logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTAN BAGTLY ÇAGALARYŇ ÝURDY

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly göçme kitap sergisini gurnady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ýerleşýän “Çynar” atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmenistan bagtly çagalaryň ýurdy” atly kitap sergisini çagalar topary bilen gurnady. Bu ýerde çagalara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän eserleri bilen giňden tanyşdyryldy, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde mähir, söýgi bilen gurşalan ýaş nesiller oňaýly şertler döredilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, çagalyk dünýäsiniň iň ajaýyp pursatlaryny başdan geçirýändikleri dogrusynda gürrüň edildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Soňra bolsa sergä gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BERKARAR DÖWLETIŇ BAGTYÝAR NESILLERI

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi, Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümi bilen bilelikde “Demirýolçy” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde - “Berkarar döwletiň bagtyýar nesilleri” atly göçme sergi gurady. Gökdere jülgesinde guralan sergidäki kitaplar, ertekiler - sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda nesilleriň uçar ganaty bolan kitabyň gadyry beýik tutulýar. Hormatly Prezidentimiz “Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär “ diýip belleýär. ( // Berdimuhamedow S. Ýaşlar – Watanyň daýanjy. – A.:Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2023. Sah.8-9.) Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli bolmaklary, döwrebap dynç almaklary üçin şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ “HAKYDA GÖWHERI“ ATLY KITABYNDAN KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

08.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Hakyda göwheri“ atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi. Bu kitaphana synynda edilen çykyşda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçmiş taryhyny düýpli öwrenmekde, nusgalyk edebi mirasyny dünýä ýaýmakda ähmiýetiniň uludygy barada belläp geçdiler. Milli Liderimiziň bu neşirinde diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä taryhynyň sahypalarynda yz goýan şöhratly geçmişimiz, edebi mirasymyz babatda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Taryhy ýadygärliklerimiz, edebi mirasymyz hakynda buýsançly maglumatlar bu neşiriň içinde eriş-argaç bolup geçýär. Bu kitap “Taryha syýahat” hem-de “Ruhy miras”atly baplardan ybarat bolup, türkmen medeniýetiniň taryhy baradaky garaýyşlaryňy ösdürýär, düşünjäňi artdyrýar. “Hakyda göwheri” atly pähim-paýhasa baý, ajaýyp kitaplary okap, ösen medeniýetli bagtyýar döwrüň gadyr-gymmatyna has aýdyň göz ýetirýäris. Bu neşirler halkymyzyň baý medeniýetiniň edebi ýazgylarydyr diýip bellediler. Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler. Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmäge we ýaşlara ýetirmäge uly üns berilýär. Bu günki gün akyldar şahyryň baý döredijiligi bilim,medeniýet we döredijilik işgärleri, ählimiz üçin gymmatly hazyna öwrüldi.Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyz,baý edebi mirasymyz düýpli we ählitaraplaýyn öwrenilýär diýip,uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň,merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN BAKY BAGTYŇ EÝESI

Kitaphanalar

08.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda TMÝAG-yň Lebap welaýat geňeşi we medeni ojagyň gurnamaklarynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli “Türkmenistan baky bagtyň eýesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlige kitaphana hünärmenleri we bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

08.07.2025

7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şeýle hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

No image
MILLETIŇ MIZEMEZ TÄJI TAGTY BAR, GAHRYMAN SERDARLY WATAN BAGTYÝAR

Kitaphanalar

07.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň we TDP-niň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty halkara howpsuzlygyň we durnuklylygyň binýady» atly maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda «Türkmenistan dost-doganlyk mekany» ady bilen giňişleýin kitap sergisi guraldy.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET MUZEÝINDE MUZEÝARA MASLAHAT GEÇIRILDI

Muzeýler

07.07.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklarda bolşy ýaly muzeý işini sanly ulgama geçirmek, ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine daýanýan sanly ulgam, muzeý işinde hem özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy innowasion tehnologiýalar arkaly medeni mirasymyzy, taryhymyzy, medeniýetimizi, türkmen halkynyň geçmişini öwrenmäge, gorap saklamaga hem-de olary dünýä ýaýmaga uly ýardam berýär. 2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň baý ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde we dünýä ýaýmakda ýurdumyzyň muzeýlerine aýratyn ornuň degişlidigi barada aýdan sözlerinden ugur alyp muzeýara maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Döwlet muzeýine täze kabul edilen gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Onda Orta asyr ýadygärliklerine degişli täze kabul edilen arheologiýa tapyndylary, şeýle hem şu ýylyň dowamynda toplanan etnografiýa degişli gymmatlyklar görkezildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/22.jpg) Maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow, «Watan mukaddesligi» muzeýiniň direktory Maksat Kerimow, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň Ýadygärlikleri öwrenmek we rejelemek bölüminiň başlygy Maksatmyrat Amanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Medeni gymmatlyklary rejeleýiş we muzeý işi kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Maral Hojagulyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Okuw mekdepleri, muzeýler we kitaphanalar bölüminiň esasy hünärmeni Durdymyrat Atdaýew, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary Güljemal Annamyradowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini taýýarlygy ugrunyň 3-nji ýyl talyby Bilbil Saparowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň muzeýleriniň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada, esasan hem muzeýlerde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy we olaryň aýratynlygy barada giňişleýin durup geçdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň iri muzeýlerine «Wirtual muzeý» sanly ulgamyny ornaşdyrmak arkaly gaýybana syýahat etmäge, muzeýlerde bar bolan gymmatlyklar bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Muzeý gymmatlyklaryny toplamak, muzeý gaznasyny baýlaşdyrmak muzeý işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bular barada hem çykyşlarda giňişleýin durlup geçildi. Şeýle hem çykyşlarda sanly ulgamyň bize döredýän giň şertleriniň hatarynda, gymmatlyklaryň her biri üçin aýratynlykda anyk maglumat almaga mümkinçilik döredýän QR kod ulgamyna geçmeklik işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi barada hem giňişleýin durlup geçildi. Maslahata gatnaşyjylar milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä wagyz etmäge ýurdumyzyň muzeýlerinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar muzeý gymmatlyklaryndan guralan sergini aýlanyp gördüler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/33.jpg)

No image
GÜL KEŞDÄM-NEPIS DÜNÝÄM

Kitaphanalar

07.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Gypjak, Ýasmansalyk medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda Gypjak ýaşaýyş toplumynyň ýaşaýjysy Bäşimowlaryň maşgalasynda «Gül keşdäm-nepis dünýäm» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary bilen milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de häzirki wagtda türkmeniň keşdeçilik sungaty ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli egin-eşikler köýnekler, başatgyçlar, kürteler, çyrpylar, pürenjekler, gyňaçlar, düýpli gyňaçlar, tahýalar häzirki günlerde-de halkyň arasynda giňden ýaýrandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/5lk.jpg)

No image
TÜRKMENISTAN–BAGTYÝAR ÇAGALARYŇ MEKANY

Kitaphanalar

07.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Türkmenistan–bagtyýar çagalaryň mekany» ady bilen Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýatymyzda ileri tutulýan wezipeleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus çagalaryň bagtyýar günlerini, ömür kalbyna altyn harplar bilen ýazýan pasylydygy, inä, çagalyk dünýäsiniň iň bir bagtyýar günlerini-tomus dynç alyş pursatlaryny ýurdumyzyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän “Çeşme” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirýän bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alýandyklary, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýändikleri, dynç alyş merkezinde çagalaryň her bir güni göwün göteriji pursatlara beslenýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/33.jpg)

No image
«TEBIGABATA GEZELENÇ» ATLY GÖÇME KITAP SERGISI

Kitaphanalar

07.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderedäki “Çeşme” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagtyny gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda «Tebigabata gezelenç» atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, türkmen halk ertekileri, çagalar ýazyjylarynyň kitaplary ýerleşdirildi. Sergi kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy. Söhbetdeşlige «Türkmenistan» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Göçme kitap sergisini synlamaga gelen bagtyýar çagalar ýaş nesilleriň dynç alyş günlerini ýatdan çykmajak wakalar bilen, gyzykly hem-de şadyýan geçirmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/home/jj.jpg)