logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ussat kompozitor W.Muhadowyň 110 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat

Täzelikler

02.05.2026

Türkmen sungatynyň ösüşinde öz döreden eserleri bilen tanalýan ussat kompozitorlarymyzyň tutýan orny uludyr. Halk aýdym-saz döredijiliginiň häzirki zaman ussatlary bu mirasdüşerligiň arasyny üzmän, öçmez sungatyň däp-dessurlaryny nesilden-nesle geçirýärler. Bu mirasdüşerligiň aslynda milli aýdym-saz sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine ýardam berýän beýik güýç ýatandyr. Milli sungatymyzyň ösmeginde özüniň uly goşantlaryny goşan meşhur sungat ussatlarymyzyň hatyrasy bu günki günlerimizde-de has-da belent tutulýar. Şeýle sungat ussatlarymyzyň biri bolsa, türkmen opera sungatynda öçmejek yz galdyran ussat kompozitor W.Muhadowdyr. Onuň döreden gymmatly eserleri ýaş nesiller üçin görelde mekdebi boldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda ussat kompozitora goýulýan uly hormatyň nyşany esasynda W.Muhadowyň döredijiligine bagyşlap, Türki medeniýetiniň halkara guramasy bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahaty Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) başlygy Sultan Raýewiň türkmen milli sungatynyň ussat kompozitory W.Muhadowyň döredijiligi hakynda täsirli çykyşy bilen açyldy. Soňra, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldiýewe söz berildi. R.Amangeldiýew: “W.Muhadow birnäçe ýyl bäri türkmen saz sungatynyň aýrylmaz bölegine öwrülen şahsyýet. Onuň döredijiligi özüniň milliligi bilen tapawutlanýar. Elbetde, kompozitoryň eýýäm çagalyk ýyllaryndan başlap, iň bir tanymal halypa bagşy-sazandalary olaryň öýlerinde bolup, halk aýdym-sazlary bilen tanyşmagy, gelejekde onuň şeýle beýik eserleri döretmegine täsir etdi. W.Muhadowyň her bir eserinde türkmen halypa bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynyň heňini, gymmatlygyny, taryhyny yzarlamak bolýar. Biziň Türkmen milli konserwatoriýamyzda-da W.Muhadowyň eserleri her bir sazandanyň, sazşynasyň ýan kitabyna öwrülen eserler bolup durýar” – ýaly ýatlama sözleri bilen ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda täsir galdyrdy. Ylmy-amaly maslahat başga-da many-mazmuna ýugrulan çykyşlar bilen dowam etdi. Muňa mysal edip: M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uly mugallymy, kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty S.Tüýliýewiň “W.Muhadowyň türkmen professional sazyndaky orny”, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ýazmämmedowanyň “W.Muhadowyň aýdym döredijiligi”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ý.Osipowanyň “W.Muhadowyň döredijiliginde watançylyk temasy”, “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri, kompozitor, uly mugallym K.Garowowyň “W.Muhadowyň döredijiliginde simfoniki eserleriň ähmiýeti”, D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy S.Baýryýewanyň “W.Muhadowyň Ganly saka operasynda halk sazly dramasynyň žanr aýratynlygy”, “Ýörite fortepiano” kafedrasynyň uly mugallymy E.Nuryýewanyň “W.Muhadowyň fortepiano döredijiligi”, “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ataýewanyň “W.Muhadowyň simfoniki eserlerinde halk çeşmeleri”, M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti, W.Muhadowyň şägirdi M.Toýlyýewiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi B.Annamyradowyň täsirli çykyşlaryny görkezmek bolar. Maslahatyň dowamynda täsirli çykyşlardan başga-da, A.Atajanowyň sözlerine, W.Muhadowyň sazyna M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R.Baýramowyň ýerine ýetirmeginde, Medina Öwülýagulyýewanyň sazandarlyk etmeginde “Ilki söýgim nirde sen” aýdymy we A.Haýydowyň sözlerine, W.Muhadowyň sazyna, “Saz mugallymy” kafedrasynyň mugallymy M.Orazberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde, M.Orazowanyň sazandarlyk etmeginde “Jan Türkmenistan” ýaly ajaýyp aýdym sazlar hem ýaňlandy. Türkmen sungatynyň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrundaky alyp barýan işleri, tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Arzygül ÝAGMYROWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
Dessanlardan aýdyşyklar

Täzelikler

01.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge uly üns berýär. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Bagşy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Sahydursun Mätiýewanyň hem-de Merdan Baýramgeldiýewiň “Dessanlardan aýdyşyklar” ady bilen türkmen halk dessanlardaky aýdyşyk aýdymlaryndan düzülen konserti geçirildi. Konsertiň başynda “Bagşyçylyk sungaty” kafedrasynyň müdiri Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew giriş sözleri bilen çykyş edip, talyplara üstünlik arzuw etdi. Ýaş bagşylar “Şasenem-Garyp” dessanyndan Senem bilen Garybyň “Ynanman hergiz ynanma” atly aýdyşygyny hem-de Akja bilen Garybyň “Gelsin diýdi” aýdyşygyny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Konsert örän täsirli dowam etdi. Soňra bolsa, “Saýatly-Hemra” dessanyndan Saýathan bilen Aşyk Ahmediň “Bagyňda” atly aýdyşygyny aýtdylar. Konsertiň dowamynda diňe bir halk dessanlaryndan aýdyşyklar aýdylman, eýsem, mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdyşyk aýdymlaryndan hem ýerine ýetirildi. Konsertiň dowamynda Sahydursyn Mätiýewa “Onda ýar aglar”, Merden Baýramgeldiýew toýy soňlaýjy meşhur aýdymlaryň biri “Balsaýat” ýaly halk aýdymlaryny ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň dowamynda șeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, bașlarynyň dik bolmagyny arzuw etdiler. Sahydurdursyn MÄTIÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Halk sazy” fakultetiniň II ýyl talyby

No image
BEDEW — ŞAN-ŞÖHRATYŇ, GARAŞSYZ WATAN!

Edebiýat älemi

30.04.2026

Döwür uçdy, döwran uçdy, biz uçduk, Ykballaň ýagtylan ýalkymna duşduk. Bitaraplyk bilen dünýäni guçduk, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gez şygary ýyllaryňa çaglaýyp, Ak ýollarda ýüzseň ganat baglaýyp. Men otursam guwanjymdan aglaýyp, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Watanyň gül görki hem durky başga, Diýýärin özüme: Sözi taraşla! Dogmundan don geýen Zürýatlar başda, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Mertler bilen döredýänsiň,gurýansyň, Eneleriň dileginde birýansyň. At deý ýyndamlykda öňe barýansyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Guwanmakda, buýsanmakda ganatdyr, Erteki hem şu zeýilli halatdyr. Döwletli döwranyň goýny rahatdyr, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Günleriňde, ýyllaryňda täzelik, Durşuny binalaň ünüse gelip. Ykbalmyz ýalkandyr Danasyn berip, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Baryny bar eýläp bilýän beýikdir, Gül Diýarym toý donuny geýipdir. Eşret eýýam ykballara gelipdir, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Seni beren Gudrata tagzymym, Arkadagyň pendi ömre taglymym. Arkadagly Serdar — düri tarypyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Ýylymyza ýalkym saçar şygaryň, Bady bilen dal bedewleň — Byragyň. Türkmenistan, ömür bize öz baryň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany

No image
Ýylymyzyň şygary – kalbymyzyň kelamy

Täzelikler

30.04.2026

Her ýyly mynasyp atlandyrmak döwletimizde asylly däbe öwrüldi. Her ýyl ady bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, üstesine, şol at hemişe ruhlandyryp durýar. Ýylyň-ýylyna ähli ulgamlarda uly ösüşler gazanyp, belent sepgitlere eýe bolýarys. Bu, elbetde, ýurdumyzyň her bir raýatyny buýsandyrýar. Asylly ýörelgä eýerilip, 2026-njy ýyla «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen at dakyldy. Gündogar senenamasynyň ýedinjisi bolan ýylky, ýagny bedew ýylynda ösüşleri hem özgerişleri bilen röwşen geljege barýan eziz Diýarymyzda, baş şygaryň-da utgaşykly bolmagy göwünlerimizi has-da galkyndyrdy. Ýylyň şygaryndan mälim bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň parahatçylyk kalbyna öwrülen Türkmenistan bedew batly ösüşleriň, toý-baýramlaryň, beýik işleriň amala aşyrylýan mekanyna öwrülýär. Diňe türkmen halkymyz däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi hem bedew atlary üstünligiň, belent ösüşleriň nyşany hökmünde kabul edýär. Ahalteke bedewleri — pederleriň mirasy, halkyň taryhy, ruhy ahwalydyr. Gözelligi bilen göreni haýrana goýýan gamyşgulak, asman atlary halkymyzyň hemişe hemrasy bolupdyr. Muny taryha nazar aýlasaň hem görmek mümkin. «At agynan ýerde toý bolar» diýýän halkymyzyň elbetde, her bir güni şatlykly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Behişdi, şabaz bedewleriň mekany bolan eziz Diýarymyzyň toý-baýramlaryny ýyndam bedewlerimizden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki şahandaz halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolan bedewleriň seýkin basyşy, aýlawy baglaýşy, gaýtalanmajak gözelligi görenlerde hiç wagt ýatdan çykmajak duýgulary, täsirleri galdyrýar. Şeýle hem, Gahryman Arkadygymyzyň «Atda wepa-da bar, sapada», «Gadamy batly bedew», «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly eserlerini okanyňda, behişdi bedewleriň Watanynda, şeýle gözelligiň eýeleri türkmen halkynyň nesli bolandygyňa buýsanýarsyň. Halkymyz ýöne ýere: «At — myrat» diýmändir. Il-günümiz aty döwletlilik, gaýratlylyk hasaplapdyr. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýadydyr. Goý, halkymyzyň hemrasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!

No image
“Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik

Täzelikler

29.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymaty bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýaş nesilleriň arasynda dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Ýaşlyk joşguny” atly bäsleşik hem-de “Açyk gapylar” gününi geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat orta hünär okuw mekdeplerini, ýörite sazçylyk mekdep-internatyny tamamlan we 2026-njy ýylda tamamlaýan uçurymlar gatnaşdylar. Geçirilen bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda saz sungatyna höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. “Ýaşlyk joşguny” bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary” (dutar, gyjak, gargy tüýdük); “Halk saz gurallary” (baýan, akkordeon, plektrli dutar, ud, kanun, çeň, baglama, bas dutar); “Kirişli saz gurallary” (skripka, alt, wiolonçel, kontrabas); “Üflenip çalynýan saz gurallary” (fleýta, goboý, klarnet, fagot, truba, waltorna, trombon, tuba, ksilofon); “Ýekelikde aýdym aýtmak”; “Hor dirižýorlygy”; “Bagşy”; “Fortepiano”; “Sazşynaslyk”; “Kompozisiýa” ugurlary boýunça geçirildi. Bäsleşigiň açylyş dabarasy we bije çekmeklik konserwatoriýanyň mejlisler zalynda geçirildi. Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan gatnaşyjylar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Bäsleşigiň eminler topary tarapyndan her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlendi. Bäsleşige jemi 174 talyp-okuwçy gatnaşyp, olardan I orun 6 sany, II orun 12 sany, III orun 16 sany, hormat hatyna 35 sanysy mynasyp boldylar. Bäsleşige gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dürli hünärleri boýunça “Açyk gapylar” güni we halypa mugallymlarynyň ussatlyk sapaklaryna gatnaşdylar. Türkmenistanyň halk artisti, Ýörite fortepiano kafedrasynyň dosenti O.Annamyradowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti W.Mkrtumowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Dirižýorlyk kafedrasynyň dosenti G.Babaýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç.Ahunowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Halk saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy O.Igamowyň, Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dosenti B.Rejepmedowyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti, uly mugallym M.Annamyradowyň, Kirişli saz gurallary kafedrasynyň uly mugallymy B.Gutlymyradowyň, Türkmenistanyň halk artisti, Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň uly mugallymy D.Hydyrowyň, Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň dosenti Ý.Sarkisowyň, Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti A.Seýitgulyýewanyň, Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Annagylyjowanyň, Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy G.Gurbandurdyýewiň, Türkmenistanyň halk artisti, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Ş.Hojaýewanyň, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy K.Ýowbasarowyň geçen ussatlyk sapagy gatnaşyjylar üçin has-da peýdaly bolup, halypalaryň döredijiliginden ylham almaklykda, saz sungatyny has içgin öwrenmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Bäsleşik ýeňijileri sylaglamak dabarasy bilen jemlendi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/konser.jpg) Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän ähli mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, hünärimizi has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza minnetdarlygymyz çäksizdir. Goý olaryň alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, şMaýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
“Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeligi

Täzelikler

29.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Şeýle şanly wakalaryň hatarynda aprel aýynyň 27-sinden maý aýynyň 2-si aralygynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýändigini bellemek bolar. Hepdeligiň açylşynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow özüniň giriş sözleri bilen çykyş edip, kafedranyň taryhy, ençeme ýyllaryň dowamynda ýeten sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada gürrüňleri paýlaşdy. Şeýle-de, ol dabara gatnaşyjylary hepdeligiň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary bilen tanyşdyrdy. Dabaranyň dowamynda “Kompozisiýa hünäri boýunça okuw derslerini okatmagyň käbir aýratynlyklary” atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi has-da täsirli boldy. Onda ussat kompozitor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew “Tеория туркменской музыки” atly monografiýasy bilen tanyşdyrdy we onda beýan edilýän türkmen halk aýdym-sazlaryna mahsus bolan aýratynlyklar barada aýdyp geçdi. Munuň bilen bir hatarda kompozitorlar Meret Annamyradow we Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow öz döreden eserleri hakynda gürrüň berdiler. Çykyşlaryň dowamynda kompozitorlaryň tälim alan halypalary N.Halmämmedow, D.Nuryýew, A.Kulyýew baradaky gyzykly ýatlamalary dabaranyň ýürek tolgundyryjy pursatlaryna öwrüldi. Türkmen kompozitorlarynyň döreden eserleriniň saz ýazgylarynyň diňledilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowowyň gurnamagynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat ýaş kompozitor we sazşynas talyplar üçin nusga alarlyk mekdep boldy. Maslahatyň jemleýji pursatynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi çäksiz alkyş aýdyldy. Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
USSAT KOMPOZITOR ÝOLAMAN NURYMOW, ESERLERIŇ NESILLERE GÖRELDE

Täzelikler

29.04.2026

Ussat bagşy-sazandalar asyrlar boýy dowam edip gelýän halypa-şägirtlik ýoly bilen milli saz sungatymyzy nesilden-nesilу geçirip, biziň günlerimize ýetirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda “Türkmen sazyny diňläniňde, ondan ünsüňi sowup bolanok. Onuň özüne çekiji gözelligi we şireli öwüşgini hiç kimi biparh goýmaýar. Halk sazy özüne bendi edýär, hyýaly arzuw-islegleriň dünýäsine alyp gidýär. Bu bolsa diňe biziň beýik sungatymyza, türkmen halkynyň söýgüli we iň giň ýaýran saz guraly bolan dutara mahsusdyr” diýip belleýşi ýaly, türkmen dutaryndan çykýan şirin owazlary halkymyzyň gymmatly mirasy bolup, öwrenilmäge mynasypdyr. Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çarymyrat Ahunowyň gurnamagynda “Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly” atly ussatlyk sapagynyň geçirilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan işleriň aýdyň mysalydyr. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Ussatlyk sapagynda mugallym Ç.Ahunow Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly, onuň türkmen saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary hakynda gyzykly gürrüňleri tomaşaçylar bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamynda Ý.Nurymowyň sazyna döredilen aýdymlaryň nota ýazgysyna geçirilişi barada hem bellenip geçildi. Munuň bilen baglylykda edilen işleriň hatarynda Ç.Ahunow tarapyndan nota ýazgysyna geçirilen kompozitoryň Nowruz Gurbanmyradowyň goşgusyna döreden birnäçe aýdymlarynyň sanawy hakynda gürrüň edildi. Olardan “Eziz Türkmenistan”, “Türkmen Altyn Asyrda”, “Garaşsyzlyk saýasynda”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Şan getirdi”, “Bitarap Türkmenistan”, “Watan saňa ýarasam”, “Türkmenistanym meniň” atly şirin owazly aýdymlary aýtmak bolar. Halypa mugallymymyz Ç.Ahunow nota ýazgysyna geçiren aýdymlarynyň ölçegini, ritmik gurluşyny, saz bezeglerini kada laýyk ýazmakda nähili usullaryň ulanylýandygyny belläp geçdi. Ussat kompozitoryň sazyna döredilen “Ýaşlyk joşguny”, “Bagtyýar Watan” ýaly ajaýyp aýdym-sazlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda oňa gatnaşyjylar Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijiligine bagyşlap gurnan kitap sergisini aýlanyp gördüler. Talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda türkmen medeniýetiniň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklar aýdyldy. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
Türkmenistanyň halk artisti, mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň döredijilik ýoly

Täzelikler

27.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gadymy hem müdimi sungatymyza, ony dowam etdirýänlere has-da uly üns berilýär, sarpa goýulýar. Türkmen saz sungatyny professional derejede ösdürmek ugrunda kompozitorlar tarapyndan ägirt uly işler amala aşyryldy. Çünki olar prossional sazlary, dürli žanrdaky eserleri döretdiler. Bu ajaýyp eserler Türkmenistanyň gymmatly sazlary jemlenen altyn hazynasyny emele getirdi. Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň halk artisti, ussat halypa, kämil sazanda, mukamçy kompozitor hökmünde tanalýan sungat ussatlarynyň biridir. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory Ýolaman Nurymow 1943-nji ýylyň awgust aýynyň 10-na Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň häzirki “Täze oba” daýhan birleşiginde dogulýar. Onuň saza bolan söýgüsi çagalykdan başlanýar, şonuň üçin hem ol obalaryndaky sazçylyk gurnagyna gatnap başlaýar. Onuň ilkinji saz mugallymy, kakasynyň inisi Hommat Gapurow bolýar. Soň bolsa obalaryndaky çeper höwesjeňler toparyna gatnaşýar. Ol ýerde mugallymy Nurmyrat Ýazgulyýewden öz agasy Gurbannazardan hem birentek sazlary öwrenip, bilýän sazlarynyň sanawyny artdyrýar. Ussat sazanda Ýolaman Nurymow 1960-njy ýylda paýtagtymyzda ýerleşýän Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol bu ýerde ady belli sazandadyr kompozitorlaryň elinde okap, olardan tälim alýar. Ol halypalardan Aşyr Kulyýew, Allaberdi Allaberdiýew, Çary Täçmämmedow dagylary aýtmak bolar. 1964-nji ýylda Ýolaman Nurymow sazçylyk mekdebini tamamlanyndan soň, Aşgabady etekläp oturan Köşi obasyndaky umumy bilim berýän 8-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup işe başlaýr. Ol birnäçe ýyllar mugallymçylyk kärinde işäninden soň, 1971-nji ýylda Çary Täçmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky, Türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň halk saz gurallary toparyna işe çagyrylýar. Şeýlelik bilen, Ýolaman Nurymow, Çary Täçmämmedowyň ýakyn şägirdi bolýar. Ýolaman Nurymow ansamblda birnäçe ýyl işläp özüniň ussatlygyny artdyrýar, bilýän sazlarynyň sanawyny has baýlaşdyryp, döwletimizde iň bir ussat sazandalaryň hataryna goşulýar. 1981-nji ýylda ussat kompozitor Ýolaman Nurymowa türkmen halk aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylýar. 1980-1985-nji ýyllar aralygynda Ýolaman Nurymow Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyna okuwa girip, öz bilimini artdyrýar we ony üstünlikli tamamlanyndan soň, şol ýerde dutar ugry boýunça mugallymçylyk kärinde işe başlaýar. 1986-njy ýylda Ýolaman Nurymow sungat institutynyň halk saz gurallary kafedrasynyň müdirligine saýlanýar. 1987-nji ýylda halypamyza “dosent” diýen ylmy derejesi, 1991-nji ýylda bolsa “professor” diýen ylmy at berilýär. Ýolaman Nurymow dürli ýyllarda Turkiýede, Şwesariýada, Ýaponiýada, Şri-Lankada, Indoneziýada, Eýranda we başga-da ençeme daşary döwletlerde çykyş edip, türkmen halk sazlarynyň özboluşly ýerine ýetirijik ayratynlyklaryny, gurluş taýdan has kämilligini, ýerine ýetirijilik tarapdan bolsa ussatlygy talap edýänligini äşgär etdi. Mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymow Türkmenistanyň dürli bagşyçylyk ýollaryndan aýdýan Gaýgysyz Çaryýew, Hangeldi Annamyradow, Aşyrmämmet Dawudow, Dörtguly Durdyýew, Mustak Aýmedow, Gurbandurdy Jeňow, Oraz Begnyýazow ýaly ençeme bagşylara sazandarlyk edýär. Ussat halypanyň ylham çeşmesinden dörän: “Ýaşlyk joşguny”, “Ussat eller”, “Watana söýgi”, “Alkyş”, “Şadyýan çagalar”, “Sähra mukamy”, “Bagtyýar Watan”, “Säher şapagy”, “Ene toprak”, “Mukaddes mukam” ýaly onlarça aýdym-sazlary döredýär. Halypanyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin 1994-nji ýylda “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly at dakyldy. Ussat halypamyz Ýolaman Nurymow Garaşsyz, baky Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary döretdi. Olardan: Nowruz Gurbanmyradowyň sözlerine “Watan saňa ýarasam”, “Şan getirdi”, “Garaşsyz illi türkmen”, “Eziz Türkmenistanym!”, “Garaşsyzlyk toýy külli türkmeniň”, “Türkmenistan Bitarap”, “Türkmen Altyn asyrda”, Hudaýguly Allamyradowyň sözlerine “Garaşsyzlyk saýasynda”, Hajy Kakalyýewiň sözlerine “Türkmenistanym meniň” diýen aýdymlary döretdi. 1991-2001-nji ýyllar aralygynda M. Täçmyradow adyndaky Türkmen Döwlet filarmoniýasynyň bagşy-sazandalar toparynyň çeper ýolbaşçysy bolup işledi. Halypa, ussat sazanda Ýolaman Nurymow 2009-njy ýylda “Gaýrat” medaly bilen sylaglanýar. Mukamçy kompozitor Ýolaman Nurymowyň ýetişdiren şägirtleri: Türkmenistanyň halk artistleri: Nepesmyrat Meredow, Orazmyrat Annanepesow, Myratgeldi Baýramberdiýew, bagşy Kyýas Durdyýew. Türkmenistanyň at gazanan artistleri: Orazgeldi Seýitgeldiýew, Çarymyrat Ahunow, Aýgül Ýagşyýewa, mugallymlar Annadurdy Allaberdiýew, uly mugallym Gunça Muhammetberdiýewa, sazanda Bäşim Eýeberdiýew ýaly başga-da birnäçe sazanda oglan-gyzlary ýetişdirdi. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde uly işleri bitiren ussatlarymyzy ýatlamaga, olaryň döredijiligini, ýerine ýetirijiligini, olaryň bize miras goýan aýdym-sazlaryny öwrenmäge uly mümkinçilikleri döreden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza taňryýalkasyn aýdýarys. Çarymyrat AHUNOW, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Türkmen sazy” kafedrasynyň uly mugallymy

No image
Ýaş mugallymlaryň döredijiliginde bedewleriň çeper keşbi

Täzelikler

24.04.2026

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralar behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Şeýle dabaraly çäreleriň biri-de türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen şeýle hem «Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň 16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda Ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda, çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky bäsleşigi ýokary derejede geçirildi. Döredijilik bäsleşiginde alty sany ugur boýunça has tapawutlanan eserlere ýokary baha berildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda zähmet çekýän ýaş mugallymlaryň baýrakly orunlara mynasyp bolmagy ýatdan çykmajak wakalara besledi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň mugallymy Ahat Mälikowyň «Türkmen bedew aty – Toýly» atly heýkel eseri döredijilik tarapdan täsir galdyryjy owadan hereketi bilen taraşlanýar. Sungat ojagynyň «Dizaýn» kafedrasynyň mugallymy Rustam Kurbanowyň «Toýly Watanym» atly nakgaş eserinde milli at-şaýsepleri bilen bezelen gözelligi, ýyndamlygy, wepalylygy bilen haýran galdyrýan behişdi bedewimiziň keşbi ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň çeper sazlaşygynda beýan edilýär. Şeýle-de «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Begençgeldi Amanowyň «Türkmen bedew aty şaý-sep toplumy» döwrebap öwüşgin berlen inçeden sünnäligi, nepisligi, ganatly bedewlerimiziň gözelligine ýaraşykly hem-de sazlaşykly ýasalandygy bilen tapawutlandy. Ýaş mugallymlarymyz ajaýyp döredijilik eserleri bilen aýratyn tapawutlanyp Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa Serpaýyna mynasyp boldular. Ata – Watanyňa, milli gymmatlyklaryňa bolan hormatyňy kämil eserler bilen dünýä ýaýmak ýaş mugallymlar üçin uly bagtdyr. Bilbil ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň başlygy

No image
Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly

Täzelikler

23.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda, Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Bedew batly Watanymyz - dünýä içre şan-şöhratly» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi dabaraly açyldy. Sergide Berdisähet Gurbansähedowyň «Bedew», «Çölde», Gülkamar Hojaýewanyň «Wepaly dost», Dürbike Ahmedowanyň «Jahanda», Arzuw Rozyýewanyň «At-myrat», Hemra Nazarowyň «Maksada tarap», Güljemal Nuryýewanyň «Garlawaç», Orazjemal Bäşimowanyň «Asuda asmanyň astynda», Suraý Myradowanyň «Bedew», Aýşat Gulowanyň «Ak han», Enebaý Baýramowanyň «Ak bedew», Pälwan Tirkişowyň «Bedew» atly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Ady rowaýata öwrülen «Asman atlary» türkmen şekillendiriş sungatynda belentden çeper beýan edilýär. Ahalteke bedewleri çeýeligi, gözelligi, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Türkmen ýigitleri at üstündäki çylşyrymly oýunlary ezberlik bilen başarýarlar. Türkmen halkynyň taryhy ahalteke bedewleri bilen berk baglanyşyklydyr. Behişdi bedewlerimiziň keşbi ussat suratkeşler tarapyndan kendire müň bir öwüşgünli reňkleriň üsti bilen geçirilýär we ylahy güýç berýän pikirler bilen baýlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew» atly kitaplarynda halkymyzyň baý medeni mirasy, onuň atçylyk sungaty bilen bagly bolan gadymy däp-dessurlarymyz barada ajaýyp maglumatlar berilýär. Atçylygyň milli däpleri bilen baglanyşykly taryhy we edebi maglumatlar nakyllarda, halk pähimlerinde öz beýanyny tapýar. Ahalteke bedewleri ähli döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz wepaly dosty bolupdyr. Munuň şeýledigine «Aty baryň – ganaty bar», «Ýyndam atyň bahasy bolmaz» ýaly halk nakyllary aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan bu sergi 10 gün dowam eder.