logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«NESILLERE NUSGALYK» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY ATA GOWŞUDOWYŇ DÖREDIJILIGI BARADA

Kitaphanalar

11.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Nesillere nusgalyk” atly söhbetdeşlik geçirdi. Ata Gowşudow türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan ussat ýazyjydyr. Onuň döredijiligi halkymyzyň durmuşyndan, taryhyndan, we milli däp-dessurlaryndan ylham alýar. Ussat ýazyjynyň “Perman” romany, “Dordepel” powesti “Mähri-Wepa” romany we başgada birnäçe taryhy eserler we olaryň ýaş nesilleri terbiýelemeklikde ähmiýeti barada söhbetdeşligiň baryşynda täsirli gürrüňler edildi. Aýratyn hem Arkadag şäheriniň köçeleriniň birine Ata Gowşudowyň adynyň dakylmagy–onuň türkmen edebiýatyna goşan uly goşandynyň, ýaş nesli terbiýelemeklikdäki hyzmatlarynyň we halk arasynda gazanan hormatynyň döwlet derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanydygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkyna mirasa hormat goýmagyň, milli gymmatlyklary sarpalamagyň kämil nusgalyk ýoluny görkezip edebiýatymyzyň baýlaşmagyna goşant goşan şahsyýetleri sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

11.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
DIÝARYMYZYŇ DOST-DOGANLYK GATNAŞYKLARY BELENDE GALÝAR

Kitaphanalar

11.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýatynyň Farap etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamaklarynda “Diýarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklary belende galýar” atly mowzuk agşamy geçirildi. Çykyşlarda esasanam hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, Türkmenistan garaşsyz döwlet hökmünde özüni tanatmak, içerki ykdysady we diplomatik potensialyny durmuşa geçirmek üçin goşmaça mümkinçilikleri gazandy. Has dogrusy, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin täsirli diplomatik guraldyr. Bitaraplyk hukuk ýagdaý ýurtlara halkara we diplomatik abraýyny berkitmäge, işjeň ykdysady, institusional, söwda we dünýä jemgyýetçiliginiň beýleki agzalary bilen köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilikleri döredýär. Şol jähetden Bitarap Türkmenistan halkara hukugyň deň derejeli agzasy bolmak bilen, döwletara diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek işine işjeň gatnaşyp gelýär diýip bellediler. Gatnaşyjylar kitaphana işgärleri tarapyndan “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Çykyşlarda asuda asmanymyzda ýaşamana, işlemäne döredilýän mümkinçilikleri üçin Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRK DÜNÝÄSINDE TEATR SUNGATYNA GOŞAN GOŞANDY ÚÇIN SUNGAT USSATLARYNY SYLAGLAMAK MAKSADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

11.02.2026

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 9-na Ystambul şäherinde TÚRKSOÝ guramasynyň we Anadolu gazetiniň guramagynda Türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy úçin sungat ussatlaryny sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi. Dabarada Türksoýa agza ýurtlardan saýlanan sungat işgärlerine öz ugurlarynda üstünlikli işleri üçin baýraklar gowşuryldy. Bu dabarada biziň ýurdumyzdan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş Akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. TÜRKSOÝ-yň baş sekratarynyň kömekçisi Seýit Ýusuf oňa ýadygärlik nyşan gowşurdy. Bu dabarada Batyr Çaryýew sungatymyzyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçiliklerini bilen türkmen teatrynyň üstünligi barada aýdyp, ata Watanymyz barada şygyr okap çykyş etdi. Bu bolsa ol ýere gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

No image
KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

10.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary bilen gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gadymýetiň baý taryhyny sahypalarynda saklaýan kitaplaryň kitaphanalarda aýawly saklanyp ýaş okyjylarymyza ýetirýändikleri üçin kitaphana işgärlerine minnetdarlyk bildirmek bilen çäklenmän eýsem kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny talyp ýaşlarymyz uly buýsanç bilen bellediler.Gezelenje gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, ýaşlara okamaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN ABADANÇYLYGYŇ WE ASUDALYGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

10.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen sergi guraldy. Bu ýerde esasanam Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler, her ýylyň mynasyp şygara beslenmegi, durmuşa geçirilýän wakalaryň mazmunynda uly orun eýeleýändigi, bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyrýan işleriniň netijesi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada kitaphana işgärleri tarapyndan giň gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn edip ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
BARLAGHANA USULLARY WE ÝERINDÄKI SELJERMELER

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda gozgalýan we gozgalmaýan medeni mirasy goramak we dikeltmek, öňüni alyş işlerini, materiallaryň seljermesi, sanly resminama we barlaghana esasly gözlegler boýunça Türki döwletleriň arasynda ylmy tejribe alşylýar. 10-njy fewralda – Ankara şäherinde geçirilýän maslahatda «Barlaghana usullary we ýerindäki seljermeler» barada içgin tanyşlyk bilen dowam etdirildi. Şeýlelik-de dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalaryna, muzeýleriň gorap saklaýyş bölümlerine we miras ýerlerine meýdan saparlary, türkiýeli hünärmenler bilen duşuşyklar we Türki dünýäsiniň dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalarynyň torunyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy ylmy we amaly ülňelerini döretmek üçin niýetlenen tehniki seminarlar geçirildi. Olaryň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

No image
ASUDALYK WE PARAHATÇYLYK WATANY

Täzelikler

10.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen medeniýetine, sungatyna, ylma we bilimdäki ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýär. Döredijilik – diňe bir şahsy zehin däl, eýsem halk ruhunyň, milli mirasynyň dowamaty bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň şygary bilen bagly birnäçe döredijilik duşuşyklary, teleýaýlym ýazgylary, gepleşikler we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Şan goşar sen, ýyllaň şanyna bedew” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Otuzowa G,Hojamämmedowa A,Ýagşyýewa A,Ylmy bölüminiň başlygy Jümiýewa L, Ýaşlar guramanyň başlygy Amannazarow T hem-de 2-nji ýyl talyp Mätiýewa S. çykyş etdiler. Mugallymlar ylmy-amaly maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanmyzda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Milli saz sungaty – bu biziň ruhy mirasymyzdyr. Ýaşlarymyzyň bu mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň diňe bir hünärmen däl, eýsem ýokary medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder diýip aýdyp geçdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” atly ýylynda ýurdumyz toýdur baýramlara beslenýär. Çykyşyň soňunda maslahata gatnaşyjylar türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! _________________________ Aýjemal HOJAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2-t%C3%A4ze-fon.jpg)

No image
ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY-DÖWRÜMIZIŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

10.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ýylymyzyň şygary-döwrümiziň çyragy» ady bilen Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ajaýyp däbe öwrülip, ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olar ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga, höwesini artdyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýändigi, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO–nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy diýip çärede çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

10.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, günsaýyn ösýän-özgerýän diýarymyzda halkymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýan Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly eseri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşine, halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we milli mirasa bagyşlanyp, bu kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň şöhratly taryhyny sarpalaýan, ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.