WEPALYLYGYŇ NUSGASY
Muzeýler
24.10.2025Türkmen alabaýynyň meşhur tohumyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň many-mazmunynyň örän köpdürlüdigi hem-de geriminiň giňdigi bilen bagly Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde itşynaslygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, sergiler we alabaýlaryň keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri, aýdym-sazly çykyşlar, itleriň bu tohumynyň dünýäde şöhratynyň ýokarlanmagyna, ýurdumyzda itşynaslygyň ösdürilmegine we has-da kämilleşdirilmegine ýardam edýän beýleki medeni çäreler her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne «Wepalylygyň nusgasy» atly baýramçylyk sergisi gurnaldy. Sergide Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sowgat berlen Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, Döwlet baýdagymyzy, türkmen alabaýlaryny wasp edýän zergärçilik eserleri synlamak bolýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimize sowgat berlen şekilli halylara sergide aýratyn orun berilýär. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, bu olaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini alamatlandyrýar.