logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ertekileriň jadyly dünýäsi

Kitaphanalar

07.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Altyn Sümmül” çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekileriň jadyly dünýäsi» ady bilen çeper okaýyş geçirildi. Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň özenidigi, çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşykly birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriň birnäçesinden okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Biz ertekileri suratlandyrýarys

Kitaphanalar

07.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Çynar” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly surat çekmek boýunça bäsleşik geçirildi. Ýaş nesiller özleriniň çeken suratlarynda gözel tebigatymyzy, ajaýyp döwrümizi we okan ertekileriniň gahrymanlaryny ussatlyk bilen suratlandyrdylar. Bäsleşikde guwandyryjy netijeleri gazanan çagalar, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusunda kitaphana hünärmeni hem täsirli gürrüňleri berdi. Bäsleşigimiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň sagdyn ösmegi, şadyýan dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Zehinli çagalar

Kitaphanalar

07.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem-de Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen bilelikde tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen “Zehinli çagalar” ady bilen bäş tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda türkmen dili, edebiýat, matematika dersleri şeýle-de türkmen halk ertekileri, suratlar esasynda düzülen dürli şertler boýunça toparlar özara ýaryşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşligi tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Bäsleşigiň ahyrynda nesil hakynda uly aladalar edýän, olaryň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagy, dynç alyş möwsümini gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Mämmetweli Kemine hakynda söhbet

Kitaphanalar

07.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Mämmetweli Keminäniň ömri we döredijiligi hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Kemine şahyryň goşgularynyň köp dürliligi , şeýle hem onuň aýdym bolan şygyrlary dogrusynda söhbet etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda edebiýat äleminiň şahsyýetleriniň edebi mekdebini, ýol-ýörelgelerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet kitaphanasynda ýazyjy–şahyrlarymyza bagyşlap edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Ýaş neslimiziň edebiýat äleminiň ussatlarynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşmaklary üçin kitap sergileri gurnalýar. Medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
Pähimler we nakyllar

Kitaphanalar

07.07.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde kitaphanaçylar türkmen nakyllarynyň käbirlerine düşündiriş berdiler. Türkmen halk nakyllary- asyrlaryň dowamynda pederlerimiziň durmuş tejribesinden, pähim-paýhasyndan dörän gysga we çuňňur manyly durnukly söz düzümleridir. Olar geljekki nesilleri terbiýelemekde, olara durmuş ýoluny görkezmekde we halkyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda uly terbiýeçilik ähmiýetine eýedir. Türkmen nakyllarynyň iň baý ýygyndysy Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen “Paýhas çeşmesi” kitabynda jemlenendir. Bu nakyllar dürli ugurlar boýunça bolup, ösüp gelýän ýaş neslimizi terbiýelemekde ähmiýeti örän uludyr. Ine şular dogrusynda çykyş edenler söhbet etdiler. Maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Türkmenistan–bagtyýar çagalaryň ýurdy

Kitaphanalar

06.07.2026

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde ýaş neslimiziň tomusky dynç alyş möwsümi we boş wagtlary kitaphanalarda öz bilimlerini çuňlaşdyryp, gözýetimini giňeltýändikleri dogrusynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Mundan başga-da çykyş edenler Gökderedäki çagalar we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan bagtyýar çagalaryň arasynda kitap okamak boýunça bäsleşikleriň, söhbetdeşlikleriň geçirilýändigini, göçme kitap sergilerini gurnaýandyklaryny, bu kitap sergileriň üsti bilen çagalaryň ruhy dünýäsini baýlaşdyryp, olary Watana wepaly ýaşlar edip terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ajaýyp ýurdumyzda ýaşap, halal zähmet çekmegimiz üçin, şeýlede ýaş neslimiz hakynda edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Söz mülküniň bossany

Kitaphanalar

06.07.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň döredijilik topary bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň many-mazmuny, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, gadymy ýadygärliklerini, dünýä ýurtlary bilen söwda aragatnaşyklaryny ýaşlara giňişleýin wagyz etmek maksady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga kitaphananyň hünärmenleri, ýazyjy-şahyrlar, medeniýet hem-de sungat ussatlary, halypa mugallymlar gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy, gadymy galalar, ýadygärlikler, olar baradaky rowaýatlar barada täsirli gürrüňler edildi. Kitaphananyň gurnan sergisi duşuşyga gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleri hem-de taryhy ýadygärliklerimiz baradaky dürli neşirler orun aldy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ýadygärliklerimizi ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Sähra meňzeş şahyr

Kitaphanalar

06.07.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri atly çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtlaryny hoş geçirýän çagalar bilen şahyr Halyl Kulyýewiň “Sähra meňzeş şahyr” atly ady bilen şahyr Halyl Kulyýewiň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda şahyr Halyl Kulyýewiň şygyrýetini baharyň bütin barlygyny özüne siňdirip, şahyrana bahary kemala getiren döredijilikdir, şypalydyr, şirindir, diýip muny diňe bahar hakyndaky goşgulary däl-de, eýsem, şahyryň bahar tebigatyna dahylly bolmadyk şygyrlaryny, tutuş şahyrlyk labzyny nazara alyp aýtdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwletimiz tarapyndan mähirli aladalar bilen gurşalan ýaş nesillerimiz özlerine baky bagtyýarlygy bagyşlan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.

No image
Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy

Kitaphanalar

06.07.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenabat şäher komiteti we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Watan – biziň başymyzyň penasy, Watan – nesilleriň ýürek senasy” atly brifing geçirildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlyklarynda bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurup we döredip, innowasiýalary özleşdirip, ösüş ýoly bilen öňe barýar. Gelejege nurana gapylary açýan şol ýollarda ýaşlara uly orun degişlidir. Watan mukaddesligine düşünip, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize buýsanýan hem-de nurana geljegimize ynanýan ýaşlar ýurduň geljegidir. Bu barada Hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar–Watanyň daýanjy” atly ilkinji kitabynda aýratyn nygtap, ýurdumyzyň häzirki wagtda dürli ugurlarda alyp barýan işlerine ýokary baha berýär. Çärä gatnaşyjylar gyzykly we täsirli çykyşlar etdiler. Şeýle bagta ýetiren Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan her bir tutumly işleriniň rowaçly menzillere rowana bolmagyny arzuw etdiler.

No image
Halypa sarpasy

Kitaphanalar

03.07.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkezinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň baý ruhy mirasyna, aýratyn-da nusgawy edebiýatyna uly sarpa goýýandygy, söz ussatlarynyň döredijiliginiň ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigi barada söhbet etdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň birnäçe eserleri ýazandygy, şol eserleriň dürli ýaşly okyjylara niýetlenip, olaryň birnäçesiniň daşary ýurt dillerine terjime edilendigi we dürli halklaryň okyjylary tarapyndan gyzgyn garşylanandygy hakynda giňişleýin durup geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy sazlaşykly ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.