logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ARKADAG ŞÄHERINE IŞ SAPARY

Täzelikler

30.03.2026

28-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisini geçirdi. Häzirki döwürde Arkadag şäherinde öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy ugur edinýän işler amala aşyrylýar. Şol bir wagtyň özünde, Milli Liderimiziň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilmegi bilen, Türkmenistan bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilýär. Munuň özi Arkadag şäherinde amala aşyrylýan haýyrly işlerde-de öz beýanyny tapýar. «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ VIII MASLAHATY

Täzelikler

30.03.2026

28-nji martda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet düzümleriniň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleri şol syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup çykyş edýär. Şunda kazyýet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, onuň işine sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak, döwrüň talaplaryna, halkara ölçeglere laýyklykda kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek wezipelerine aýratyn ähmiýet berilýär. «Türkmenistan» gazeti

No image
FESTIWALYŇ JEMLEÝJI GÜNI

Medeni miras

28.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň jemleýji güni, Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklary geçirildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda halypa bagşy-sazandalar, Berkarar döwletimizde dessançylyk sungatynyň ösdürilişi, bu sungatyň dowam edip gelýän däpleri barada gyzykly çykyşlar etdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň aýdyp beren dessanlary, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli dessançylyk sungatynyň ýerine ýetiriliş däpleriniň ajaýyp nusgalary bolup belentden ýaňlandy. Festiwalyň ýapylyş dabarasynda festiwala gatnaşyp üstünlikli çykyş eden dessançy bagşy-sazandalara, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
«TURKMENTRAVEL - 2026» ATLY HALKARA SYÝAHATÇYLYK SERGISI WE MASLAHATY GEÇIRILER

Syýahatçylyk

28.03.2026

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, 2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli aralygynda «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. «Turkmentravel - 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahatyna Halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk ministrlikleriniň, syýahatçylyk we myhmanhana ugry boýunça hünärmenleri, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara ylmy institutlaryň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzyň hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň wekilleriniň, olaryň hyzmatdaşlary bolan daşary ýurtly syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Bu geçiriljek halkara derejesindäki sergi we maslahat geljekde, Türkmenistanyň taryhy-medeni we tebigy ýadygärliklerini, ýurdumyzyň gözel ýerlerini mahabatlandyrmaga hem-de daşary ýurtly syýahatçylary ýurdumyza çekmäge uly ýardam berer. Dürli ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary we guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga mümkinçilik berer.

No image
«AÝDYM-SAZLY» DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Täzelikler

28.03.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Aýdym-sazyň ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda talyp ýaşlar aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny ele alýarlar. Okuwdan daşary olar dürli döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar. Ýaş talyplaryň arasynda döredijilik toparynyň döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Bu toparyň agzalary işjeň, zehinli we göreldeli talyplardyr. Şol toparyň agzalarynyň gurnamagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary, zehin bäsleşikleri geçirilýär. “Halk sazy” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby döredijilik toparynyň agzasy Sahydursun Mätiýewanyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewanyñ gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Şular ýaly duşuşygyň gurnalmagy biz talyplaryň diňe bir aýdym-saz bilen çäklenmän, eýsem döredijilik bilen meşgullanýanymyzyň aýdyň mysalydyr. “Her gülüň öz ysy bar” diýlişi ýaly, sungat äleminde-de her kimiň öz ýoly, öz dünýäsi bar. Sungat diýlen ajaýyp mukaddeslige her kimiň öz garaýşy, öz çemeleşişi bolýar. Mylaýym sesi bilen diňleýjileri özüne maýyl eden hoş owazly, teatr ussady Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewanyň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halbike Dowyýewa Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda (öňki Garrygalada) dünýä inýär. Bu toprak köp sanly meşhur bagşylaryň we sazandalaryň mekany bolup, onuň geljekki hünäriniň kemala gelmegine uly täsir edýär. Ol başlangyç bilimini oba mekdebinde soňra, Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary bilim alýar. Halbike Dowyýewanyň aýtmagyna görä: “Ejemjan hüwdüni şeýle bir labyzly aýdardy welin, oňa maýyl bolup özümem hiňlenerdim” diýip belläp geçdi. Ol diňe bir sahna ussady bolman, eýsem ýaş nesillere aýdym aýtmagyň inçeliklerini öwredýän mugallym hökmünde-de tanalýar. Duşuşygyñ dowamynda Halbike Dowyýewanyñ ýerine ýetirmeginde “Saýatly Hemra” dessanyndan “Balsaýat”, “Käkilik”, we “Zöhre-Tahyr” dessanyndan “Ýar gara gözli” halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we dabara mynasyp şowhun goşdy. Soñra talyp ýaşlaryñ gyzykly soraglary hem-de gyzgyn el çarpyşmalar bilen gyzykly duşuşyk jemlendi. Bu döredijilik duşuşygy her bir tomaşaçyda we talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak pursadyñ biri boldy. Medeniýetiň we sungatyň hak howandary, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin. Miýesser ULJAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Sazşynaslyk» hünäriniñ III ýyl talyby.

No image
YLMY ÖSÜŞLER DABARALANÝAR

Täzelikler

28.03.2026

Golaýda, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde nobatdaky ylmy-usuly maslahaty geçirildi. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saz ylmynyň esasy ösüş ugulary” diýlip atlandyrylan aspirantlaryň, doktorantlaryň hem-de dalaşgärleriň ylmy-usuly maslahaty örän täsirli boldy. Aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlarynyň ylmy taraplary birnäçe temalarda beýan edildi. Ylmy-usuly maslahat Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty R.Amangeldiýewiň giriş sözi bilen başlandy. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda ähli ulgamlaryň ösmegi üçin ylmy garaýyşlara aýratyn ähmiýet berilýändigi, ylmy gözlegleriň netijesinde hem uly üstünliklere eýe bolunýandygy barada aýtdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiz hem Gahryman Arkadagymyz tarapyndan hemme mümkinçilikleriň döredilip berilmeginiň esasy şert bolup durýandygyny belledi. Sungaty öwreniş ylymlarynyň doktory, konserwatoriýanyň Türkmen sazy kafedrasynyň uly mugallymy Ç.Jumaýewiň temasy “Türkmen saz sungatynda taryh we taryhyň çeper beýany” diýlip atlandyryldy. Milli saz sungatymyzyň taryhy aýratynlygy bagşy-sazandalaryň döredijiliklerinde hem ýerine ýetirijiliklerinde özboluşly tapawutlanmagy öňde goýlan meseläniň düýp mazmuny bolup durýar. Ç.Jumaýewiň ylmy garaýyşlary bilen öz çözgüdini tapan pikirler uly gyzyklanma eýe boldy. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Konserwatoriýanyň Halk saz gurallary kafedrasynyň dosenti M.Gapurow “W.A.Uspenskiý we W.M.Belýaýew” diýlip atlandyrylan temasy boýunça çykyşy milli aýdym-saz sungatymyzy ilkinjiler bolup giňişleýin öwrenen alymlar dogrusynda boldy. W.A.Uspenskiniň geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda ýurdumyz boýunça geçiren sazly-etnografik ekspedisiýalarynyň dowamynda toplan gymmatly maglumatlary W.M.Belýaýew tarapyndan düýpli ylmy esasda öwrenildi. Olaryň alyp baran ylmy gözlegleriniň aýratynlyklary häzirki günlerde hem özboluşly garaýyşlar hökmünde ylmy çemeleşmelere maglumat hökmünde ýakyndan ýardam berýär. Konserwatoriýanyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty K.Ýowbasarow “Görogly” şa dessanynda bedew waspy” barada çykyş etdi. Zehinli bagşynyň ýerine ýetirijilik sungatynyň ylmy çykyş bilen utgaşyp gitmegi örän täsirli boldy. Ýokary okuw mekdebiniň Kompozisiýa we gurallama kafedrasynyň müdiri, uly mugallym K.Garowowyň çykyşy “Türkmen kompozitorlarynyň simfoniýalarynyň dramaturgiýa aýratynlygyna” bagyşlanypdyr. K.Garowow kompozitor hökmünde simfoniki žanrynyň dramaturgiýasyny öwrenmek bilen, özüniň çykyşynda bu uly göwrümli saz eserleriniň many-mazmun aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary aýtdy. Ylmy-usuly maslahatda diňe bir konserwatoriýanyň aspirantlary, dalaşgärleri, doktorantlary däl-de, eýsem, birnäçe myhmanlar hem çykyş etdiler. Ýagny, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň aspiranty T.Öweznepesowa “Orta asyr şäherleri baradaky ylmy garaýyşlar” atly tema boýunça, ýene-de şol institutyň aspiranty A.Durdygylyjowanyň “Seýilgähleriň öwrenilmeginiň ähmiýeti” tema boýunça çykyşlary diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Dürli döwürleriň, taryhy gymmatlyklaryň ylmy esasda öwreniliş ýagdaýy täsirli çykyşlarda beýan edildi. Şeýle hem ylmy-usuly maslahatyň dowamynda konserwatoriýanyň Sazyň nazaryýeti kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Ş.Annaglyjowa “Saz ylmynyň häzirki zaman ösüş ugurlary”, konserwatoriýanyň aspirantura dalaşgäri J.Orazowa “M.Annamyradowyň “Oguzlaryň oýunda” simfonik poemasynyň gurluş aýratynlyklary we dramaturgiki ösüşi” temalar boýunça çykyş etdiler. Geçirilen ylmy-usuly maslahat çykyş edilen temalaryň dürliligi, köp görnüşliligi bilen tapawutlandy. Maslahatda diňe bir saz ylmynyň däl-de, onda çykyş eden myhmanlar tarapyndan beýleki ugurlaryň hem ylmy gazananlary barada beýan eden çykyşlary gyzykly bolup, maslahata gatnaşýan talyplardyr mugallymlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ylmy ösüşleriň özara pikir alyşmalar bilen giňden wagyz edilmegi, olaryň berkidilmegi hem geljekki belentliklerine ýollaryň açylmagynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize, Milli Liderimize öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. R.Muhammedow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy

No image
BAGŞY DESSAN AÝDANDA

Medeni miras

27.03.2026

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçirildi. Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym bilen jemlendi. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
«GARAŞSYZ,BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN- BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY»

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli ýazgy etdiler. Kitaphanaçylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynda alnyp barylýan işler, ýetilen ösüşler hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitaphana işini has-da ösdürmek, okyjylaryň kitaba bolan höwesini artdyrmak maksady bilen ýerine ýetirilýän işler dogrusynda söhbet edip, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
AŞGABADYŇ AGŞAMLARY

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşýän “Garaşsyzlyk” seýilgähinde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen merjen şäherimiziň gözel ymaratlary, bagy-bossanlyga öwrülen gül-gunçaly seýilgähleri, älemgoşar deýin öwüşginli suw çüwdürimleri dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş eden kitaphana işgärleri paýtagtymyzy dünýäniň ösen iň owadan şäherleriň hataryna goşan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çykyş eden hünärmenler bu ajaýyp eserleriň okyjylar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellediler. Söhbetleriniň soňunda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.