logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şekillendiriş sungatynda türkmen alabaýynyň çeper keşbi

Täzelikler

23.10.2026

2026-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde “Türkmen alabaýy - wepadarlygyň nusgasy” atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi guraldy. Sergide suratkeşler Patdyk Patdykowyň “Goragçy”, Ýusup Hemraýewiň “Senenama”, Agadöwlet Sapargeldiýewiň “Paýtagtyň gözel künjegi”, Aly Sytdyhowyň “Türkmeniň wepaly ýoldaşy”, Sadap Kurbanowanyň “Wepaly”, Baýly Aýnazarowyň “Säheriň sazlaşygy”, Serdar Osmanowyň “Miras”, Täzegül Döwletowanyň “Türkmen alabaýy”, Perman Annagylyjowyň “Wepaly alabaý”, Aýnur Sähetmyradowanyň “Wepaly dost”, Mähriban Jumaýewanyň “Täze dostluk”, Ýazgeldi Ylýasowyň “Wepaly alabaý” ýaly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýaýbaňlandyryldy. Suratkeşleriň döreden sungat eserleriniň ählisinde alabaýlara bolan söýgi içgin duýulýar. Nakgaşçylyk sungatynda jandarlaryň çeperleşdirilýän ýörite žanry bolup, ol animalistik žanr diýlip atlandyrylýar. Bu žanrda işleýän nakgaşlar jandarlaryň dürli pursatlardaky görnüşlerini çeperçilik akymlary bilen baýlaşdyryp reňkler bilen çeperleşdirip beýan edýärler. Sergide suratkeşleriň 200 - den gowrak nakgaş, amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilýär. Eziz Watanymyzda Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen şekillendiriş sungaty ösüşiň aýdyň ýoluna düşdi. Türkmen suratkeşleri kämil eserleri bilen halkara bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşýarlar. Türkmen şekillendiriş sungatynyň gülläp ösmegi ugrunda ägirt uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri uly üstünliklere beslensin.

No image
Güýz paslynyň şirin owazlary

Täzelikler

23.10.2026

Golaýda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda "Zehin joşguny" atly täsirli konsert geçirildi. Konsert maksatnamasy dünýä nusgawy sazynyň görnükli wekilleriniň eserlerini özünde jemläp, diňleýjileriň ünsüni skripka saz guralynyň baý çeperçilik mümkinçiliklerine gönükdirdi. Maksatnamanyň mazmuny dürli döwürleriň sazçylyk däplerini özara utgaşdyrmak, nusgawy mirasyň gözelligini açyp görkezmek we ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ukybyny şöhlelendirmek bilen tapawutlandy. Sungat adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, onuň duýgularyny terbiýeleýän we gözellige bolan garaýşyny kämilleşdirýän güýçdir. Aýratyn-da, saz sungaty söz arkaly beýan etmek kyn bolan inçe duýgulary owazlaryň üsti bilen diňleýjiniň kalbyna ýetirýär. Skripka saz guraly bolsa giň ses mümkinçilikleri, baý dinamiki öwüşginleri bilen dünýä saz medeniýetinde möhüm orun eýeleýär. Konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasy hem bu saz gurallarynyň çeperçilik mümkinçiliklerini dürli kompozitorlaryň döredijiligi arkaly açyp görkezmäge gönükdirildi. Konsertiň maksatnamasynda S.Prokofýewiň "Romeo we Julýetta" operasyndan Montekki-Kapuletti pýesasy, I.Bahyň Sonata №1 Sisiliana, A. Glazunowyň Uly adažio, A.Haçaturýanyň Konsert III bölümi hem-de A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eserleri ýerine ýetirilmek üçin saýlanylypdyr. Mährijemal Nazarowa hem-de Selbi Ataýewa fortepiano saz guralynda Elmira Jumakulyýewa sazandarlyk etdi. Dünýä saz sungatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Sergeý Prokofýewiň döredijiligi çeperçilik aýratynlyklaryny özünde jemleýär. Onuň eserleri diňe bir tehniki ussatlygy ösdürmek üçin niýetlenen eserler bolman, eýsem çuňňur liriki mazmuny we özboluşly saz dili bilen tapawutlanýan eserlerdir. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişi sazandadan tehniki takyklyk bilen birlikde saz pikiriniň içki manysyna düşünmegi hem talap edýär. Iogann Sebastýan Bahyň Sonata №1 Sisiliana eseri bolsa nusgawy sazçylyk mekdebiniň baý däplerini we kompozitoryň özboluşly döredijilik dünýäsini şöhlelendirýär. Şeýle eserleriň ýerine ýetirilişinde owazlaryň gatlaklaryny aýdyň tapawutlandyrmak, dinamiki öwüşginleri sazlaşykly guramak esasy şertleriň biridir. Konsert maksatnamasynda Aleksandr Glazunowyň we Aram Haçaturýanyň eserleri özboluşly öwüşginleri arkaly saz sungatynyň umumadamzat medeniýeti bilen arabaglanyşygyny görkezýär. Şeýle hem, A. Şapoşnikowyň "Türkmen tansy" eseriniň bu konsertde orun almagy milli sazçylyk mekdebiniň döredijilik mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmany artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Mährijemal Nazarowanyň we Selbi Ataýewanyň konsert maksatnamasynyň ähmiýeti diňe bir dürli kompozitorlaryň eserleriniň ýerine ýetirilmegi bilen çäklenmeyär. Şeýle çykyşlar diňleýjileriň saz medeniýetini ösdürmekde, ýaş nesli dünýä nusgawy mirasy bilen tanyşdyrmakda we saz sungatyna bolan gyzyklanmany artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Bu konsert saz sungatynyň bilim, terbiýeçilik we çeperçilik ähmiýetini ýene bir gezek şöhlelendirdi. Saz — ynsan kalbynyň sözsüz dilidir. Ol dürli döwürleriň we halklaryň ruhy dünýäsini özünde jemleýär. Mährijemal Nazarowanyň, Selbi Ataýewanyň konsert çykyşy hem sungatyň täsirini we saz gurallarynyň çeperçilik güýjüni açyp görkezýän manyly çykyş hökmünde ýatda galdy. Mahym MEDIÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
Sungatyň ajaýyp ýoly

Täzelikler

22.10.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde özüniň mynasyp goşandyny goşan sungat işgärleriniň biri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary” kafedrasynyň dosenti Muhammetmyrat Gapurowdyr. Ol 1975-nji ýylda Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda okap, 2-nji ýyl talybyka şol ýerde açylan halk döredijiligi barlaghanasynda işe başlaýar. Bu barlaghananyň işleri bolsa 1925-1930-njy ýyllarda ilkinji gezek türkmen aýdym-saz sungatyny düýpli öwrenen rus alymlary W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň başlangyçlaryny dowam etmeklige esaslanýar. Muhammetmyrat Gapurow 1976-njy ýyldan başlap, saz sungatyny öwreniji alym Ş.Gullyýew bilen bilelikde ýurdumyzda birnäçe sazly etnografik ekspedisiýalarda bolýar. Olaryň içinden moskwaly alym W.M.Şurow bilen 1978-nji ýylda Balkan welaýatynda, filologiýa ylymlarynyň kandidaty A.Oraztaganow bilen Türkmenistanyň dürli künjeklerinde şeýle-de, 1992-nji ýylda alymlar A.Jykyýew, Ş.Halmuhammedow, Ş.Gulluýew dagy bilen bilelikde Stawropol türkmenleriň birnäçe obalarynda ekspedisiýalarda bolýar. M.Gapurow bagşy-sazandalary öwreniji alym A.Aşyrow bilen bilelikde, 1889-njy ýylda Türkmenistanyň birnäçe ýerlerinde bolup, rus saz öwrenijisi S.Rybakowyň şol wagt Leningradda saklanylýan türkmen aýdym-sazlarynyň ses ýazgylary bilen tanyşýarlar. Köp sanly sazly ekspedisiýalarda bolan M.Gapurow bu ugurdan ylmy iş ýazmagy ýüregine düwüp, 1989-njy ýylda sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, Özbegistanyň at gazanan ylmy işgäri F.Karomatowyň ýolbaşçylygynda “Çärjew oblastyndaky türkmenleriň aýdym-saz mirasy” atly tema boýunça kandidatlyk dissertasiýasynyň üstünde işlemäge başlaýar hem-de 1992-nji ýylda bu ylmy işini gorap, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Häzirki wagtda Muhammetmyrat Gapurow Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk saz gurallary kafedrasynda” talyplara hünär dersinden sapak bermek bilen bir hatarda, “Türkmen saz folklory” atly tema boýunça doktorlyk işini ýazdy. Onuň bu doktorlyk işi ýurdumyzyň hemme ýerinde etnografik ekspedisiýalarda bolup, halkyň sazly folklorynyň dürli görnüşlerini, olaryň gurluşy, saz serişdeleriniň häsiýetli aýratynlyklary, folklor žanrlary baradaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän ylmy işdir. M.Gapurow birnäçe ylmy makalalaryň hem-de kitaplaryň hem awtorydyr. Olardan: A.Ökdirow bilen bilelikde ýazylan “Döwletgeldi Ökdürow” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2010), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde “Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň partiturasy” (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015), H. Muhammetgulyýew bilen bilelikde Halk saz gurallary orkestri üçin eserleriň ýygyndysy I-II kitaplar (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019), Halk saz gurallary ansambllary üçin eserler (Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2024), degişlidir. M.Gapurowyň ylmy gözlegleri boýunça 2016-njy ýylda “Ylym” neşirýaty tarapyndan “Türkmen saz folklory” monografiýasy neşir edildi. Şeýle hem, konserwatoriýada geçirilýän konferensiýalarda, çärelerde çykyş edip talyplara öwüt-ündewlerini, gymmatly maslahatlaryny berýär. Şu ýyl Muhammetmyrat Gapurowyň 70 ýyllyk ýubileýi bellenilip geçilýär, biz hem, halypa döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny, maşgala abadançylygyny arzuw edýäris. Gülbahar ÝUSUPOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

No image
BARLYGA SÖÝGINIŇ TÄSIN ŞEKILLERDÄKI KEŞBI

Täzelikler

21.10.2026

Düýn merjen şäherimiz Aşgabadyň merkezinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Ene-tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa gatnaşdylar. Açylyş dabarasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç Çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa çykyş edip, Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu serginiň ähmiýeti, Ýer ýüzünde şu günüň derwaýys meselesi bolan daşky gurşawy gorap saklamakda, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde amala aşyrylmaly işleriň çeper sungatyň üsti bilen halka ýetirilmegi nazarda tutulandygyny aýdyp geçdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralan döredijilik gözden geçirilişi dünýäniň ençeme ýurdundan çeper sungatyň wekilleriniň eserlerini bir döwrede jemledi. «Ene-tebigat» diýlip atlandyrylan taslama çeper sungatyň dürli ugurlarynda umumy bir mowzukdan — «Ene hemme ýerde we hemişe enedir. Ol mähribanlyk dünýäsidir. Tebigat bolsa ähli barlygyň enesidir» diýen ezeli düşünjeden söz açýar. Bu ugurda öz sedasy, öz keşbi, öz çemeleşişi bilen tapawutlanýan her bir eser öz hekaýasyny-da gürrüň berýär. Türkmenistanly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň wekilleri azerbaýjan mekdebiniň nusgalary bilen ýakyndan tanyş bolsa-da, şu çäre ýurduň häzirki zaman sungatynyň täsinliklerine has-da içgin göz ýetirmäge şert döredýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/1111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111111.jpg) Bahreýnde, Beýik Britaniýada, Şweýsariýada, Ispaniýada ýaýbaňlandyrylan eserleriň bu gezekki sapary gadymy oguz ýurdunda — türkmen topragynda dowam edýär. Doganlyk türkmen we azerbaýjan halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açan halkara sungat sergisinde dünýäniň ençeme ýurdundan, şol sanda türkmen suratkeşleriniň eserleriniň ýaýbaňlandyrylmagy serginiň ähmiýetini has-da artdyrýar. Ynsanyň daşky gurşaw bilen arabaglanyşygyny beýan edýän, onuň tebigatyň bir bölegidigini ýatladýan eserleriň ter çemeni indi aşgabatly muşdaklara altyn güýzüň ahyryna çenli täsin täsirleri bagyşlar. Şeýle halkara sergini ýurdumyzda geçirmek boýunça asylly başlangyjyň sakasynda duran Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

No image
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Täzelikler

20.10.2026

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň konserti guraldy. Konsert maksatnamasynyň dowamynda türkmen we azerbaýjan sazlary, şol sanda kinofilmler hem-de multfilmler üçin döredilen sazlar ýaňlandy. Bu ýerde “Disney” kompaniýasynyň döreden meşhur multfilmlerine ýazylan saz eserleri ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan medeni syýasaty bu ulgamda halkymyzyň milli mirasyny we aýdym-saz sungatyny giňden ýaýmak bilen birlikde, dünýäniň ösen ýurtlarynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşmaga, şeýle hem halkara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet simfoniki orkestriniň bu konsertini hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Konsert türkmen-azerbaýjan medeni gatnaşyklarynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň giňeldilýändigine, netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Konsert maksatnamasyna girizilen çykyşlaryň arasynda halk äheňlerinden nusgawy sazlaryň hem bolmagy tomaşaçylarda örän uly täsirleri galdyrdy.

No image
Ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik duşuşygy

Täzelikler

19.10.2026

2026-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» seýilgähinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmagynda «Altyn güýzüň waspy» atly şahyrana döredijilik duşuşygy geçirildi. Şypaly howaly güýz paslynyň dowam edýän günlerinde geçirilen döredijilik duşuşygyna, halypa şahyrlar Bazar Şalyýew, Ezizgeldi Helleňow, «Watan» gazetiniň bölüm redaktorlary Çemen Annaberdiýewa, Ogultäç Oraztaganowa, ýaş zehinli şahyrlar Garahanjar Baýhanow, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory Gurbanjemal Annakowa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Jemgyýetçilik ylymlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy Aýjemal Gaýlyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby, Nursoltan Derýaýewa dagy gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda ýazyjy-şahyrlar eziz Watanymyzyň bedew batly ajaýyp ösüşlerini, ak mermer binalara beslenen paýtagtymyz Aşgabadyň hem-de agraslygyň we kämilligiň pasly hasaplanýan altyn güýzüň waspyny şahyrana çykyşlary, şygyrlary bilen ýetirdiler. Ýazyjy-şahyrlar eden söhbetlerinde, okan şygyrlarynda ösüşlerimiz bilen birlikde altyn güýzüň tebigaty özboluşly gözellige, täsin görnüşlere besleýändigi, bu pasylda mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň, rysgal-berekediň baýramy bolan Hasyl toýunyň uludan toýlanylýandygyny, güýzüň kämil pikir-garaýyşlary seriňe dolduryp, kämil şygyrlaryň döremegine hem täsirini ýetirýändigini bellediler. Döredijilik duşuşygynyň täze şygyrlary döretmäge uly ýardam etjekdigini hem buýsanç bilen aýtdylar. Güýzde üzümdir narlaryň, gawundyr garpyzlaryň kemsiz bişip, güneşe baý ýurdumyzda ýetişen bu nygmatlaryň tagamynyň örän süýjüligi bilen tapawutlanýandygyny, mahlasy, altyn güýzüň rysgal-berekediň paslydygyny şahyrana dilde beýan etdiler. Şahyr Gurbanjemal Annakowanyň güýz hakynda okan şygrynda şeýle setirler bar. #### Güýzi bilmez güýzäp görmedik adam, #### Ýaprak deý bagryny bermedik ýere, #### Häzir baglaň keşbi üşedýär hasam, #### Ýyljajyk zat gözleýärsiň geýere. Döredijilik duşuşygynda çykyş eden ýazyjy-şahyrlar, ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ösüşleriniň hem-de özgerişleriniň döredijilik ylham-joşgunlaryny has-da artdyryp işlemäge ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, il-ýurt bähbitli beýik işleri arkaly Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ähli ugurlardaky döwrebap ösüşlerini has-da belende götermek ugrundaky giň gerimli işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
Saz ylmynyň täze ösüşleri

Täzelikler

15.10.2026

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aspirantura bölüminiň bilelikde geçiren “Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda saz ylmynyň täze gazananlary” atly ylmy-usuly maslahaty ýurdumyzyň sazşynaslyk ylmynyň ösüş ýolunda möhüm waka boldy. Bu çäre milli saz sungatymyzyň taryhy köklerini, häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Maslahatyň dowamynda halk saz gurallary orkestriniň döreýşi, türkmen bagşylarynyň döredijiliginde Mämmetweli Keminäniň edebi mirasynyň orny, Magtymgulynyň dilewarlyk ussatlygy, türkmen kino sazlarynyň taryhy we häzirki ýagdaýy, bagşyçylyk sungatynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky ösüşi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, halk ertekileriniň poetik aýratynlyklary, türgenleriň dikeldiş döwründe sazyň täsiri, fortepianodan başlangyç bilim bermegiň esaslary baradaky çykyşlar hem ylmy taýdan gyzykly we manyly boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ylym, bilim, medeniýet we sungat ulgamynyň täze mümkinçiliklere eýe bolmagyna giň ýol açdy. Milli mirasy öwrenmek, ony goramak we dünýä derejesinde tanatmak boýunça alnyp barylýan döwlet syýasaty saz ylmynyň hem täze mazmun bilen baýlaşmagyna şert döretdi. Şol mümkinçilikleriň netijesinde ýaş alymlar, mugallymlar we sazşynaslar täze ylmy gözlegleri üstünlikli dowam etdirýärler. Şeýle ajaýyp ösüşleriň gazanylmagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalary bar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär, döredijilik mümkinçilikleri giňeldilýär, ýaş nesliň ylmy we medeni taýdan kemala gelmegi üçin giň şertler döredilýär. Şeýle döwlet goldawy saz ylmynyň hem täze belentliklere çykmagyna güýçli itergi berýär. Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen sazynyň halkyň ruhy dünýäsindäki, terbiýeçilik ähmiýetindäki we medeni ösüşindäki orny aýratyn nygtaldy. Bagşyçylyk mekdebiniň dowamlylygy, halk saz gurallarynyň özboluşlylygy, kino sazlarynyň ösüşi ýaly meseleler häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeçe öwrenildi. Bu çykyşlar milli saz sungatymyzyň diňe bir geçmişiň mirasy däldigini, eýsem häzirki döwrüň döredijilik güýjüniň hem möhüm bölegi bolup durýandygyny görkezdi. Şeýle çäreler ýaş alymlaryň kemala gelmegine, täze ylmy pikirleriň döremegine we türkmen sazynyň dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagyna hyzmat edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aspirantura bölüminiň hyzmatdaşlygynda geçirilen bu maslahat milli saz ylmynyň ösüş ýolunda täze sahypany açdy. Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumlary rowaçlyklara beslensin.

No image
Nakgaşçylyk mekdebiniň ussady

Täzelikler

13.10.2026

Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Hojamuhammet Çüriýewiň 60 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi geçirildi. H.Çüriýewiň sergide ýerleşdirilen “Keşdeçiler” atly uly göwrümli birnäçe tapgyrdan ybarat eseri, “Kejebe”, “Çapar”, “Üç gözellik”, “Gözel sen”, “Näme sen” ýaly eserleri bellenilmäge mynasypdyr. Suratkeş H.Çüriýew türkmen dünýäsini, taryhyny, gelin-gyzlaryň keşbini we olaryň uz barmaklaryndan döreýän el işlerini dürli öwüşginleriň üsti bilen kendire siňdirýär. Ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji uçurymlarynyň hatarynda türkmen nakgaşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşandyny goşýar. Suratkeş eserlerinde metaforik şekilleri we dürli çeperçilik serişdelerini ussatlyk bilen ulanýar. Hojamuhammet Çüriýewiň türkmen dünýäsine bolan söýgüsi ynsan ruhunyň ýagdaýy hakyndaky çuňňur pikirleri nakgaşçylyk sungatynda aýdyň görkezilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda nakgaşçylyk mekdebiniň ussady hökmünde Hojamuhammet Çüriýew döredýän eserleri we gurnaýan sergileri bilen halkymyzyň arasynda giňden tanalýar. Halypa suratkeşiň nakgaşçylyk we grafika sungatynda döreden eserleri sergiler jaýynyň iki gatynda ýaýbaňlandyryldy. Halypa suratkeşiň döredijilik ýoluny şägirtleri, ykbalyny sungata baglan ýaşlar dowam edýärler. Halypa suratkeşiň şahsy sergisi sungat muşdaklarynyň aňynda gözellik duýgularyny we sungata bolan çäksiz hormaty has-da berkitdi. Serginiň merkezini bezeýän işiň köp böleginiň akyldar şahyr Magtymguly Pyraga bagyşlanýandygy buýsançlydyr. Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen eserleriniň sany 53-den gowrak bolup, olardan “Türkmen binasy”, “Türkmeniň”, “Gözel sen” ýaly goşgularyna döredilen nakgaş eserleri aýratyn tapawutlanýar. Suratkeşiň 5 sany işden ybarat bolan “Toý” atly eseri sergide aýratyn saýlanan işleriň biri boldy. Eserde türkmen toýunyň uludan tutulýandygy, milli oýunlar, toýuň ýaraşygy bolan bedew atlar reňkleriň dili bilen kendire geçirilipdir. Sergide halypa suratkeşiň 140-dan gowrak işi sergilendi.

No image
«Durmuş kitaby» atly konsert geçirildi

Täzelikler

13.10.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýuriý Gurgenowiç Sarkisowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp «Durmuş kitaby» atly ýubileý konserti geçirildi. Konserte konserwatoriýanyň halypa mugallymlary, bagtyýar talyplary, halypanyň maşgala agzalary, dostlary gatnaşdylar. Konsertiň başynda kirişli saz gurallaryndan düzülen toparyň ajaýyp saz çalmagy bilen halypa garşy alyndy. Konsertde halypadan tälim alan talyplary dost-doganlyk döwletleriň aýdym-sazlaryny ýerine ýetirdiler. A.Babajanýanyň «Elegiýa» sazyny Kakajan Hudaýberdiýewiň (tüýdük) ýerine ýetirmeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi B.Durdyýewanyň L.Arditti «Il bacio» aýdymy, kompozitor A.Haçaturýanyň döredijiligine degişli bolan «Wagarşapakskiý tanes» sazlaryna, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandarlyk etmeginde çykyş etdiler. Soňra Atamyrat Nurgeldiýew, W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan «Kemine we kazy» operasyndan Kazynyň ariýasyny, özbek halk aýdymyny Läle Orazdurdyýewa ýerine ýetirdiler. Konsertde görkezilen ähli çykyşlar oňa gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Konserte gatnaşyjylar sungatymyzy dünýä ýaýmaga, okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunlaryny aýtdylar. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby.

No image
Naýbaşy eserler sergilenildi

Täzelikler

12.10.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçirildi. Bu sergide ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, medeni we ylmy ösüşini açyp görkezýän işler sergilenildi. Halkara sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem sergilenildi. Sungat ojagymyzyň nakgaşçylyk, amaly-haşam sungaty, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik, dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ylmy çeşmeleriniň maket görnüşleri, ýurdumyzyň belent sepgitlerini wasp edýän eserler sergilenildi. Şeýle hem, sergide saglygy goraýyş hem-de bilim we sport ulgamynda gazanylan üstünlikler, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlar, sagdyn, asuda, parahat durmuşymyzyň özgerýän keşbini açyp görkezýän eserler sergilenildi. Halkara sergisindäki ajaýyp sungat eserleri daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti» hünäriniň 4-nji ýyl talyby.