logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINI SESLI AUDIO ÝAZGYLARDA DIŇLEMEK

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň 15-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekilerini sesli audio ýazgylarda diňlemek” atly söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenimiz ilki bilen çagalara kitaphanamyzyň saýty bilen tanyşdyrdy hem-de şol ýerde islän kitaplaryny okap we audio ýazgyly kitaplary diňläp biljekdigini gürrüň berdi. Çagalar hem öz gezeginde saýtdaky audio ýazgyly ertekiler bilen tanyşyp özlerine gyzykly bolan ertekini saýlap uly höwes bilen diňlediler. Kitaphanaň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy. Söhbetdeşligiň soňunda hünärmen körpe jigilerimiziň kitaphanamyza gelip öz islän kitaplaryny öýe alyp okap biljekdigini nygtady.

No image
GARAŞSYZ HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ ÝOLY BILEN

Kitaphanalar

18.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň politehniki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyz Hemişelik Bitarap Türkmenistan-bedew batly ösüşleriň ýoly bilen» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ýylymyzyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligi, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara derejede ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny özünde jemleýän, türkmen bedewi halkymyzyň milli buýsanjynyň nyşany bolup şöhlelenýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler, gazanylýan ösüşler uly üstünliklere eltýändigi, ýurdumyzda atçylyk sportyny ösdürmek, olaryň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanylýandygy barada hem belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerini, abadan hem bagtyýar durmuşyň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK ŞAN-ŞÖHRATYM BEDEW BATLY TÜRKMENISTAN

Kitaphanalar

18.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk şan-şöhratym, bedew batly Türkmenistan» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler biri-birinden zyýada gelýän ýyllar halkymyzyň ykbalyna bagtyýarlyk, rowaçlyk hem-de ösüş-özgerişlere beslenýän ýurdumyz şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de her ýylyň döwrebap atlandyrylyp, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli şygarlar bilen dabaralandyrylmagy halkymyzyň agzybirligini, ruhy bitewüligini pugtalandyrýan möhüm ýörelgä öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy rowaçlyklaryň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
«AÝDYM-SAZLY BEDEW BATLY DIÝARYM» ATLY GÖÇME-GÖZDEN GEÇIRIŞ KITAP SERGISI

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde “Aýdym-sazly bedew batly Diýarym” atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisi gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde “Aýdym-sazly bedew batly Diýarym” atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini gurady. Bu göçme sergide kitaphanaçylar çykyş edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamy täze belentliklere galkyndyrýan, ruhuny belent edýän, adamzat nesilleriniň uçar ganaty bolan kitabyň gadyrynyň belent tutulýandygy hakynda söhbet etdiler. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar, nota neşirleri hem-de kitaplardan ýerleşdirildi. Mekdebiň okuwçylary göçme sergä işjeň gatnaşyp, türkmen medeniýetine we sungatyna goýýan sarpalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYPLARY DÖWLET KITAPHANASYNDA GEZELENÇDE BOLDYLAR

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary kitaphananyň bölümleri we iş aýratynlyklary bilen tanyş boldylar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaphanamyzyň alyp barýan döwrebap işleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Gezelençde bolan talyplar kitap bilen dostlaşmagyň beýik geljege ýol açýandygyna göz ýetirdiler. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edinip goýýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Talyp ýaşlar gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy- öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ SUNGAT BÖLÜMI «TÜRKMEN ZERGÄRÇILIK SUNGATY» ATLY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI WE KITAP SERGISINI GURNADY

Kitaphanalar

18.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Türkmen zergärçilik sungaty” atly söhbetdeşlik geçirdi we kitap sergisini gurnady.Söhbetdeşlikde çykyş eden kitaphanaçylar–Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw bermeginde amaly-haşam sungatynyň milli gymmatlyklaryny gorap saklamakda, ylmy esasda öwrenmekde we olary dünýä tanatmakda uly işler alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler.Talyp ýaşlarymyz we okyjylarymyz bolsa kitap sergisi bilen tanyş boldular. Türkmen halkynyň zergärçilik sungaty ruhy-durmuş zerurlygy bolup, özüniň çeperçilik taýdan kämilligi, milli öwüşgini bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin döredilýän zergärçilik sungat eserleriniň işlenip bejerilişinde we nagyşlarynda halkyň milli we medeni aýratynlyklary, döredijilik ukyby öz beýanyny tapýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
DÖWREBAP KITAPHANALAR–KÄMILLIGIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň merkezi ylmy kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029–njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy esasynda «Döwrebap kitaphanalar–kämilligiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ýurdumyzyň ýaşlaryny watansöýüjilik, wepalylyk, ynsanperwerlik, ruhynda terbiýelemekde kitaphanalaryň mümkinçilikleri barha artýandygy barada gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň anyk we ylyma esaslanýan başlangyjy esasynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Diýarymyzdaky kitaphanalaryň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagy, şeýle hem ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleri güýçli depginde alnyp barylýandygy, şeýle-de kitap hemişe-de gymmatly hazyna hasaplanyp, halkyň ruhy medeniýetiniň göwher maýasy bolup, kitaphanalar bolsa ruhy çeşmeleriň jemlenen ojagy bolup durýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda kitaphanalar ulgamynyň ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
ÜSTÜNLIGIŇE, ŞYGARYŇA SESLENIP, BEDEW BATLY ÖŇE BARÝAN WATANYM!

Kitaphanalar

17.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Üstünligiňe, şygaryňa seslenip, bedew baty öňe barýan Watanym!» ady bilen “Atamyrat” seýilgähinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde 2026-njy ýylyň şygary ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemezligini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara derejesinde ykrar edilendigini, türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ösüş ýolundaky ynamyny özünde jemleýändigi barada çykyş etdiler. Şeýle-de şygarda aýdylşy ýaly at-myratly behişdi bedewlerimiz türkmen halkynyň milli buýsanjynyň, gaýratynyň we ösüşe okgunlygynyň nyşany hökmünde şöhlelendirýändigi hakynda hem täsirli söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

17.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde «Milli miras-bedew batly ösüşleriň binýady» atly göçme kitap sergisini gurnadylar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany» atly ýylynda Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde göçme kitap sergisini gurnadylar. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýlede birnäçe eserleri ýerleşdirildi. Kitap sergisiniň çäklerinde kitaphana işgärleri «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde talyplar bilen sorag-jogap alşyp söhbetdeşlik etdiler. Göçme kitap sergisine gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR RUHY KÄMILLIGIŇ MUKADDES OJAGYDYR

Kitaphanalar

17.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda kitaphanaçylaryň arasynda “Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr” ady bilen okuw geçirildi.Geçen taryhy eýýamlarda-da, häzirki döwürde-de döwletler köp derejede ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri, açyşlary bilen öňe saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň binýadyny ylym-bilimi dünýä derejesine ýetirmek baradaky özgertmeler bilen esaslandyrandygy örän netijeli boldy. Biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny ýitirmän jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat eden kitabyň taryhy öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr. Pederlerimiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Batyr, edermen , obany, ilini goraýan mert ýigitleri terbiýelemekde ,,Görogly’’ şadessanyna ýüzlenip, ýagşy gylyk häsiýetleri ündemekde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini mysal getiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan ,, Älem içre at gezer’’,,Döwlet guşy ‘’ romanlary, ,,Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan’’, ,,Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi’’, ,,Ömrümiň manysy”, Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, Magtymguly–dünýäniň akyldary” ýaly kitaplary ýaş nesli mertlik, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Biz kitaphanaçylar hem döwrümiziň belent ruhyny wasp etmekde, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp ýaşlary terbiýeläp, kitaphon edip ýetişdirmekde güýjimizi aýaman zähmet çekmeli, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, ýaşlaryň kitaby söýmekleri üçin öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Şeýle bagta ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan her bir tutumly işleri rowaçly menzillere rowana bolsun! ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-22.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-33.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w-44.jpg)