logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ajaýyp döwrümiň gül-gunçalary

Kitaphanalar

16.06.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda Türkmenabat şäheriniň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Lebap welaýat çagalar kitaphanasy “Ajaýyp döwrümiň gül-gunçalary” ady bilen çagalar ertirligi geçirdi. Bu merkezde möwsümiň dowamynda yzygiderli kitap sergilerini guraýarys. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüsini artdyrmak, okaýyşa gyzyklanma döretmegine uly ýardam berýär.

No image
Türkmenistanyň medeni diplomatiýasy

Täzelikler

16.06.2026

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň uly aladalary netijesinde, ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň medeniýet syýasatynyň esasy maksady, döwletiň ruhy kämilliklere eýe bolmagy üçin zerur talaplardan ugur alyp ösýän, özgerýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy, halkymyzyň ruhy derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiz milli medeniýetimizi, sungatymyzy aýawly saklamaga, ösdürmäge, ählitaraplaýyn baýlaşdyrmaga uly üns berip, bu ugurda döwlet derejesinde tutumly işleri amala aşyrýar. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüp-kämilleşmegine saldamly goşant goşan ussatlarymyz döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp bolýar. Her ýyl hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi yglan edilýär we döredijilik işgärleri bäsleşigiň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýarlar. Bäsleşik medeniýet ulgamynyň dürli ugurlarynyň täze döredijilik eserleri bilen üstüniň ýetirilmegine, işleriň kämilleşmegine oňyn täsirini ýetirýär. Munuň şeýledigini bu abraýly bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!», «Çalsana, bagşy!», «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşikleri we ýeňijileriň sylaglanyş dabaralary aýdyň subut edýär. Bu şatlykly wakalar halal zähmetiň bagt mukamy bolup dabaralanýar. «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ulgamy kämil hukuknamasy bilen üpjün etdi hem-de hünärmenleriň halkyň ruhy kämilligini ýokarlandyrmaklarynda, döwrüň talaplaryna laýyklykda işlemekleri üçin giň mümkinçilikleri döretdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni ýurdumyzda dabaraly bellenýär. Medeniýet hepdeligi uly tutumlara beslenip toýlanýar. Hepdeligiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça bäsleşikler, medeni çäreler geçirilýär. Şu ýyl Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň Balkan welaýatynda geçirilýär. Milli medeniýetimiziň depginli ösüşi jemgyýetdäki oňyn özgertmelere öz täsirini ýetirýär. Adamyň jemgyýet, jemgyýetiň bolsa adam üçin jogapkärçiligi medeni ulgamyň hereketini hemişe utgaşdyryp sazlaýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeniýet syýasaty, halkymyzyň özboluşly häsiýeti, ýol-ýörelgesi, däp-dessury bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Eşretli döwrümizde medeniýet, sungat ussatlarymyz diňe ýurdumyzda däl, dünýä döwletlerinde geçirilýän halkara medeni çärelere yzygiderli gatnaşyp, üstünlikli çykyş edýärler. Olaryň çykyşlarynda milli däp-dessurlarymyza, aýratynlyklarymyza, ýol-ýörelgelerimize uly orun berilýär. Häzirki döwürde medeniýet ulgamynyň işi döwrebaplaşdyrylyp kämilleşdirilýär. Döwlet çärelerinde we dabaralarynda döwrebap tehnologiýalaryň hyzmatyndan peýdalanylmagy dabaralara täzeçe öwüşgin çaýyp, özboluşly bezeg berýär. Diýarymyzda giňden bellenýän toý-baýramlarymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, internet-saýtlary arkaly dünýä jemgyýetçiligine, halkymyza tiz ýetirilýär. Ýurdumyzyň milli medeni mirasynyň ençemesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň, Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň hataryna girizildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä döwletlerinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň, ýurdumyzda daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Her bir halkyň medeniýeti, sungaty, şol halkyň ruhy derejesi bilen ýüzbe-ýüz edýär. Ruhy ýakynlyk halklary ysnyşykly gatnaşyklara atarýar. Ysnyşykly gatnaşyklar bolsa doganlyk gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Halklary ruhy ýakynlyga eýe edýän medeniýet, sungat doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän güýç bolup hyzmat edýär. Milli medeniýet, onuň däp-dessurlary, ýörelgeleri türkmen halkynyň ýaşaýşynyň esasyny düzýär. Halkyň ruhy, göwher daşy ýaly, asyrlaryň dowamynda medeniýetiň jümmüşinde has berkäp, sünnälenip, ajaýyp edebi we sungat nusgalarynyň ençemesini peşgeş beren halk döredijiliginde beýanyny tapýar. Medeniýetde, sungatda milletiň ruhy dünýäsi, özboluşly aýratynlygy, halkyň düşünjeliligini, etniki bitewiligini kemala getirýän ýörelgeler şöhlelendirilýär. Şoňa görä-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz halkymyzyň buýsanjyna, şöhratyna öwrülen baý medeni mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň, wagyz edilmeginiň möhümdigine, şeýle hem täze medeni, ruhy gymmatlyklary döretmäge ukyply, täzeçe pikirlenmegi başarýan we döredýän döredijilik işgärleriniň zerurlygyna ünsi çekýär. Çünki halkymyzyň ýaşaýşynyň aýrylmaz bölegi bolan milli medeniýet diňe täze sepgitlere ýetmek arkaly müdimilige eýe bolýar. Ýeri gelende bellesek, medeniýet diplomatiýasy döwletiň daşary syýasatynda dostlugyň has-da pugtalandyrylmagyna, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hyzmat etmek bilen, bütindünýä medeni siwilizasiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup, adamzadyň ruhy durmuşyndaky oňyn özgertmeleri açyp görkezýär. Ýurdumyz goňşy we dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde medeni ugra uly ähmiýet berýär. Eziz Watanymyzda geçirilýän halkara maslahatlar, festiwallar Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň has çuňňur prinsipinden ugur alýandygyna, parahatçylyk söýüji syýasatynda esasy ýörelgesine öwürýändigine güwä geçýär. Parahatçylyk söýüji, hoşniýetli Bitaraplyk syýasaty ýurdumyzy dünýä döwletleriniň arasynda uly halkara abraýyna eýe edýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Türkiýäniň «Tiyatro» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde guran, TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň teatr işgärlerini dürli ugurlar boýunça halkara baýragy bilen sylaglamak dabarasynda «Iň gowy erkek keşbi üçin» baýragyna Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýewiň mynasyp bolmagy, TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan geçirilen «Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky kino günleriniň» çäginde, «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Kompozitor» atly çeper filmine, bu Guramanyň ýörite baýraklarynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda, «Ýüpek ýoly karnawaly – Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki konsertiň, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan Daşoguz welaýat kitaphanasynda döredijilik innowasiýa sergi-ýarmarkasynyň geçirilmegi, Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde gurnalan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergisi, Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan guralan çärä gatnaşylmagy, ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersiteti bilen bilelikde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen bilelikde, gadymy Änewiň demirgazyk we günorta depelerinde arheologik gazuw-agtaryş işlerini dowam etmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, Jorj Waşington uniwersitetiniň uly ylmy işgäri, arheolog, doktor Fredrik Hibert bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygynyň duşuşygynyň geçirilmegi, fransuz pianisti Kristian Fonluptyň türkmen sazandalary bilen bilelikdäki konserti, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde, Türkiýäniň Telewideniýe we radio guramasy (TRT) tarapyndan geçirilen 48-nji «Halkara çagalar festiwalyna» «Jahan» döredijilik toparynyň gatnaşyp üstünlikli çykyş etmegi, Özbegistan Respublikasynyň Hywa şäherinde geçirilen «Lazgi» halkara tans festiwalynda täsirli çykyşlaryň edilmegi medeniýetiň, sungatyň halklaryň arasyndaky dostluk köprüsidigini ýene bir gezek ykrar edýär. Edebi mirasy halkara derejesinde sarpalanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Tebigatymyzyň gözelliklerini, adamzat gymmatlyklaryny şygyrlaryna siňdiren şahyryň hormatyna ýadygärligiň oturdylmagy, halkymyzyň söz ussadyna goýýan gymmaty egsilmejek sarpasydyr. Akyldaryň köptaraply döredijiligi ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine ygrarlylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Biz dünýäde dost-doganlygy dabaralandyrýan medeniýetimizde, sungatymyzda, edebiýatymyzda aýdyň geljegimiziň rowaçly ýoluny görýäris. Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň has-da gülläp ösüp, dünýä ýaýylmagynda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin! Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
“ÇEPER DÖREDIJILIGIŇ MILLI TEJRIBESI” ATLY DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Muzeýler

16.06.2026

Halkymyzyň zähmetsöýerligi, çeper döredijilige bolan ukyby, gözellikleri döretmäge bolan islegi türkmeniň kämil ussatlygyny äleme ýaýdy. Hut şonuň üçin zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan halk ussaçylygy ösüp kämil derejelere ýetdi. Häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda halk çeper döredijiligi bilen meşgullanýan ussalaryň kämil önümleri öndürmegi, ussaçylygyň halk tejribesini has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek babatda 2017-nji ýylyň 15-nji aprelindäki Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň halk çeper döredijilik işini kämilleşdirmek hakyndaky” Karary möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň özi ussalaryň çekýän döredijilikli zähmetiniň döwlet tarapyndan goldanylýandygynyň, olaryň kämil önümleri taýýarlamagy üçin ähli şertleriň döredilýändiginiň aýdyň mysalydyr. “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýilişi ýaly has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýyl “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly atlar dakylýar. Hut şol maksatdan ugur alyp, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Çeper döredijiligiň milli tejribesi” atly döredijilik duşuşygy geçirildi we Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlardan hödürlenen aýratyn tapawutlanyp işleýän ussalara “Çeper döredijiligiň halk ussasynyň” Şahadatnamalary gowşuryldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär kätibi Ç. Rüstemowa, Aşgabat şäherinden we welaýatlardan “Çeper döredijiligiň halk ussasy” adyna eýe bolan ussalar, senetkärler hem-de medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň çäginde halyçylyk, zergärçilik, keşdeçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk sungaty, agaç ussaçylygy, keçe basmak senetçiligi barada gyzykly çykyşlar edildi, milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Bizem halal zähmeti bilen tanalýan, “Çeper döredijiligiň halk ussasy” diýen hormatly ada eýe bolan ussalarymyzy, senetkärlerimizi tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, ýurdumyzyň ussalarynyň çekýän çeper döredijilik işine badalga berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän aladalary hemişe rowaçlyklara beslensin. Ussalarymyza bolsa mundan beýläk hem döredijilikli zähmet çekmegi arzuw edýäris. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

No image
Kitap biziň dostumyzdyr

Kitaphanalar

16.06.2026

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri bilen bilelikde çagajyklarymyzyň iň gelim gidimli ýeri bolan Aşgabat seýilgähimizde “Kitap biziň dostumyzdyr” ady bilen Aşgabat teleýaýlymyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşajyk çagalara kitap bilen dostlaşmagyň nähili gymmatlydygyny bellenilip geçildi. Çagajyklara gyzykly ertekilerdir,rowaýatlary okap gürrüň berildi. Soňra bolsa çagalara kitap okasaň özüňi dünýäni açyp görkezýänligi barada aýdylyp geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşajyk nesillerimiz özlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Milli sungatymyz ýaş sungaty öwrenijileriň gözi bilen

Täzelikler

16.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sungatyny ylmy taýdan öwrenmegine, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň höweslendirilmegine giň şertler döredilýär. 2026-njy ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyplarynyň diplom goragy üstünlikli geçdi. Ýaş sungaty öwrenijiler saýlap alan temalaryň derwaýyslygy olaryň çuňňur gözleg işlerini we seljeriş ukyplylygyny görkezýär. Bu diplom işler milli sungatyň we medeniýetiň ösüşine öz goşandyny goşýar. Sungaty öwrenijiler Sülgün Saýylowanyň, Bägül Annadurdyýewanyň diplom işlerinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynyň çeper bezegine, çaý medeniýetiniň däplerine syn berlip, ajaýyp sungat eserleriň türkmen halkynyň taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, milli gymmatlyklary bilen berk baglydygyny bellenilýär. Çünki alym Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary ýol-ýörelgämizdir, geljegimiziň şamçyragydyr. Ýurdumyzyň muzeý gaznalarynda saklanylýan sungat eserlerini ylmy taýdan öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Ýaş sungaty öwrenijiler Ýalkap Sähedowyň «Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň şekillendiriş sungaty ýygyndysy» we Nurana Sähetgeldiýewanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiň hazynasy – dost-doganlyk köprüsi» atly diplom işlerinde muzeý gymmatlyklary çeperçilik taýdan öwrenilip, olaryň taryhy ähmiýetine täzeçe baha berilýär. Bu bolsa ylmy gözlegleriň we muzeý tejribesiniň arabaglanyşygyny görkezýär we milli mirasymyzy gorap saklamagyň hem-de wagyz etmegiň wajyplygyny belleýär. Amangül Goçmyradowanyň «Gahryman Goçmyradowyň döredijiliginde filosofik garaýyşlar», Aýbibi Çaryýewanyň «Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýedinazar Madatowyň döredijilik mirasy», Mahym Meredowanyň «Portret nakgaşlygynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň orny», Sähragül Baýryýewanyň «Balkan welaýatynyň suratkeşi Nazmämmet Satlykgulyýewiň döredijiligi», Bägül Hojanyýazowanyň «Mary suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň nakgaşlygy» atly diplom işlerinde türkmen sungatynyň taryhynda uly yz galdyran halypa ussatlaryň we döwrebap suratkeşleriň ömri we döredijilik gözlegleri, häzirki zaman sungatynyň ösüş ýollary yzygiderli seljerilýär. Ýaşlar halypa we ýaş suratkeşleriň dünýäsine aralaşyp, milli çeperçilik mirasyna degişli maglumatlary beýan etmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Akgözel Sahatmyradowanyň «Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bagtyýar çagalar dünýäsi» atly tema ýüzlenip, çagalaryň durmuşyny we keşbini beýan edýän nakgaş we heýkel eserleriň many-mazmunyny we çeperçilik özboluşlylygyny açyp görkezýär. Serwi Gurbanberdiýewanyň diplom işinde bolsa Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynda bedew waspynyň şöhlelendirilişine syn berilýär. Türkmenistanyň nakgaşlygynda dürli çeperçilik akymlarynyň täsirini öwrenen Annagül Bagtyýarowa deňeşdiriş seljermeleriň mysalynda dünýä sungatyndaky stilleriň aýratynlyklary, usullary barada beýan edýär. Gülşen Berdiýewanyň diplom işi Türkmenistanyň nakgaşlygynda Hazar deňziniň gözel keşbine bagyşlanyp, suwuň ähmiýetini suratlandyrýan çeper keşplerden başlap, häzirki zaman türkmen suratkeşleriniň döredijiliginde deňziň wasp edilişi sungaty öwreniş nazary esasynda beýan edilýär. Binagärlik sungatynyň özboluşlylygy we döwrebap şähergurluşygy Ogulsona Öwezmyradowanyň «Arkadag şäheri – döwrebap binagärligiň nusgasy», Jennet Kakabaýewanyň «Gündogar halklarynyň öý gurluşygynyň milli däpleri», Şirmyrat Kerimowyň «Aşgabat şäheriniň medeni we jemgyýetçilik binalaryň çeper bezegi (XXI asyr)» atly diplom işlerinde beýan edilýär. Aýjan Astanowanyň «Sagatlaryň taryhy we çeperçilik bezegleriniň aýratynlyklary» atly temasynda diňe bir taryhy maglumatlary, muzeý gymmatlyklary däl-de, eýsem, häzirki zaman türkmen dizaýnerleriniň, zergärleriniň döredijiligine degişli eserleri barada ylmy garaýyşlar bar. Şemşat Kadyrowa Türkmenistanyň nakgaşlygynda binagärlik ýadygärlikleriň çeper beýan edilişini öwrenip, olaryň taryhy we çeperçilik ähmiýetini wasp edýän eserlerine sungaty öwrenijilik nazaryýeti taýdan baha berdi. Bu bolsa ýaş sungaty öwrenijiniň ylmy gözlegler bilen medeni mirasymyzy wagyz etmek işlerine uly goşantdyr. Gülabat Gadamowanyň «Garaşsyz Türkmenistanyň şekilli halylaryň çeper çözgüdi» atly diplom işi döwrebap türkmen halyçylygynda şekilli halylarda beýan edilýän ýordumlaryň we şekilleriň aýratynlyklaryny muzeý gymmatlyklaryň, şahsy ýygyndylaryň mysalynda syn berýär we olaryň taryhy hem-de estetiki ähmiýetini açyp görkezýär. Ýaş sungaty öwrenijiler häzirki zaman tehnologiýalardan peýdalanyp, çykyşlaryň dowamynda diplom işleriň temasy barada taýýarlanylan täsirli prezentasiýalary we wideoşekilleri görkezdiler. Bu bolsa olaryň çykyşlaryny has düşnükli we gyzykly etmäge mümkinçilik berdi. Diplom goragyna tanymal suratkeşleriň, binagärleriň, alymlaryň, muzeý işgärleriň, mugallymlaryň gatnaşmagy bu synagyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, tejribeli synçylaryň ýaşlaryň işlerine baha bermegi geljekki sungaty öwrenijileriň zehininiň açylmagyna we täze ýörelgeleriň döremegine ýardam berdi. Jeren BALTAÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy

No image
Halklaryň ruhy baýlygy

Kitaphanalar

15.06.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda, goňşy we beýleki ýurtlar bilen medeni-ynsanperwerlik ugurlar boýunça gatnaşyklary has-da ösdürýär. Taryhy döwrümizde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, birek-birege hormat goýmak esasynda yzygiderli ösdürilýär. Muňa golaýda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynda geçirilen Medeniýet günleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ýerde türkmen medeniýetiniň, sungatynyň naýbaşy nusgalary bolan milli gymmatlyklarymyz giňden ýaýbaňlandyryldy. Islendik döwletiň ykdysady kuwwaty, şol döwletiň ylymdyr bilime, kitapdyr kitaphanalara berýän ünsünde aýdyň görünýär. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Medeniýet günleriniň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň «Библиотека иностранной литературы» kitaphanasyna türkmen wekilleri baryp, kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler babatda söhbetdeş boldular. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleriniň rus diline terjime edilen kitaplary sowgat berildi. Olar hem, öz gezeklerinde kitaphanalarynyň adyndan «Книжные памятники в аспекте сохранности» atly kitaby sowgat berdiler. Halk arasyndaky «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen nakyla eýerip, bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur manyly eserleri dünýä ýüzüne ýaň salýar. Ajaýyp döwürde, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyz üçin dünýäniň ähli künjeklerinde, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmagymyza ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, amala aşyrýan döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

No image
Dutarym

Edebiýat älemi

15.06.2026

Gözbaşyny alyp, çuň gadymyýetden, Ägirtleň elinde saýran dutarym. Kirişde gürledip, heňňamlaň syryn, Şahandaz kalplara ornan dutarym. --- Süňňüne siňdirip, sazlaň lemmerin, Aşyk Aýdyň Piriň, Baba Gammaryň. Taraşlap, suwlaryň lummur-lummuryn, Ýürekden-ýürege ýaýan dutarym. --- Garajaoglanyň söýgi kelamyn, Magtymgulyň mahbubyna sowalyn. Saýlap çäç, harpygyn, sazly ummanyň, Guwwaslaň tilinde sözlän dutarym. --- Gönübegiň ellerinde taplanyp, «Gökdepe mukamyn» taryha salyp. Şükür bagşyň ýeňşin owazlandyryp, Parahat ýaşaýşy ündän dutarym. --- Dessana heň berip, Pälwan elinde, Bilbile öwrülip, Sahy dilinde. Nagyş deý keşdelän, sazyn köňülde, Asyrdan-asyra rowan dutarym. --- Galkynyp, döwrebap oba-şährinden, Ylhamlanyp, bagtly Oguz ählinden. Pederleriň paýhasyndan,pähminden, Owazasy dünýä ýaýran dutarym. --- **Saz ojagy** --- Geçmişi şöhratly Oguz iliniň, Waspyny belentden söýleden sazda. Çöşläp syryn ymgyr sähra, çölüniň, Sessiz sonarlygy gürleden tarda. --- Ýere çuň kök uran daragt deýin, Getirdiň kemala sazanda nesliň. Heňe püre-pürläp süňňüni seriň, Jahana tanatdyň, şahandaz aslyň. --- Ençe ýyl geçse-de, şine uranyňa, Owazlaryň kimin kalbyň nowjuwan. Pasyl çalyşsa-da, göwnüň gojalman. Ümzügiň nurana geljege rowan. --- Goýnuňda gülledip, zehin daragtyn, Uçurymlaň düzdi, sungatyň sepin. Bezäp müdimilik taryhyň gatyn, Döwüre ses goşýar şägirt, halypaň. --- **Miwe BEKMYRADOWA, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr.**

No image
Çaga kalbynyň owazy

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy “Çaga kalbynyň owazy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitabyň gymmaty we adamlaryň durmuşynda tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de bagtyýar körpelerimiz durmuşymyzyň parahatçylygyny, asudalygyny wasp edýän aýdymdyr goşgulary aýtdylar. Bagtyýarlyga beslenýän häzirki döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde, geljegimiz bolan körpeleriň bagtyýar durmuşda gülüp-oýnap ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Bu işleriň netijesinde biz her bir ojakda bagtyýar çagalaryň bagtdan joşýan kalplarynyň owazynyň-şadyýan gülküleriniň şaýady bolýarys. Bu biziň her birimizi guwandyrýar. Şeýle ajaýyp durmuşyň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Arkadag teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş sagaldyş merkezinde “Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Ýaş nesilleriň gelejegi üçin, olaryň bagtly, bagtyýar çagalyk geçirmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýän ýurdumyzda çagalaryň päk arzuwlary myrat tapýar. Biz kitaphanaçylar hem ýaş nesillerimizde kitaba bolan höwesi artdyrmak maksady bilen kitap sergileri gurnap, çagalar bilen ýakyn gatnaşykda bolýarys. Kitapdaky ertekileriň gahrymanlaryny, olaryň terbiýeçilik ähmiýetini giňişleýin düşündirýäris. Biziň döwletimiz hakykatdanam, bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy. Berk bedenli sagdyn ruhly ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.

No image
Ylym – ýagty geljegiň çyragy

Kitaphanalar

15.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Ylym – ýagty geljegiň çyragy ” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlikde ylym-bilim ulgamyny, hususan-da, häzirki innowasiýalar we ösüş eýýamynda döwletiň öňünde durýan meseleleriň oňyn çözülmegini üpjün etmek wezipesi duran giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi hakynda şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi hakynda giňişleýin söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ylym-bilim ulgamyny, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan giň möçberli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.