logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

PARAHATÇYLYK SAZY DOSTLUK, DOGANLYK SAZY

Kitaphanalar

13.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy dostluk, doganlyk sazy» atly gymmatly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.

«MILLI BAHAR BAÝRAMY-TÄZELENIŞIŇ BAÝRAMY» ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

13.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi «Milli bahar baýramy-täzelenişiň baýramy» ady bilen kitap sergisini gurnady.

TÜRKMEN NUSGAWY SERKERDE ŞAHYR

Kitaphanalar

13.03.2025

Ahal welaýat kitaphanasynyň Hyzmat etmek bölüminiň gurnamagynda türkmen nusgawy şahyry Seýitnazar Seýdiniň 250 ýyllygyna bagyşlap welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi.

BEREKETLI TÜRKMEN SAÇAGY

Kitaphanalar

13.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda merkezi we kitaphana şahamçalarynyň arasynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bereketli türkmen saçagy» ady bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgünde bäsleşik geçirildi.

ASYRLARY ARKA ATYP, ÝOLLAR GEÇEN NOWRUZYM

Kitaphanalar

13.03.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli

BILDIRIŞ

Muzeýler

13.03.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 14-nji martynda sagat 10:00-da Milli bahar baýramy mynasybetli «Täze günüň telwasy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar.

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA ÝEWROPA KOMISSARYNY KABUL ETDI

Täzelikler

13.03.2025

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýozef Sikelany kabul etdi.

SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI PUDAGYNYŇ KUWWATY ARTDYRYLÝAR

Täzelikler

13.03.2025

12-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň-Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

No image
HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER

Medeni miras

12.03.2025

HALKARA FESTIWAL GEÇIRILER Şu ýylyň 17-31-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde nusgawy saz sungatynyň «Hazar möwsümleri» atly halkara festiwaly geçiriler. Onuň çäginde Astrahan Kremlinde açyk asmanda opera çykyşy görkeziler, festiwal çärelerine dünýä sahnasynyň ýyldyzlary gatnaşar. Mundan başga-da, festiwalyň çäginde Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň sazandalaryny öz içine alýan Hazar döwletleriniň simfoniki orkestri çykyş eder.

No image
«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER

Medeni miras

12.03.2025

«ŞARK TARONALARY» ATLY XIII HALKARA AÝDYM-SAZ FESTIWALY GEÇIRILER 2024-nji ýylyň 25-30-njy awgust aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde Merkezi Aziýada we dünýäde esasy aýdym-saz çärelerinden biri bolan «Şark Taronalary» atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçiriler. Festiwal milli we dünýä aýdym-saz sungatyny giňden wagyz etmek, halklaryň beýik däp-dessurlaryny gorap saklamak we ösdürmek, aýdym-saz hem-de wokal pudagynda zehinleri höweslendirmek, medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri we halkara döredijilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, parahatçylyk, dostluk hem özara düşünişmek ideýalaryny utgaşdyrmak maksady bilen 1997-nji ýylda başlandy. Festiwal ÝUNESKO-nyň goldawy bilen her iki ýylda bir gezek geçirilýär. Bu aýdym-saz festiwalyna ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşar.