logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ÝÜZ OKASAŇ-ÝAT, MÜŇ OKASAŇ-BINÝAT

Kitaphanalar

29.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda 9-njy çagalar bakja bagynda «Ýüz okasaň-ýat, müň okasaň-binýat» atly göçme kitap sergi, gürrüňdeşlik geçirildi. Kitap bilim almagyň esasy çeşmeleriniň biridir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nygtaýşy ýaly: «Kitap okan gullar magnydan dokdur». Ata-babalarymyz hem kitaba, kitap okana uly sarpa goýupdyrlar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp hem körpe ýaşly okyjylarymyzyň kitap okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak, kitaphanaçylaryň asylly borçlarynyň birine öwrüldi. Bu işleri amala aşyrmak maksady bilen, mekdebe çenli çagalaryň arasynda birnäçe çäreleri guramak özüniň oňyn netijelerini berýär. Bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary özüniň dürli neşir önümleri bilen mekdebe çenli çagalaryň arasynda göçme kitap sergileri bilen tanyşdyryp geçdiler. Olar çagalara degişli bolan birnäçe eserleri okap berip, kitabyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin çagalar bilen gürrüňdeşlik geçirdiler. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
TÜRKMENISTAN HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

29.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri barada «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
UMUMY ADAMZAT BÄHBITLI HYZMATDAŞLYK

Kitaphanalar

29.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köpetdag etrap geňeşligi bilen bilelikde. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatynda, 7 ugur boýunça geçiriljek duşuşyklara görülýän taýýarlyklar hakynda «Umumy adamzat bähbitli hyzmatdaşlyk» ady bilen hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
JADYLY ERTEKILERIŇ DÜNÝÄSINDE

Kitaphanalar

28.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan çagalaryň arasynda «Jadyly ertekileriň dünýäsinde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede bagtdan paýly çagalaryň tomus paslynda ýurdumyzyň gözel künjeklerinde ýerleşýän ajaýyp binalarda wagtlaryny şadyýan geçirip, saglyklaryny berkidýändikleri, ýaş nesiller üçin Watana, ene topraga, zähmete bolan söýgüniň ösmegine, batyrlyk, dogruçyllyk ýaly asylly sypatlaryň kämilleşmeginde ertekili kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýetiniň ýokarydygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITABYŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

28.07.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Kitabyň ähmiýeti» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň çagalar okalgasyna kiçi ýaşly okyjylarymyzyň gatnaşmagynda halkymyzda ylymyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýanlygy, kitap tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydygy hem-de durmuşda kitabyň ene-ata ýaly uly terbiýe mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin çagalara gürrüň berildi. Gürrüňdeşligiň dowamynda çagalara halk döredijiligimiz bolan türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berildi. Olaryň özlerinde galdyran täsiri dogrusynda sorag-jogap alşyldy. Gürrüňdeşligiň ahyrynda, ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi, giň dünýägaraýyşly bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
EL HÜNÄRI, IL GEZER

Kitaphanalar

28.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki «Bagtyýar nesiller» çagalar-sagaldyş dynç alyş merkezinde wagtyny sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda «El hünäri il gezer» ady bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik ýazgy etdi. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly gymmatly eserinden ýurdumyzda ýaş nesiller üçin durmuşa geçirilýän döwletli işler barada täsirli gürrüňler edildi. Ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimiz bolan alaja işmek, keşde çekmek, jorap örmek ýaly hünärlerimiziň ähmiýeti dogrusynda hem söhbetler diňlenildi. Dynç alyşyny şadyýan geçirýän körpeje gyzjagazlarymyz merkezde hereket edýän, el-işleri gurnagyna höwesjeň gatnap, öwrenen işlerini ýerine ýetirdiler. Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň ertirki eýeleri bolan ýaş nesiller üçin giň-şert mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlary beýan etdiler.

No image
TÜRKMENI DÜNÝÄ TANADAN AKYLDAR

Kitaphanalar

28.07.2025

«Türkmeni dünýä tanadan akyldar» atly söhbetdeşlik. Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda şeýle-de «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň esasynda «Türkmeni dünýä tanadan akyldar» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabynyň many-mazmuny bölümleriniň aýratynlygyny, şeýle-de türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşanydyr diýip, täsirli gürrüň berdiler. Şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen söz sungatynyň pälwany Magtymguly Pyragynyň sarpasyny dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
SAGLYGYM–BAŞ BAÝLYGYM

Kitaphanalar

28.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Aşgabat” seýilgähinde “Saglygym–baş baýlygym” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine laýyk ösdürmek boýunça giň gerimli özgertmeleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň abadan geljegi üçin kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, häzirki zaman, döwrebap we ýöriteleşdirilen keselleri anyklaýyş-bejeriş merkezleri, hassahanalary, şypahanalary gurmak, lukmançylyk ylmyny düýpli ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatda uly ösüşler gazanylýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP DÜNÝÄNIŇ AÇARY

Kitaphanalar

25.07.2025

2025-nji “Halkara–parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 25-nji iýulynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Lebap welaýat kitaphanasyna 105 kitap dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Myhmanlar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip, kitaphanada döwrebap tekjelerde guralan giňişleýin kitap sergilerine syn etdiler. “Bitaraplyk-belent maksatlara ruhlandyrýar” diýilip atlandyrylan esasy sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň türkmen dilindäki we daşary ýurt dillerine terjime edilen kitaplary ýerleşdirildi. Şeýle-de welaýat kitaphanasynyň gaznasynda bar bolan ýapon dilindäki, ýapon halkynyň taryhy baradaky bir näçä kitaplaryň kitap sergisi guraldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/70.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN HALKARA PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

25.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda ýurdumyzda görülýän taýýarlyk işleri barada “Altyn asyr” teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde täsirli söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek uly göwrümli forumyň çäklerinde gurnaljak medeni-köpçülik çäreleri, maslahatlar, howa menzilinde daşary ýurtlardan gelen myhmanlary türkmeniň milli ýörelgelerine, myhmansöýerlik dessurlaryna laýyk derejede garşy almak, hemme taraplaýyn ýokary derejede guramaçylyk işlerini alyp barmak hakynda Gahryman Arkadagymyzyň geçiren iş maslahaty barada aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy hem-de BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanadyp, asudalygy, parahatçylygy, dost-doganlyk ýörelgelerini üstünlikli durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.