigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanmyzy ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HYTAÝ ÝAZGYLARYNYŇ SAZLAŞYKLY GÖZELLIGI

Halkara gatnaşyklary

23.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Muňa şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Ýüpek ýoly karnawaly-Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki medeni çäresi aýdyň mysal bolup biler. Bu döwlet ähmiýetli sungat çäresiniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk okuw sapagy geçirildi. Aslyýetinde kalligrafiýa sözi-grekçeden terjime edilende “owadan ýazgy” diýen manyny aňladyp, şekillendiriş sungatynyň özboluşly ugrudyr. Häzirki zamanyň döwrebap kesgitlemesinde bolsa kalligrafiýa «labyzly, sazlaşykly we nepis äheňde nyşanlary bezemek» diýen manyny aňladýar. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilen şu günki ussatlyk sapagynda hem Hytaý medeniýetinde esasy orunda duran hem-de gözellik düşünjelerini özüne siňdirip ösen ýazuw sungatynyň taryhy, onuň inçe usullary barada Şanhaý Halkara Medeniýet assossiasiýasynyň Geňeş agzasy, Şanhaý Sazandalar we Şanhaý Dramaturglar assossiasiýasynyň agzasy Çýen Li giňişleýin gürrüň berdi. Her bir harpyň many-mazmuny, özboluşly aňladyş häsiýeti barada Hytaý halk respublikasynyň Pop saz birleşiginiň agzasy, uly saz mediýa hünärmeni we meýilnamalaşdyryjysy, Şanhaý Uniwersitetiniň we Şanhaý Inženerçilik Ylymlary Uniwerstiteniň professory Sü Biň ussatlyk bilen beýan etdi. Ussatlyk sapagynda her bir harpyň ýazylyş usuly, olary ýazmakda ulanylýan gurallar hem-de reňkleriniň taýýarlanyşy, harplaryň manyly nyşany, çalasynlyk bilen ýerine ýetiriliş usullaryny görkezme sahypalary arkaly Pekin operasynyň aktýory Ýeň Peň Doň görkezdi. Ol bu sapakda talyp ýaşlar bilen bilelikde işledi we her bir haryň ýazylyş usullaryny bilelikde ýerine ýetirdi. Şeýle sapaklar talyp ýaşlarymyza gadymy medeniýetleriň çuňluklaryny içgin öwrenmäge we hat ýazuw sungatlarynyň taryhy ýazylyş usullaryny ele almaga ýardam berýär. _______________________________________ Göwher Saparmyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

No image
KITAP GEÇENI, GELJEGI ÖWREDÝÄN DANA

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” atly kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Şol mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana” atly kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergimize gatnaşan Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplarynda uly täsir galdyrdy. Sergimizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleri öz beýanyny tapýar. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
AŞGABAT SÖWDA WE DYNÇ ALYŞ MERKEZINDE «GYRAT AÝAGYŇ GALDYR, NALYŇ KAKAÝYN» ADY BILEN ÝAZGY EDILDI

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň halypa işgäri “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Maşgalam-baş galam” atly gepleşiginde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärliginde bedewleriň keşbiniň ýerleşdirilmegi dogrusynda ýazgy etdiler. Kitaphana işgäri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurulýan halk bähbitli binalardyr, söwda we dynç alyş merkezleri hakynda täsirli söhbet etdi. Şeýle hem “Aşgabat söwda we dynç alyş merkeziniň” bedew atlarymyzyň nalynyň görnüşinde gurulmagynyň ýene bir ýola türkmen halkynyň ahalteke bedewlerimize goýýan çäksiz hormatynyň nyşanydygy dogrusynda söhbet etdi we türkmen halkynyň buýsançly başyny göge ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
KITAPLAR–TERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

23.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 45-nji çagalar bakja - bagynda “Kitaplar–terbiýäniň gözbaşy” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler we neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Kitap sergisinde ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillere uly üns berilýär. Bu günki gün olaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklyk üçin, watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ägirt uly işleri edýän türkmen halkymyzyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA TÜRKMENISTANYŇ MILLI TOPARYNYŇ MEJLISI

Täzelikler

23.02.2026

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň(ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine garaldy, halkymyzyň milli gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça teklipler bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda milli toparyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, 2026-njy ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi. 2025-nji ýylda ÝUNESKO-nyň hem-de onuň sebit düzümleriniň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň, geňeşmeleriň onlarçasynyň geçirilendigi aýdyldy. Olaryň dowamynda ylym, bilim, medeniýet, ekologiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy. ÝUNESKO we onuň Almaty şäherinde ýerleşýän sebitleýin edarasy tarapyndan geçirilen halkara hem-de sebit maslahatlaryna gatnaşmak üçin daşary ýurtlara saparlar guraldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda milli mirasymyzyň, senetçilik däpleriniň, amaly-haşam sungatynyň dünýäde wagyz edilmegine, sungatyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty netijesinde türkmen jemgyýetiniň ruhy, aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga, milli medeniýetimizi kämilleşdirmäge, taryhy-medeni, tebigy ýadygärliklerimizi goramaga hem-de aýawly saklamaga gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar. Baý medeni mirasymyz halkymyzyň nesilden-nesle geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri bu guramanyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi medeni ýadygärlikleri, tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanýan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär. ______________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
DIALOGA WE YNSANPERWER TAGLYMLARA YGRARLYLYK

Täzelikler

21.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI MASLAHAT GEÇIRILDI 20-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary” atly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy parahatçylyk söýüjiligiň, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň özboluşly nusgasy bolup durýar. Her ýyl Diplomatik işgärleriň gününiň baýram edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy tarapyndan dünýä giňişliginde alnyp barlan giň möçberli işleriň netijelerini jemlemäge mümkinçilik berýär. Bu gün türkmen diplomatiýasy diňe bir döwlet bähbitlerini goramagyň guraly bolman, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň hem möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurdumyzyň diplomatik işgärlerine aýratyn jogapkärçilik ýükleýär. Ählumumy howpsuzlyk arhitekturasynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde döwletimiz “Dialo-parahatçylygyň kepili” filosofiýasyny işjeň ilerledýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç döwletleriň arasynda ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurdumyzyň diplomatik gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýar. Bu ýokary okuw mekdebinde nazary bilimler tejribe bilen utgaşdyrylyp, ol geljekki diplomatlara protokolyň we gepleşikleri geçirmegiň inçe tärlerini özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýaş diplomatlar pederlerimiziň parasatly däplerini, sanly tehnologiýalary we häzirki zaman halkara standartlaryny içgin öwrenýärler. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistan üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar. Guramanyň çäklerinde ýurdumyz ekologiýa, ulag, howpsuzlyk ulgamlarynda köp sanly Kararnamalaryň kabul edilmeginiň öňbaşçysy boldy. Ýurdumyzyň diplomatik gullugy Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak, Aral meselesini çözmek boýunça başlangyçlary işjeň ilerledip, sebitiň ekologiýa gün tertibine dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Bu bolsa döwletimiziň daşary syýasatynyň jogapkärçilikli we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Goňşy döwletler bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi-de wajyp ugur bolup, ol Merkezi Aziýada hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy berkitmäge gönükdirilendir. Türkmen diplomatlary uzak möhletli ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň binýadyny düzýän ýokary derejedäki duşuşyklary guramakda möhüm orny eýeleýärler. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň diplomatik gullugyndan yzygiderli kämilleşmegi we halkara hyzmatdaşlykda täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy talap edýär. Parahatçylyk we ynanyşmak diplomatiýasy Türkmenistany dünýä ýurtlary bilen baglanyşdyrýan köpri bolup hyzmat edýär. _________________________ «Türkmenistan» gazeti