logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

GADYMY SUWARYŞ DESGASY-JYKYR

Muzeýler

15.04.2025

Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň etnografiýa zalynda ekerançylyk bölüminde suwaryş desgasyna degişli bolan jykyr guraly ýerleşdirilendir. Geçmişde biziň ata-babalarymyz bar bolan suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin uly

MILLI MIRASYŇ TERBIÝEÇILIK GÜÝJI

Kitaphanalar

15.04.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen milli mirasymyzy ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň terbiýeçilik güýji» atly

ÝAPONIÝANYŇ OSAKA ŞÄHERINDE «EKSPO-2025» BÜTINDÜNÝÄ SERGISI AÇYLDY

Muzeýler

15.04.2025

2025-nji ýylyň 13-nji apreli 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Milli pawilýonynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndaky Ýaponiýanyň Osaka

TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE ÄGIRT ULY KUWWATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Täzelikler

15.04.2025

14-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝAPON-TÜRKMEN PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

15.04.2025

14-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.

BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Muzeýler

14.04.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen 2025-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

No image
Lälezardyr gül açýan bu döwletli Diýarym

Edebiýat älemi

14.04.2025

``` Bu toprakda gadymy halk ýaşaýar şükrana, Güneş çogy nur saçýar, asmanynda nurana, Baksaň gözüň dokunýar, dagy-düzi görkana, Gül-gunçasy, bägüli anbar saçýar çar ýana, Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym. *** «Hak sylamyş» türkmeni, keramaty ezelden, Toýy tutumly geçer bagşy bilen ozandan, Ykbal oňa ýar etmiş bu döwrany owaldan, Jenneti mekan ady, goýulypdyr ozaldan, Lälezardyr gül açýan bu döwletli Diýarym. *** Gelin-gyzy näzikdir, göwnün ýykmak ýazykdyr, Ýaz, tomusdyr güýz, gyşy öz göwnüne laýykdyr, Reňbe-reň çigildemi şeýlebir ajaýypdyr, Gül jemalyna bakyp göwün ganat ýaýypdyr, Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym. *** Ýörelgelik ýoly bar Arkadagly Serdaryň, Oňa sagdyn jan bilen rowaçlyk diläýin, Geljegi hem görjegi röwşen bolar ylaýym, Asmanyndan nur bolup ýagyn ýagar her daýym, Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym. *** Galkynyşlar zamany bagt nurun çoýupdyr, Rowaçlyk bu ýurdy öz mekany saýypdyr, Bedew kişňän topraga baky rysgal ýagypdyr, Gör, bak älemgoşaram öz şuglasyn çaýypdyr, Lälezardyr baharda bu döwletli Diýarym. *** Mekanym seň goýnuňda, gezýärin aga-ýana, Ýyllar düşümli gelýär, beslenip şöhrat şana, Ömrümi bagş eýledim, janym hupbul Watana, Eremi sen türkmeniň döndüň sowulmaz ýaza, Lälezardyr, gül açýan bu döwletli Diýarym. *** Waspyn edýän bu ýazym, meniň bagt ýazymdyr, Guşlaň kakýan nagmasy şirin ýürek sazymdyr, Eý, bagtyýar Watanym, göwnüm intizaryňdyr, Ýüregisiň jahanyň, bu köňül kelamymdyr, Lälezardyr, hemişe bu jenneti Diýarym. ``` *** ###### Ogultäç HOJANAZAROWA

PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

14.04.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk

AT GAZANAN GOÇ ÝIGIDIŇ OWAL BEDEW ATY GEREK

Täzelikler

14.04.2025

Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän dürli dabaralardyr hem-de çäreler behişdi bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler

PARAHATLYK–DÖWRÜŇ BEÝIK MUKAMY

Kitaphanalar

14.04.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Parahatlyk–döwrüň beýik mukamy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.