logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GÜNEŞ MENIŇ ŽURNALYM

Kitaphanalar

15.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş günlerini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygymyza myhman bolup çagalaryň söýgüli neşiri bolan «Güneş» žurnalynyň suratkeşi Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Döwlet Akyýew hem gatnaşdy. Suratkeş ýaş nesillere surat çekmekligiň inçe ýollary barada we «Güneş» žurnalyň her sanynda ýerleşdirýän suratlarynda körpeleriň söýgisini gazanmakda yhlasly zähmet çekmekligiň ähmiýeti hakynda täsirli gürrüňleri berdi. Aýratynda ertekileriň gahrymanlaryny surata geçirmeklikde gyzykly gürrüňleri berip çagalar bilen sorag-jogap alyşdy. Bu hem halypa-şägirtlik mekdebine aýratyn ähmiýet berilýän häzirki döwrümizde duşuşyga gatnaşan ýaş nesillerde aýratyn täsir galdyrdy. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar sungatymyza, medeniýetimize aýratyn sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS–YNSAN KALBYNYŇ NURYDYR

Kitaphanalar

14.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Milli miras–ynsan kalbynyň nurydyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan, dana pederlerimizden bize miras galan milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekgi nesillere ýetirmek döwrüň derwaýyslygy, nusgalyk gözelligi, ajaýyplygy, nepisligi bilen dünýä meşhur gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de mähriban halkymyzyň ýer ýüzüne türkmen adyny dünýä ýaýmakda esasy orny eýeleýän milli mirasymyzy, asylly ýol-ýörelgelerimizi kämilleşdirmekde, pederlerimizden gelýän milli däp-dessurlarymyzy dikeltmekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenip, halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI IŇ AJAÝYP SENADYR

Kitaphanalar

14.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde ýaşajyk okyjylarynyň gatnaşmagynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, ylymly-bilimli kämil nesil bolup kemala gelmeklerinde alynyp barylýan ajaýyp işler dogrusunda buýsançly gürrüňler edildi. Ýaşajyk okyjylarymyz hem galkynyşly, özgerişli zamanamyzy wasp edýän goşgulary ýatdan, labyzly ýerine ýetirdiler. Baky Bitaraplygymyzyň giňden toýlanylýan 30 ýyllyk şanly toýyna kitaphanamyzda meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işler barada hem söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesillerimiziň baky bagtyýarlygyny üpjün etmeklikde durmuşa geçirilýän uly tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

13.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşginiň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly bilen» ady bilen gürrüň geçirildi. Çärede çykyş edenler Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynyň bitaraplyk ýörelgesi we Milletler Birleşiginiň işi bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy abadançylygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi nazarlaýandygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň gabat gelmegi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň nyşanynyň merkezinde ýaşyl Tugumyzyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagynyň şekillendirilmegi ýurdumyzyň abraýly halkara gurama bilen oňyn hyzmatdaşlyga esaslanýan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklaryndan habar berýändigi barada gürrüň etdiler. Şeýle-de gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinden birnäçe rowaýatlar aýtdylar. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda parahatçylygyň, asudalygyň, jebisligiň höküm sürmegi ugrunda beýik işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ZENAN PAÝHASYNYŇ DABARALANMASY

Kitaphanalar

13.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Merkezi Ylmy kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde, tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. «Ygrarlylykdan özgerişe tarap: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň Hereketler Maksatnamasyny öňe sürýän zenanlar» atly ýolbaşçy zenanlaryň forumy we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmeginde, sebit we ählumumy derejede durnuklulygyň üpjün edilmeginde, döwletleriň hem-de halklaryň arasynda parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegini şertlendirýän syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer işlere goşant goşmakda zenanlaryň tagallalarynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň we goldanylýandygynyň aýdyň nyşany hökmünde netijeli häsiýete eýe. Bular dogrusynda söhbetdeşlige gatnaşan zenanlar buýsançly gürrüňleri berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda zenanlaryň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik ugurlarynda mynasyp zähmet çekmeklerine giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlary beýan etdiler.

No image
AWAZA-DÜNÝÄNIŇ DOSTLUK MERKEZI

Kitaphanalar

12.08.2025

Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň bilelikde guramagynda «Awaza-dünýäniň dostluk merkezi» ady bilen Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler täze taryhy döwürde durmuşa geçirilýän beýik işler umumadamzat bähbitlerini, dost-doganlygy nazarlaýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürilýändigini, ynha BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem aýratyn many-mazmuna eýedigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda döwlet ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY

Kitaphanalar

12.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna peşgeş beren «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitaby asyrlardan gözbaş alýan edebi akyl-akabanyň dowamaty bolup durýandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu kitabynda akyldar şahyrymyzyň edebi mirasy, ömri, döredijiligi, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy dogrusynda beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu nusgalyk kitap bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma bolup, geljekki nesiller üçin hem edebi miras boljakdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP–PÄHIM –PAÝHAS ÇYRAGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Kitap– pähim–paýhas çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň biri hem «Türkmeniň döwletlilik ýörelgsi» atly kitaby hakynda söhbet etdiler. Bu kitabyň myhmansöýerlik diýen bölüminde myhmançylyk däp-dessurlary halkymyzyň zandyndaky häsiýetleriniň biri bolandygyny, her bir halkyň özboluşly myhman kabul etmek dessurlary bolup, myhman garşy alynanda ilki bilen töre geçirlip duz-çörek hödür edilmegi hem gadymy däpleriň biridigi barada gürrüň berdiler. Türkmençilikde «Taňry myhmany» diýen düşünje myhmana edilýän uly hormat-sylag bilen baglanşykly bolup, «Myhman ataňdan uly» diýip myhmana, ataňa goýýan hormatyň ýaly hormat goýmalydygy hakynda aýtdylýar. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize peşgeş beren edebi çeşmeleriniň gymmatynyň, onuň terbiýeçilik ähmiýetiniň örän ulydygy barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynada şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TERBIÝE ÝAŞLARYŇ ÝARAŞYGY

Kitaphanalar

12.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Altyn sümbül» sagaldyş-dynç alyş Merkezinde «Terbiýe ýaşlaryň ýaraşygy» ady bilen kitap sergisini we kitap synyny geçirdi. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de ýaşlara terbiýe bermek baradaky öwüt-ündew ähmiýetli edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen sagaldyş-dynç alyş Merkezindäki çagalar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da terbiýe bilen bagly edebiýatlary hem öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
GEŇEŞLI MASLAHAT - ÄHMIÝETLI ÇÖZGÜT

Kitaphanalar

12.08.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphananyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän» bölüminiň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda «Türkmenistanyň Halk maslahaty - demokratiýanyň milli nusgasy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Mejlisiň deputatlary, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan guralan «Belent maksatly işler rowaçlyga beslenýär» atly giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.