logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
DÖREDIJILIK DUŞUŞYKLARY

Täzelikler

16.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýurdumyzda medeni-köpçülikleýin çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlaryndaky Medeniýet öýleriniň we medeniýet merkezleriniň işini kämilleşdirmek, oba ilatyna medeni taýdan hyzmat etmek, oba ýaşaýjylarynyň dynç alyş wagtlaryny täsirli geçirmek maksady bilen, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şu ýylyň 13-14-nji martynda Mary welaýat kitaphanasynda, Ýolöten, Wekilbazar etraplarynda geçirilen aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary hem örän täsirli we gyzykly boldy. Bu duşuşyklarda Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýew, Läle Begnazarowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Ata Täzebaýew, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri – şahyrlar Aşyrmät Garlyýew, Çemen Annaberdiýewa, Muhammetjuma Hydyrow, Bahargül Mejidowa dagy çykyş etdiler. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetiren aýdym-sazlaryny, şahyrlarymyzyň okan goşgularyny tomaşaçylar şowhunly garşyladylar. Döredijilik duşuşyklarynda edilen çykyşlarda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygy, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny artdyrýandygy, watandaşlarymyzy täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýandygy, ýaş nesillerde medeni-ruhy gymmatlyklarymyza söýgi döredýändigi buýsançly nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmek, kämilleşdirmek üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär derejesini, başarnygyny kämilleşdirmek, döwrebap eserleri döretmek, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar. Medeniýetiň kämilligi jemgyýetiň ruhy taýdan ösüşini belende götermäge ýardam berýär. Raýatlary halal we döredijilikli zähmete ruhlandyrmakda, ilatyň medeni aň-bilim derejesini ýokarlandyrmakda, halka döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde Medeniýet öýlerinde geçirilýän döredijilik duşuşyklary örän ähmiýetlidir. 14-nji martda halypa şahyrlar Atajan Annaberdiýewiň we Gurt Näzliýewiň doglan günleriniň 80 ýyllygy mynasybetli Murgap etrabynyň medeniýet merkezinde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu halypa şahyrlaryň goşgulary okyjylaryň kalbynda orun alan, türkmen edebiýatynyň ösmeginde uly goşant bolan eserlerdir. Duşuşykda Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, halypa şahyr Ata Täzebaýew, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, şahyr Annamyrat Hotjyýew, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýew, Murgap etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň taryh mugallymy, şahyr Ahmet Çarykulyýew, şahyr Ezizgeldi Helleňow, ýazyjy Kakamyrat Ataýew, şahyr Atajan Annaberdiýewiň gyzy, Çemen Annaberdiýewa, şahyr Gurt Näzliýewiň agtygy, «Belent bilim» okuw merkeziniň hünärmeni Merjen Berkeliýewa we başga-da birnäçe adamlar çykyş etdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni syýasaty, taryhy-medeni mirasy wagyz etmäge gönükdirilen maksatnamalary türkmen halkynyň köp asyrlyk medeni-ahlak gymmatlyklaryny, ruhy bitewüligini aýawly saklamakda, jemgyýetiň ruhuny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň özleri hakyndaky aladalaryndan ruhlanýan döredijilik işgärleri medeni ulgamyň ösüşini täze belentliklere götermekde joşgunly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda, Medeniýet öýlerinde medeniýet işgärleriniň alyp barýan köp ugurly işleri watandaşlarymyzy belent maksatly işlere höweslendirmäge, ilatyň medeni isleglerini kanagatlandyrmaga uly ýardam berýär. Döredijilik duşuşygynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda, çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şöhratly wakalary, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli işleri, beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz giňden wasp edildi. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler türkmen edebiýatyny, medeniýetini we sungatyny ösdürmek, dünýä çykarmak ugrundaky belent maksatlary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
ÝÜREKLERDE ÝAŞAÝAN KEŞPLER

Täzelikler

16.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti Maýa Weligylyjowa bilen aýdym sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga konserwatoriýanyň talyplary we mugallymlary gatnaşdy. Söhbetdeşligi “Halk saz gurallary” hünäriniň III ýyl talyby, Ýaş alymlar geňeşiniň ýanyndaky talyp döredijilik toparynyň agzasy Jennet Myradowa alyp bardy. Duşuşygymyzyň başynda Maýa Weligylyjowa özüniň döredijilik ýoluna gelişi barada gyzykly gürrüňleri berdi. Onda talyp ýaşlar dürli temalarda özlerini gyzyklandyrýan birnäçe soraglary berdiler. Maýa Weligylyjowa talyplaryň beren soraglaryna özüniň baý durmuş we döredijilik tejribesinden ugur alyp, birnäçe mysallaryň we tejribeleriň üsti bilen jogap berdi. Duşuşygyň dowamynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň II talyby Sahydursun Mätiýewanyň ýerine ýetiren birnäçe ajaýyp aýdymlary ýaňlandy. Soňra myhman talyp ýaşlara hünäriňiziň daşyndan döredijilik bilen meşgullanýanlaryňyz barmy diýen soragyna “Saz mugallymçylygy” hünäriniň II ýyl talyby Ýusup Meredow öz döreden goşgularyndan okap berdi. Maýa Weligylyjowa talyp ýaşlaryň hünärine bolan söýgüsini artdyrmak babatynda beren gymmatly maslahatlary has hem täsirli boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda beren gyzykly gürrüňleri we maslahatlary üçin konserwatoriýanyň mugallymlary, talyplary tarapyndan myhmana hoşallyk sözleri aýdyldy. Aýjahan ABALAKOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby

No image
YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DOWAM ETDIRIP

Täzelikler

16.03.2026

14-nji martda Mübärek Oraza aýynyň dowam edýän günlerinde Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Munuň özi ýurdumyzda türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden ýagşy dessurlarynyň, asylly ýörelgeleriniň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede dowam etdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. «Türkmenistan» gazeti

No image
MUKADDES AÝYŇ SOGAPLY ÇÄRESI

Täzelikler

16.03.2026

*Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz agzaçar sadakasyny berdiler* 14-nji martda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda hajy Arkadagymyz we Arkadagly hajy Serdarymyz agzaçar sadakasyny berdiler. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň ymamlary, hormatly ýaşulular, dili senaly eneler, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar. Munuň özi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň mübärek Oraza aýynyň mukaddes Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda amal edilýän sogap işleriň üstüni ýetirdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
MÄHRIBAN UÇURYMLARYŇ KONSERTI

Täzelikler

13.03.2026

Her ýyl Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uçurymlary ýerine ýetirijilik hünäri boýunça öwrenen ajaýyp sazlaryny diňleýjilere ýetirmek, hünär we ukyp-başarnyklaryny görkezmek maksady bilen konsert geçirýärler. Şeýle konsertleriň biri 2026-njy ýylyň 11-nji martynda «Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary» hünäriniň uçurymlary Gurbanguly Işangulyýewiň, Annaesen Turşekowyň, Ýaşnar Ismailowyň klarnet saz guralynda ýerine ýetirmeginde «Uçurym – 2026» ady bilen geçirildi. Konsertde ady agzalan uçurymlar, A.Bazarowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýaňlandy. Annaesen Turşekow K.Stamensiň «Adagio», K.Nazarowyň «Wals», K.Weberiň «Wariasiýa»; Ýaşnar Ismailow E.Gableriň «Adagio we rondo», «Capriccioso», W.Bassiniň Rigoletto (Fantaziýa); Gurbanguly Işangulyýew F.Şopeniň «Wals», P.Žan-Žanyň «Wenesiýa karnawaly» eserlerini ýokary derejede ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda joşgunly, ajaýyp sazlary ýerine ýetiren uçurymlaryň halypasy Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri R.Rejepmedow mugallymlary, talyplary, diňleýjileri ýetip gelýän Nowruz baýramy bilen gutlap, durmuşda uly üstünlikleri arzuw etdi. Konsertde çykyş eden uçurymlara we mugallymlara aýdym-saz äleminde uly-uly üstünlikler ýar bolsun! Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler. Ogulbeg ÝEGENOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
«GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN — BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY» ÝYLYNYŇ BELENT RUHY BILEN

Täzelikler

12.03.2026

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň we döwlet berkararlygynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirmäge, onuň halkara giňişlikdäki abraýyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen uly işler amala aşyrylýar.

No image
BAÝRAMÇYLYK KONSERTI

Täzelikler

06.03.2026

Ýetip gelýän Halkara zenanlar gününe her bir döredijilik işgärleri öz baýramçylyk sowgady bilen barýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypalary, mugallymlary öz şägirtleri bilen baýramçylyk konsertlerini taýýarlaýarlar. Ýakynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynyň uly mugallymy Begenç Gaýypow öz şägirtleri bilen konsert geçirdi. Konsertde M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň döreden wokal eserleri ýaňlandy. I.Dunaýewskiýiň «Как много девушек хороших», D.Hydyrowyň «Türkmen gyzy», Ý.Aşyrowyň «Mähribanlar», Türkmenistanyň halk artisti Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Ene elleri» eserleri zenanlarymyzy, mährem enelerimizi wasp edýän aýdymlar bolup, S.A.Gurilýowyň «Улетела пташечка», A.Warlamowyň «Не отходи от меня», A.Dargomyžskiýiň «Я Вас любил», Ç.A.Biksionyň «Что ж ты опустила глаза», «Parlami damore, mariu», P.P.Bulahowyň «Гори, гори моя звезда», A.Babaýewiň «Любимые глаза», E.Kapuanyň «Хочу тебя поцеловать», «Моё солнце», «O sole mio» aýdymlarynda bolsa söýgi temasy has hem çeper beýan edilipdir. Bu eserleri uly mugallym Begenç Gaýypow, göreldeli talyplar Y.Meredow, R.Kakamyradow, Ş.Gurbanberdiýew, A.Rejepow, R.Haýydow, Ý.Ataýew ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi başardylar. Kompozitorlaryň döreden eserlerinden başga-da halk aýdymlar: Y.Meredowyň ýerine ýetirmeginde «Ах ты, душечка» atly rus halk aýdymy, Ý.Ataýewiň ýerine ýetirmeginde «Gole sangam» atly eýran halk aýdymy ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda gatnaşanlar B.Hudaýnazarowyň «Mähriban ýarym», D.Hydyrowyň «Şadyýan gün» aýdymlaryny ählisi bilelikde joşgunly ýerine ýetirdiler. Ähli zenanlarymyzy, kümüş saçly enelerimizi, gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Konsertde çykyş eden mugallymlara we talyplara aýdym saz äleminde uly uly üstünlikleri arzuw edýärin. Ogulbeg ÝEGENOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
«ZEMIN GÖRKI ZENANDYR!» ATLY SERGI BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENILDI

Täzelikler

05.03.2026

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli milli medeniýetimizi, sungatymyzy, Watanymyzyň gülläp ösüşini çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ilhalar, ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek we goldamak, şeýle hem, eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýurdumyzyň asudalygyny, ilimiziň abadançylygyny wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen, ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen «Zemin görki zenandyr!» atly sergi bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg1.jpg) Bäsleşigiň esasy maksady, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige zenan suratkeşler özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Annabibi Islamowa «El torbalar» toplumy atly haly eserleri üçin, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Asman peri» şaý-sepler toplumy zergärçilik işleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Kurbanowa «Pasyllar» atly nakgaşçylyk eserleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Maral Saryýewa «Monjuk atdy» nakgaşçylyk eseri üçin,. 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Aýna Adinowa «Milana» toplumy, «Wasilinyň portreti», «Ulýanyň portreti», «Süýjüliklerden düzülen natýurmort» akwarel işler toplumy üçin, Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Güljemal Myradowa «Oba durmuşy» atly nakgaşçylyk eseri üçin, Käkilik Sytdykowa «Tabak» keramika işler toplumy üçin, 3-nji orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Dilbar Umarowa «Gelinler» toplumy keramika işleri üçin, Gyzylarbat çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa «Kädiler toplumy» atly işleri üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa «Milli lybaslar» toplumy el işleri üçin mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg2.jpg) Sergide zenan suratkeşleriň nepislik siňdirip döreden sungat eserleri sergä gatnaşyjylara baýramçylyk sowgady boldy. Sungat eserleriniň ählisinde zenan mähremligi, türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky gözelligi bilen zenan gözelliginiň sazlaşygy, zenanlaryň el işleri, zenan dünýäsiniň ähli gözellikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezildi. Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlara çäksiz sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
GURBANNAZAR EZIZOWYŇ POEZIÝASY: KALPLARA ÝAŇ SALÝAN SÖZLER WE SAZLAR

Täzelikler

05.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň muşdaklarynyň ýygnanmagy, şahyryň döredijiliginiň türkmen halkynyň kalbynda nähili orun tutýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu duşuşyk diňe bir edebi agşam bolman, eýsem şahyryň sözleriniň saz bilen utgaşyp, adamlaryň duýgularyna nähili täsir edýändigini görkezýän ajaýyp pursat boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgäri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa kafedrasynda işlän mugallym Baýram Goçmyradow çagyryldy. B.Goçmyradow ýatlama duşuşygyna gatnaşýarlar üçin söýgüli şahyryň durmuşy we döredijiligi barada gyzykly çykyş taýýarlapdyr. Ol öz çykyşynda şahyryň iň söýgüli — «Serpaý», «Ene», «Gyzlar» we «Watan» goşgularyny okady. B.Goçmyradow käbir goşgularyň gelip çykyşyny şahyryň durmuşyndaky wakalar bilen baglanyşdyrdy. Bu, G.Ezizowyň poeziýasynyň diňe bir çeperçilik taýdan gymmatly bolman, eýsem onuň şahsy durmuş tejribeleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Gurbannazar Ezizowyň goşgulary stili sadalygy, açyklygy we çuň manysy bilen tapawutlanýar. Ol çylşyrymly metaforalardan we agyr söz düzümlerinden gaça durup, ýönekeý, halk diline ýakyn sözler bilen iň çuňňur duýgulary we pikirleri beýan etmegi başarýar. Onuň goşgularynda türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, däp-dessurlary, tebigata bolan söýgüsi we watançylyk duýgulary aýdyň şöhlelenýär. G.Ezizowyň poeziýasy adamyň kalbynyň iň inçe tarlaryna galtaşýar. Onuň «Ene» goşgusynda enä bolan çäksiz söýgi we hormat, «Watan» goşgusynda bolsa Watana bolan wepalylyk we buýsanç duýgulary şeýle bir güýçli beýan edilýär welin, okyjynyň kalbynda ýaň salýar. Şahyryň goşgularynda söýgi, dostluk, wepalylyk, ýaşaýyş manysy ýaly köptaraply temalar öz beýanyny tapýar. Olary okanyňda adam özüniň içki dünýäsine syýahat edýän ýaly bolýar, öz duýgularyny we pikirlerini täzeden gözden geçirýär. G.Ezizowyň sözleri diňe bir okalyp geçilmeýär, eýsem, olar kalbyň içinde ýaşaýar, adamyň durmuşyna täsir edýär, ony has gowy bolmaga, has duýgur bolmaga iterýär. Myhmanyň çykyşyndan soň başlanan gyzykly özara söhbetdeşlik talyplaryň şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanmasynyň nähili uludygyny görkezdi. Talyplar myhman soraglary bilen ýüzlendiler we mazmunly jogaplary aldylar. Bu diňe bir bilim alyşmak bolman, eýsem, nesilleriň arasynda edebi mirasymyzyň dowamatlylygyny üpjün edýän gymmatly tejribe alyşmak boldy. Duşuşyk ähli gatnaşyjylar üçin uly lezzet paýlady we Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň baky gymmatlygyny ýene bir gezek tassyklady. Onuň sözleri we saz bilen utgaşmasy, türkmen halkynyň kalbynda hemişe ýaşamagyny dowam etdirer, täze nesillere ylham berer we olaryň kalbynda gözellik we ynsanperwerlik duýgularyny ösdürer. Gurbannazar Ezizow diňe bir şahyr däl, eýsem, ol türkmen ruhunyň, türkmen kalbynyň aýnasy bolup durýar. Onuň döredijiligi geljekki nesiller üçin hem gymmatly miras bolup galar. Talyplar myhmanyň öňünde Sahy Allaýarowyň ýerine ýetirmeginde we Jemşit Akyýewiň saza darlyk etmeginde gysga konsert taýýarladylar. Bu konsertde Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna we Danatar Hydyrowyň sazyna esaslanýan aýdymlar, şol sanda «Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi» we «Özgeleri diňledem» ýaly eserler ýerine ýetirildi. Bu ýerde aýratyn belläp geçmeli zat, kompozitor Danatar Hydyrowyň özüniň hem Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň uly muşdagy bolmagydyr. Bu şahyryň sözleriniň diňe bir edebi gymmatlyga eýe bolman, eýsem saz döredijiligine hem güýçli ylham berýändigini görkezýär. G.Ezizowyň goşgularyndaky çuňňur duýgular, filosofiki pikirler we milli ruh, kompozitorlaryň kalbynda ýaň salyp, olary täze saz eserlerini döretmäge iterýär. Ahmet JUMAKULYÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

05.03.2026

4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.