logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÇAGALAR-WATANYMYZYŇ RÖWŞEN GELJEGI

Täzelikler

29.12.2025

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÝYL DABARALARYNA GATNAŞDY 27-nji dekabrda Asylly däbe görä, şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. Bu waka bagtyýar çagalarda aýratyn şatlyk duýgusyny döretdi. Ak mermerli Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkezinde giň möçberli Täze ýyl baýramçylygy geçirildi. Meýdançanyň merkezinde depesi “2026” ýazgyly, sekizburçly ýyldyz bilen bezelen Baş arça diňe bir dabaranyň geçirilýän esasy künjegi bolman, eýsem, türkmen halkynyň mizemez jebisliginiň, abadançylygynyň hem nyşanydyr. Paýtagtymyzdan, Arkadag şäherinden, ähli welaýatlardan gelen ýaşajyk ildeşlerimiz üçin bu gün Aşgabat täsinlikler dünýäsine öwrüldi. Meýdança ýygnanan çagalary şatlyk duýgusy gurşap aldy. Arçany bezeýän oýnawaçlaryň öwüşginleri, dürli reňkli çyralardyr bezegler ýagty geljege ynam döredýän ägirt uly baýramçylygyň buşlukçysy boldy. Erteki gahrymanlarynyň keşbini janlandyran çagalaryň şatlyk-şowhuny meýdançany açyk asmanyň astyndaky teatr sahnasyna öwürdi. Daş-töweregi gurşap alan, dürli yşyklar bilen bezelen baglar baýramçylyga mahsus jadyly görnüşleri döredýär. Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Döwlet Baştutanymyzyň bu baýramçylyk çäresine gatnaşmagy ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän aladalaryň aýdyň nyşany bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň awtoulagy dabaranyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde çagalar döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we şatlyk duýgusy bilen garşylap, gül desselerini gowşurdylar hem-de hoşallyklaryny beýan etdiler. Körpeleriň ýerine ýetiren goşgulary Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň çuňňur hoşallygynyň nyşanyna öwrüldi. Joşgunly aýdym-sazlaryň astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde ajaýyp Täze ýyl arçasynyň ýanyna barýar. Bu ýerde baýramçylygyň baş gahrymanlary bolan Aýaz baba bilen Garpamyk hem-de ýylyň müçeleriniň keşplerini janlandyran körpeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Aýaz baba çagalar barada edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Soňra körpeleriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylaryň, çagalar tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly kompozisiýalary hemmelere Täze ýyl şatlygyny paýlady. Hormatly Prezidentimiz eziz Watanymyzyň geljegi bolan şadyýan çagalaryň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa etdi. ________________________________ «Türkmenistan gazeti

No image
MEŞHUR ESTRADA ÝYLDYZLARY AŞGABATDA

Konsertler

28.12.2025

Gyşky oýunlar sport toplumynda daşary ýurtly estrada aýdymçylarynyň konsertleri 28-nji dekabrda sungat äleminde «Mot» lakamy bilen meşhur bolan rus aýdymçysy Matweý Melnikowyň şowhunly aýdym-sazlary bilen dowam etdi. Aýdym-saz sungatynyň rep we hip-hop žanrlarynda döreden ajaýyp eserleri bilen meşhurlyga eýe bolan Matweý Melnikow türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş etdi. Onuň konserti aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Şu gezekki konserti ýatdan çykmajak şüweleňli agşama öwürmek üçin ol özüniň uly döredijilik topary bilen paýtagtymyzda myhmançylykda boldy. Bu döredijilik toparynyň tanslary estrada ýyldyzynyň bezemen sahnada ýerine ýetiren aýdymlaryna goşmaça öwüşgin çaýdy. 1990-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Krasnodar ülkesinde doglan Matweý Melnikowy ene-atasy aýdym-saza çagalykdan höweslendiripdir. Olaryň tagallalary netijesinde ol dürli aýdym-saz gurnaklaryna gatnaýar. Umumy we ýokary okuw mekdeplerini tapawutlanan netijeler bilen üstünlikli tamamlamagy onuň ýokary zehinlidigini görkezýär. Zehiniň we aýdym-saza höwesiň birleşmegi bilen, ol sungatda uly meşhurlyga eýe bolýar. Aýdymça şöhrat getiren «Soprano», «Solo», «Mama ýa w Dubaýe» aýdymlary tomaşaçylarda uly şowhun döretdi. «Kapkan», «Portret», «Peremeny-eto krasiwo» ýaly aýdymlar hem gyzgyn garşylandy. «Şarady» we «Sluçaýnosti ne sluçaýny» aýdymlary bolsa häzirki wagtda iň köp diňlenilýän halkara aýdym-saz sanawlarynda öňdäki orunlardadyr. Şeýle ajaýyp şüweleň agşamy oňa gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Munuň şeýledigini her bir ýerine ýetirilen aýdymy tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalar bilen garşylamagy-da aýdyň görkezdi. Matweý Melnikow türkmen topragynda myhmançylykda bolýandygyna, şeýle ajaýyp agşamda türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş edýändigine örän şatdygyny aýtdy. Şeýle hem ol döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallygyny beýan etdi. «15 ýyllyk döredijilik we konsert işimiň içinde ilkinji gezek Aşgabatda bolýaryn. Bu toprakdaky myhmansöýerlik we mähribanlyk eýýäm howa menziline gadam basanymyzdan bize duýuldy. Bu ýerde biz özümizi edil öýümizde ýaly duýýarys» diýip, meşhur estrada ýyldyzy söhbetdeşlikde aýtdy. Täze ýylyň öňüsyrasynda dünýä belli meşhur sungat ussatlarynyň dabaraly konsertleriniň guralmagy ýurdumyzyň täze, 2026-njy—«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan—bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny toý ruhunda mynasyp garşylaýandygynyň nyşanydyr. ___________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
MEŞHUR ESTRADA ÝYLDYZLARY AŞGABATDA

Konsertler

27.12.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde her Täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzda dünýä belli estrada aýdymçylarynyň şowhunly konsertlerini guramak asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň baýramçylyk ruhubelentligine şatlyk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini hem görkezýär. Bir döwür dünýäde iň köp diňlenilýän aýdym-sazlaryň sanawynda öňdäki orunlary eýelän, häzirki wagtda hem özüniň owazlylygyny ýitirmeýän aýdymlary bilen tanalýan Araş Labafyň ýurdumyza ilkinji gezek gelip, türkmen sahnasynda gaýtalanmajak şowhun döretmegi munuň şeýledigini ýene-de bir gezek tassyklady. 1977-nji ýylda goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda doglan Araş 10 ýaşaýança bu ýurtda ýaşaýar. Ene-atasynyň maşgala bolup Ýewropa göçüp gelmekleri sungat bilen içgin gyzyklanýan geljekki ýyldyza bar bolan mümkinçiliklere has aýdyň göz ýetirmäge we peýdalanmaga şert döredýär. Netijede, eýýäm 14 ýaşynda Araş özüniň ilkinji döredijilik toparyny döredýär. Onuň aýdym-saz albomlary köpdilliligi bilen tapawutlanýar. Bu aýratynlyga ýurdumyzyň aýdym-saz muşdaklary meşhur aýdymçynyň türkmen sahnasynda ýerine ýetiren ilkinji aýdymlarynda turuwbaşdan göz ýetirdiler. «On est la», «Wostoçnyýe skazki», «One Day» atly aýdymlarda Günbataryň häzirki zaman şowhunly äheňleri Gündogaryň şahyrana labyzlylygy bilen sazlaşykly utgaşýar. Estrada aýdymçysyna meşhurlyk getiren «Broken Angel», «Pure Love» aýdymlary tomaşaçylary ýaşlyk we ýatlamalar dünýäsine aralaşdyrdy. «Donya», «She Makes Me Go» we «One Night in Dubai» ýaly aýdymlar bolsa şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dünýä belli sungat ussady özüniň başga-da birnäçe ajaýyp aýdymlary bilen tomaşaçylaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Döwürdeş adamlaryň bir wagtlar söýüp diňlän «Boro boro», «I adore you» aýdymlary bolsa konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Konsertiň ahyrynda Araş Labaf hemmeleri ýetip gelýän 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen sahnasynda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny, bu ýerde muşdaklarynyň juda kändigine göz ýetirmegiň örän buýsandyryjydygyny belledi. «Siziň ýurduňyz maňa ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri bagyşlady. Ilkinji nobatda, Aşgabat özüniň owadanlygy we binagärlik aýratynlygy bilen bizi haýran galdyrdy. Hemmeleriň garaşýan Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp sahnada türkmen diňleýjileriniň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş etmäge çagyrylandygym we döredilen mümkinçilik üçin hormatly Türkmenistanyň Prezidentine köp sagbolsun aýdýaryn. Bu ýerde mähirli kabul edilmegim we bildirilen myhmansöýerlik türkmen halkynyň açyklygynyňwe dostanalygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle döredijilik saparlarynyň guralmagy halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy üçin berk binýady emele getirýär» diýip, meşhur aýdymçy söhbetdeşlikde aýtdy. ____________________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABY ESASYNDA

Kitaphanalar

26.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze eserinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, dost-doganlyk syýasatyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de bu kitapda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, halkara gatnaşyklarda gazanan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine, gol çekilen taryhy resminamalara hem-de syýasy wakalara giňişleýin orun berilmegi, kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän, halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÄZE ÝYLA BAÝRAMÇYLYK SOWGADY

Teatr we kino dünýäsi

25.12.2025

Täze ýyl baýramçylygyny şatlyk-şowhunly garşylamak, maşgala agzalary bilen agzybirlikde baýram etmek, baýramçylyk günlerinde medeniýet ojaklarynda bolup, medeni dynç almak ruhy dünýämiziň asylly däpleridir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň teatrlarynyň hem-de sirkleriniň döredijilik toparlary bagtyýar watandaşlarymyz üçin baýramçylyk sowgatlaryny taýýarladylar. Bu şatlykly günlerde teatrlarymyzyň hem sirklerimiziň myhmanlary bolýan bagtyýar watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba bilen Garpamyk, şeýle hem Japbaklar, Ýartygulak, Akpamyk, akylly Ahmet, Mämetjan ýaly meşhur ertekileriň we milli senenamanyň müçe ýyllarynyň gahrymanlary garşylarlar. Olar bilen surata düşmek çagalar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüler. Zehinlije çagalar Aýazbabadan alkyşlary hem süýjilik toý paýlaryny alarlar. Ýurdumyzyň teatrlarynda hem sirklerinde baýramçylyk sahna oýunlarydyr tomaşalary dekabr aýynyň 26-syndan – 31-ine çenli her gün sagat 19.00-da, çagalar üçin baýramçylyk tomaşalary bolsa gündiz 11.00-de, 12.00-de we 14.00 başlanar. Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda 26-nji dekabrda «Gülki agşamy» atly atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa, 27-sine we 28-zine «Gelin gelýär» atly şadyýan sahna oýny, 29-yna we 30-na aýdym-sazly, «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşa görkeziler. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry öz muşdaklaryna dekabr aýynyň 26-sy-31-i aralygynda «Täze ýylyň jadyly sandygy» hem-de «Täze ýyl degişmeleri» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalary teatr muşdaklaryny garşylar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry öz tomaşaçylaryna dekabr aýynyň 26-syna «Ak arzuwly Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, degişmeli, aýdym-sazly tomaşasy, 27-sine we 28-zine «Täze ýyl geldi, bagt serpaýyn eçilip!» atly aýdym-sazly, degişmeli tomaşany, aýyň 29-na «Täze ýyl baýramynyň şowhunly sazlary» atly simfoniki orkestriniň konserti (dirižýory T.Ataýew), 30-na hem 31-ne bolsa «Hoş geldiň, ülkäme ajap Täze ýyl» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, degişmeli tomaşalar gurlar. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry dekabr aýynyň 28, 29,30 hem-de 31-ne «Täze ýyl degişmeleri» atly teatrlaşdyrylan aýdym-sazly, gülküli tomaşany bagtyýar ýaşlara baýramçylyk sowgady eder. Türkmen döwlet gurjak teatry körpe tomaşaçylaryny dekabr aýynyň 27-sine «Çagaly öý bazar», 28-ine «Jüýteniň toýy», 29-na «Çagaly öý bazar», 30-yna hem 31-ne «Täze ýylda körpe nesil şatlanýar» atly aýdym-sazly tomaşa bilen begendirer. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry hem Täze ýyl baýramy mynasybetli 26-syna «Sekiz mährem zenan», 27-sine «Aýaz baba we çal möjek» atly sahna oýny, 28-zine çagalar we ýetginjekler üçin «Aýaz baba we Gar şazenany» atly sahna oýnuny, 30-na «Myhmançylykda» atly sahna oýnyny 31-ne «Täze ýylyňyz bilen!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülkili baýramçylyk tomaşalary bilen tomaşaçylara gapylaryny giňden açar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Arkadag şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýat teatrlarynda baýramçylyk sahna oýunlary hem-de tomaşalary sungat muşdaklaryna hödürlener. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Şowhunly tomaşa!» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly, gülküli tomaşa, 28-ine «Saňa ýalan, maňa çyn» atly sahna oýny, dekabryň 30-na hem 31-ne «Gutly bolsun, Täze ýylyňyz!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen öz myhmanlaryny garşy alar. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry baýramçylyk mynasybetli dekabr aýynyň 27-sine we 28-zine «Gülki sowgady», 29-na we 30-zyna «Buşluk, Täze ýyl geldi!» atly teatrlaşdyrylan, hem- atly aýdym-sazly degişmeli tomaşalary hödürlär. Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-sine «Aýdym-sazly gülküli agşamy», 28-ine «Gülki sowgady», 30-na «Ýylgyran ýüze ýygyrt düşmez», 31-ne bolsa «Her çemenden bir gunça» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşalary bilen sungat muşdaklaryny begendirer. Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry dekabr aýynyň 27-si–31-i aralygynda «Hoş geldiň täze ýyl, salam, Täze ýyl», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry dekabr aýynyň 26-syna we 27-sine çagalar üçin «Altyn jüýje», 28-zine «Bildiriş» atly sahna oýunlary, 30-yna we 31-ne bolsa «Geliň, gülşeliň!» atly aýdym-sazly, gülküli tomaşalar bilen tomaşaçylary begendirerler. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň sirkleri hem täze tomaşalar taýýarlap, sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirer. Türkmenistanyň döwlet sirkinde dekabr aýynyň 26-sy – 30-y aralygynda «Täze ýylyň öwüşginleri» atly ýörite sirk tomaşasyny, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde täsinlikleri söýýän sungat muşdaklaryna ««Täze ýylyň şatlygy» atly sirk tomaşasynyň görkezilýär. Mundan başga-da, şatlyk-şowhuna, täze başlangyçlara beslenip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sungat aşyklary üçin ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlary belentden ýaňlanar. Görnüşi ýaly, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde sahna oýunlary, sirk tomaşalary bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi özboluşly baýramçylyk toý sowgady bolar. ________________________________ Agamyrat Baltaýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
TÄZE ÝYLYŇ ŞOWHUNY GURŞAP ALÝAR ÇAR ÝANY

Kitaphanalar

24.12.2025

Ýakynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni, Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Orazowa hem-de şol mekdebiň 1-nji “G”, 4-nji “Ç” synpyň göreldeli okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistan teleýaýlymynyň gurnamagynda “Täze ýylyň şowhuny gurşap alýar çar ýany” atly täze ýyl mynasybetli Aşgabat şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän “Gül zemin” söwda merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Toý baýramly ata ýurdumyz Türkmenistan şu günlerde Täze ýylyň köp öwüşginli lybasyna beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde owadan hem belent arçalar oturdylyp, baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arça agajynyň daşynda şadyýan çagalar Aýazbaba bilen Garpamygyň gelmegine garaşyp, taze ýyly wasp edýän goşgydyr aýdymlar aýtdylar. Şeýle hem Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň mugallymy Jennet Orazowa geçip barýan 2025-nji ýylyň üstünlikli ýylyň biri bolandygyny, okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýylymyzyň şygary bilen baglylykda ilkinji okuw sapaklaryny dostluk, doganlyk, parahatçylyk sapagy bilen başlandygyny, şeýle hem mekdep müdiriniň goldamagynda, meýilnamadan daşary çärelere zehinli, göreldeli mekdep okuwçylarynyň uly höwes bilen gatnaşyp üstünlikli gelýändiklerini gürrüň berdi. Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni çagalar bagyndan başlap mekdep okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirýändiklerini, “Çaglarda kitaba bolan söýgini” döretmekde, türkmen ýazyjy-şahyrlary bilen bilelikde aýdym-sazly döredijilik duşuşyklaryny gurnaýandygyny gürrüň berdi. Ertekileri ýada salýan, ulularyň we çagalaryň uzak wagtlap hakydasynda galjak täze ýyl baýramyna bagtyýar halkymyz uly zähmet ýeňişleri, zähmet sowgatlary bilen, ylaýtada ýaş nesillerimiz predmet sapaklary boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, döwlet derejesinde hem dünýä ýurtlarynda türkmen baýdagyny parladyp uly ýeňşler bilen sowgatly geldiler. Bu ýyl hem ýene bir üstünlikli, rowaçlyklara beslenen ýyllaryň biri boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, külli türkmen halkymyzy Täze ýyl baýramy bilen gutlaýarys. Goý Täze ýyl halkymyza rowaçlyklary, şanly seneleri bagş etsin!

No image
MILLI MIRASYMYZ-GENJI HAZYNAMYZ

Kitaphanalar

24.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda «Milli Mirasymyz–genji hazynamyz» ady bilen «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkezinde aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmek, medeni mirasymyza hormat goýmak ýaşlaryň arasynda giňden ýaýbaňlandyrylýandygy, türkmen halkyň özboluşly medeni-mirasy, däp-dessurlary bolup, geljekki nesillere ýetirmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylary, şaý-sepleri, zergärçilik, külalçylyk sungaty ýagny sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolýandygy barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, BERKARAR DÖWLETLI DIÝARA

Kitaphanalar

24.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary körpeje nesillerimiz bilen guralýan birnäçe çagalar üçin gepleşikleri yzygiderlikde alnyp barylýar. Şu ajaýyp taryhy ýylda Arkadag şäheri dünýäniň iň tapawutlanan akylly şäher diýlen hormatly ada eýe boldy. Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheridir. Bagtyýarlygyň goýnunda döredilen ähli şertler biziň ählimiz üçin peşgeşdir. Arkadag şäherimiz- halkyň ýürek şäheridir, döwletli döwranly beýik başlangyçlaryň mekanydyr. Sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk akylly şäherimiz arassalygyň ýaşyl ýaşaýşyň gözbaşydyr. Şu mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa nesillerimiz üçin dowamatlylyk ýoludyr. Türkmen halkyny ýagty ertirlere sary alyp barýan işlemäge, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, körpeje nesillerimiziň medeniýetli dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirmäge ähli şertleri mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
BUÝSANÇLY ESER

Kitaphanalar

24.12.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy–parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çykyş edenler kitapda bellenilişi ýaly ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler barada, Bitaraplyk - ynsanperwerligiň, parahatçylygyň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, berkarar döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgeldýän, bagtyýar halkymyzyň buýsanç-mertebesini belende göterýän gymmatlygymyz barada, Hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly, halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip ynamly öňe barýan Merdana halkymyz barada, Bitaraplygyň özi özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigi, pederlerimiziň erkinlik, Garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurdumyzyň hakyky eýeleri bolmak, parahatçylyk syýasaty barada aýratyn durup geçdiler we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserlerinden guralan giňişleýin kitap sergini synladylar. Gatnaşyjylar mundan beýläkde hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny arzuwlap, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilip berilýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
PARAHATÇYLYK MUKAMY-ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

23.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda «Parahatçylyk mekany ösüşleriň mekany» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” zähmet üstünliklerine beslenendigini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň, parahatçylygyň mekany bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylyp, ýurdumyzyň abraý-mertebesiniň dünýä ýüzünde ýokary derejä eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gaýdýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymlary we talyplary Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi, Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.