logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!

Täzelikler

23.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän sungat eserlerini, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 20-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna «Türkmendemirýollary» agentliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň şahamçasynyň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, aýdymçy Myrat Işangulyýew, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa şahyr Akmyrat Hojanyýazow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Kerimberdi Hakberdiýew dagy gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bilelikde Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyny, ähli ugurlarda göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Aşgabat – bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp şäheridir. Ak şäherimizde gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylaryna sowgat edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, paýtagtymyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda edilýän çäksiz aladanyň miwesidir. Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler, Aşgabadyň görküne görk goşsa, gijeki täsin yşyklary ony has-da gözelleşdirýär. Ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäherimiziň güni her ýylyň 25-nji maýynda giňden dabaraly bellenýär. Aşgabady söýmek Watany söýmek, Watany söýmek Aşgabady söýmek. Ak şäherimiz Aşgabat eziz Watanymyzyň ýüregidir - diýip nygtadylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde nusgalyk işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar. Beýik, owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollar, ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bolan ak mermerli paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň merjenine öwrüldi. Şunda gurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri giň gerimli alnyp barylýar. Ýurdumyzda önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly örän köp desgalardyr binalar gurlup, ulanmaga berilýär. Aşgabat agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň merkezine öwrülýär – diýip çykyş edenler bellediler. «Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ady äleme ýaň salýan gözel Aşgabadymyzyň waspyny belentden ýetirdi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň nusgalyk şäherine öwren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026

Täzelikler

20.05.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplaryň arasynda ýerine ýetirijilik, dirižýorlyk etmek, sazşynaslyk we kompozisiýa ugurlary boýunça “Konserwatoriýanyň zehinleri – 2026” atly bäsleşik geçirildi. Geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Bäsleşigiň açylyş dabarasy bije çekmeklik arkaly badalga berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat boldy. Eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan talyplar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar we olaryň içinden iň ökdeleri “KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026” atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşige jemi 278 talyp gatnaşyp, olardan I orna 12 sany, II orna 18 sany, III orna 23 sany, hormat hatyna 32 sany zehinli talyplar mynasyp boldular. Bäsleşik ýeňijilere diplomlar, hormat hatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bilen jemlendi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň hak howandarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçly ýollarda rowana bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary atly döredijilik sergisi

Täzelikler

15.05.2026

Mähriban halkymyzyň baky bagtyna öwrülen şanly Garaşsyzlyk şuglasy bu günki gün ata Watanymyza bagtyýarlyk nuruny çaýýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýuny toýlaýarys. Bu şanly sene şu ýylymyzyň taryhy wakasy bolmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli buýsanjydyr. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen medeniýetimize we sungatymyza belent sarpa goýlup, ajaýyp zamanamyzy wasp edýän döwrebap eserlere aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa ýaş suratkeşleriň döredijilik ýolunda has-da kämilleşmäge ylham berýär. Şoňa görä-de şekillendiriş sungatynda döwrebap kämil eserler döredilýär. Watanymyzyň gülläp ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýarlygyny, agzybirligini, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän eserler watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryna, pikir garaýyşlaryna möhüm orun berilýändigini buýsançly bellemelidiris. Her ýylda däp bolşy ýaly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýylyň şygaryna bagyşlanyp döredijilik eserleriniň sergisi geçirilýär. 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda sungat ojagynyň sergiler jaýynda «Garaşsyz Watanymyzyň batly gadamlary» atly mugallymlaryň we talyplaryň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyl toýy mynasybetli döredijilik eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik taslamalary şekillendiriş sungatynyň nakgaşlyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Zehinli talyp Täzegül Döwletowanyň «Kalp owazy» eserinde türkmen milli dutar saz guralynda Watanymyzy wasp edýän sungat ussadynyň ajaýyp keşbi döredijilikli beýan edilýär. Bu eserde behişdi bedewlerimiziň çapyp barýan ajaýyp keşbi kalpdan syzylyp çykýan ýakymly owaz bilen çeper sazlaşýar. Ýazjemal Geldimyradowanyň «Ak pata» atly eserinde däp-dessura baý türkmen halkynyň gelin toýunyň bir ajaýyp pursady janlanýar. Bu eserde gelniň elini ak una degirilip ýagşy arzuwlar bilen, rysgal bereketlilik täze geline arzuw edilýär. Toýuň özboluşly bu ajaýyp pursady taslama eserinde janly keşbe eýe bolýar. Serdar Osmanowyň «Güneşli diýaryň säheri» eserinde Aşgabat şäherimiziň ak mermere beslenen binagärlik keşbi beýan edilýär. Gülşen Rozyýewanyň «Parahatçylyk aýdymy» eserinde eziz diýarymyzyň gülläp ösüşleri millilik bilen sazlaşýar. Bagtyýar döwrümizi wasp edýän eserleriň arasynda Gülälek Hojanepesowanyň «Türkmenistan bagy bossan», Aýgözel Annamyradowanyň «Bagtyýar nesiller» atly nakgaşlyk eserleri taslama gurluşy bilen ýokary derejede has-da tapawutlanýar. Çeper eserleriň sergileri ýaşlaryň pikirlenmegini we hyýaly düşünjelerini ösdürmekde hem-de döredijilik ukybyny kämilleşdirmekde täsirli çäredir. Sergide görkezilýän dürli tematiki eserler biri-birinden taslama gurluşy, ýerine ýetirilişi hem-de çeperçilik usuly bilen tapawutlanyp, olarda dürli döredijilik pikirler açylyp görkezilýär. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
«Meniň Watanym» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda kompozitor S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp “Meniň Watanym” atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Ajaýyp ussadyň döredijiligine degişli bolan birnäçe aýdymdyr-sazlar ýaňlandy. Ussat, halypa kompozitor Suhan Tüýliýew tarapyndan alnyp baryldy. Ilkinji çykyş S.Tüýliýew tarapyndan W.Muhadowyň döredijiligine degişli bolan “Ganly saka” operasy, “Meniň Watanym” simfoniki poemasy, “Türkmen sýuitasy”, “Magtymgulynyň ýadygärligine” №1 simfoniýasy, “Gahrymançylykly” №2 simfoniýasy, “Ejemiň ýadygärligine” №3 simfoniýasy, “Gökdepe” (“Pelek”) №4 simfoniýalaryna häsiýetnama berdi we birnäçe gyzykly ýatdan çykmajak wakalary gürrüň bermek bilen başlandy. Soňra M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň ýerine ýetirmeginde «Söýgülim gelýär», «Säher aýdymy» ýaly birnäçe ajaýyp aýdymlar ýaňlandy. Konserwatoriýanyň mugallymy M.Myratgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde “Ilki söýgim nirde sen?” aýdymy konserde has hem joşgun paýlady. Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň we Meýlis Myratgeldiýewiň bilelikde ýerine ýetirmeginde “Ganly saka” operasyndan “Aýlar bilen Çaryýaryň dueti” we “Aşgabat” aýdymy ýerine ýetirildi. Soňra Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky türkmen döwlet ýörite sazçylyk sungat mekdebiniň mugallymy S.Baýlyýewiň ýerine ýetirmeginde W.Muhadowyň fortepiano döredijiligine degişli bolan “Improwizasiýa” eseri ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda S.Tüýliýew tarapyndan “Meniň Watanym” simfoniki poemasynyň gurluşynyň derňewi, wideo ýazgylary diňlenildi. Görkezilen ähli çykyşlar gatnaşyjylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Gatnaşyjylar pursatdan peýdalanyp, okamaga, öwrenmäge, taryhymyzy, sungatymyzy, milliliklerimizi dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän, sungatymyzyň, medeniýetimiziň hak howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlygyny aýtdylar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler. Orazbagt ARSLANOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly hasabat konsert

Täzelikler

13.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir güni toýdur dabaralara şanly wakalara beslenýär. Ähli pudaklar bilen bir hatarda medeniýet sungat ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýylymyzyň şygary, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebimiziň adyny buýsanç bilen göterýän ussat kompozitor türkmen aýdym-saz sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 115 ýyllygy mynasybetli hasabat konserti geçirildi. Konserda gelen myhmanlary teatryň girelgesinde Şöhratberdi Mededowyň ýolbaşçylygyndaky bagşylar ansambly öz şirin-owazly aýdymlary bilen garşy aldylar. Bu ýerde mekdebimiziň kitaphanasy tarapyndan gurnalan ajaýyp sergisi özboluşly bezeg berdi. Konsert üflenip çalynýan saz gurallary orkestriniň h ýerine ýetirmeginde Saparmyrat Baýlyýewiň sazyna, Merdan Sähedowyň sözlerine döredilen “Türkmenistan” atly ajaýyp aýdym bilen badalga aldy. Amangeldi Hudagulyýewyň dirižýorlyk etmeginde bu aýdymy Mergen Ataýew, Yhlas Welhanow hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Dabaranyň dowamynda birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt eserleri ýerine ýetirildi. Abdylla Mämmedowyň ýolbaşçylyk etmegindäki “Çandybil deprekçiler” toparynyň “Saz çemeni” atly kakuwlary dabara has-da joşgun berdi. Konsert simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Hezret Reýimbaýewyň döreden “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýen ajaýyp aýdymy bilen tamamlandy. Eseri Eziz Jumagulyýewiň dirižýorlyk etmeginde Begdurdy Çerkezow, Oguljeren Seýidowa hem-de hor topary ýerine ýetirdi. Konsert tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el-çalpyşmalar bilen tamamlandy. Bize şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn. O.K HAÝDAROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
«Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri» atly okuw-usuly maslahaty

Täzelikler

13.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri” atly okuw-usuly maslahat geçirilip, birnäçe halypa mugallymlar, şeýle hem Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň we S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary gatnaşdylar. Bu okuw-usuly maslahaty Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, kompozitor K.Garowow “Kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň orny” atly temada eden çykyşy bilen başlandy. K.Garowow özüniň çykyşynda kompozitorlary ýetişdirmekde sazçylyk we ýörite sungat mekdepleriniň örän uly ornunyň bardygyny, esasy başlangyjyny çagalar sazçylyk mekdeplerinden gaýdýandygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, halypa kompozitor, uly mugallym D.Hydyrowyň çykyş eden temasy “Ýaş mugallymlara hünär dersini okatmak üçin maslahatlar” bolup, talyplara saz düzmekligiň ýoly, usuly barada birnäçe peýdaly maslahatlaryny berdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Tüýliýew “Gurallama we partitura okamak dersleriniň kompozitor talyplar üçin ähmiýeti” atly temada çykyş etmek bilen, kompozitor bolmak üçin gurallama we partitura okamak derslerinden baş çykarmagyň örän wajypdygyny aýtdy. Türkmenistanyň kompozitorlar birleşiginiň agzasy, zehinli türkmen kompozitory M.Annamyradow “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw dersini okatmak boýunça teklipler” hakynda giňişleýin durup geçdi we kompozisiýa hünärini okatmaklyk boýunça birnäçe tekliplerini aýtdy. Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi J.Reýimowa “Çagalar sazçylyk mekdeplerinde çagalary saz döretmeklige höweslendirmek” temada çykyş etdi. Sazçylyk mekdebinde birnäçe çagalaryň saz düzmeklige höwesiniň bardygyny, şolaryň arasynda bäsleşikleri gurnamagy, şol geçirilen bäsleşiklere bolsa ussat, halypa kompozitorlaryň adyny dakmaklyk maksadalaýyk boljakdygyny belledi. S.Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy A.Annaýew bolsa “Ýaş kompozitorlaryň eserlerini halk köpçüligine ýetirmegiň usullary” atly temada çykyş etdi. Ýaş kompozitorlaryň döreden eserleriniň halk köpçüligine ýetirilmeginde sanly platformalarynyň örän uly ähmiýetiniň bardygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan çykyşlar ýaş kompozitorlary taýýarlamagyň wajyp meseleleri bolup, biz talyplara şeýle hem ýaş mugallymlara usuly sapak boldy. Bu diňe bir okuw-usuly maslahat bolman, eýsem, ýaş nesilleriň ussat halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda çykyş eden kompozitorlar ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň, belli şahsyýetleriň döredijiligini içgin öwrenmekde berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ BALKAN WELAÝATYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

Täzelikler

11.05.2026

9-njy maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde welaýatyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hoş owazly aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp zähmet üstünlikleri, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan giň möçberli işleri öz beýanyny tapdy. «Türkmenistan» gazeti

No image
Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli dabara

Täzelikler

08.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly sungatymyzyň we medeniýetimiziň bedew bady bilen öňe barýan ýyllarynyň birine öwrülýär. Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym-saz toparlary hem özleriniň ajaýyp eserlerden düzülen konsertleri bilen ýokary, orta hünär okuw mekdeplerinde, dürli künjeklerde çykyş edýärler. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestri 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde gurnamagynda Köpetdag etrap häkimliginde, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde baýramçylyk konserti bilen çykyş etdiler. Bu çäre Watan goragçylarynyň ýadygärligini hormat bilen ýatlamaga gelen tomaşaçylardan, talyp ýaşlardan, halypa mugallymlardan, myhmanlardan doly boldy. Konsertde mekdebiň mugallymy Amangeldi Hudagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” orkestriniň ýerine ýetirmeginde uruş ýyllarynyň hemmelere tanyş bolan aýdymdyr sazlary bilen deň hatarda, türkmen kompozitorlarynyň hem eserleri ýaňlandy. Ýüreklerde galan türkmen kompozitorlaryň R.Rejebowyň “Ýalňyz ýoda”, N.Halmämmedowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Duran ýerleri, D.Hydyrowyň “Özgeleri diňledim”, A.Agajykowyň “Mirasdar”, B.Hudaýnazarowyň “Ene elleri” ýaly aýdymlar ýaňlandy. Aýdymlary mekdebiň “Aýdym aýtmak sungaty” bölüminiň IV ýyl talyplary Y.Welhanow, A.Abdullaýewa we M. Muhammedow, şol bölümiň mugallymlary B.Çerkezow, M.Ataýew, I.Atahanow, şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň I ýyl talyby R.Kakamyradow dagy ýerine ýetirdiler. Konsertde “Estrada sungaty” bölüminiň talyplary R.Kamilow we A.Şaripow ýekelikde daşary ýurt kompozitorlarynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Saz gurallarynda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen Aleksandr Pahmutowyň “Поклонимся тем великим годам”, Dawid Tuhmanowyň “День Победы” ýaly aýdymlar köpmilletli ýeňiji halkyň gahrymançylygynyň ebedi nyşanyna öwrüldi. Konsert tomaşaçylaryň bir agyzdan ýerine ýetirmeginde ýeňiş aýdymy bilen tamamlanyp, gyzgyn el çarpyşmalar uzak wagtlap dowam etdi. Bägül AÝDOGDYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy

No image
«Bahar ylhamy» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

04.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Bahar ylhamy” atly türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Konsertiň başynda I.Güseýinowanyň ýolbaşçylyk edýän “Saz mugallymy” kafedrasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor K.Garowowyň D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Beýik ykbal Pyragy” eseri dabaraly ýaňlandy. Soňra G.Sähetliýewa M.Amanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor D.Hydyrowyň G.Daňatarowyň sözlerine döreden “Bagyş et maňa”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi A.Gylyjowa J.Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde tanymal kompozitor D.Hydyrowyň şahyr G.Şagulyýewanyň sözlerine döreden “Dillerde dessanym, gel”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi G.Taýlyýewa J.Reýimowanyň “Ykbal” wokal toplumyndan “Ýagyşly säher”, “Sen gelersiň”, Ý.Aşyrowyň “Men seni ýatlamda” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. K.Garowowyň kompozitor N.Halmämmedowa bagyşlap döreden “Taplanyş ýoly” atly skripka, wiolonçel, fortepiano üçin eserini B.Abdyýewa (skripka), S.Rozyýewa (wiolonçel), G.Bäşimowa (fortepiano) ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde T.Jumaýewanyň sazandarlyk etmeginde, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “Paýtagt” skripkaçylar topary K.Garowowyň “Eziz Türkmenistanym” we “Mähriban siz eneler”, “Joşgun” akapella toparynyň solistleri bolsa K.Jumagulyýewiň “Türkmen bedewi” eserini hyjuwly ýerine ýetirdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi K.Hudaýberdiýewiň (balaman), Ş.Kamilowyň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde tanymal kompozitor S. Tüýliýewiň “Ezizim” eseri ýaňlandy. Şeýle hem S.Tüýliýewiň iň soňky döreden saksofon, skripka, fortepiano üçin “Ogulbeg” eserini K.Hudaýberdiýew (saksofonda), Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi S.Atanyýazow (skripkada), Ş.Kamiljanow (fortepianoda) joşgunly ýerine ýetirdiler. Kompozitor S.Tüýliýew özüniň döreden “Ogulbeg” atly ajaýyp sazynyň 1-nji bölüminde “Ogulbeg” halk aýdymynyň, 2-nji bölüminde özüniň döreden “Pendi nagmalary” toplumynyň “Uzuklaryň girişi”, 3-nji bölüminde bolsa “Nejoldy” sazynyň elementlerini ulanypdyr. Bu saz diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk artisti D.Hydyrowyň skripka we fortepiano üçin “Ýumoresko” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri G.Meredowa (skripkada), B.Joraýew (fortepianoda) ajaýyp ýerine ýetirdiler. Ussat halypa kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler kompozisiýa, şeýle hem saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň şeýle halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Biz ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly

Täzelikler

04.05.2026

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy hem-de hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Her bölümçede mugallymlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar we talyplar dürli temalar boýunça çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellenilýär we häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary üçin, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris diýip çykyşlarda bellenildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Beýik Ýeňşimizi şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň sergisine mugallymlaryň we talyplaryň gezelenç syýahaty edildi. Asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän eserlerde ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikleri, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýan döredijilik eserlerine syn edildi. Şeýlelikde, ýaş nesillerimizde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.